Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 719
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birnäçe orunbasarlary, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Iş maslahatynyň gün tertibine galla oragynyň barşy, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň ýerine ýetirilişi, şeýle hem döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuş ulgamy bilen baglanyşykly birnäçe meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyna ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowy çagyrdy. Wise-premýer ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýaglaýy we möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hususan-da, ýurdumyzyň ak ekin meýdanlarynda galla oragynyň barşy, onda işledilýän tehnikalaryň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ýygnalan hasyly degişli derejede saklamak, oraga gatnaşýan kombaýnçylar, sürüjiler, tehniki hyzmaty ýerine ýetirýän işgärler üçin medeni çäreleriň guralyşy bilen baglanyşykly beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde gowaçalara ideg etmek işleriniň, hatarara bejergi, otag işleriniň, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak bilen baglanyşykly zerur çäreler alnyp barylýar.

Oba hojalyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň zerurdygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere galla oragynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, ýetişdirilen hasyly iň soňky dänesine çenli meýdanlardan ýygnap almak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz şunuň bilen bir hatarda gowaçalara ideg etmek işleriniň öz wagtynda we agrotehniki kadalara laýyk ýerine ýetirilişine, beýleki ekinleriň ekilişine gözegçiligi gowşatmaly däldigini nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow bilen Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedowy bir wagtda çagyrdy. Olar ýolbaşçylyk edýän welaýatlarynda işleriň ýagdaýy hakynda hasabat bilen çykyş etdiler.

Ahal welaýatynyň häkimi geçirilýän işler barada hasabat bermek bilen, welaýatda galla oragynyň barşy we şunuň bilen baglylykda, möwsümi guramaçylykly geçirmek hem-de gallaçylaryň ygtyýarynda bar bolan döwrebap oba hojalyk tehnikasyny netijeli peýdalanmak maksady bilen görülýän çäreler barada habar berdi. Şeýle hem sebitde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň ýagdaýy, welaýatyň býurmasy esasynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda gurulýan desgada işleriň barşy hakynda hasabat berildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, galla oragyny gysga möhletlerde we ýitgisiz geçirmek üçin möwsümiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz orakda ulanylýan däne ýygnaýjy kombaýnlaryň ulanylyşyny we esasy iş häsiýetnamalaryny degişli derejede seljermegi tabşyryp, döwletimiziň geljekde hem döwrebap ýokary öndürijilikli tehnikany satyn almagynyň hasabyna oba hojalyk toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga uly üns berjekdigini aýtdy.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda (häkimi D.Hezretgulyýew) we Tejen etrabynda (häkimi O.Amandurdyýew) galla oragynyň depgininiň pesdigini aýtdy we Ahal welaýatynyň häkiminden ady agzalan etraplarda ýüze çykan ýagdaýy düzetmek üçin degişli çäreleri görmegi talap etdi.

Yssy howanyň düşmegi bilen ýangyna garşy howpsuzlygyň düzgünlerini we çärelerini berk berjaý etmäge aýratyn üns berilmelidigini belläp, döwlet Baştutanymyz ýerlerde degişli tehnikanyň we beýleki zerur ýangyn söndüriji serişdeleriň doly taýýarlygyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra sebitde alnyp barylýan işleriň ýagldaýy barada Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow hasabat berdi. Ol, ilkinji nobatda, galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça ýerine ýetirilýän çäreler barada aýtdy. Şeýle hem sebitde we "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynde gurulýan möhüm desgalardaky işleriň ýagdaýy barada habar berildi.

Ýetişdirilen hasylyň öz wagtynda we doly ýygnalyp alynmagynyň zerurdygyna ünsi çekip, milli Liderimiz galla oragynda işleýänleriň zähmetini guramak,olar üçin amatly şertleri we olaryň medeniýetli dynç alşyny üpjün etmek hakynda degişli derejede iş alnyp barylmalydygyny tabşyrdy. Orak öwsüminde işledilýän tehnikalaryň, hususan-da, galla orujy kombaýnlarynyň önümçilik derejesi bilen gyzyklanyp, hormatly Prezidentimiz olaryň işine degişli seljermeleri geçirmegi tabşyrdy.

