Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 915
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi.

Milli Liderimiz mejlisi açyp, biz her ýylyň 12-nji iýunynda ýurdumyzda Ylymlar gününi giňden belläp geçýäris diýip belledi. Ylmyň islendik jemgyýeti ösdürmekde örän uly ähmiýeti bar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we häzirki döwürde ylma daýanmazdan, döwletiň durnukly öňe gitmegini we gülläp ösmegini gazanmak, ýokary tehnologiýaly pudaklary döretmek mümkin däldir diýip belledi. Şoňa görä-de, ylmy we bilimi ösdürmek, ylmyň gazananlaryny ykdysadyýetiň pudaklarynda netijeli ulanmak, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny has-da artdyrmak döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Biz bu ugurda birnäçe möhüm maksatnamalary kabul etdik we üstünlikli durmuşa geçirýäris. Ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak, ýokary derejeli alymlary taýýarlamak, zehinli ýaşlaryň ylym bilen meşgullanmagy üçin zerur şertleri döretmek boýunça giň gerimli işleri alyp barýarys diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Ýurdumyzyň alymlarynyň öz ýadawsyz zähmeti bilen eziz Diýarymyzyň mundan beýläk-de ösmegine mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna berk ynam bildirmek bilen, milli Liderimiz olaryň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagy ugrunda zerur işleri alyp barjakdyklaryna ünsi jemledi. Biz geljekde hem ýurdumyzda ylmy ösdürmek, ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak üçin ähli şertleri dörederis diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Bu ýere ýygnananlary we ähli halkymyzy, ýurdumyzyň alymlaryny hem-de ähli ylmy işgärlerini ýetip gelýän Ylymlar güni bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyz hemmelere berk jan saglyk, asuda we bagtyýar durmuş, alymlara bolsa, ylymlar dünýäsinde uly üstünlikleri gazanmagy, täze ylmy açyşlary arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Ol ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň şu ýylyň bäş aýyndaky makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, hasabat döwri ýokary makroykdysady görkezijileri hem-de jemi içerki önümiň durnukly ösüşi bilen häsiýetlendirilýär. Umuman, ýanwar-maý aylarynda gazanylan üstünlikler ýurdumyzyň ykdysady taýdan durnukly ösýändigine şaýatlyk edýär.

2013-nji ýylyň bäş aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň ösüş depgini 112,2 göterim üpjün edilip, ykdysadyýetiň pudaklarynyň aglabasynda ýokary önümçilik netijeleri gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygynyň ösüş depgini 119, 5 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän maýa goýum syýasaty ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüş maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam edýär. Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurdumyzda özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 13, 6 milliard manada deň boldy.

Hasabatyň çäklerinde "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň depginleri barada hem habar berildi. Şu ýylyň bäş aýynda Oba milli maksatnamasy boýunça deslapky hasaplamalara görä, ýurdumyz boýunça jemi 2,1 milliard manat düýpli maýa goýumlary özleşdirilip, ýyllyk meýilnama 52, 6 göterim ýerine ýetirildi we geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 49, 6 göterim ösüş gazanyldy.

Hasabat döwri Döwlet býujetiniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen häsiýetlendirilýär. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 116,4 göterime, çykdajy bölegi 95,7 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary hem-de pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Ýurdumyzyň 2012-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýanwar-maý aýlarynda aýlyk zähmet haklary 10,6 göterim ýokarlandy. Şeýle-de sarp ediş harytlarynyň we ilata edilýän hyzmatlaryň nyrhlarynyň jemleýji görkezijisi bellenen çäklerde saklandy.

Hasabat döwründe harytlaryň we hyzmatlaryň eksportundan gelip gowşan daşary ýurt pul serişdeleriniň meýilnamasy 130, 4 göterim ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýokary makroykdysady görkezijileriň milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösýändigine şaýatlyk edýändigini belledi we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamalarynda kesgitlenen ähli meýilnamalaryň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine berk gözegçiligi üpjün etmegi wise-premýere tabşyrdy. Milli Liderimiz ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini üpjün etmek üçin maliýe düzümleriniň hem-de bank edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça çäreleriň görülmeginiň möhümdigini nygtap, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Мinistrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedow gözegçilik edýän söwda, dokma senagaty we halyçylyk pudaklarynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça jemi haryt dolanyşygynyň ösüş depgini hasabat döwründe geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 124,4 göterime deň boldy.

Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini ýylyň başyndan bäri 106,9 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde ýerlenen önümleriň ösüş depgini 100,5 göterime, önümçiligiň düşewüntliliginiň derejesi bolsa 14,8 göterime barabar boldy.

