Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 747
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedowa söz berdi. Ol ýurdumyzyň ýüpekçileriniň pile taýýarlamak baradaky borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirlendiklerini habar berdi. Şeýle hem ýurdumyzda 18-20-nji iýunda Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk materiallary senagatyna bagyşlanan sergini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pile taýýarlamak boýunça borçnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilendigi baradaky habary kanagatlanmak bilen kabul edip, edermen ýüpekçilerimiziň yhlas bilen zähmet çekip, uly ýeňiş gazanandygyny nygtady. Milli Liderimiz olaryň pile taýýarlamak baradaky borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirendiklerini belläp, gazanylan bu üstünlik bilen ýüpekçilik pudagynyň zähmetsöýer işgärlerini, ýurdumyzyň ähli halkyny tüýs ýürekden gutlady we edermen ýüpekçilerimize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça alyp barýan işlerinde täze zähmet üstünliklerini gazanmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk materiallary senagatyna bagyşlanan sergini geçirmäge görülýän taýýarlyk meseleleri barada durup geçip, ähli ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň türkmen döwletiniň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýandygyny nygtady. Milli Liderimiz öňümüzdäki forumyň ähmiýeti barada aýdyp, bu gözden geçiriliş Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny hem-de iki doganlyk halkyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam eder diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz sergini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu hepdede ýurdumyzyň wekiliýetiniň Latwiýa Respublikasyna iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Bu sapar döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, “Arteriýalar Aziýanyň kalbyny bütin dünýä bilen baglaýar” atly yklymara ulag gatnawy boýunça ýokary derejedäki ýyllyk maslahata gatnaşmak maksady bilen amala aşyryldy.

Rigada geçirilen forumyň gün tertibine ählumumy derejede durnukly ösüşe mahsus bolan möhüm ähmiýetli ýagdaýlaryň biri hökmünde ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyga degişli möhüm meseleleriň birnäçesiniň girizilendigi hem-de Türkmenistanyň geljegine uly umyt baglanýan sebit we halkara ähmiýetli hem-de üstaşyr geçýän täze ulag ýollaryny döretmek boýunça netijeli başlangyçlarynyň goldanylandygy bellenildi.

Şeýle hem wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy şu aýda Litwa Respublikasynyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary bilen bagly çärelere taýýarlyk görlüşine degişli meseleler boýunça hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag ulgamynda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Ýurdumyzyň bu möhüm ähmiýetli pudakda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi hem-de “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” ugurlary boýunça üstaşyr geçýän täze transmilli ulag geçelgeleriniň döredilmegi boýunça öňe süren birnäçe başlangyçlary muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şolaryň arasyndan türkmen tarapynyň Hazar, Gara we Baltika deňizleriniň sebitlerini baglanyşdyrýan täze ulag geçelgesini döretmek barada geçen ýylda Rigada we şu ýylda Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-latwiýa gepleşikleriniň barşynda beýan edilen başlangyjy görkezmek bolar.

Türkmenistan sebit we halkara derejesinde döwrebap ulag-aragatnaşyk düzümi döretmäge işjeň gatnaşmak arkaly, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde şu ugurda Gazagystan -- Türkmenistan – Eýran demir ýolunyň gurluşygy ýaly giň gerimli taslamalary amala aşyrýar, bu demir ýoluň türkmen-gazak bölegi şu ýylyň maýynda ulanylmaga berildi. Täze Türkmenistan – Owganystan – Täjigistan demir ýoly hem sebit we halkara ulag düzüminiň möhüm ähmiýetli bölegine öwrülmelidir, onuň gurluşygyna şu aýda badalga berildi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň awtoulaglar ulgamyny we degişli inženerçilik-tehniki düzümi döwrebaplaşdyrmak boýunça yzygiderli ädimleri ädip, howa we deňiz ulag ulgamynyň ösdürilmegine uly üns berýändigini belledi. Şeýle hem türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň ulag pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça halkara başlangyçlaryny amala aşyrmak ugrundaky maksada okgunly işi dowam etdirmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna degişli birnäçe tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Litwanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi saparyna guramaçylyk taýdan göwnejaý taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyryp, netijeli we däbe öwrülen türkmen-litwa gatnaşyklaryny ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklaryň çäklerinde mundan beýläk-de pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetlidigini belledi. Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň we Litwa Respublikasynyň hyzmatdaşlyk etmekde oňaýly mümkinçiliklere eýedigini hem-de şondan netijeli peýdalanmagyň özara bähbitlere laýyk gelýändigini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew gözegçilik edýän ulgamynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň çäginiň üýtgemegi bilen baglylykda geçirilen işler barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, Aşgabat şäheriniň täze etraplarynyň döredilmegi hem-de Ahal welaýatynyň Abadan şäheriniň we Ruhabat etrabynyň häkimlikleriniň ýatyrylmagy bilen baglylykda olaryň düzümine, edaralaryň düzümine, wezipe birliklerine gaýtadan seredildi hem-de ýerli we merkezleşdirilen býujetiň maliýe serişdelerini paýlamak boýunça degişli teklipler taýýarlanyldy. Mundan başga-da, Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň häkimliginiň adyny üýtgetmek we onuň täze işgär sanyny döretmek göz öňünde tutulýar.