Esenguly (häkimi N.Gylyjow) we Magtymguly (häkimi H.Ylýasow) etraplarynda galla oragynyň pes depginlerde alnyp barylýandygyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz bu ýerde bar bolan kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi we oragyň degişli guramaçylyk derejesini üpjün etmegi häkimden talap etdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz sebitde durmuş-ykdysady maksatly desgalaryň ýokary hilli hem-de öz wagtynda gurlup gutarylmagy, olaryň ähli ölçegler boýunça häzirki zaman ülňülerine laýyk gelmegi bilen baglanyşykly meseleleri çözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtady. Şu jähetden döwlet Baştutanymyz “Awazadaky” gurulýan desgalarda alnyp barylýan işler barada durup geçmek bilen, olaryň Hazaryň kenarynda ähli amatlyklary özünde jemleýän halkara derejeli şypahana düzüminiň üstüni ýetirmelidigini belledi. Türkmenistanyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, şypahana ulgamynyň bu ýerde gurulýan täze desgalarynda adamlaryň medeniýetli we gyzykly dynç alşy üçin ähli şertler göz öňünde tutulmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tomus paslynyň yssy günlerini nazara almak bilen, ýangyn howpsuzlygyny gözegçilikde saklamak we ýerlerde degişli çäreleri üpjün etmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz maslahaty dowam edip, göni wideoaragatnaşyga Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewi we Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýewi hem çagyrdy.

Demirgazyk sebitde işleriň ýagdaýy, şol sanda oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işler barada hasabat bermek bilen, Daşoguz welaýatynyň häkimi daşoguzly ýüpekçileriň pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendigi, şeýle hem şu hepdede welaýatda başlanýan galla oragyna taýýarlyk görmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada habar berdi. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça wezipeleri çözmek maksadynda görülýän çäreler jikme-jik beýan edildi. Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna görülýän taýýarlyk barada hem habar berildi. Ol şu ýyl Daşoguz welaýatynda geçiriler.

Daşoguz welaýatynyň ýüpekçileriniň pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip, uly zähmet ýeňşini gazanandygyny kanagatlanmak bilen belläp, hormatly Prezidentimiz bu ajaýyp üstünlik bilen welaýatyň zähmetkeşlerini tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, abadançylyk we täze zähmet üstünliklerini arzuw etdi.

Welaýatda başlanjak galla oragyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň möhümdigi barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz möwsümde ýokary öndüijilikli kombaýnlary we beýleki tehnikalary netijeli ulanmagyň, şeýle hem daýhanlara göwnejaý işlemegi we dynç almagy üçin degişli şertleri döretmegiň möhümdigini nygtady.

Welaýaty has-da ösdürmek, bu ýerde döwrebap durmuş-ykdysady düzümi kemala getirmek bilen bagly meseläniň üstünde durup geçmek bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda bellenilen ähli meýilnamalary öz wagtynda ýerine ýetirmegiň ähmiýetini belledi we bu babatda häkime degişli görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada wise-premýer A.Ýazmyradowa we welaýat häkimine tabşyryk berdi.

Tomus paslynyň biziň ýurdumyzda örän yssy howasy bilen tapawutlanýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz häkime welaýatda ýangyn howpsuzlygyna degişli düzgünleri berjaý etmek hem-de ýangynyň öňüni alyş çärelerini geçirmek bilen bagly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Öz gezeginde Lebap welaýatynyň häkimi özüne ynanylan welaýatda geçirilýän işler barada jikme-jik durup geçip, galla oragynyň barşy we depgini hem-de galla oragyna gatnaşýan ähli düzümleriň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz galla oragynyň guramaçylykly geçirilmegini, welaýatyň meýdanlaryndan ýygnalan galla hasylynyň dolulygyna saklanmagynyň üpjün edilmegine degişli meseleleriň çözülmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň wajypdygyny belläp, obasenagat toplumynyň degişli düzümleriniň ählisiniň sazlaşykly işlemeginiň üstünlik gazanmakda möhüm ähmiýetli ýagdaý bolup durýandygyny nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti galla oragynyň geçirilýän döwründe lebaply mehanizatorlaryň we daýhanlaryň ygtyýaryndaky dünýä belli kysymly döwrebap oba hojalyk tehnikasynyň netijeli ulanylmagynyň möhümdigini aýdyp, welaýatdaky toprak-howa şertlerinde däne ýygnamakda ulanylýan kombaýnlaryň işleýşini seljermegi tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Birata etrabynda (häkimi A.Baýramgulyýew) we Seýdi şäherinde (häkimiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ş.Kamalow) dänäni ýygnamagyň haýal barýandygyny belläp, galla oragynyň depginlerini artdyrmak boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri görmegi talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häkime welaýaty we tutuş ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolan täze binalary we desgalary gurmak boýunça işleriň barşyna we hiline elmydama gözegçilik etmegi tabşyryp, tomus paslynyň gelmegi bilen, ýangyn howpsuzlygyna degişli düzgünleri we çäreleri gyşarnyksyz we takyk ýerine ýetirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz wideoşekilli göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Mary welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary A.Goçyýewi we bu welaýatyň häkimi B.Annagurbanowy çagyrdy.

