Şu gün paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynda Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň üçünji mejlisi geçirildi. Oňa Beýik Britaniýanyň işewür toparlarynyň wekilleri, hususan-da, dürli pudaklar boýunça ýöriteleşdirilen iri kompaniýalaryň 18-siniň ýolbaşçylary we öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar. Olaryň hatarynda ARUP, BG Group, BP, Eхploration, Brued Hill, Сolvir Sortware Сolutions, Eagle Sсientifiс Limited, JTA, SGG London Limited, Shell, International, Petrofaс, Agusta Westland we beýleki köp sanly kompaniýalar bar. Duşuşyga türkmen tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.
Forumyň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň meseleleri, şeýle hem türkmen-britan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary girizildi.
Mejlisi açmak bilen, Geňeşe başlyklyk edijiler birek-birege ynanyşmak, özara peýdalylyk esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň sazlaşykly ösýändigini bellediler we bu gezekki duşuşygyň netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmegini şertlendirjekdigine ynam bildirdiler.
Pursatdan peýdalanyp, myhmanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen Lideriniň başlangyjy bilen “Gazagystan—Türkmenistan —Eýran” demir ýolunyň türkmen-gazak böleginiň ulanmaga berilmegi we “Türkmenistan—Owganystan—Täjigistan” demir ýolunyň gurluşygyna başlanmagy ýaly wakalar mynasybetli gutlag sözlerini aýtdylar. Şunuň ýaly taslamalary durmuşa geçirmek ykdysady taýdan kuwwatly we sazlaşykly ösýän döwlete başardýar. Türkmenistan häzirki döwürde diňe bir sebitde däl, eýsem, dünýä bileleşiginde şeýle ýurt hökmünde ykrar edildi.
Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň söwda meseleleri boýunça Türkmenistandaky wekili jenap Çarlz Hendriniň we Türkmen-britan söwda-senagat geňeşine başlyklyk ediji jenap Ronald Neşiň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, Beýik Britaniýanyň hökümeti geljegi uly we işewür hyzmatdaş hasaplanýan Türkmenistan bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Şeýle hem britaniýaly işewür toparlaryň maýa goýum işi üçin amatly şertler döredilen geljegi uly türkmen bazarynda alyp barýan işlerini dowam etdirmäge we Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli ulgamlarynda peýdalanmak üçin täze ylmy we önümçilik işläp taýýarlamalaryny hödürlemäge taýýardygy bellenildi.
Türkmen hünärmenleriniň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň möçberli özgertmeler maksatnamalary netijesinde biziň ýurdumyz häzirki döwürde durmuş-ykdysady ösüşiň ýokary depginlerine tarap ynamly gadam urýar, dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulýar we onuň halkara derejedäki abraýy barha belende galýar. Serişde, senagat we zähmet mümkinçilikleriniň, ýurdumyzyň aň-bilim kuwwatynyň diwersifikasiýa edilmegini, onuň dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine çykmagyny nazarlaýan ykdysady strategiýa durmuş-ykdysady ösüşiň ähli maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini maksat edinýär.
Uzakmöhletleýin maýa goýumlar, şol sanda daşary ýurt maýa goýumlarynyň göni çekilmegi döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Türkmenistanyň bu ugurda durmuşa geçirýän anyk çäreleri milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşini, ykdysady we önümçilik kuwwatlyklarynyň ýokarlanmagyny, häzirki zaman durmuş, ulag-aragatnaşyk we inženerçilik düzüminiň kemala gelmegini şertlendirýär. Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşişi, jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy, ýokary ykdysady, kuwwatly serişde çig mal binýady, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “açyk gapylar” syýasaty we ýurtda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy köp sanly daşary ýurtly kompaniýalara, şol sanda Beýik Britaniýanyň işewür toparlaryna ýygjam aragatnaşygy ýola goýmakda möhüm ýagdaýlary döredýär.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk hakynda pikir alyşmalaryň barşynda duşuşyga gatnaşyjylar geçen döwürde birnäçe möhüm ugurlar boýunça özara gatnaşyklaryň işjeňleşendigini we bar bolan ägirt uly mümkinçilikleriň herekete girizilmeginiň zerurdygyny nygtadylar. Söwda-ykdysady pudak, ulag ulgamy, gurluşyk we senagat hem-de beýleki ugurlar türkmen-britan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Ýangyç-energetika toplumynda bar bolan ägirt uly mümkinçilikler barada aýtmak bilen, Beýik Britaniýanyň söwda meseleleri boýunça premýer-ministriniň Türkmenistandaky wekili jenap Çarlz Hendri Türkmenistan dünýäniň öňdebaryjy energetika döwletleriniň biri bolmak bilen, energetika howpsuzlygy meselelerine örän jogapkär çemeleşmeleri öňe sürýär diýip belledi. Nebitgaz pudagynyň uly geljegi, şeýle hem türkmen Lideriniň energiýa serişdeleriniň eksportuny diwersifikasiýa etmäge gönükdirilen we üstünlikli durmuşa geçirilýän energetika strategiýasy britaniýaly kompaniýalaryň bu ulgam boýunça maýa goýum taslamalaryna işjeň gatnaşmaga bolan ägirt uly gyzyklanmalaryny şertlendirýär.
Häzirki zaman maglumat, senagat we telekommunikasiýa tehnologiýalary ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmalaryň esasyny düzdi. Şu jähtden ähli düzümleriň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyny ugur edinýän Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn giň halkara hyzmatdaşlyk ugry bilen ynamly gadam urýandygy we dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň, täze işläp taýýarlamalarynyň önümçilige giňden ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi. Onýyllyklaryň dowamynda iri daşary ýurt kompaniýalary, şol sanda Britaniýanyň öňdebaryjy kompaniýalary Türkmenistanda durmuşa geçirilýän milli we halkara ähmiýetli giň möçberli taslamalaryň ýerine ýetirilmegine işjeň gatnaşýar.
Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasynda sport ulgamy boýunça hem özara gatnaşyklar üçin uly mümkinçilikler açylýar. Bellenilişi ýaly, bu ugur boýunça, öňi bilen bolsa iri halkara sport çärelerini geçirmekde britan tarapynyň oňyn tejribesine häzirki döwürde 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweşjeň sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görýän ýurdumyzda isleg bildirilýär.
Şeýle hem duşuşygyň barşynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň üçünji mejlisine gatnaşyjylar duşuşygyň ahyrynda türkmen döwletiniň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze mümkinçiliklerini ylalaşmagyň çäklerinde geçirilen pikir alyşmalaryň birnäçe ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolundaky möhüm ädime öwrüljekdigini bellediler.
Beýik Britaniýanyň wekiliýetiniň agzalary Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň hökümetinde kabul edildiler. Duşuşygyň barşynda täze döreýän mümkinçilikleriň jähtinde türkmen-britan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

* * *