Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 784
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri we beýleki ýolbaşçylar gatnaşdylar. Iş maslahatynyň gün tertibine Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň gündelik meseleleri girizildi, durmuş ulgamynyň we oba hojalyk pudagynyň wezipelerine, milli maksatnamalary amala aşyrmak bilen bagly beýleki meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahatyna ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredowy çagyrdy. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň Ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri bolan Nýu-Ýorkdan /ABŞ/ gelen hoş habary beýan etdi. BMG-niň agzasy bolup durýan döwletleriň 193-siniň biragyzdan goldamagy bilen Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 68-nji mejlisiniň Başlygynyň orunbasarlygyna saýlandy. Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimizi bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, onuň milli Liderimiziň alyp barýan we giň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen daşary syýasy ugrunyň nobatdaky üstünliginiň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny belledi. Şol hyzmatdaşlyk sebitde we dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, durnukly ösüş üçin amatly şertleri döretmek maksadynda ösdürilýär.

Şeýlelikde, Türkmenistan soňky ýyllarda eýýäm üçünji gezek bu iri bütindünýä forumynyň wise-başlyklygyna saýlanylýar. Bu bolsa biziň ýurdumyzyň ýokary halkara abraýa eýe bolandygyny aýdyň tassyklaýar. Öz döredijilikli parahatçylyksöýüjilikli syýasatyna üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen gatnaşyklaryny işjeň ösdürýär. Bu gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlygyň häsiýetine eýe bolup, bu gün hil taýdan täze derejä çykdy.

Ähmiýetli wakalaryň birnäçesi munuň aýdyň subutnamasy bolup, olaryň hatarynda biziň ýurdumyzyň şu ýylyň aprelinde geljek iki ýyl üçin BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň /ÝYT/ wise-başlyklygyna saýlanmagy bar. Geçen ýylyň noýabrynda Türkmenistan 2013-2015-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň esasy edaralarynyň biriniň düzümine—BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň /EKOSOS/ düzümine saýlanyldy.

Şunuň bilen baglylykda, 2010-njy ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň BMG-niň ÝYT-niň durnukly energetika boýunça komitetiniň wise-başlyklygyna saýlanandygyny bellemek gerek. Şunuň bilen bir hatarda, biziň ýurdumyz SPEKA-nyň – Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasynyň başlyklygyna iki gezek yzly-yzyna saýlandy. Bu maksatnama Ýewropa ykdysady topary tarapyndan işlenip taýýarlanyldy.

Bulardan başga-da, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň beýleki abraýly edaralarynyň, şol sanda 2012-2015-nji ýyllar üçin BMG-niň neşe serişdeleri boýunça toparynyň düzümine, şol ýyllar üçin BMG-niň ilat we ösüş baradaky toparynyň düzümine hem-de hemişelik esasda BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetine saýlanyldy.

Bularyň hemmesi häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmek boýunça Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň tagallalaryna uly goşandynyň, milli Liderimiziň ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine dürli ugurlarda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlaryna goldaw berilmeginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Türkmenistanyň başlangyjy hem-de BMG-niň agzasy bolup durýan döwletleriň biragyzdan goldamagy netijesinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty” atly Rezolýusiýa bu babatda aýdyň mysallaryň biri bolup durýar.

