Ï Halkara ylmy maslahaty: Türkmenistanyň geljegini nazarlap
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara ylmy maslahaty: Türkmenistanyň geljegini nazarlap

view-icon 755
Şu gün paýtagtymyzyň Sergi köşgünde Türkmenistanda her ýyl giňden bellenilýän Ylymlar gününe gabatlanyp “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly Halkara sergisi we ylmy maslahaty açyldy.

Bu halkara forumy ýurdumyzyň ylmy pudagyny we tutuş innowasion ösüşi boýunça iri möçberli özgertmeleriň ruhlandyryjy bolan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we howandarlygy bilen geçirilýär. Halkara sergisini we maslahatyny Ylymlar akademiýasy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde gurýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde döwletimiziň we ýurdumyzyň alymlarynyň öňünde durýan esasy wezipeleri kesgitlemek bilen, Türkmenistanyň ylmy kuwwatyny güýçlendirmäge, ylmyň ösüşine innowasion häsiýet bermäge, ýurdumyzda we tutuş dünýäde gazanylanlaryň giňden peýdalanylmagyna, olaryň önümçilige we bilim ulgamyna işjeň ornaşdyrylmagyna, innowasion teklipleriň toplumyny döretmäge aýratyn ünsi çekýär.


Bularyň ählisine ýurdumyzda eýýäm amala aşyrylan ylym-bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, onuň ylmy mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça geçirilen işleri hasaba almak bilen ýetilip bilner. Häzirki wagtda Türkmenistanda ylmyň ygtybarly hukuk binýady döredildi, esasy meseleler we wezipeler kesgitlenildi, şeýle hem ylmy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary bellenildi, iri halkara guramalary we ylmy merkezler bilen ylym hem-de ýokary tehnologiýalar babatynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça işler alnyp barylýar. Ýurtda döwletimiziň ylmy-tehniki syýasatynyň durmuşa geçirilişini utgaşdyryjy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy üstünlikli işleýär. Ýurdumyzyň ylmyny ösdürmek boýunça esasy özgertmeler wezipelerini çözmek bilen bir hatarda düýpli ylym ösdürilýär, ylmy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Milletimiziň täze intellektual gatlagyny kemala getirmek meselelerine uly üns berilýär. Bu meseleleriň ählisi garaşsyzlyk ýyllarynda ilkinji gezek işlenip taýýarlanylan, ýurdumyzyň ylmyny ösdürmek boýunça işleri düzgünleşdirmäge gönükdirilen “Ylmy işgäriň derejesi hakyndaky” Kanunda öz beýanyny tapdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentliginiň döredilmegi ylmy gazanylanlaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ornaşdyrylmagynda möhüm ädim boldy. Bu agentlik ýeriň golaýyndaky orbita gözegçilik etmek, hemra aragatnaşygyny ýola goýmak, kosmos giňişligi bilen baglanyşykly ylmy barlaglary geçirmek işlerini alyp barar. Häzirki wagtda şeýle hem ençeme wezipeleri çözmäge, şol sanda ykdysady meseleleri çözmekde hem uly ähmiýeti boljak ýurdumyzyň öz emeli hemrasyny ýeriň golaýyndaky orbita çykarmak boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bir söz bilen aýdylanda, ägirt uly işler durmuşa geçirilip, mundan beýläk-de öňe hereket etmek üçin zerur binýat döredildi.

Gürrüňsiz suratda bu wezipeleri çözmekde Aşgabatda açylan “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we inoowasion tehnologiýalar” atly Halkara sergisi we ylmy maslahaty uly ähmiýete eýe bolar.

Forumyň dabaraly açylyşynda okalan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara we Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine iberen Gutlagynda milli Liderimiz bu iri möçberli çäräniň ählumumy ösüşiň bähbitleri üçin ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny peýdalanmagyň ýolunda uly ähmiýetiniň boljakdygyna ynam bildirdi.

“Ylym umumymilli we umumadamzat bähbitli beýik maksatlary durmuşa geçirmegiň ýolundaky berk binýatdyr. Hut şu nukdaýnazardan, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistany dünýäniň örän möhüm ähmiýetli ylym merkezleriniň biri hökmünde ykrar etmegiň ýolunda ylym ulgamynda toplumlaýyn maksatnamalar hem-de milli we umumadamzat bähbitli özgertmeler amala aşyrylýar”diýlip, Gutlagda bellenilýär.

