Ï Litwa Respublikasynyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Litwa Respublikasynyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary

view-icon 700
Düýn resmi sapar bilen Türkmenistana gelen Litwa Respublikasynyň Premýer-ministri Algirdas Butkýawiçus şu gün ýurdumyzyň iri senagat, ulag we şypahana merkezleriniň biri bolan Türkmenbaşy şäherine baryp gördi.

Hazaryň boýundaky şäheriň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany resmi adamlar garşyladylar. Litwa Respublikasynyň Premýer-ministri Algirdas Butkýawiçus howa menzilinden Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portuna ugrady. Bu ýerde ol Orta Aziýanyň “deňiz derwezesiniň” düzümi, döwrebaplaşdyrylmagy, tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagy we ony ösdürmegiň geljegi bilen tanyşdy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan amatly geoykdysady ýagdaýa eýe bolmak bilen, netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm şerti bolan üstaşyr-ulag mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyna uly ähmiýet berýär. Biziň ýurdumyzyň döredýän deňiz, howa, demir ýol we awtoulag kommunikasiýalaryny öz içine alýan “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” ulag ugurlarynyň häzirki zaman ulgamy Ýewraziýa giňişliginde, şol sanda Baltika ýurtlary bilen sebit we sebitara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Häzir Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz porty Hazar sebitiniň iri ulag merkeziniň wezipesini ýerine ýetirýär. Geljekde bolsa Ýewraziýada täze halkara geçelgelerini--ýükleriň has amatly ugurlar, ykdysady taýdan amatly ugurlar boýunça daşalmagyny üpjün edýän geçelgeleri döretmek boýunça türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan taslamalaryny nazara alanyňda, onuň ähmiýeti has-da artar. Gürrüň, hususan-da, Hazar, Gara we Baltika deňizleriniň sebitlerini birleşdirýän ugur hakynda baryp, ol Hazaryň üstünden geçýän Hytaý-Orta Aziýa-Kawkaz-Ýewropa transkontinental ugur bilen birleşer.

“Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuny we Türkmen deňiz söwda flotuny ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin baş meýilnamasyna” laýyklykda, Hazaryň kenarynda islendik görnüşdäki we islendik ýük göterijiligi bolan gämileri kabul etmäge ukyply köp ugurly duralgalary öz içine alýan täze deňiz terminallary gurlar. Degişlilikde, üstaşyr ýükleri işlemek we saklamak üçin niýetlenen hem-de eksport-import amallaryny ýerine ýetirýän ammarlary bolan häzirki zaman logistik merkezi dörediler. Bu ýerde şeýle hem deňiz gämilerini abatlaýan kärhana, ýolagçylar üçin deňiz wokzaly we beýleki desgalar peýda bolar.

Milli deňiz söwda floty işjeň enjamlaşdyrylýar—soňky ýyllarda onuň üstüni nebit we nebit önümlerini, dürli himiýa önümlerini daşamak üçin niýetlenen kuwwatly tankerleriň bäşisi ýetirdi. Ýakyn geljekde Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň ygtyýaryna “derýa-deňiz” görnüşli nebit tankerleriniň ýene-de ikisi, şeýle hem awtomobil-ýolagçy paromlarynyň ikisi gelip gowşar.

Litwa Respublikasynyň Premýer-ministri Algirdas Butkýawiçus deňz portundan çykyp, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna ugrady. Bu ýerde belent mertebeli myhman üçin dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan nebit önümleriniň dürli görnüşlerini çykarýan ýurdumyzyň kerwenbaşysy boýunça tanyşlyk gezelenji guraldy. Şol önümleriň hatarynda ýokary oktanly, etilleşdirilmedik awtoulag benzinleri, uçar ýangyjy, gidrousul arkaly arassalanan dizel ýangyjy, nebit koksy, polipropilen, tehniki çalgy ýaglarynyň dürli görnüşleri bar.

