Ï Türkmenistan innowasion ösüş ugruna ygrarlydyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan innowasion ösüş ugruna ygrarlydyr

view-icon 931
Aşgabatda halkara sergisi we ylmy maslahat öz işini tamamlady

Şu gün Aşgabatda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara sergisi we ylmy maslahat öz işini tamamlady. Däp bolşy ýaly, ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän baýramçylyga—Ylymlar gününe gabatlanyp guralýan wekilçilikli halkara forumy türkmen döwletiniň ylmy ösdürmek meselelerine aýratyn üns berýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Ozal habar berlişi ýaly, halkara sergi we maslahat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen hem-de ýakyndan goldaw bermeginde geçirildi. Bu forum Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagy ruhubelentlik bilen kabul edildi. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda: “Berkarar Watanymyzda ylmyň geljegi dünýäniň ylmy giňişligine çalt we netijeli goşulyşmagy, halkara ylmy we tehnologiýa hyzmatdaşlygynyň hemmetaraplaýyn giňeldilmegi hem-de pugtalandyrylmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem, häzirki döwürde halkara guramalary we daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlyk etmek babatda gazanylan hökümetara şertnamalarynyň we ylalaşyklarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berilýär. Biz geljekde hem Berkarar döwletimiziň ylmy kuwwatynyň artmagy üçin ylym we bilim ulgamlaryna döwlet tarapyndan goldaw bermegi dowam ederis hem-de alymlarymyzyň netijeli işlemegi üçin zerur bolan ähli şertleri dörederis” diýip belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu sözleri ygtybarly esasa daýanýar. Munuň özi türkmen alymlarynyň ylmy barlaglaryny kadalaşdyryjy-hukuk we maliýe taýdan goldamakda, ýaşlaryň bilim derejesini kämilleşdirmekde we ylmy dünýägaraýyşyny hem-de aň-düşünje kuwwatyny ösdürmekde, ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde öz beýanyny tapýar. Şu halkara forumy hem şuňa gönükdirilendir. Ol ýurdumyzyň ägirt uly ylmy kuwwatyny hem-de ony durmuşa geçirmegiň geljegi uly ugurlaryny görkezdi. Munuň özi daşary ýurtly işewür toparlar, ylmy we halkara guramalary bilen ylym, tehnika we öňdebaryjy tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam edýär.

Üç günüň dowamynda Sergi köşgünde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli sergä aşgabatlylaryň we türkmen paýtagtynyň myhmanlarynyň müňlerçesi gelip gördi. Olara biziň ýurdumyzyň ylmy-barlag we taslama institutlary, ylym merkezleri hem-de ýokary okuw mekdepleri tarapyndan amala aşyrylýan işleriň gazananlaryna hem-de möçberine baha bermäge, innowasiýalary milli ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlaryna, şol sanda onuň binýatlaýyn toplumyna—ýangyç-energetika we himiýa senagatyna, şeýle hem oba hojalygyna, elektronika, gurluşyk senagatyna, ulag we aragatnaşyk ulgamyna ornaşdyrmak işi bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi.

Sergi şeýle hem Türkmenistanyň ylmy talap edýän tehnologiýalary, durmuş we gumanitar ulgamlary ösdürmek babatda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdy. Ýurdumyzyň ylmy institutlarynyň, kärhanalarynyň we guramalarynyň ýolbaşçylarynyň geljekki daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen geçiren duşuşyklary onuň işiniň esasy netijesi boldy. Şol duşuşyklaryň barşynda özara bähbitler ulgamy we geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlary anyklaşdyryldy. Serginiň çäklerinde wajyp ylmy taslamalaryň tanyşdyrylyşy boldy. Dünýäniň 26 ýurdundan ylmy edaralaryň we meşhur kompaniýalaryň 80-den gowragy nanotehnologiýalar, kompýuter, multimediýa, maglumatlar tehnologiýalary we telekommunikasiýalar ulgamlarynda, dürli häzirki zaman enjamlaryny öndürmekde we ibermekde gazanan üstünliklerini, tekliplerini we nou-haularyny görkezdiler. Bu ýerde eýýäm türkmen bazarynda özlerini ygtybarly hyzmatdaşlar hökmünde görkezen kompaniýalar hem, uzakmöhletleýin esasda işewür gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýän Türkmenistanyň geljekki hyzmatdaşlary hem hyzmatdaşlyk babatda özleriniň mümkinçiliklerini we tekliplerini hödürlediler.