Birleşen Milletler Guramasy bilen strategiň hyzmatdaşlyk ugruna eýermek bilen, Türkmenistan onuň BMGÖM, EKOSOS, ESKATO, UNESKO, UNISEF, UNKTAD, UNEP ýaly esasy düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýär. BMG öz gezeginde biziň ýurdumyzy ygtybarly we jogapkär hyzmatdaş hasaplap, Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyk meselelerine işjeň garaýşyny we çemeleşmesini doly goldaýar.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň esasy çäreleriniň hemmesine yzygiderli gatnaşmagy hem-de biziň ýurdumyzda BMG-niň howandarlygynda iri halkara forumlaryň geçirilmegi türkmen tarapynyň bu ugra ygrarlylygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. BMG-niň Ženewadaky /Şweýsariýa/ Bölüminiň ýanynda biziň ýurdumyzyň Hemişelik wekilhanasynyň açylmagy hem Türkmenistan bilen BMG-niň hyzmatdaşlygynyň sazlaşykly we netijeli häsiýete eýe bolup durýandygyna şaýatlyk edýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2015-nji ýyldan soň, ýagny BMG-niň Müňýyllyk maksatlarynyň hereket edýän döwri tamamlanandan soň, ählumumy ösüşiň maksatlaryny we wezipelerini kesgitlemek boýunça milli geňeşmeleri geçirmek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde seçilip alnan ýurtlaryň toparyna girýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 68-nji mejlisiniň Başlygynyň orunbasarlygyna saýlanmagy bilen ýene bir gezek gutlap, DIM-niň hem-de ýurdumyzyň diplomatik korpusynyň işgärleriniň öz öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek maksadynda geljekde hem ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary kanagatlanmak bilen kabul edip, ähli türkmen halkyny bu şanly waka bilen mähirli gutlady hem-de Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň ählisi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan Watanymyz – Türkmenistan halkara giňişliginde işjeň orny eýeleýär diýip belledi. Biziň ýurdumyz köp ýyllaryň dowamynda bu abraýly Gurama bilen netijeli hyzmatdaşlyk edip gelýär. Döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi Türkmenistanyň sebit we bütindünýä ähmiýetli möhüm tekliplerini durmuşa geçirmekde, dürli iri taslamalary we maksatnamalary bilelikde amala aşyrmakda öz beýanyny tapýar. Hyzmatdaşlyk edip gelýän ýyllarynyň içinde döwletimiz sebitde syýasy durnuklylygy saklamak we goldamak, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de dostluk gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça bu abraýly halkara Guramasynyň ygtybarly tarapdaryna we ýakyn hyzmatdaşyna öwrüldi diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy biziň bilelikde amala aşyrýan işlerimiziň oňyn netije berýändiginiň aýdyň mysallarynyň biridir. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Merkez özüniň işläp gelýän bäş ýylynyň içinde sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmäge, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly goşant goşdy we häzir hem bu işe goşant goşmagyny dowam edýär diýip belledi. Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň öz öňünde goýýan maksatlary we wezipeleri biziň alyp barýan döwlet syýasatymyza laýyk gelýär. Bu syýasat ýurdumyzyň öňe sürýän halkara tekliplerinde öz beýanyny tapýar diýip, milli Liderimiz belledi. Bu teklipleriň esasy manysy we mazmuny parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmaga, durnukly ösmek we öňe gitmek üçin amatly şertleri döretmäge ýardam bermekden ybaratdyr. Bu bolsa parahatçylygy gazanmaga we ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli usullaryny işläp taýýarlamaga gönükdirilendir. Bu öz nobatynda gepleşikleri geçirmek we sebitde hem-de onuň çäklerinden daşarda bar bolan meseleleriň çözgütlerini gözlemek üçin mümkinçilikleri döretmäge niýetlenendir. Häzirki döwürde Türkmenistan dünýäde parahatçylygy we halkara derejesinde durnuklylygy, yzygiderli ösüşi berkitmäge uly goşant goşýan döwlet hökmünde ykrar edildi. Birleşen Milletler Guramasy bilen iri möçberli, anyk maksada gönükdirilen we uzak möhletli hyzmatdaşlyk etmek biziň döwletimiziň saýlap alan strategik ugrudyr. Häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň hemmeler üçin bähbitli çözgütlerini taýýarlamakda işjeň orny eýelemek bilen, biziň ýurdumyz bu ugurda anyk çäreleri görýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan öz ylalaşdyryjy we döretmek mümkinçiliklerini bütin adamzadyň bähbitlerine gönükdirmäge çalyşýar. Bu bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň belent maksatlaryna laýyk gelýär. Biziň döwletimizi goldandyklary üçin, Birleşen Milletler Guramasynyň agzalaryna we ähli Milletler Bileleşigine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň bu abraýly halkara Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 68-nji mejlisiniň Başlygynyň orunbasarlygyna saýlanmagynyň biziň üçin uly abraýdygyny, şol bir wagtda hem uly jogapkärçilikdigini belledi. Türkmenistan häzirki zamanyň esasy meselelerini çözmek üçin täze garaýyşlary we hyzmatdaşlygyň usullaryny işläp taýýarlamakda hem-de amala aşyrmakda Birleşen Milletler Guramasy bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýär diýip, milli Liderimiz belledi. Şunda döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasy we onuň edaralary bilen ýurdumyzyň alyp barýan strategik hyzmatdaşlygynyň Ýer ýüzünde durnukly ösüşiň, parahatçylygyň we öňe gitmegiň bähbitlerine has-da pugtalanjakdygyna berk ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz sözüniň ahyrynda ähli türkmenistanlylary şanly waka – döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 68-nji mejlisiniň Başlygynyň orunbasarlygyna saýlanmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady. Soňra döwlet Baştutanymyz maslahatyň gün tertibiniň nobatdaky meselesine geçmek bilen, wideoşekilli göni aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowy çagyrdy. Häkim häzirki döwürde sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, galla oragynyň depginleri hakynda hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýlary barada habar berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitde Oba milli maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde alnyp barylýan işlere ünsi çekip, ähli dolandyryş we pudaklaýyn düzümleriň öňde goýlan wezipeleri çözmäge utgaşykly çemeleşmegini esasy guramaçylyk çäreleriniň hatarynda görkezdi. Olara welaýatlary durmuş we senagat taýdan ösdürmegiň bir bitewi maksatlary hökmünde garamak gerek diýip,milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz esasy oba hojalyk meselesine degip geçmek bilen, welaýatyň Kaka etrabynda /häkimi D.Hezretgulyýew/ we Tejen etrabynda /häkimi O.Amandurdyýew/ galla hasylyny ýygnamak işleriniň haýal alnyp barylýandygyny belläp, bu etraplarda galla oragynyň depginini üzül-kesil güýçlendirmek üçin ähli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanylmalydygyny nygtady. Welaýatda ýetişdirilen galla hasylyny gysga wagtyň içinde ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli tagallalaryň edilmelidigini aýtmak bilen, milli Liderimiz ýygnalan hasyly häzirki döwrüň talaplaryna laýyk saklamak we galla daşalanda ýitgilere ýol bermezlik üçin zerur bolan çäreleriň görülmelidigini belledi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz sebitiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan elewatorlardaky işlere gözegçiligiň güýçlendirilmegi babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Wideoşekilli iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly alyp barmak, hususan-da, galla oragynyň depginlerini ýokarlandyrmak, şeýle hem sebitiň senagat düzümini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz galla oragynyň barşy bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ünsi çekip, welaýatyň Etrek etrabynda /häkimi Ç.Orazow/ we Magtymguly etrabynda /häkimi H.Ylýasow/ galla hasylyny ýygnamak işleriniň haýal alnyp barylýandygyny belledi we bu etraplarda oragyň depginini güýçlendirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz galla oragyny guramaçylykly geçirmek, ýygnalan galla hasylyny göwnejaý saklamak bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, welaýatyň çäklerinde gurulýan elewatorlaryň işine gözegçiligi güýçlendirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz A.Berkeliýewi Esenguly etrabynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary wezipesine bellemek baradaky teklibi oňlap, degişli resminama gol çekdi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew hormatly Prezidentimize welaýatyň durmuş-ykdysady ulgamlarynda, ozaly bilen, gurluşykda we obasenagat toplumynda işleriň ýagdaýy hakynda habar berdi. Hususan-da, häkim häzirki döwürde galla oragynyň depginlerini günsaýyn güýçlendirmek, ýygnalan hasyly göwnejaý saklamak bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler barada aýtdy.