Hökümet Baştutanynyň orunbasary Köýtendag sebitiniň etraplaryny we şäherlerini senagat taýdan toplumlaýyn ösdürmek boýunça 2013-2017-nji ýyllar aralygyndaky döwür üçin Konsepsiýasyny işläp taýýarlamagyň we şunuň bilen bagylylykda Pudagara toparyny döretmegiň çäklerinde geçirilýän işler barada hem hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen döwletini mundan beýläk-de ösdürmäge we türkmenistanlylaryň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen ykdysady strategiýany üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen möhüm ädimleriň ädilmeginiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň işi hem-de ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklipleri, umuman, makullap “Aşgabat şäheriniň etrap häkimlikleriniň meseleleri hakyndaky” we “Ahal welaýatynyň Ruhabat etrap häkimliginiň adyny üýtgetmek hem-de onuň meseleleri hakyndaky” Kararlara gol çekdi we wise-premýere bu resminamalaryň ähli düzgünleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berildi. Ol ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, milli hukuk ulgamyny ösdürmek, demokratik dolandyryşynyň wajyp gurallaryny berkitmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri, şeýle hem 22-nji iýunda Türkmenistanyň Mejlisiniň IV çagyrylyş nobatdaky XX maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz habary diňläp, milli özgertmeler maksatnamalaryny netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen, parlamentiň ýolbaşçysynyň ünsüni kanunçykaryjylyk işiniň möhüm meselelerine çekdi. Ähli kanunçykaryjylyk işi jemgyýetiň bähbitlerine laýyk gelmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we halkyň saýlanlarynyň esasy wezipesiniň döwletiň hem-de milli kanunçylygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirip, ilatyň bähbitlerini goramakdan ybaratdygyny nygtady.

Milli Liderimiz şeýle hem deputatlaryny öňdebaryjy tejribäni öwrenmäge we ony kanunçykaryjylyk işine ornaşdyrmaga aýratyn üns bermeginiň zerurdygyny nygtady. Bu meseleleriň ählisi Türkmenistanyň Mejlisiniň IV çagyrylyş nobatdaky XX maslahatynyň gün tertibinde öz beýanyny tapmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Soňra Ministler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem häzirki wagtda gurulýan ýa-da ýakyn geljekde ulanmaga beriljek möhüm desgalarda alnyp barylýan işler barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäheriniň Oguzhan köçesiniň ugrunda 13-nji tapgyrda binalary we desgalary gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, taslama boýunça bu ýerde 12 gatly, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň 11-sini, Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň birnäçesiniň edara binalarynyň 10-syny, 600 orunlyk mekdepleriň ikisini, 160 orunlyk çagalar baglarynyň hem ikisini, Saglyk öýüni, söwda merkezini, 2 sany üç gatly 270 orunlyk awtoduralgany gurmak, şeýle hem Bitarap Türkmenistan şaýolundan Garaşsyzlyk şaýoluna çenli Oguzhan köçesini döwrebaplaşdyrmak we abadanlaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli gurluşyk senagatynyň hil taýdan täze derejä çykýandygyny kanagatlanmak bilen belledi. Köpsanly desgalaryň gurluşygynyň ýokary depginde alnyp barylýandygy hem-de pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygy hem munuň şeýledegine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz gurluşyk işleriniň hilini ýokarlandyrmak, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň esasynda gurluşyk serişdeleriniň çykarylyşynyň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň Oguzhan köçesiniň ugrunda täze desgalary gurmak baradaky meseleleriň üstünde durup geçip, şäher gurluşyk syýasatyny durmuşa geçirmek, hususan-da, häzirki döwrüň binagärliginiň özboluşly nusgasy hökmünde paýtagtymyzda gurluşyk işlerini alyp barmak meselelerine täzeçe çemeleşmeleri işläp taýýarlamagyň zerurdygyny aýtdy. Milli Liderimiz gurulýan desgalar babatda dünýä ülňüleriniň berjaý edilmegini, şeýle hem olary ulanmaga bermegiň möhletleriniň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmeginiň hökmanydygyny ýene-de bir gezek belledi.

Ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň täze binalary, okuw mekdepleriniň jaýlary, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary biri-birine meňzemeli däldir, olaryň her biriniň özboluşly binagärlik keşbi bolmalydyr hem-de bu binalar bilelikde Aşgabadyň bezegine öwrülmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa Türkmenistanyň Prezidentiniň medeniýet we milli köpçülikleiýn habar beriş serişdeleri ulgamyny ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerini göz öňünde tutup, gözegçilik edýän ugry boýunça edilýän işler, 24-30-njy iýunda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Wise-premýer döwlet Baştutanymyza Türkmen döwlet habarlar gullugy tarapyndan (TDH) türkmen medeniýetine bagyşlanylan täze Internet – taslamanyň – web - saýtyň işlenip taýýarlanylyşy barada aýtdy, bu saýty Medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň hem-de Hazaryň kenarynda geçiriljek baýramçylyk dabaralarynyň öňüsyrasynda açmak göz öňünde tutulýar.

Täze saýt Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän Medeniýet hepdeligi barada Internet ulgamy arkaly maglumat bermek, daşary ýurtlardaky okyjylaryň köpçüligini ýurdumyzyň medeni durmuşyndaky beýleki iri möçberli çäreler bilen tanyşdyrmak, dünýäde biziň milli mirasymyzy hem-de sungat we döredijilik boýunça häzirki döwürde gazanylýanlary wagyz etmek üçin döredildi.

Maglumat berýän we tanyşdyrýan web-saýt türkmen, iňlis we rus dillerinde bolup, diňe bir täzeliklerden, ylmy-barlaglar boýunça makalalardan we belli-belli ugurlara degişli makalalardan däl-de, kitaplaryň we žurnallaryň göçürmek üçin elýeterli faýllaryndan, “wirtual muzeýler” boýunça fotogalereýadan we beýlekilerden ybaratdyr. Saýtyň düzüminde ony mundan beýläk-de ösdürmek we many-mazmun taýdan has-da täsirli etmek üçin mümkinçilikler bar.

Döwlet Baştutanymyz saýtyň taslamasyny oňlap, täze Internet çeşmäniň Türkmenistanyň medeniýet ulgamyndaky işleri maglumatlar bilen üpjün etmek boýunça artýan talaplary ödäp, global ulgamda türkmen medeniýetiniň özboluşly beýanyna öwrülmelidigini hem-de ýurdumyzyň üstünlikleri, onuň medeni özboluşlylygy we baý däp-dessurlary, gumanitar ugur boýunça halkara hyzmatdaşlygy barada gürrüň berlip, döwletimiziň dünýä derejesindäki at-abraýynyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam bermelidigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti öňdebaryjy daşary ýurt tejribesiniň öwrenilip, geljekde-de ýurduň medeniýet edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmegine, dünýä ulgamyna goşulyşýan medeniýet we maglumat bilen bagly giňişligiň döredilmegine gönükdirilen anyk başlangyçlarda öz beýanyny tapmalydygyny belledi. Milli Liderimiz medeniýetdäki ýagdaýlara döwrebap tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň wajypdygyny aýdyp, medeniýt ulgamyndaky işgärleriň döredijilik babatdaky mümkinçilikleriniň artdyrylmagy, olaryň başlangyçlaryna we hünär ussatlygynyň kämilleşdirilmegine badalga bermegiň möhümdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletiň, medeniýetiň we jemgyýetiň biri-birine baglydygyny aýdyp, medeniýete degişli birnäçe wezipelere ünsi çekdi. Şeýle hem milli Liderimiz Medeniýet hepdeligini geçirmek boýunça tabşyryklary berip, şu waka bilen bagly meseleleriň ählisini çözüp, döredijilik çäresiniň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegiň wajypdygyny we guramaçylyk işleriniň meýilnamasynyň takyk bolmalydygyny aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowa söz berildi. Wise-premýer öz gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler barada aýtmak bilen, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ilerledilişi barada habar berdi. Hususan-da, galla oragynyň gün-günden depginleriniň güýçlendirilýändigi, bu möhüm oba hojalyk çäresine 12-nji iýunda Daşoguz welaýatynyň gallaçylarynyň hem goşulandygy barada aýdyldy. Şonuň netijesinde şu güne çenli ýurdumyz boýunça 700 müň tonnadan gowrak galla hasyly ýygnaldy.