Ylym we innowasiýalar meseleleri boýunça halkara maslahatyna gatnaşyjylaryň düzümi hem ep-esli artdy. Şu gezekki duşuşyk dünýäniň 38 ýurdundan alymlaryň we hünärmenleriň 100-den gowragyny, şol sanda milli Ylymlar akademiýalarynyň, ylmy-barlag guramalarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylaryny, häzirki zaman ylmynyň dürli ugurlary boýunça meşhur alymlary birleşdirdi. Ylmy maslahata Ylymlar akademiýalarynyň akademikleriniň hem-de habarçy agzalarynyň 19-sy, ylymlaryň doktorlarynyň 58-si, professorlaryň 43-si, ylmy guramalara, ýokary okuw mekdeplerine, kompanýiýalara we firmalara ýolbaşçylyk edýän belli alymlaryň 37-si gatnaşdy. Ylmy foruma gatnaşyjylaryň arasynda biziň ýurdumyzyň 59 guramasyndan alymlaryň, aspirantlaryň we dalaşgärleriň 250-si bar.

Halkara ylmy maslahatyň bölümçeleriniň işi türkmen paýtagtyndaky esasy ýokary okuw mekdepleriniň täze binalarynda geçirildi. Munuň özi talyp ýaşlaryň wekilçilikli ylmy foruma giňden gatnaşmagyna ýardam etdi. “Gumanitar ylymlary” bölümçesine gatnaşyjylar özleriniň mejlislerini Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynda geçirdiler. Ýeri gelende aýtsak, biziň myhmanlarymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň we talyplarynyň arasynda geçirilen ylmy bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasyna hem gatnaşdylar.

Halkara ylmy maslahatyň umumy we 7 sany bölümçeleriniň mejlisleriniň barşynda elektroenergetika, himiýa senagaty, ýangyç-energetika toplumy, obasenagat toplumy, lukmançylyk we dermanlary öndürmek, maglumatlar hem-de telekommunikasiýalar ulgamlaryna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ylmy esaslaryna degişli meseleler gozgaldy. Alymlar şeýle hem ekologiýa we tebigy serişdeleri rejeli ulanmak, ykdysady ösüş, halkara hyzmatdaşlygy we hukugy, ynsanperwerlik ylymlary bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Çykyşlaryň köpüsi Türkmenistanda serişdeleri tygşytlaýjy tehnologiýalary ösdürmek, hususan-da, ýurdumyzyň halk hojalygynda energiýanyň alternatiw çeşmelerini ulanmak meselelerine bagyşlandy.

Alymlaryň nygtaýşy ýaly, häzirki zaman ylmy dünýä ösüşi bilen berk baglanyşykly bolmak bilen, üstünlikli döwlet ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň innowasion häsiýetli syýasaty, milli Liderimiziň wajyp ykdysady meseleleri oňyn çözmegi, täzeçe we ylmy esasda pikirlenmegi başarmagy garaşsyz türkmen döwletiniň köptaraply kuwwatynyň netijeli durmuşa geçirilmegini, onuň dünýä ulgamyna sazlaşykly goşulyşmagyny şertlendirdi.

Maslahata gatnaşyjylar netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassyklap, milli ösüş maksatnamalarynyň ileri tutulýan ugurlary babatda ony pugtalandyrmagyň ýollary barada pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Sergi merkeziniň mejlisler zalynda halkara maslahatyň ýapylyş dabarasy boldy. Onuň jemleýji mejlisinde halkara ylmy maslahatyň bölümçeleriniň işleriniň netijeleri jemlenildi, halkara sergisine gatnaşyjylara diplomlar we sertifikatlar gowşuryldy.

Ýygnananlaryň biragyzdan bellemegine görä, şu halkara ylmy maslahat we sergi türkmen alymlarynyň gazananlary barada giňden gürrüň bermek bilen çäklenmän, eýsem, halkara ylmy gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga hem saldamly goşant goşdular.

Halkara sergisine we ylmy maslahata gatnaşyjylar ylmy-barlaglara hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi, ylmy işleri alyp barmak üçin ähli şertleri döredýändigi, şeýle hem maglumatlary giňden alyşmaga we işjeň gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam eden halkara forumyň ýokary derejede guralandygy üçin Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk we ykdysady ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, dünýä ylmyny ösdürmek babatda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň möhümdigini nygtadylar.

“Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara sergisine we ylmy maslahata gatnaşyjylar hem-de bu çäreleri guraýjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.