“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalary tarapyndan ýanwar aýyndan maý aýy aralygynda öndürilen önümiň ösüş depgini 111,7 göterim derejede üpjün edildi. Harytlyk önümlerini ýerlemegiň möçberi 3 göterim artdy. Birleşigiň kärhanalarynyň düşewüntliligi 13 göterimden geçdi.

Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen 5 aýyň içinde söwdalaşyklaryň 63-si geçirilip, hasaba alnan geleşikleriň umumy bahasy 2012-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 92,3 göterim artdy. Şol sanda gurluşyk şertnamalarynyň umumy bahasy 5 esse ýokarlandy. Hasabat döwründe birža boýunça umumy girdejileriň ösüş depgini 104,7 göterime, walýuta gelip gowuşmalarynyň möçberi 104,6 göterime barabar boldy.

Söwda-senagat edarasy tarapyndan degişli döwürde sergileriň 9-sy we maslahatlaryň 5-si geçirildi, hyzmatlary etmek boýunça ösüş depgini 105,2 göterime deň boldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary tarapyndan 2013-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde senagat önümleri 24 göterim, oba hojalyk önümleri 84 göterim köp öndürildi. Ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan ýerine ýetirilen gurluşyk işleriniň ösüş depgini 120 göterime deň boldy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça jemi haryt dolanyşygy 55 göterim, ilata edilen hyzmatlaryň möçberi 65 göterim ýokarlandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletara eksport kuwwatyny amala aşyrmak we ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň önümlerini dünýä bazaryna çykarmak üçin Türkmenistanyň halkara söwda şertnamalaryny artdyrmagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz dokma toplumynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça çärelere ünsi çekip, pudagyň işini kämilleşdirmek, kärhanalaryň işgärleri üçin has amatly iş şertlerini döretmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Işewür gatnaşyklarynyň häzirki şertlerinde milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösýän bölegi bolan telekeçiligiň ornuny artdyrmak zerur bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz söwda-dokma toplumynyň pudaklary üçin anyk wezipeleri kesgitledi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň 2013-2017-nji ýyllar üçin daşary syýasy ugrunyň konsepsiýasyny amala aşyrmak bilen baglylykda, şu ýylyň bäş aýynda Daşary işler ministrligi tarapyndan alnyp barlan işleriň netijeleri hakynda hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürýändigi bellenildi.

Ýanwar-maý aýlarynda birnäçe daşary döwletleriň baştutanlarynyň biziň ýurdumyza bolan saparlary munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistanda ýokary derejede geçirilen gepleşikler we duşuşyklar däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklaryny has-da berkitmegiň we giňeltmegiň ýolunda täze ädimler boldy.

Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli geçirilýän ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler Türkmenistan bilen we dünýäniň beýleki ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilendir. Şeýlelikde, hasabat döwründe şonuň ýaly geňeşmeleriň 15-si geçirildi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga sazlaşykly häsiýet mahsus bolup durýar. Munuň şeýle bolmagyna ikitaraplaýyn hökümetara toparlaryň netijeli işleri gös-göni ýardam edýär. Şunuň bilen bir hatarda, sebitiň we dünýäniň dürli döwletleri bilen gumanitar – medeni gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär.

Umuman, ýanwar-maý aýlarynda DIM-niň ugry boýunça Türkmenistana daşary ýurt wekiliýetleriniň 316-sy gelip gitdi. Şol bir wagtyň özünde daşary döwletlere biziň ýurdumyzyň wekiliýetleriniň 275-si ugradyldy. Geçen 5 aýyň içinde Türkmenistan halkara forumlarynyň – maslahatlaryň, sergileriň we beýleki çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu çäreler dünýä bileleşiginiň ünsüni özüne çekdi we dürli ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge täze itergi berdi. Şeýle hem hasabat döwründe Türkmen döwletiniň halkara gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň üstüni ýetiren resminamalaryň 51-sine gol çekilendigi habar berildi.

Wise-premýer, DIM-iň ýolbaşçysy şeýle hem Owganystanyň Prezidenti Hamid Karzaýyň we Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň 5-nji iýunda Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza bolan iş saparlarynyň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen topragynda bu demir ýoluň gurluşygyna badalga berilmegi diňe goňşy döwletleriň üçüsi üçin däl-de, eýsem, tutuş sebit üçin taryhy ähmiýetli waka bolup durýar diýlip bellenildi.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan geljekde hem giň hyzmatdaşlyk ugruna gyşarnyksyz eýerip, döwletara, şeýle hem sebit we halkara derejelerinde netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürer diýip, milli Liderimiz belledi. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä bileleşigini tolgundyrýan häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda biziň ýurdumyzyň işjeň orun eýeleýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, Türkmenistan geljekde hem abraýly sebit we halkara guramalarynyň çäklerinde ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine gabat gelýän netijeli hyzmatdaşlygy has-da berkitmegi göz öňünde tutýar diýip belledi.