Milli Liderimiz galla oragynyň depginlerine ünsi çekmek bilen, welaýatyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda /häkimi O.Muhaýew/, Boldumsaz etrabynda /häkimi G.Ataýew/ galla hasylyny ýygnamak işleriniň haýal alnyp barylýandygyny we bu etraplarda galla oragynyň depginini güýçlendirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, hususan-da, galla oragynyň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatyň çäklerindäki desgalaryň gurluşygynda ýerine ýetirilýän işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, galla oragynyň depginini ýokarlandyrmak, oraga gatnaşýanlara medeni-durmuş hyzmatlaryny yzygiderli ýola goýmak bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, welaýatyň Birata etrabynda /häkimi A.Baýramgulyýew/, Seýdi şäherinde /häkimiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ş.Kamalow/ galla hasylyny ýygnamak işleriniň haýal alnyp barylýandygyny, onuň depginini güýçlendirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz ýygnalan hasyly göwnejaý saklamak bilen baglanyşykly meselä degip geçmek bilen, elewatorlaryň bökdençsiz işlemegine, dänäni saklamagyň we gaýtadan işlemegiň şertlerine takyk gözegçilik etmegiň möhümdigini ýatlatdy.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow welaýatyň oba hojalyk pudagynda işleriň ýagdaýy hakynda hasabat berip, sebitiň meýdanlarynda galla oragynyň barşy hakynda jikme-jik habar berdi. Şeýle hem häkim welaýatyň senagat düzümini ösdürmek babatda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz bu welaýatda hem galla oragynyň depginleri boýunça yza galýan etraplarda, hususan-da, Mary etrabynda /häkimi I.Kullaýew/ we Baýramaly etrabynda /häkimi R.Beşerow/ oragyň depginini güýçlendirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Welaýatda ýetişdirilen galla hasylyny gysga wagştyň içinde ýygnap almak, hasyly bildirilýän talaplara laýyk saklamak hem-de galla daşalanda ýitgilere ýol bermezlik babatda aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz munuň üçin ähli tagallalaryň edilmelidigini tabşyrdy.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow çykyş etdi. Wise-premýer gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýyny we möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyny beýan etmek bilen, möhüm oba hojalyk möwsüminiň—galla oragynyň çäklerinde tutuş ýurdumyz boýunça eýýäm dänäniň 1 million tonnasynyň ýygnalandygy baradaky hoş habary aýtdy.