Halkara sergisiniň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary we wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, Ylymlar akademiýasynyň pudaklaýyn institutlarynyň, ylmy-önümçilik we ylmy-tehniki merkezleriň we ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şeýle hem Türkmenistanda bellige alnan daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň we missiýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Halkara sergisiniň her ýyl geçirilmegi ýurdumyzyň ylmynyň ösýändigini, onuň gazananlarynyň işjeň peýdalanylýandygy barada düşünje almaga ýardam berýär. Emma her gezekki gözden geçirilişiň öz aýratynlygy bar. Bu gezekki sergi köp pudaklary öz içine alýandygy bilen tapawutlanýar. Bu ýerde Türkmenistanyň innowasiýa tehnologiýalaryny ösdürmek we olary durmuşa ornaşdyrmak boýunça ýetilen sepgitler we mümkinçilikler, şeýle hem ýokary okuw mekdeplerinde, ýaşlara bilim bermekde amala aşyrylýan işler görkezilýär. Sergide öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň we kärhanalarynyň, ýurdumyzyň hususy işewürleriniň önümleri we hyzmatlary bilen tanşyp bolýar. Bu çäre geljekki hyzmatdaşlar bilen göni gepleşikleri guramak üçin hem özboluşly meýdançadyr.

Sergide ýokary tehnologiýalar we kompýuter tehnikasy, mikroelektronika, biotehnologiýa, himiýa, aerokosmos önümçiligi, interaktiw enjamlar, gazy, mineral we gidromineral serişdelerini gaýtadan işlemek, gün, ýel, termal suwlar energiýasyny peýdalanmak, şeýle hem ulag we aragatnaşyk, lukmançylyk, daşky gurşawy goramak, bilim maksatnamalary boýunça öz hyzmatlaryny hödürleýän dünýäniň 26 ýurdundan daşary ýurt kompaniýalarynyň we ylmy edaralarynyň 80-si öz bölümlerini guradylar.

Sergä gatnaşýan daşary ýurt kompaniýalarynyň aglabasy Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlary bolup, Ylymlar akademiýasynyň pudaklaýyn institutlary hem-de ýurdumyzyň Bilim ministrligi bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. ABŞ-nyň “Interlab”, Hytaýyň “Lenovo” kompaniýalary ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklary, şeýle hem ylym-bilim ulgamy üçin nou-houlary hödürleýärler. “Laboratoriýa Kasperskogo” däp bolşy ýaly maglumatlar howpsuzlygy ulgamy boýunça öz çözgütlerini görkezýär. Onuň hyzmatdaşy bolan “Softlaýn” (Russiýa) kompaniýasy Aşgabat sergisinde maglumatlar tehnologiýalary ulgamynda özüniň mümkinçiliklerini hem-de tekliplerini hödürleýär.

Özüniň täze taslamasyny- türkmen paýtagtynyň makedini “Buig” fransuz kompaniýasy beýan edýär. Bu maksatnama kartograflaryň, binagärleriň we beýleki hünämenleriň netijeli işlemegine ýardam eder. Onuň netijesinde Aşgabat döwrebap megapolise öwrülýär we gaýtalanmajak binagärlik keşbine eýedir. Sergä hemişe gatnaşyjy-“Chevorn” amerikan kompaniýasy bu gezek energiýa tygşytlaýjy tehnologiýanyň mümkinçiliklerini – “Kasper “elektrikstansiýasy” beýan edýär. Onuň tanyşdyrylyşy halkara forumynyň işleriniň çäklerinde geçiriler.

Sergi meýdançasynda pawilonlaryň köp bölegini “Polimeks we “Polikom” türk kompaniýalary tutýarlar. Kompaniýa telearagatnaşyk we optiki enjamlaryň ösdürilmegi babatda teklipleri hödürleýär. Şeýle hem bu ýerde halkara howa menziliniň täze taslamasy görkezilýär. Onuň gurluşygy Aşgabatda iň öňde baryjy tehnologiýalary hasaba almak arkaly alnyp barýar.