Owganystanyň we Täjigistanyň Prezidentleriniň biziň ýurdumyza bolan iş saparlarynyň netijeleri barada durup geçmek bilen, milli Liderimiz täze demir ýoly gurmagyň taslamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň ähmiýetini belledi. Bu polat ýoly üç goňşy ýurdy öz arasynda birleşdirip, sebit we halkara ulag-aragatnaşyk düzüminiň ähmiýetli halkasy bolmaga, döwletleriň we halklaryň arasynda dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge gulluk eder.

Döwlet Baştutanymyz aýdanlaryny jemläp, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we diplomatik korpusynyň öňünde goýlan wezipeleriň möhümdigini belledi. Milli Liderimiz wise-premýere, DIM-iň ýolbaşçysyna ýurdumyzyň 2013-2017-nji ýyllar üçin daşary syýasy ugrunyň konsepsiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen bagly degişli tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça parlamentiň alyp baran işleri hakynda habar berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 5 aýynda Mejlisiň maslahatlarynda giň möçberli milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine we Türkmenistanyň dünýäniň hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna, türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga we halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam edýän kanunçylyk namalaryna seredildi we kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyz habary diňläp, döwrüň talaplaryny, täze taryhy eýýamyň ýagdaýlaryny nazara almak bilen milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň, şeýle hem döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ösüşine ýardam edýän täze kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny ilat köpçüligine ýetirmegiň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz Mejlisiň halkara guramalary we ilkinji nodatda, BMG-niň düzümleri bilen işiniň netijeliligini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän gurluşyk, senagat we energetika pudaklarynda 2013-nji ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwrüniň görkezijileri milli gurluşyk ulgamynyň durnukly we okgunly ösýändigine şaýatlyk edýär. Gazanylan üstünlikler hormatly Prezidentimiziň başyny başlan we ilkinji nobatda, türkmenistanlylaryň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň netijesidir.

Hususan-da, Gurluşyk ministligi boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň ösüş depgini 110, 3 göterime deň boldy.

Senagat ministrligi boýunça 2013-nji ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň ösüş depgini 138 göterime deň boldy. Sementiň öndürilişi boýunça bu görkeziji 173, 7 göterime, sozulan metalyň öndürilişi boýunça 125 göterime, magdan däl gurluşyk serişdeleriniň öndürilişi boýunça 111 göterime barabar boldy.

Energetika ministrligi boýunça 2013-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň ösüş depgini 105, 3 göterime deň boldy. Degişli döwürde Jemagat hojalygy ministrligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň ösüş depgini 114,2 göterime barabar boldy. Aşgabat şäheri boýunça 2013-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen serişdeleriň möçberi 118, 3 göterime deň boldy.

Hasabatyň çäklerinde hökümet Baştutanynyň orunbasary “Türkmenawtoýollary” döwlet konsernini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hem hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň möçberi 136,5 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz gurluşyk pudagyny yzygiderli ösdürmek boýunça gazanylan netijeleri kanagatlanma bilen belläp, tutuş ýurdumyzda, hususan-da, Aşgabat şäherinde amala aşyrylýan giň möçberli gurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň ýokary depginini mundan beýläk-de saklap galmagyň möhümdigini nygtady. Bu maksatnamany durmuşa geçirmäge ýurdumyzyň kärhanalary barha işjeň gatnaşýarlar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen işleriň ýokary hilli berjaý edilmegini üpjün etmek meselelerine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzda gurulýan desgalaryň ýokary hilli bolmagyny we olaryň öz möhletinde tabşyrylmagyny üpjün etmek Türkmenistanda işleýän gurluşyk kompaniýalarynyň ählisi üçin esasy talap bolup durýar diýip nygtady.