Ýurdumyzyň gallaçy daýhanlarynyň uly üstünlik gazanyp, Watan harmanyna 1 million tonna ýokary hilli galla hasylyny tabşyrandyklaryny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeleri bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlady. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, şeýle zähmet ýeňşiniň gazanylmagy biziň oba hojalygynda geçirýän özgertmelerimiziň netijesidir. Bu gazanylan üstünligiň ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny berkitmekde uly ähmiýeti bardyr.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýetişdirilen galla hasylyny iň soňky dänesine çenli gysga wagtyň içinde ýitgisiz ýygnap almak üçin dowam edýän galla oragynyň ýokary depginlerini saklamagyň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýygnalan hasyly bildirilýän talaplara laýyklykda saklamak üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň gallaçy daýhanlaryny gazanylan bu zähmet üstünligi, ýetilen belent sepgit bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, asuda we abadan durmuş, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowany çagyryp, onuň gözegçilik edýän ulgamlarynda bellenilen meýilnamalaryň durmuşa geçirilişi we anyk tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi bilen gyzyklandy.

Wise-premýer hormatly Prezidentimize medeniýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek, ýurdumyzyň habar beriş serişdelerini ösdürmek boýunça görülýän çäreler hakynda hasabat berip, ýakyn wagtda geçiriljek çäreler barada habar berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň işine täzeçillik usullaryny we ilata edilýän medeni hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak üçin döredijilik çözgütlerini has işjeň ornaşdyrmagyň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem habar beriş serişdelerinde, ozaly bilen, teleradioýaýlymlarda işleriň pes derejede alnyp barylýandygyny belledi. Olara häzir täze, has ýokary talaplar bildirilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň ussatlygyny artdyrmak, media pudagyny netijeli ösdürmek üçin amatly şertleriň döredilmegine gözegçiligi güýçlendirmegi we işleri utgaşdyrmagy tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň çäklerini giňeltmek we ony ösdürmek bilen bagly meselelere geçip, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowa söz berdi. Ol täze etraplary şähere birleşdirmek, olaryň dolandyryş-çäk birliklerini gaýtadan hasaba almak, şeýle hem paýtagtymyzyň çägine giren häzirki zaman düzümi abadanlaşdyrmak we ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Häkim şeýle hem paýtagtymyzy mundan buýana-da sazlaşykly we döwrebap ösdürmek bilen bagly meseleleriň oňyn çözülmegi üçin meýilleşdirilýän işleri amala aşyrmakda alnyp barylýan işler barada Aşgabat şäheriniň umumy çyzgysy arkaly milli Liderimize habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly wezipeleri çözmäge örän oýlanyşykly we jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, Aşgabat şäheriniň häkimine bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Täze etraplaryň paýtagtymyzyň bir bitewi şäher giňişligine sazlaşykly goşulmalydygyny belläp, milli Liderimiz durmuş-ýaşaýyş, şeýle hem ekologiýa we abadanlaşdyryş ugurlaryny öz içine alýan toplumlaýyn çemeleşmäniň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, inženerçilik-tehniki we ulag-aragatnaşyk düzümini döretmek, jemagat hojalygynyň we beýleki degişli gulluklaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek babatda anyk tabyşyklar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäherini mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly ähli wezipeleri uzakmöhletleýin geljegi nazara almak, şähergurluşyk hem-de has amatly şäher gurşawyny döretmek babatda öňdebaryjy tejribäni we innowasion tehnologiýalary giňden çekmek bilen çözülmelidir diýip belledi.