Wise-premýer öz gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Mary welaýatynyň häkimi sebitde alnyp barylýan işler, hususan-da, galla oragynyň barşy, bu işde ulanylýan tehnikalaryň sany we şol tehnika hyzmat etmek boýunça ýöriteleşdirilen toparlaryň işiniň guralyşy barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabat bermegiň barşynda welaýatda täze binalary gurmak, häkimligiň buýurmasy boýunça "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda gurulýan desgadaky işleriň ýagdaýy barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynyň häkiminiň hasabatyny diňläp, ýurdumyzyň şu sebitinde amala aşyrylýan ähli işlere berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz galla oragyna degişli mesele barada durup geçip, şunda oba hojalyk tehnikasynyň neneňsi derejede rejeli ulanylýandygy hem-de onuň bökdençsiz işledilýändigi bilen gyzyklandy.

Milli Liderimiz Mary welaýatynyň käbir etraplarynda galla oragynyň örän haýal depginde alnyp barylýandygyny belläp, Altyn sähra etrabynda (häkimi D.Saparmyradow) we Mary etrabynda (häkimi I.Kullaýew) alnyp barylýan işler babatda nägilelik bildirdi. Döwlet Baştutanymyz bu barada durup geçip, şu ýagdaýy günübirin düzetmek we galla oragynyň guramaçylyk taýdan ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek boýunça çäreleri görmegi talap etdi hem-de galla oragynyň bellenilen möhletlerde we ýitgisiz geçirilmelidigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer A.Goçyýewe gözegçilik edýän welaýatynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde, ýüze çykýan meseleleri günübirin çözmegi we ýetmezçilikleri aradan aýyrmak üçin çäreleri görmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti yssy düşendigini göz öňünde tutup, welaýatyň ýolbaşçysyna ýerlerde ýangynlaryň öňüni almak boýunça çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de ýangyn howpsuzlygyna degişli ähli kadalary we düzgünleri berk berjaý etmek barada tabşyryk berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli uly gaplaryň suwdan doly bolmalydygyny, ýangyna garşy ulanylýan gurallaryň we degişli tehnikanyň göwnejaý we islendik wagtda ulanmak üçin taýýar ýagdaýda bolmalydygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda welaýatlaryň ýaşaýyş-durmuş we ykdysady düzüminiň toplumlaýyn ösdürilmegine gönükdirilip amala aşyrylýan milli özgertmeler maksatnamasynyň çäklerinde binalary we desgalary gurmagyň barşyna ünsi çekip, welaýatyň häkimine şol işleriň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça ähli çäreleri görmegi we bu meselä yzygiderli gözegçilik etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda täze binany gurmak boýunça işleriň ýagdaýy barada durup geçip, gurluşyk işleriniň hiline hem-de bu binanyň bellenilen möhletde ulanmaga berilmegine göwnejaý gözegçilik etmek barada tabşyryk berdi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekili iş maslahatyna “Türkmenpagta” döwlet konserniniň başlygy H.Annamyradow we Türkmenistanyň Döwlet haryt-çil mal biržasynyň başlygy Ş.Meredow çagyryldy.

“Türkmenpagta” döwlet konserniniň başlygy özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň dürli sebitlerinde “2012-2016-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň maksatnamasynyň” çäklerinde täze pagta arassalaýjy kärhanalaryň we desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň önümçilik düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, pagta öndürilişiniň we onuň gaýtadan işlenilişiniň mukdaryny ýokarlandyrmak boýunça maksada okgunly işleriň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny belledi. Şu jähetden döwlet Baştutanymyz bu gymmatly oba hojalyk ekininiň hasyllylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän täze görnüşlerini giňden ornaşdyrmak, şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalaryny we usullaryny ulanmak boýunça alnyp barylýan işleriň zerurdygyna ünsi çekdi.