Geçirijisiz aragatnaşyk üçin täze enjamlaryň, şeýle hem dürli pudaklar üçin habar beriş we ugrukdyryş ulgamlaryny döretmek boýunça tehniki hem-de tehnologik wezipeleri çözmegiň mümkinçilikleri bilen “Germes” (Beýik Britaniýa) we “Leýka” (Şweýsariýa) kompaniýalary tanyşdyrýarlar. Nanotehnologiýalar esasynda döredilen iň döwrebap optiki elektron we beýleki enjamlary “Tokio Boek Tehnoloji LTD” we “ Seavac” ýapon kompaniýalary hödürleýärler. Öz täze taslamalarynyň maksatnamalaryň çäklerinde innowasion tehnologiýalary peýdalanmagyň mümkinçiliklerini ÝUSAID hödürleýär, Ýewropa birleşiginiň ýurtlarynda geçirilýän döwrebap ylmy gözlegleriniň ugurlary barada “Ýewropa öýi” diwarlygy habar berýär.

Gözden geçirilişine “Tasma” (Russiýa) kompaniýasy ilkinji gezek gatnaşýar. Ol lukmançylyk senagatynyň hem-de nebitgaz pudagynyň hajatlary üçin pleýonkanyň önümçiliginde täze işläp taýýarlamalary, Ural kompaniýalarynyň topary nebiti gaýtadan işleýiş ulgamynda täze tehnologiýalary hödürleýär. “Total” fransuz kompaniýasy nebitgaz senagaty pudagynda bilim beriş hyzmatlaryny, “Prognoz” belarus kompaniýasy işewürlikde ýokary hilli we öz wagtynda iş dolandyryş çözgütleriniň kabul edilmegine ýardam berýän intellektual işläp taýýarlamalary hödürleýär. “Stels” ukrain kompaniýasy IT-howpsuzlykda nou-haulary beýan edýär, “BILGEM” türk kompaniýasy habar beriş tehnologiýlary we habar beriş howpsuzlygy ulgamynda öz çözgütlerini görkezýär.

Sergide Türkmenistanyň döwrebap lukmançylygynyň gazananlary örän giňden görkezilýär. Olary Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, ýurdumyzyň öňdebaryjy ylmy-kliniki lukmançylyk edaralary şeýle hem Ýewropa lukmançylyk kompaniýalarynyň wekilleri beýan edýärler. Maldarçylyk lukmançylyk ulgamynda ylmy gazanylanlary “Industrial Weterinariýa S.A.” (Ispaniýa), “Respublikanskiý weterinarnyý senter snabženiýa” açyk paýdarlar jemgyýeti (Latwiýa) we beýleki kompaniýalar hödürleýär.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň institutlary ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryny ösdürmek boýunça öz ylmy gazananlaryny beýan edýärler. Ýylba-ýyldan milli ylym ulgamyna täze ýaş güýçler goşulýarlar. Muňa ýaş alymlaryň ylmy işleriniň her ýylda geçirilýän bäsleşigine gatanşyjylarynyň sanynyň barha artmagy hem şaýatlyk edýär. Şu ýylda bu gözden geçirilişde 716 sany ylmy işe seredildi, olardan 69-sy, şol sanda talyplaryň işleriniň 40-sy baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynda, şeýle hem ýurdumyzyň ylmy edaralarynda ýokary okuw mekdeplerinde ileri tutulýan hünärler boýunça bäsleşik esasynda ylmy işgärleri taýýarlamak işi alnyp barylýar. Şu ýylda aspirantlaryň sany ýaş alymlaryň 55-si bilen üsti ýetirildi, ylymlaryň kandidaty derejesini gorajaklaryň sany görnetin artdy (241!), ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgärler dokuz alym boldy.

Sergide dürli ministrlikler olaryň garamagyndaky ylmy-önümçilik we ylmy -tehniki merkezler, taslama guramalary, pudaklaýyn ylmy kärhanalar öz işlerini ýaýbaňlandyrdylar. Bu ýerde biziň ýurdumyzyň öňdebaryjy ylmy-tehniki kuwwaty jemlenendir.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň pawilýonlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän iri möçberli özgertmeler şöhelelendirilýär. Biziň ýurdumyzda iň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan ýokary mekdepleriň we beýleki okuw binalarynyň gurluşygyna aýratyn üns berilýär. Diňe şu ýylda halkara uniwersitetiniň, halkara türkmen-türk uniwersitetiniň, Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň gurluşyklaryna badalga berildi.