Maslahatyň barşynda göni aragatnaşyga jemagat hojalygy ministri S.Satlykow çagyryldy. Ol öz garamagyndaky düzümde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hasabatynyň çäklerinde ministrligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň, şol sanda degişli şäher gulluklarynyň netijeli işlerini ýokarlandyrmak we Aşgabat şäheriniň täze etraplaryny abadanlaşdyrmak boýunça berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudagyň işini has-da kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, şäheri abadanlaşdyrmak boýunça işler üçin niýetlenen jemagat hojalygynyň tehnikasyny netijeli peýdalanmak, şeýle hem degişli gulluklaryň sazlaşykly işini üpjün etmek bilen bagly birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýaşaýyş-durmuş düzümini ösdürmek we şäheriň täze etraplarynda durmuş ulgamynyň sazlaşykly işini ýola goýmak boýunça işleri netijeli geçirmegiň möhümdigini belledi. Milli Liderimiz degişli inženerçilik ulgamynyň işiniň häzirki zaman talaplaryna laýyklykda ýola goýluşyny, şeýle hem paýtagtymyzyň täze etraplarynda ilatyň gündelik hajatlaryny üpjün ediş ulgamynyň işini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra göni aragatnaşyga Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanow çagyryldy. Ol döwlet Baştutanymyza neşeleriň sarp edilmegine, ýaýradylmagyna we bikanun dolanyşygyna garşy göreşmegiň halkara güni mynasybetli 18-26-njy iýun aralygynda ýurdumyzda geçiriljek çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.

Belent Serkerdebaşymyz bu halkara güni bilen baglanyşykly geçiriljek çäreleriň meýilnamasyny tassyklap, Türkmenistanyň neşe serişdeleriniň sarp edilmegine, ýaýradylmagyna we bikanun dolanyşygyna garşy barlyşyksyz göreş alyp barmak bilen, bütin dünýä jemgyýetçiligi bilen hemişe raýdaş bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtady hem-de hemme meýilleşdirilen çäreleri degişli ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Gadymdan bäri sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip gelen halkymyzyň ýaramaz endikleri hem-de adama we tutuş jemgyýete zyýan ýetirýän neşe serişdeleriniň ýaýradylmagyny, sarp edilmegini ýazgaran ata-babalarymyzyň şöhratly däplerine çäksiz hormat goýýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz bu nägehana garşy jemgyýetçilik guramalary we il içinde hormatlanýan ýaşulularyň gatnaşmagynda bilelikde iş alyp barmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Bu ugurda alnyp barylýan iri möçberli, toplumlaýyn işi dowam etmegiň wajypdygy barada aýtmak bilen, milli Liderimiz ýöriteleşdirilen halkara we sebit düzümleri bilen tagallalary birleşdirmegiň möhümdigini nygtady. Olar bilen hyzmatdaşlykda soňky ýyllarda bilelikdäki ähmiýetli taslamalaryň we maksatnamalaryň binäçesi durmuşa geçirildi.

Maslahatyň barşynda möhüm meseleleriň başga-da birnäçesine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen möhüm wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.