Konserniň ygtyýarynda bar bolan ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli ulanylmagynyň zerurdygyny nygtap, milli Liderimiz pudagyň ähli kuwwatynyň herekete girizilmelidigini belledi we “Türkmenpagta” döwlet konserniniň başlygyna degişli meseleleri hemişe gözegçiliklde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygyna söz berildi. Ol Döwlet haryt çig mal biržasynyň guramaçylyk we söwda işi bilen baglanyşykly meseleleri, hususan-da, biržanyň söwdalarynda baglaşylan geleşikleriň we şertnamalaryň, döwlet gaznasyna walýuta serişdeleriniň gelip gowşuşyny üpjün etmegiň görkezijileri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty jemläp, bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleriň işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyny belledi we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy biržalarynyň tejribeleriniň has doly öwrenilmeginiň we täze netijeli iş usullarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi.

Soňra wideoşekilli göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary S.Toýlyýew we A.Ýegeleýew hem-de Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň başlygy P.Taganow çagyryldy.

Wise-premýer S.Toýlyýew öz gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy we hususan-da, ýurdumyzda giňden belleniljek Ylymlar gününe taýýarlyk görlüşi hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň edara- kärhanalaryny ylmy-barlaglara niýetlenen häzirki zaman enjamlary we barlaghana serişdeleri bilen üpjün etmek babatda durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň elmydama ýurdumyzda ylmy ösdürmek we onuň iş ýüzündäki netijeliligini artdyrmak bilen bagly meselelere aýratyn üns berjekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz geljekde ýurdumyzda Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ylmy işleri kämilleşdirmek, innowasion tehnologiýalar esasynda ylmy barlaglaryň gerimini giňeltmek, ileri tutulýan ylmy barlag işlerini toplumlaýyn geçirmek we şolaryň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak üçin ähli zerur şertleriň dörediljekdigini aýtdy. Şeýle hem milli Liderimiz Ylymlar güni bilen bagly çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň başlygy P.Taganow degişli edaranyň geçirýän işleri barada hasabat bermek bilen, ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagyny ösdürmek we ilkinji nobatda, onuň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy ýaly esasy ugrunda görülýän çäreler barada habar berdi. Hususan-da, Hazaryň kenarynda Türkmenistanyň Medeniýet hepdeligini geçirmäge görülýän taýýarlygyň barşy hakynda hem aýdyldy.

Mundan başga-da, 12-15-nji sentýabrda Tokioda (Ýaponiýa) geçiriljek “JATA Tourism Forum &Travel Showcase” halkara syýahatçylyk sergisine Türkmenistanyň wekilleriniň gatnaşmagy bilen bagly guramaçylyk işleri hakynda habar berildi. Her ýyl Aziýada geçirilýän bu iri sergä Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň düzümine girýän kärhanalar bilen bir hatarda, biziň ýurdumyzyň hususy syýahatçylyk kompaniýalarynyň hem gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagyny we myhmansöýerligi ösdürmek boýunça işlerde menejmentiň we marketingiň döwrebap tehnologiýalaryny has giňden ulanmagyň, syýahatçylyk hyzmatlaryny dünýä standartlarynyň derejesinde kämilleşdirmegiň möhümdigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk işleriniň ýokary derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň halkara derejesindäki syýahatçylyk çärelerine gatnaşmagynyň möhümdigi barada aýtmak bilen, olaryň biziň ýurdumyzyň üstünliklerini giňden wagyz etmäge, onuň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmaga, milli syýahatçylyk ulgamynyň dünýä giňişliginde bädeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we ornuny berkitmäge mümkinçilik berýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Tokioda geçiriljek sergide öz milli bölümimizi taýýarlamak barada maslahatlary berip, onuň diwarlyklarynda diňe syýahatçylyk ugurlarynyň köp dürlüligi däl-de, eýsem, türkmen halkynyň baý medeniýetiniň, däp-dessurlarynyň öz beýanyny tapmalydygyny aýratyn nygtady. Şonuň ýaly tanyşdyryş dabaralary welaýatlarda syýahatçylyk ugry sazlaşykly ösýän Türkmenistanyň özüne çekijiligini kemala getirmekde möhüm orun eýeleýändigini aýdyp, döwlet Baştutanymyz bu babatda beýleki ýurtlaryň syýahatçylyk guramalary bilen göni gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, hyzmatdaşlar we maýadarlar bilen gatnaşyklaryň täze görnüşlerini gözläp tapmagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Soňra A.Ýegeleýew gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklarynda işleriň ýagdaýy hem-de bu ulgamlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Ol şeýle hem milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň, şol sanda 320 orunlyk ýolagçy gämisini gurdurmak bilen bagly tabşyrygynyň ýerine ýetirilişi hakynda habar berdi.