Döwlet Baştutanymyz elektrik energetikasynyň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biridigini belläp, ýurdumyzyň energetika syýasaty Türkmenistanyň senagat, oba hojalygy, durmuş ulgamlarynyň isleglerini doly kanagatlandyrmaga, şeýle hem elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmaga gönükdirilendir diýip nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow energiýany tagşytlamagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Munuň özi energetika desgalarynyň birnäçesiniň durkunyň täzelenmegini we döwrebaplaşdyrylmagyny, önümçilige energiýany tygşytlaýan daşary ýurt tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyny talap edýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Soňra hasabat bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow çykyş etdi. Ol şu ýylyň bäş aýynda obasenagat toplumynyň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Hususan-da, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Oba hojalyk ministrligi boýunça önüm öndürilişiniň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň möçberiniň ösüş depgini 110,9 göterim, Suw hojalyk ministrligi boýunça 100,9 göterim, Tebigaty goramak ministrligi boýunça 106,2 göterim, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 142,1 göterim, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 102,2 göterim, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 107,2 göterim, Maldarçylyk döwlet birleşigi boýunça 104 göterim, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 100 göterim, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 123,5 göterim bolandygy bellenip geçildi.

Ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda 1-nji iýunda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda galla oragyna badalga berlendigi, onuň barşynda bolsa eýýäm 212 müň tonnadan gowrak bugdaýyň ýygnalandygy barada habar aýdyldy. Bugdaý oragynyň depgini gün-günden ýokarlanýar. Däne orlandan soň dessine mallar üçin iým hökmünde peýdalanyljak samany taýýarlamaga girişilýär, boşan meýdanlarda bolsa sürüm işleri geçirilýär.

Ähli sebitlerde bir wagtyň özünde gowaçalara ideg işleri dowam edýär, hatarara bejergileri, otag işleri, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we suwaryş işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumyny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmegiň, oba hojalyk önümçiliginiň ähli ugurlarynda önüm öndürilişiniň möçberlerini artdyrmagyň we elbetde, ýurdumyzyň sarp ediş bazarynda azyk bolçulygyny döretmegiň möhümdigini nygtady.

Däne oragynyň depginlerini gyşarnyksyz ýokarlandyrmagyň möhümdigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz orak möwsümini öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek boýunça bellenilen toplumlaýyn çäreleriň iş meýilnamasyna laýyklykda geçirilmegini üpjün etmegi talap etdi. Olaryň netijeleri obasenagat toplumynyň esasy düzümleriniň işine özboluşly baha bolar. Milli Liderimiz şeýle hem ýokary hasyl almak maksady bilen, gowaçalara we beýleki oba hojalyk ekinlerine hyzmat etmek boýunça zerur bolan hemme agrotehniki çäreleri öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmegiň wajypdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz galla oragynda işleýän kombaýnçylara, sürüjilere, tehniki hyzmaty amala aşyrýan mehanizatorlara, mahlasy, bu möhüm işe gatnaşýan ähli adamlara iş üstünde medeni çäreleriň yzygiderli guralmalydygyna degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi hem-de olara anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow çykyş edip, nebitgaz, himiýa, pudaklarynda we balyk hojalygynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hususan-da, wise-premýer şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň ösüş depgininiň 2012-nji ýylyň derejesine garanyňda 101,2 göterime, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak boýunça meýilnamanyň 102 göterime deň bolandygyny habar berdi. Buraw işleriniň möçberi 14 göterim, uglewodorod ýangyjyny gaýtadan işlemegiň möçberi 2,6 göterim artdy, nebit önümlerini öndürmek babatda awtoulag benzinleriniň çykarylyşynyň ösüş depgini 105 göterime, polipropileniň öndürilişiniň ösüş depgini 107,6 göterime we suwuklandyrylan gazyň öndürilişiniň ösüş depgini 104,7 göterime deň boldy.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde karbamid öndürmegiň möçberi 7,3 göterim, tehniki ýoduň öndürilişi 3 göterim artdy.

Türkmenistanyň balyk hojalygy döwlet komitetiniň kärhnalary hem öz önümleriniň öndürilişini artdyrýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumyny has-da ösdürmek, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, iri düzümleýin taslamalara, şol sanda täze uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek, energetiki geçirijileri we beýleki desgalary gurmak, şeýle hem nebithimiýa kärhanalaryny tehniki taýdan enjamlaşdyrmak boýunça taslamalara daşary ýurt maýalaryny çekmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz degişli ugurda öňdebaryjy tejribä, tehniki we tehnologiýa mümkinçiliklerine eýe bolan daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy tapgyrlaýyn giňeltmegiň möhümdigini aýtdy. Himiýa senagaty we balyk hojalygy boýunça hem anyk wezipeler kesgitlendi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barylan işleriň netijeleri, şol sanda Türkmenistanyň medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Wise-premýer milli Liderimize medeniýet ulgamynda ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak, bu ulgama girýän döredijilik toparlarynyň, muzeý we kitaphana gaznalarynyň işini kämilleşdirmek, medeniýet edaralarynyň işini utgaşdyrmak boýunça geçirilýän işler barada habar berdi. Häzirki wagta çenli ýurdumyzda medeniýet ulgamyna degişli edaralaryň 1254-si hereket edip, olaryň işine täze görnüşler we usullar ornaşdyrylýar. Hasabat döwründe ýurdumyzyň teatrlaryna 230 müňden gowrak tomaşaçy, muzeýlere 155 müňe golaý adam baryp gördüler.

