Ï Türkmenistanda Aziýada-2017 boýunça ilkinji media-forum geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Aziýada-2017 boýunça ilkinji media-forum geçirildi

view-icon 1000
Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda Aziýa olimpiýa geňeşiniň karary bilen 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna toplumlaýyn taýýarlyk görmegiň çäklerinde ilkinji sport media-forumy geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, ýokary netijeli sporty we köpçülikleýin bedenterbiýe sport hereketini ösdürmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde öňe süren hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu iri möçberli yklym derejesindäki oýunlary guramak meselesine içgin üns berýär. Şu ýylyň ýanwar aýynda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede geçirmek maksady bilen Guramaçylyk komitetiniň döredilmegi barada ýörite Kararyň kabul edilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Köpçülikleýin habar beriş serişdedelerinde Aziada-2017 oýunlaryny giňden beýan etmek we dünýä ýaýmak, şeýle hem “Sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamany” durmuşa geçirmek maksady bilen, 31-nji maýda döwlet Baştutanymyz 2013-nji ýylyň 8-nji iýunynda we 2013-nji ýylyň 28-29-njy noýabrynda iki tapgyrda Aşgabat şäherinde sport media-forumyny geçirmek barada ýene bir Karara gol çekdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Sport baradaky döwlet komiteti we Milli olimpiýa komiteti tarapyndan guralan ilkinji sport media-forumynyň işine ählumumy sport hereketinde kommunikasiýalar we halkara gatnaşyklary ulgamy boýunça meşhur bilermenleriň biri—Jon Tibbs and Assoсiates kompaniýasynyň direktory jenap Jon Tibbс Sport baradaky döwlet komitetiniň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary, Türkmenistanda bellige alnan daşary ýurt žurnalistleri, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, gatnaşdylar.

Jenap J.Tibbс Britaniýanyň söwda we maýa goýumlary agentliginiň ählumumy sport taslamalary bölümine ýolbaşçylyk etmek bilen, britan kompaniýalarynyň iri sport çärelerine gatnaşmaklary boýunça uly işleri alyp barýar. Mundan başga-da, ol Britaniýanyň söwda we maýa goýumlary agentliginiň ählumumy sport taslamalar bölüminiň Olimpiýa oýunlary boýunça iş toparynyň agzasydyr. Ol 2014-nji ýyldaky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri hökmünde Soçi şäheriniň saýlanyp alynmagyna işjeň gatnaşdy. Häzirki wagtda jenap Jon Tibbс “Soçi-2014” Guramaçylyk komitetine we halkara gatnaşyklary hem-de sport bileleşiginde kommunikasiýalar meseleleri boýunça Russiýanyň Olimpiýa komitetine maslahatçy hökmünde çykyş edýär. Ol şeýle hem 2018-nji ýylda Moskwada futbol boýunça dünýä çempionatyny geçirmek baradaky toparyň düzümine girýär, şeýle hem 2020-nji ýylda Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri hökmünde Stambul şäherini saýlap almak boýunça çärelere işjeň gatnaşýar. Mundan başga-da, jenap Jon Tibbс meşhur futbol kluby “Mançester Ýunaýted” bilen kommunikasiýa meseleleri babatda we futbol, tennis, woleýbol we sportuň beýleki görnüşleri boýunça Halkara federasiýalary bilen ýakyndan işleşýär.

Beýik Britaniýadan gelen myhman öz kompaniýasynyň işi barada jikme-jik gürrüň bermek bilen, türkmen sportunda gazanylýan üstünliklere ýokary baha berdi we şunda hormatly Prezidentimiziň ägirt uly tagallalaryny aýratyn belledi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça alnyp barylýan işjeň hem-de yzygiderli syýasat örän iri halkara ýaryşlarynyň biri bolan, Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji gezek geçirilýän ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny paýtagtymyzda geçirmäge mümkinçilik berdi.