Ýokary okuw mekdepleriniň beýanatlarynda bilim beriş işlerine ýokary kompýuter tehnologiýalary ornaşdyrylýan döwrebap okuw serişdeleri barada gürrüň berýän eksponatlar arýatyn orun tutuýar. Şu ýerde usulyýet edebiýatlary, okuw gollanmalary we enjamlar görkezilýär. Türkmen talyplarynyň ylmyň dürli ugurlarynda gazananlaryny sergide görkezilýän abraýly milli we halkara gözden geçirilişleriniň baýraklary görkezýär. Diňe şu ýylda talyplar dürli derejeli medallaryň 9-sy bilen öz bilim gaznalarynyň üstini ýetirdiler. Olaryň 21-25 –nji martda Afinada (Gresiýa) geçirilen talyplaryň SEEMOUS-2013 VII halkara matematika olimpiýadasyna, 22-26-njy aprelde Gomelde (Belarus) geçirilen talyplaryň amaly mehanika boýunça halkara olimpiýadasyna gatnaşmaklary uly üstünliklere beslendi.

Halkara sergisiniň aýratyn bölümini döredijilik ugruna ýöriteleşen ýokary okuw mekdepleriniň eksponatlary düzdi. Sergini synlamaga gelýänler bu ýerde türkmenleriň gadymy milli lybaslaryny, saz gurallaryny we amaly-haşam sungatynyň nusgalaryny görüp bilerler, dünýä nusgawy teatrynyň sahna eserleriniň gahrymanlary – “diri heýkeller” bilen tanyşyp bilerler.

Täze tehnologiýalary işjeň özleşdirýän ýa-da elektron we durmuş tehnikalaryny meşhur öndürijileriň wekilleri hökmünde çykyş edýän telekeçileriň pawilýonlary hem gyzyklydyr. Olaryň hatarynda “Jahan elektronik”, “Yhlas”, “Westell”, “Ýüpek ýoly Täjirçilik” hususy kärhanalary, “Imdat-elektronik”, “Nokat” hojalyk jemgyýetleri we beýlekiler bar. “Aýbölek” mebel fabrigi adatça döwrebap mebel, şol sanda edaralarda we bilim ulgamynda ulanmak üçin mebeller önümçiliginde öz mümkinçilikleri beýan edýär.

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň ýokary poligrafiýa derejesinde ýerine ýetirilen owadan önümleri hem ünssüz galdyrylmady.

Şeýle iri möçberli serginiň geçirilmegi häzirki zaman türkmen döwletiniň we onuň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ösen intellektual jemgyýeti döretmäge, ylmy tehniki ösüşe tarap saýlap alan ugrunyň yzygiderli durmuşa geçirýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Gunuň ikinji ýarymynda halkara ylmy maslahatynyň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezleriniň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dünýäniň 38 döwletinden alymlaryň 100-den gowragy, şeýle hem ýurdumyzyň alymlarynyň 250 töweregi bölümçeleriniň mejlisleriniň 7-siniň işlerine gatnaşdylar. Olarda hasabat bilen çykyş edenleriň nutuklary örän köp dürli bolup, döwrebap ylmyň dürli ugurlaryna, onuň dünýäniň innowasion ösüşindäki ornuna degilip geçildi.

Ylmy maslahatyna hödürlenen çykyşlaryň hatarynda beýanyny tapan möhüm meseleleriň içinde tebigy baýlyklaryň netijeli peýdalanylmagy, nebitgaz toplumynda, oba hojalyk toplumynda, gurluşykda, dokma senagatynda, bilimde, medeniýetde, lukmançylykda we beýleki pudaklarda innowasion tehnologiýalary; energiýa we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary; energiýanyň adaty bolmadyk çeşmeleri; habar beriş we telearagatnşyk tehnologiýalaryndaky innowasiýalar barada çykyşlar boldy.

Ylmy forumyň umumy mejlisinde Belarusdan, Russiýadan, ABŞ-dan, Ukainadan, Täjigistandan we Ýaponiýadan bolan görnükli alymlar, iri ylmy, bilim merkezleriniň we halkara gaznalarynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler.

Umumy mejlise gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ylym -bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän iri möçberli özgertmeleriň oňyn häsiýetini nygtadylar. Halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi barada pikirlerini beýan etdiler.

Ertir “Berkarar döwletimiziň bagtaýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahaty we sergisi öz işini dowam eder.