Ýanwar-maý aýlarynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan dürli ugra degişli kitaplaryň 123 görnüşi, şol sanda jemi sany 2 million 39 müň kitaba deň bolan okuw edebiýatynyň 54 görnüşi çykaryldy. Döwürleýin metbugat barada aýdylanda bolsa, häzirki wagtda ýurdumyzda umumy sany 54 million 500 müň nusga bolan žurnallaryň 21-si we gazetleriň 26-sy çap edilýär. Internet ulgamynda Türkmenistanyň maglumatlary ýaýbaňlanýar. Şu ýyl “Nowruz baýramy”, “Behişdi ahalteke bedewleri” we “Ak şäher -- Aşgabat” atly täze saýtlar peýda boldy. Ýurdumyzyň resmi çeşmelerini artdyrmak boýunça işler ählumumy ulgamda dowam edýär.

Hasabatyň çäklerinde halkara medeni gatnaşyklary ösdürmek we ýakyn wagtda geçiriljek, şol sanda Ylymlar gününe bagyşlanan medeni çäreleriň maksatnamasy hakynda habar berildi. 24-30-njy iýunda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada jikme-jik durlup geçildi. Habar berlişi ýaly, onuň çäklerinde sungat eserleriniň halkara sergisi hem-de Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň konserti, türkmen halk döredijiligine bagyşlanan maslahat, aýdym-sazly çykyşlar, teatr oýunlaryny we kinolary görkezmek guralar, şygryýet agşamy, çagalar döredijilik bäsleşigi ýaýbaňlanar. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda täze desgalary—çagalar sagaldyş merkezleriniň birnäçesini, ýahta-klubyny we beýlekileri açmak dabaralary hem göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda geçirilýän medeni çäreleriň depginini bellemek bilen, bu ulgamyň ýolbaşçylarynyň ünsüni medeniýet ulgamynda ýöredilýän döwlet syýasatynyň maksatlaryna we ileri tutulýan ugurlaryna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamynyň edaralarynyň jemgyýetçilik guramalary, okuw, bilim edaralary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen bilelikde işlemeginiň hem-de ýaş zehinleriň döredijilik işine goldaw bermekde we ösüp gelýän nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde ysnyşykly gatnaşyklary saklamagynyň möhümdigini belledi.

Ýurdumyzyň abraýynyň beýleki döwletler bilen medeni ulgamda özara gatnaşyklary ösdürmäge bagly bolup durýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Medeniýet hepdeligini geçirmegiň meseleleri barada durup geçdi. Onuň çäklerinde geçiriljek ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyryp, döwlet Baştutanymyz bu möhüm waka düýpli taýýarlyk görmek babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew öz gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň bäş aýynda geçirilen işler barada hasabat berdi. Hususan-da, ylym we bilim edaralarynyň, saglygy goraýyş hem-de sport we syýahatçylyk ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar aýdyldy.

Hasabat döwründe ýurdumyzyň birnäçe täze ýokary okuw mekdepleriniň gurluşygyna, şol sanda Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň, Halkara uniwersitetiniň we Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň gurluşyklaryna badalga berlendigi bellenip geçildi. 6 sany mekdep we 12 sany mekdebe çenli edaralary ulanmaga tabşyryldy. Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň aň-bilim gazananlarynyň üsti halkara ders we taslama olimpiadalarynyň medallarynyň 81-si, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň—halkara bäsleşikleriniň ýeňijileriniň dürli derejedäki medallarynyň 9-sy bilen ýetirildi. Mekdep mugallymlarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzüminiň hünärini ýokarlandyrmak boýunça işler işjeň alnyp barylýar. Hasabat döwründe iki sany halkara ylmy maslahat geçirildi, aspirantura we doktorantura kabul edişlik dowam edýär.

Saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine geçmek bilen, wise-premýer şu ýylyň geçen bäş aýynda saglygy goraýyş edaralarynyň 11-siniň, 6 sany dermanhananyň, şeýle hem döwrebap dermanhana ammarynyň we ýaşaýyş jaýynyň ulanmaga tabşyrylandygyny belledi.

Türkmen türgenleri halkara derejesindäki ýaryşlaryň 63-sine gatnaşyp, 127 sany medala eýe boldular.

Ylymlar güni mynasybetli baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk barada hasabat bermek bilen, wise-premýer paýtagtymyzda açyljak “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara sergisini we ylmy maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berdi. Bu çäreler Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasy we Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralar. Ylymlar gününe bagyşlanan ylmy forumda ýurdumyzyň ylym-bilim wekilleri bilen bir hatarda, dünýäniň dürli ýurtlaryna wekilçilik etjek iň täze tehnologiýalar ulgamynda iş alyp barýan alymlaryň we hünärmenleriň gatnaşjakdygy bellenildi. Sergä ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlary, ýokary okuw mekdepleri, ylmy-önümçilik we ylmy-tehniki merkezleri, taslama edaralary, pudaklaýyn ministrlikler we edaralar bilen birlikde, daşary ýurtly kompaniýalaryň we ylmy edaralaryň wekilleri gatnaşar.

Soňra wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň we talyplarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakyndaky” we “Türkmenistanda welosiped sportuny ösdürmegiň meseleleri hakyndaky” kararlaryň taslamalaryny hödürledi.

Hemme pudaklar üçin ýokary hünärli ylmy işgärleri taýýarlamagy kämilleşdirmegiň ähmiýeti barada nygtamak bilen, döwlet Baştutanymyz iň gowy dünýä tejribesini mundan beýläk-de öwrenmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Hususan-da, halkara forumyny geçirmegiň meselelerine degip geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzyň ylmyny innowasion taýdan ösdürmegiň aýratyn zerurdygyna ünsi çekdi. Biziň ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň hökmany suratda öňdebaryjy gazanylanlara hem-de dünýä tejribesine esaslanmalydygyny nygtap, milli Liderimiz halkara sergisini we maslahatyny ýokary derejede geçirmek barada görkezme berdi.

Ýaş alymlaryň we talyplaryň ylmy işleriniň bäsleşiginiň netijeleri baradaky hödürlenen karara gol çekip, hormatly Prezidentimiz bu abraýly gözden geçirilişiniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyny wakalaryň ruhuna laýyk derejede geçirmek barada tabşyryk berdi.

“Türkmenistanda welosiped sportuny ösdürmegiň meseleleri hakyndaky” karara gol çerkip, milli Liderimiz bu resminamanyň ähmiýetine ünsi çekdi. Ol sportuň bu meşhur görnüşleriniň biriniň yzygiderli ösdürilmegine, bar bolan düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyna, welosport bilen meşgullanmaga ilatyň giň köpçüligini çekmäge hyzmat etmelidir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzda möhüm halkara çäresi bolan ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygyna badalga berilmegi hem-de Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli köpçülikleýin çäräni geçirmek baradaky teklip bilen ýüzlenip, ýurdumyzyň ähli raýatlaryny, çagalardan başlap, mekdep okuwçylaryny we talyplary, dürli pudaklaryň işgärlerini ulagyň ynsan saglygy üçin juda peýdaly we ekologiýa taýdan örän bähbitli görnüşi bolan welosiped sürmek bilen meşgullanmaga çagyrdy. Bu çäräniň saglygy berkitmäge, ekologýa howpsuzlygy meseleleriniň çözülmegine we welosiped sportunyň wagyz edilmegine ýardam etjekdigini nygtamak bilen, milli Liderimiz bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew ulag we aragatnaşyk pudaklarynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, awtomobil, demir ýol we howa ulaglarynyň kärhanalarynda esasy görkezijiler boýunça oňyn ösüş depgini gazanyldy. Hususan-da, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen hyzmatlaryň we işleriň ösüş depgini 105, 3 göterime barabar boldy.

Demir ýol ulaglary arkaly daşalan ýükleriň ösüş depgini 127, 2 göterime we gatnadylan ýolagçylaryň sany boýunça ösüş depgini 104,6 göterime deň boldy. Şeýle görkezijiler awtomobil ulaglary ministrligi boýunça degişlilikde 102, 8 göterime we 101, 8 göterime, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy boýunça degişlilikde 119,4 göterime we 103, 4 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça bolsa degişlilikde 101,8 göterime we 128, 3 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe aragatnaşyk ulgamy boýunça ýurdumyzda telefon nokatlaryny gurnamagyň meýilnamasy 186 göterim berjaý edildi.