Şol bir wagtyň özünde welaýatlarda gowaça ideg etmek – hatararasyny bejermek, otamak, mineral dökünleri bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak we beýleki meýdan işleri geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga we ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga hem-de suwaryş suwy bilen üpjün etmäge gönükdirilen innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, ilkinji nobatda bolsa galla oragynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin işlenilip taýýarlanylan meýilnamany ýene-de bir gezek jikme-jik seljermegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz kabul ediş bölümlerine we elewatorlara tabşyrylýan bugdaý hasylynyň saklanylyşyna, şeýle hem galla orujy kombaýnlaryň, hasyly daşaýan awtoulag serişdeleriniň hem-de galla oragynda ulanylýan beýleki tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegini aýratyn gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Wise-premýere gowaça we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg etmek boýunça zerur bolan ähli agrotehniki çäreleriniň öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek barada anyk tabşyryklar berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky, şol sanda nebitgaz we himiýa pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän işler barada hem habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna Kararyň taslamasy hödürlenildi. Onda “Türkmennebit” döwlet konserni üçin çig nebiti gaýtadan işlemäge niýetlenen göçme desgalaryň iki toplumyny satyn almak göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň esasynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny okgunly ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga, ýangyç-energetika toplumynyň senagat düzümini giňeltmäge, ýurdumyzyň ägirt uly ýangyç serişdeleri kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge gönükdirilen Türkmenistanyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmegiň esasy meselesine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, şu ulgamda öňde goýlan wezipeleriň ählisini çözmäge oýlanyşykly we toplumlaýyn çemeleşmegiň wajypdygyny nygtady hem-de bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz “Türkmennebit” döwlet konserni üçin ammarlardaky nebiti gaýtadan işlemäge niýetlenen desgalary satyn almak we olary işe girizmek hakyndaky” Karara gol çekip, ýangyç-energetika toplumynyň maddy –enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga we onuň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga degişli meseleleriň ählisini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini ýene-de bir gezek nygtady.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag maldarçylyk we weterinariýa institutynyň adyny üýtgetmek hem-de institutyň meseleleri hakyndaky” kararyň taslamasyny hödürledi. Şonda institutyň adyny üýtgetmek bilen bagly guramaçylyk meseleleri, şeýle hem onuň geljekki ylmy-amaly işi baradaky wezipeleri kesgitlenildi.

Şeýle hem wise-premýer 12-14-nji iýunda Aşgabatda geçirilen “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň netijeleri barada hasabat berdi.

Ylmy foruma ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň wekilleri bilen birlikde, täze tehnologiýalar boýunça daşary ýurtly alymlar we hünärmenler gatnaşdylar. Sergä dünýäniň 26 ýurdundan 80-den gowrak kompaniýalar we ylmy edaralar, şeýle hem ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlary, ýokary okuw mekdepleri, ylmy-önümçilik we ylmy-tehniki merkezler, taslama düzýän edaralar, pudaklaýyn ministrlikler we edaralar, hususy telekeçiler gatnaşdylar.