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerini üstünlikli çözmekde ulag toplumynyň we aragatnaşyk ulgamynyň möhüm orun eýeleýändigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz döwletimiziň geljekki hem degişli pudaklara hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere bu ulgamlaryň ähli kärhanalarynyň we düzümleriniň işini berk gözegçilikde saklamagy tabşyryp, öňdebarajy innowasion tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty dowam edip, ulag pudagynda ýurdumyzda başy başlanan möhüm düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek meselesine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň içinde, şeýle hem halkara ulag ugurlarynyň giňelmegi bilen baglylykda, deňiz we derýa gatnawlarynyň artýan ornuny belledi we wise-premýere deňiz tehnikasynyň bar bolan toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça zerur bolan çäreleri görmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz ýolagçy gämisiniň esasyny düzýän tehnologik we innowasion gurallar bilen içgin gyzyklanyp, häzir Türkmenistan esasy önümçilik, senagat pudaklaryny döwrebaplaşdyrmakda öňdebaryjy dünýä tejribesini, ýurdumyzyň ykdysadyýetini hil ölçegleri, önümleriň bäsdeşlige ukyplylygy boýunça ýokary sepgitlere çykarmaga mümkinçilik berýän täze inženerçilik işläp düzmelerini çekmäge aýratyn üns berýär diýip belledi.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda wise-premýerler S.Toýlyýew we Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň täze binalar toplumynyň, şeýle hem Diş bejeriş merkeziniň we Infuzion erginlerini öndürýän derman kärhanasynyň paýtagtymyzda gurulýan binalarynyň bezeg işleriniň, yşyklandyryş sütünleriniň we beýleki düzüm bölekleriniň taslama görnüşlerini hödürlediler.

Milli Liderimiz ilatyň saglygyny goramagyň döwlet syýasatyny amala aşyrmakda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygyny aýdyp, şu ugra degişli desgalary gurmak bilen bagly meselelere elmydama gözegçilik etmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen taslamalara garap, Ylmy-kliniki merkeziň täze binasynyň toplumynyň gurluşygy bilen bagly möhüm jähetleriň birnäçesi barada durup geçdi we bu barada birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilki bilen täze klinikany döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmegiň zerurdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bu binanyň ähmiýeti barada durup geçip, ýurdumyzda geljekde-de maşgala, enä we çaga hemmetaraplaýyn goldaw bermek boýunça maksada okgunly çäreleriň amala aşyryljakdygyny aýtdy. Milli Liderimiz hödürlenen taslamalara düýpli düzedişleri girizdi hem-de olaryň döwrebaplygyny üpjün etmek maksady bilen birnäçe teklipleri aýdyp, bu işleri mydama gözeglikde saklamak barada görkezmeleri berdi

Soňra döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeliginiň, şeýle hem şu ýylyň sentýabrynda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň geçirilmegine taýýarlyk görülmegine degişli meseleler barada durup geçip, wise-premýerler S.Toýlyýewiň we B.Nurmyradowanyň hem-de Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikowyň bu baradaky hasabatlaryny diňledi.

Döwlet Baştutanymyz dünýäde halkymyzyň baý medeni mirasyna we dynç alyş mümkinçilikleriniň mundan beýläk-de giňden wagyz edilmegine ýardam bermek üçin, ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň ýokary derejede guralmagynyň möhümdigini belläp, bu barada wise-premýerlere anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýol hereketiniň biraýlygyna taýýarlyk görülmegine degişli meseleler barada durup geçip, şu çärä degişli ähli işlere bilelikde ykjam taýýarlyk görmegiň möhümdigine hem-de şol işleriň täsirli bolmalydygyna we bulara döredijilikli çemeleşilmelidigine wise-premýerler S.Toýlyýewiň, B.Nurmyradowanyň we Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikowyň ünsüni çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz biraýlygy “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” diýen şygar bilen geçirmegi hem-de Türkmenistanda işleýän halkara guramalary onuň guralmagyna gatnaşmaga çekmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz maslahatyň barşynda göni aragatnaşyga ýene-de wise-premýer A.Ýegeleýewi çagyrdy. Ol tehniki toplumy döwrebaplaşdyrmak, onuň üstüni döwrebap jemgyýetçilik ulaglary bilen yzygiderli ýetirip durmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz köpugurly ulag-aragatnaşyk düzümini ösdürmek ýurdumyzyň ykdysady, maýa goýum, üstaşyr, serişdeler kuwwatyny amala aşyrmagyň möhüm şerti bolup durýar diýip nygtady. Döwletimiz bu ulgamyň tehnologik üpjünçiligine hemmetaraplaýyn üns berýär diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere bu pudagyň kärhanalarynyň alyp barýan işleriniň ýokary hilli bolmagyna gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy. Pudagy dünýä standartlarynyň ýokary derejesine çykarmak üçin innowasion çemeleşmeler we işleriň anyk meýilnamalyrynyň berjaý edilmegi zerur bolup durýar.