Ýokarda agzalan pudaklarda gazanylan üstünlikler ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň kuwwatynyň durnukly artýandygyna şaýatlyk edýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Döwletimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösdürmekde bu pudaklara aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ulaglaryň ähli görnüşleri bilen ýük daşamak we ýolagçy gatnatmak babatda edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, şeýle hem döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryny guramak meselelerine berk gözegçilik etmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet, öz tarapyndan, howa, awtomobil, demir ýol we deňiz ulaglaryny ösdürmek meselelerine mundan beýläk hem uly üns berer diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny” öz wagtynda ýerine ýetirmek üçin ähli çäreleri görmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Öz nobatynda, aragatnaşyk pudagynda öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we Internet serişdelerini has netijeli ulanmak üçin öňdebaryjy tehnologiýalardan we enjamlardan giňden peýdalanmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Soňra gözegçilik edýän düzümlerinde ýylyň geçen bäş aýynyň işleriniň netijeleri baradaky hasabat bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew çykyş etdi. Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutanynyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň yzygiderli ösdürilmegine, bu pudakda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygynyň artdyrylmagyna gönükdirilen, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegiiň nebit-gaz ýataklaryny özleşdirmek üçin daşary ýurt maýalaryny çekmegi göz öňünde tutup, durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli energetika strategiýasynyň netijesinde ýangyç çig malynyň gazylyp alnyşy yzygiderli artýar.

Häzirki wagtda önümi paýlaşmak hakyndaky şertnamalar boýunça 8 sany taslama hereket edýär. Olardan 5 sany taslama boýunça nebit we gaz çykarmak işleri alnyp barylýar. Galan 3 taslama boýunça geologiýa-gözleg işleri ýerine ýetirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, pudak ylmyny innowasion taýdan ösdürmek boýunça degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz toplumynyň ylmy-barlag instituty tarapyndan birnäçe ylmy we taslama işleriniň alnyp barylýandygy habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny mundan beýläk depginli ösdürmäge, ýangyç-energetika toplumynda gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen milli energetika strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly bolan ilkinji nobatdaky wezipeleri çözmäge örän oýlanyşykly we jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi dowam edip, Türkmenistan öz tebigy gazyny dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek syýasatyny alyp barýar diýip belledi. Şoňa görä-de, milli Liderimiz bu syýasaty iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň düzüminde Halkara nebitgaz taslamalaryny amala aşyrmak boýunça ýörite müdirligi döretmek barada karara gelendigini habar berdi.

Milli Liderimiz bu müdirligiň öňünde birnäçe möhüm wezipeler durýar diýip belledi. Halkara nebitgaz geçirijileriniň taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça işleri amala aşyrmak müdirligiň esasy wezipesidir. Gaz geçirijileri gurmak boýunça alnyp barylýan işleri dolandyrmak, maliýe we taslama işlerini utgaşdyrmak wezipeleri hem bu müdirligiň üstüne ýüklenýär. Halkara nebitgaz taslamalaryny amala aşyrmak boýunça müdirligiň döredilmegi, türkmen tebigy gazyny daşary ýurtlara ibermek boýunça kabul edilen meýilnamalary durmuşa geçirmegi çaltlandyrmaga ýardam berer.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda alnyp barylýan işleri öz wagtynda we ýokary hilli tamamlamak biziň üçin möhüm wezipeleriň biri bolup durýar diýip nygtady. Şu wezipeden ugur alyp, döwlet Baştutanymyz Ý.Kakaýewe, halkara gaz geçirijileriniň taslamalaryny, aýratyn-da, «Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» gaz geçirijisi, şeýle hem beýleki ugurlar boýunça taslamalary durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etmegi tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Agentligiň işine ýolbaşçylyk edip, ähli ünsüni bu meselelere gönükdirip, öz öňünde goýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirip bilmegi üçin Ý.Kakaýewi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy hem-de oňa bu wezipede işlän döwründe köp işleri bitirendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak meseleleri boýunça orunbasarynyň wezipe borçlary wise-premýer B.Hojamuhammedowyň üstüne ýüklenildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ý.Kakaýewi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmak hakynda Permana we degişli wezipeleri ýerine ýetirmegi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedowyň üstüne ýüklemek hakynda Karara gol çekdi.

