Şu gün paýtagtymyzda Merkezi Aziýanyň Energetika pudagy boýunça Sebitleýin Ykdysady Hyzmatdaşlygynyň utgaşdyryjy komitetiniň 15-nji mejlisi öz işine başlady. Mejlise Merkezi Aziýanyň Energetika pudagy boýunça Sebitleýin Ykdysady Hyzmatdaşlygyna degişli Maksatnama goşulýan ýurtlaryň—Owganystan Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Mongoliýanyň, Paksitan Yslam Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Aziýanyň Ösüş bankynyň, Bütindünýä bankynyň, Yslam ösüş bankynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň we ABŞ-nyň halkara ösüş boýunça agentliginiň (ÝUSAID) wekilleri gatnaşdylar. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan Merkezi Aziýanyň Energetika pudagy boýunça Sebitleýin Ykdysady Hyzmatdaşlygyna degişli Maksatnama goşulan pursadyndan bäri şu forumy ilkinji gezek guraýar.
Iki günüň dowamynda mejlise gatnaşyjylar sebitleýin häsiýetli meselelere gararlar. Bularyň arasyndan Merkezi Aziýa—Günorta Aziýa energetika geçelgesini ösdürmek, sebitde elektrik energiýasyna gözegçiligi we onuň söwdasy, Bütindünýä söwda guramasynyň çäklerinde energetika ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeler we şu ugur boýunça ileri tutulýan taslamalary amala aşyrmak bilen bagly meseleleri görkezmek bolar.
Aşgabatda şunuň ýaly wekilçilikli çäräniň geçirilmegi türkmen döwletiniň dünýädäki at-abraýynyň barha beýgelýändigini, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen syýasatynyň derwaýys ähmiýetli bolmagynyň ykrar edilýändigini, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň uly ykdysady kuwwata eýe bolan ýurdumyza uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyň görkezýän nobatdaky subutnamadyr.
Ýeri gelende aýtsak, biziň ýurdumyz Aziýa bankynyň beýleki halkara guramalar, hususan-da, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Bütindünýä ösüş banky, Halkara walýuta gaznasy, Ýewropanyň Abatlaýyş we ösüş banky, Yslam ösüş banky ýaly halkara guramalar bilen bilelikde öňe süren Merkezi Aziýanyň Energetika pudagy boýunça Sebitleýin Ykdysady Hyzmatdaşlygyna degişli Maksatnama 2010-njy ýylyň güýzünde goşuldy. Bu Maksatnamanyň esasy maksady Merkezi Aziýa sebitindäki döwletleriň durmuş-ykdysady taýdan çalt depgin bilen ösdürilmegine gönükdirilip, ulag, söwda we energetika boýunça maýa goýumlar taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam bermekden ybaratdyr.
Türkmenistan bu Maksatnama goşulan ilkinji gününden bäri Merkezi Aziýanyň Energetika pudagy boýunça Sebitleýin Ykdysady Hyzmatdaşlygyna degişli Maksatnamanyň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýar hem-de onuň ileri tutulýan ugurlary – energetika, ulag ulgamy, söwda we söwda degişli syýasata ýardam bermek boýunça milli we pudaklaýyn utgaşdyryjylaryny belledi. Halkara hyzmatdaşlygy we hususan-da, sebitde döwletara gatnaşyklary ösdürmek bilen baglylykda, bu ýagdaý ýurdumyz üçin uly ähmiýete eýedir.
Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşde ýokary görkezijilere eýe bolýandygyny hem-de sebit we halkara ähmiýetli meseleleri çözmekde işjeň garaýyşlara eýerýändigini ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde uly at-abraýa eýe bolandygyny belledi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan uly gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilip, oňyn we öňdengörüjülikli syýasatyň ýöredilmeginiň netijesidir.
Türkmenistan dünýäniň beýleki döwletleri we halkara guramalary bilen deňhukuklylyga, özara hormat goýulmagyna we özara bähbitlilige mahsus ýörelgeler esasynda hyzmatdaşlyk edýär. Ýurdumyz sebitde parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna we ykdysady howpsuzlygyň üpjün edilmegine degişli meselelere aýratyn ähmiýet berip, ählumumy ýagdaýlar bilen baglylykda, sebit derejesinde ulag ulgamyny, energetika pudagyny ösdürmek, energiýa serişdeleriniň howpsuz üstaşyr geçirilmegini üpjün etmek ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga işjeňlik bilen gatnaşýar.
Ýurdumyz nebitgaz serişdeleriniň örän uly gorlaryna eýe bolmak bilen, energiýa serişdelerini has köp möçberde iberýän ýurtlaryň biridir hem-de ählumumy energetiki bazarlarda şu günüň ýagdaýlaryna laýyklykda, hyzmatdaşlyk etmegiň usullaryny we nusgalaryny işläp taýýarlamak boýunça anyk çäreleri görýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň ählumumy yzygiderli ösüş, şol sanda energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça öňe süren başlangyçlarynyň wajyp ähmiýetlidigi bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden "Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty" hakyndaky Rezolýusiýasynyň möhüm orny nygtaldy. Bu möhüm resminama energiýa serişdelerini howpsuz ýagdaýda üstaşyr geçirmegiň halkara-hukuk binýadyny döretmek işine badalga berdi, şol binýat gatnaşýan taraplaryň ählisiniň – önüm öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitlerini hasaba almak bilen, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin oňaýly şertleriň bolmagyny üpjün etmelidir.
Duşuşygyň barşynda ýygnananlar bu mejlisiň netijelerini Merkezi Aziýanyň Energetika pudagy boýunça Sebitleýin Ykdysady Hyzmatdaşlygyna degişli Maksatnamanyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň amatly görnüşleriniň işlenip taýýarlanylmagyna we özara arkalaşykly hereket edilmeginiň işjeňleşdirilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.
Ertir Merkezi Aziýanyň Energetika pudagy boýunça Sebitleýin Ykdysady Hyzmatdaşlygynyň Utgaşdyryjy komitetiniň 15-nji mejlisi öz işin dowam eder.