“Maňa köplenç ýeňiş gazanýan adamlar bilen işlemek miýesser edýär we hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň saýlan ugrynyň ýeňiş ýoludygyny ynamly aýdyp bilerin” diýip, jenap Jon Tibbс köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, türkmen döwletiniň Baştutanynyň başlangyjy boýunça ýurduň ähli künjeklerinde gurulýan uly we kiçi täze sport desgalary geljekki çempionlary taýýarlamaga, sportda uly üstünlikler gazanmak bilen dünýä derejesinde ýurduň abraýyny artdyrmaga şert döreder.

Jenap Jon Tibbс Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahyň ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň sanyny Aziýa yklymyna girmeýän ýurtlaryň – Awstraliýanyň hem-de Okeaniýanyň türgenleriniň hasabyna giňeltmek baradaky çözgüdi barada eşideninden soň “Men siziň alyp barýan taýýarlyk işleriňize, meýilnamalaryňyza haýran galýaryn” diýip, özünde galan täsirleri paýlaşdy.

“Aziýada -2017-ä Okeaniýanyň ýurtlaryny çagyrmak uly abraýdyr. Öň hiç wagt şeýle edilmändi. Aşgabatda ýapyk binalarda iň iri Aziýa oýunlary bolar” diýip, jenap Jon Tibbс nygtady.

Ol oýunlara sportuň 17 görnüşi boýunça dünýäniň 62 ýurdundan türgenleriň 5000-den gowragynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Aziýa-2017 oýunlaryny beýan etmek üçin Aşgabada habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň 1500-si geler.

“Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary – munuň özi eýýäm özboluşly şygara öwrüldi” diýip, sport dünýäsinde meşhur bilermen hasap edýär. Bu bolsa köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen sport tomaşalaryna syn etmegi halaýanlaryň şu oýunlary görmek üçin ýörite Aşgabada gelerleri ýaly maglumatlar giňişliginde oňyn pikir döretmäge ýardam berer. Dünýäniň iri sport ýaryşlary geçirilende, adatça bolşy ýaly, öňde boljak sport baýramçylygyna hemaýatkärler hem uly maýa goýumlaryny goýarlar” diýip, belli bilermen sözüni dowam etdi.

Şunuň bilen baglylykda, Jon Tibbс milli habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, bu ugur boýunça, şol sanda daşary ýurt jahankeşdeleriniň ünsüni Aziada-2017 oýunlaryna çekmek üçin hemişe iş geçirmäge we olaryň bu ajaýyp ýurdy öz gözleri bilen görüp, “Türkmenistan owadan künjekleri, gadymy taryhy baý medeni we depginli ösýän ykdysadyýeti bilen haýran galdyryjy ajaýyp ýurt!” diýip aýdarlary ýaly iş geçirmäge çagyrdy.

Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen işlemek babatda Jon Tibbs and Assoсiates kompaniýasynyň direktory dünýä tejribesini göz öňünde tutmak bilen, olaryň öz ýurtlaryndaAziada-2017-niň meýleýin wekilleri bolmagy üçin bilelikde iş geçirmäge gyzyklanmasyny beýan etdi.

Şunuň bilen baglylykda, uly ýylyň 28-29-njy noýabrynda Aşgabatda dünýäniň esasy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gatnaşmagynda halkara sport media-forumyny geçirmek baradaky çözgüdiň ähmiýeti bellenildi.

Media-forum tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri bolan häzirki wagtda gurulýan Olimpiýa şäherjigine gezelenç etdiler.

“Sebitde deňi-taý bolmadyk bu Olimpiýa şäherjigi hormatly Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sporty ösdürmek meselelerine ägirt uly üns berýändiginiň ýene bir subutnamasydyr, bu ägirt uly sport toplumynyň Türkmenistanyň buýsanjyna öwrüljekdigine, öňde boljak Aziada-2017 oýunlarynda belli türgenleriň näderejedäki ajaýyp sport desgalarda medallar ugrunda bäsleşjekdiklerine tiz wagtda bütin dünýäniň göz ýetirjekdigine ynanýaryn” diýip, jenap Jon Tibbс aýtdy.