Soňra milli Liderimiz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewi, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowy we “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň başlygy P.Meredowy çagyrdy.

Özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada aýtmak bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň depginleri barada hasabat berdi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň garamagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary tarapyndan taýýarlanylýan birnäçe taslamalar görkezildi. Şeýle hem wise-premýer paýtagtymyzdaky ulag ýollarynyň durkuny täzelemek we olary döwrebaplaşdyrmak, ýollaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabadyň binagärlik-şähergurluşyk keşbiniň ýurdumyzyň baş şäheriniň belent derejesine we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna laýyk gelmelidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, hususan-da, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň taslamalarynyň toplumlaýyn durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ünsi çekdi.

Rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urýan Watanymyzyň ösüşiň dünýä derejesine çykmagy, ýurdumyzda bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi, kämil bilimli, zehinli ýaş nesilleriň kemala gelmegi häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar diýip, milli Liderimiz nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilim we ylym ulgamynda maksatnamalaýyn wezipeleriň yzygiderli ýerine ýetirilmegi bu ulgamlaryň ýurdumyzyň innowasion ösüşiniň talaplaryna laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykmagy üçin zerur şertleri döredýär diýip belledi.

Görkezilen taslamalar bilen jikme-jik tanşyp, döwlet Baştutanymyz täze desgalaryň gurluşygy we olaryň binagärlik keşbi bilen baglanyşykly birnäçe bellikleri we teklipleri aýtdy hem-de olarda nusgawy ýörelgeler bilen häzirki zaman esaslarynyň sazlaşmalydygyny aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýerden gurluşygy alnyp barylýan desgalarda ýerine ýetirilýän işleriň ýagdaýy, olaryň öz wagtynda we ýokary hilli gurlup gutarylmagy bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz Aşgabatda gurulýan ýollaryň, köpugurly awtomobil köprüleriniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň hem-de olaryň netijeli ulanylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu babatda ýol gurluşygynyň we abatlaýyş işleriniň hil derejesinden başlap, ýolagçy duralgalaryna, ulag ýollarynyň raýyşlaryna, ýol belgilerine, yşyklandyrylyşyna we gök zolaklaryň döredilişine çenli ähli işlerde toplumlaýyn we oýlanyşykly çemeleşmeler wajypdyr.

Öz gezeginde Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow şähergurluşyk maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabyşyryklarynyň berjaý edilişi, ozal bar bolan ulag ýollarynyň döwrebaplaşdyrmak we täzelerini gurmak boýunça alnyp barylýan işler, gök zolaklary döretmek babatda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, paýtagtymyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, şäherde abadançylygy we arassaçylygy üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bag nahallarynyň ekilýän çäklerini giňeltmek, olara degişli derejede ideg etmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleri yzygiderli alyp barmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şu jähetden milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara Aşgabadyň töwereginde ekilen baglara degişli idegi üpjün etmek we gök zolaklary döretmek işlerine berk gözegçiligi ýola goýmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz gürrüňi dowam etmek bilen, “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň ulag ýollaryny gurmak boýunça alyp barýan işleriniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmeýändigini, pudagyň sazlaşykly işiniň üpjün edilmeýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz düzümiň ýolbaşçysy P.Meredowa ýüzlenip, onuň işine düýpli nägilelik bildirdi we ondan öňde goýlan wezipeleriň öz wagtynda çözülmegi ugrunda zerur çäreleri görmegi berk talap etdi. Şeýle hem milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara ulag ýollarynyň ugrunda sürüjiler we ýolagçylar üçin ähli zerur şertleri üpjün edýän ugurdaş desgalaryň gurulmagy babatda birnäçe anyk tabyşyryklary berdi.

Wideoşekilli iş maslahatyny jemlemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürilmegine, halkymyzyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginrň zerurdygyna ünsi çekdi.

Iş maslahatyny tamamlap, döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.