TNGIZT – sebitde suwuklandyrylan gazy iberýän iri toplum bolup, bu ýangyjy saklamak we ugratmak üçin awtoulag, demir ýol we deňiz terminallary guruldy. Bu ugurda işler—özara bagly tehnologik desgalary ulanmagyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem daşky gurşaw üçin howpsuzlygyň talaplaryna gabat gelýän täze ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek babatda işler dowam edýär.

TNGIZT-da bolmagynyň barşynda Litwanyň Premýer–ministri Algirdas Butkýawiçus kärhananyň tehniki we tehnologik üpjünçiliginiň derejesine ýokary baha berip, özara bähbitlere gabat gelýän netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin oňat mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Günüň ikinji ýarymynda Hazaryň kenarynda ýerleşýän “Nebitçi” myhmanhanasynda belent mertebeli myhman üçin Hazaryň kenarynda kemala gelýän dünýä derejesindäki şypahananyň – “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň tanyşdyrylyş dabarasy guraldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, 2007-nji ýylda badalga berlen bu iri möçberli taslama milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly bolan pudaklarynyň biri – syýahatçylyk ulgamyny ösdürmegiň başyny başlady. Bu ugurda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagy, daşary ýurtly maýadarlaryň işjeň çekilmegi häzirki döwürde Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Häzir Hazaryň kenaryna ajaýyp myhmanhanalar we çagalar dynç alyş merkezleri bezeg berip, olarda dynç almak üçin ähli şertler döredildi. Türkmenbaşy şäherinde täze Halkara howa menzili, awtoulag ýollary, kuwwatly gaz turbinaly elektrik stansiýasy, deňiz suwuny süýjediji zawod guruldy. Awazanyň çägini 7 kilometrlik gämi gatnawly derýa kesip geçýär. Onuň kenarlarynda seýilgähli, amfiteatrly, interaktiw çüwdürimli, kafe we restoranly, deňiz ýahtalary we gezelenç gaýyklary üçin duralgaly abadanlaşdyrylan dynç alyş zolagy ýaýylyp gidýär.

Ýokary derejedäki duşuşyklaryň, halkara maslahatlaryň, festiwallaryň we beýleki forumlaryň geçirilýän ýerine öwrülmek bilen, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy sebitiň iri işewürlik we medeni merkeziniň derejesine eýe boldy. Şu aýda bu ýerde Türkmenistanyň Medeniýet hepdeligi geçiriler. Diňe öz däpleriniň we milli medeniýetiň köpdürlüligine baý bolan baýramçylyga däl-de, eýsem, egsilmez syýahatçylyk çeşmesi hökmünde onuň kuwwatynyň dürli öwüşginine öwrüljek bu uly waka nobatdaky binagärlik açylyşlary gabatlanar. Bu ýerde kaşaň myhmanhanalaryň, sagaldyş merkezleriniň, kottej şäherjikleriniň ençemesi ulanmaga berler.

Tanyşdyryş dabarasynyň barşynda Litwadan gelen myhmanlar Türkmenistanyň maýa goýum syýasatynyň aýratynlyklary hem-de Awazada işleýän maýadarlar, firmalar we kompaniýalar üçin salgyt, gümrük, wiza we beýleki ýeňillikleri göz öňünde tutýan milli kanunlar bilen tanyşdyryldy.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň tanyşdyryş dabarasy litwa wekiliýetiniň agzalarynda uly gyzyklanma döretdi. Olar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän iri möçberli taslama ýokary baha berip, onuň geljeginiň uludygyny bellediler.

Litwa Respublikasynyň Premýer-ministri Algirdas Butkýawiçus Awaza derýasy boýunça gaýykly gezelenç edip, deňiz şypahanasynyň gözelliklerini synlady.

Myhman şol gün Türkmenbaşydan Aşgabat şäherine tarap ugrady.

Litwa Respublikasynyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary dowam edýär.