Ylmy maslahatda ýurdumyzyň ylmyna wekilçilik edýänleriň 250-ä golaýy hem-de daşary ýurtlaryň 38-sinden olaryň kärdeşleri çykyş etdiler. Forumyň çäklerinde ylym-bilim we ylym-önümçilik ulgamlarynda netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berýän duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa foruma gatnaşyjylaryň onuň ýokary derejede guralandygy hem-de adamzadyň ösüşiniň bähbidine ylmy we halkara ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça hemmetaraplaýyn göwnejaý çäreleriň görülýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz karara gol çekip, bu ulgamda ylmy işi işjeňleşdirmegiň möhümdigini aýtdy. Munuň özi möhüm ähmiýetli durmuş-ykdysady wezipeleriň berjaý edilmegine gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam berer. Karara laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky Ylmy-barlag maldarçylyk we weterianariýa institutynyň ady üýtgedilip, ol Maldarçylyk we weterinariýa instituty diýlip atlandyryldy.

Milli Liderimiz “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara forumyň möhüm ähmiýetlidigini belläp, bu örän wajyp ugurda halkara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň, türkmen ylmynyň halkara ylmy bileleşigine çalt goşulyşmagynyň wajypdygyny aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew öz gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy barada çykyş etdi. Wise-premýer şeýle hem milli Liderimiz tarapyndan ulagyň ähli görnüşleriniň kärhanalarynyň işlerini kämilleşdirmek boýunça, şol sanda Demir ýol ulaglary ministrligi tarapyndan satyn alynýan ulaglaryň, enjamlaryň we abzallaryň demir ýol gurluşygynda peýdalanylyşy babatda ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde şeýle hem Atamyrat-Ymamnazar (Türkmenistan)-Akina (Owganystan Yslam Respublikasy) transmilli demir ýolunyň gurluşygy barada aýdyldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň habar berşi ýaly, demir ýoluň bu şahasynyň gurluşygy Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň düzümleri tarapyndan amala aşyrylar. Şunda Gülüstanda 42-nji kilometrde bir sany demir ýol menziliniň we Ymamnazarda hem 83-nji kilometrde bir sany demir ýol menziliniň, şeýle hem iki sany demir ýol köprüsiniň hem-de beýleki ugurdaş düzümleriň gurulmagy göz öňünde tutulandyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow alnyp barylýan işleriň ähmiýeti barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň demir ýol pudagynyň depginli ösüşleri bilen şertlendirilen demir ýol ugurlaryny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, täze demir ýollar gurlanda we ozal hereket edýänleriniň durky täzelenilende iň täze tehnologiýalary peýdalanmak bilen, gurluşyk işleriniň ýokary hilli üpjün edilmegi zerurdyr. Bu bolsa ýurdumyzyň ähli demir ýol ulgamynyň uzak wagtlap ulanylmagyna ýardam eder.

Döwlet Baştutanymyz täze polat ýoluň gurluşygyna ünsi çekip, Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň Atamyrat-Ymamnazar-Akina böleginiň gurluşygyna badalga berilmeginiň möhümdigini nygtady. Onuň gurluşygy bolsa bu taslama gatnaşýan ýurtlaryň bähbitleri üçin, şeýle hem sebit we halkara derejesinde giň hyzmatdaşlygy ýola goýmakdaky ähmiýeti uly bolar.

Milli Liderimiz belleýşi ýaly, Türkmenistan daşary syýasat ugrunda parahatçylyk söýüjilikli, oňyn Bitaraplyk we netijeli halkara hyzmatdaşlygyna ygrarly bolmak bilen, goňşy döwletler bilen däp bolan dostlukly, netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Şu jähetden, biziň ýurdumyzy doganlyk Owganystan we Täjigistan bilen birleşdirjek täze demir ýoluň gurulmagy ählumumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbitlerine gönükdirilen hakyky hoşniýetli hyzmatdaşlygyň ýene bir aýdyň alamatyna öwrüler.

Milli Liderimiz “Demir ýol ulaglary ministrliginiň demir ýol gurluşygynda ulanylýan ulaglary, abzallary we enjamlary satyn almak”, şeýle hem “Atamyrat-Ymamnazar (Türkmenistan) –Akina (Owganystan Yslam Respublikasy) transmilli demir ýolunyň gurluşygy hakyndaky“ kararlara gol çekip, halkara ulag ýolunyň, şeýle hem oňa utgaşykly beýleki düzümleriň desgalarynyň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy talap etdi.

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň başga-da birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, abadançylyk we alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.