Ýurdumyzda şu ýylyň bäş aýynda gazanylan netijeleri jemlemek bilen, döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda öňküsi ýaly ýokary ösüş depginleriniň saklanyp galýandygyny belledi. Şu döwürde jemi içerki önümiň ösüş depgini 109,2 göterime barabar bolup, ol durnukly bolmagynda galýar. Zähmet haklary hem durnukly artýar. Ykdysadyýetde geçirýän reformalarymyz we täze pudaklaryň döredilmegi, ýurdumyzyň sebitlerinde senagatyň köp ugurlar boýunça ösdürilmegi, hereket edýän pudaklaryň döwrebap ýagdaýa getirilmegi netijesinde, jemi içerki önümiň düzüminde senagatyň paýy 57 göterime barabar boldy. Jemi içerki önümiň düzüminde gurluşyk pudagynyň paýy hem artyp, ol 12,8 göterime deň boldy. Ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna goýulýan maýa goýumlary bolsa 7,3 göterim köpeldi.

Berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça kabul edilen ähli maksatnamalary, şol sanda Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmekde bäş aýyň dowamynda giň gerimli işler alnyp baryldy diýip, milli Liderimiz belledi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda täze binalary we desgalary gurmak, ýurdumyzyň saglygy goraýyş we bilim ulgamlaryny özgertmek boýunça hem uly üstünlikler gazanyldy.

Ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň, medeniýet ulgamynyň hem-de ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynyň güýçli depginler bilen ösýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda gurluşyk pudagynda işlejek hünärmenleri taýýarlamak, telekeçiligi goldamak boýunça geçirilen işleriň öz gowy netijelerini berip başlandygyny belledi. Biz häzirki döwürde ýurdumyzda täze binalaryň we desgalaryň üçden iki bölegini öz gurluşyk edara-kärhanalarymyzyň güýji bilen gurýarys. Öz güýjümiz bilen gurýan desgalarymyzyň sanynyň bäş aýyň dowamynda 8 göterime golaý artandygyny mysal getirmek bilen, milli Liderimiz ýurdumyzyň gurluşyk kärhanalarynyň gurup, ulanmaga berýän desgalarynyň hiliniň daşary ýurt kompaniýalary tarapyndan gurulýan desgalaryň hilinden birjik-de pes däldigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer Ş.Durdylyýewe ýüzlenip, ýurdumyzda, aýratyn-da welaýatlarda ýörite gurluşyk kärhanalaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy. Bu kärhanalary işgärler hem-de tehnika bilen üpjün etmek, olara öz edara binalaryny, ammarlaryny we tehnikalaryny ýerleşdirmek üçin zerur bolan ýer böleklerini bermek bellenildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe bu gurluşyk kärhanalarynyň işini talaba laýyk ýola goýmak üçin ilkibaşda olara karz serişdelerini berip, bu kärhanalary goldamak babatda görkezme berildi.

2017-nji ýylda ýurdumyzda ýapyk binalarda we söweş sungatlary boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek meseleleri barada durup geçmek bilen hormatly Prezidentimiz wise-premýer S.Toýlyýewe bu oýunlary ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek maksady bilen, şu günlerden gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Aziýa oýunlarynyň geçýän günleri paýtagtymyza geljek myhmanlary kabul etmegiň we ýerleşdirmegiň maksatnamasyny taýýarlamagyň möhümdigini belledi. Mundan başga-da, bu oýunlarda ýeňiş gazanan türgenleri sylaglamak üçin gowşuryljak olimpiýa medallarynyň, kuboklaryň we beýleki zerur sowgatlyk önümleriň nusgalaryny hem häzirden taýýarlamaga girişmek gerek.

Soňra hormatly Prezidentimiz hökümetiň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowyň ünsüni oba hojalyk toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipelere çekdi. Topluma degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde Siziň wezipäňiz – ýetişdirilen galla hasylyny gysga wagtyň içinde we ýitgisiz ýygnap almakdan ybaratdyr. Şeýle hem, ýygnalan galla hasylyny zaýalaman, bildirilýän talaplara laýyk saklamak boýunça zerur işleri geçirmek möhümdir diýip, milli Liderimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýygnalan galla hasylyny gyş paslynda kadaly şertlerde saklamak maksady bilen, etraplarda elewatorlary gurmak boýunça alnyp barylýan işleri hem berk gözegçilikde saklamagy hem-de bu elewatorlaryň gurluşygyny bellenen möhletlerde we ýokary hilli tamamlamak üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň ähli agzalaryna ýüzlenip, berkarar Watanymyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça kabul edilen Prezident maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin bu ugurda alnyp barylýan işleri netijeli dowam etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe meselelerine hem garaldy. Olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk we abadançylyk, eziz Watanymyzy gülläp ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.