Ï Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 68-nji mejlisiniň Başlygynyň orunbasarlygyna saýlanyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 68-nji mejlisiniň Başlygynyň orunbasarlygyna saýlanyldy

view-icon 855
Şu gün göni aragatnaşykda geçirilen wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli türkmen halkyny Nýu-Ýorkdan (ABŞ) gelen hoş habar bilen mähirli gutlady. Bu ýerde Birleşen Milletler Guramasynyň Ştab-kwartirasy ýerleşýär. BMG-niň agzasy bolup durýan döwletleriň 193-siniň biragyzdan goldamagynda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 68-nji mejlisiniň Başlygynyň orunbasarlygyna saýlanyldy.

Bu waka mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde milli we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin duşuşyk guraldy. Bu duşuşyga Türkmenistanyň diplomatik işgärleri, kabulhanalary biziň ýurdumyzda ýerleşýän daşary döwletleriniň ilçileri, bu ilçihanalaryň wekilleri, halkara guramalaryň missiýalarynyň ýolbaşçylary, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary we talyplary, alymlar we hünärmenler gatnaşdylar.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň dünýä möçberli iri forumyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanylmagy biziň ýurdumyzyň günsaýyn artýan halkara abraýynyň ykrar edilmeginiň, ylalaşdyryjylygyň we döredijiligiň daşary syýasy ugruny işjeň we maksada gönükdirip amala aşyrýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasy ugrunyň netijelidiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Syýasy durnuklylyk, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge gönükdirilen ugry bilen birlikde milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegi – bular döwlet ösüşiniň täsin nusgasyny durmuşa geçirýän türkmen döwletiniň oňaýly tejribesine artýan gyzyklanmany kesgitleýän ýagdaýlardyr.

Mundan başga-da, munuň özi BMG hem-de onuň düzümine girýän edaralar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegine biziň ýurdumyz tarapyndan türkmen diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garalýandygyna şaýatlyk edýär. Döwlet Baştutanymyzyň kesgitlän maksatlarynyň gazanylmagyna we strategik wezipeleriň amala aşyrylmagyna gönükdirilen «Türkmenistanyň 2013—2017-nji ýyllar üçin daşary syýasy ugrunyň konsepsiýasy» onuň esasy ugry bolup durýar.

Esasynda oňyn bitaraplyk ýörelgesi duran parahatçylyk söýüjilik we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna ygrarly bolmak bilen, Türkmenistan saýlap alan ýoluna gyşarnyksyz eýerip, BMG bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda topalanan özara gatnaşyklaryň baý tejribesine daýanmak bilen, häzirki döwürde bu hyzmatdaşlyk täze mazmuna eýe boldy. Soňky ýyllar Birleşen Milletler Guramasy we onuň esasy düzümleri bilen netijeli gatnaşyklaryň ösmegine beslendi. Munuň özi ozaly bilen dünýä bileleşiginiň işlerinde Türkmenistanyň işjeň orny eýelemegi, onuň tutuş adamzady tolgundyrýan möhüm meseleleri çözmäge uly goşant goşmak islegi bilen şertlendirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli ýöredýän türkmen döwletiniň tutuş daşary syýasy ugry ýaly, bu ugur hem BMG-niň giňden ykrar etmegine we goldawyna eýe boldy. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň üç gezek, ozal 2007 we 2009-njy ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişlilikde 62-nji we 64-nji mejlisleriniň Başlygynyň orunbasarlygyna saýlanylmagy munuň şeýledigini tassyklaýar. Şeýlelikde, biziň ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 68-nji mejlisiniň Başlygynyň orunbasarlygyna saýlanylmagy Türkmenstanyň we BMG-niň gatnaşyklarynyň taryhynda şanly waka bolup durýar.

Milletler Bileleşigi tarapyndan uly ynamyň bildirilmegi Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň yzygiderli amala aşyrylmagynyň netijesi bolup durýar. Bu syýasat Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyn gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň esasynda guralandyr. Şu iri we abraýly halkara gurama agzalygynyň ilkinji günlerinden başlap, Türkmenistan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen, ýurtda parahatçylygy we asudalygy saklamagy hem-de sebitde we tutuş dünýäde beýleki ýurtlar bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklamagy öz öňünde maksat edip goýdy. Şunuň bilen baglylykda halkara parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar.

Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň ýokary depginleri we netijeliligi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasy başlangyçlarynyň öňe sürülmeginde we amala aşyrylmagynda öz beýanyny tapýar. Şol başlangyçlar häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň giň toparyny gurşap alýar we olar häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge, dünýäde özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynyň ýola goýulmagyna we saklanylmagyna, umumy durnukly ösüşiň bähbidine netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilendir. Olaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagy Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy maksatlary hökmünde kesgitlenendir.

Gürrüň, hususan-da, Orta Aziýa we Hazar sebitlerinde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmek, Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly, syýasy taýdan kadalaşdyrmak hem-de bu ýurdy durmuş-ykdysady taýdan dikeltmek hakynda barýar.

Türkmenistan howpsuzlygyň energetika, ekologiýa, suw we beýleki ugurlary babatda özara gatnaşyklaryň yzygiderli çärelerini amala aşyrýar. Mundan başga-da Türkmenistanyň daşary ykdysady, söwda, medeni-gumanitar gatnaşyklaryny ösdürmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga, onuň ykdysadyýetini ösdürmäge, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýän şertleri döretmek babatda yzygiderli işler alnyp barylýar.

Duşuşykda şeýle hem energiýa serişdeleriniň howpsuz üstaşyr geçirilmeginiň halkara hukuk usulyny döretmek bilen baglylykda Türkmenistanyň energetika ulgamyndaky başlangyçlarynyň ilerlemegine uly üns berildi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 17-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenstanyň başyny başlan «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty» hakynda Rezolýusiýany biragyzdan kabul etdi. Munuň özi Türkmenistanyň teklip eden energiýa serişdelerini geçirmek meseleleri boýunça giň halkara gatnaşyklaryň dunýä bileleşigi tarapyndan yzygiderli häsiýete eýe bolýandygyny aňladýar.

Şeýle hem biziň ýurdumyzyň häzirki döwürde ulag diplomatiýasyny işjeň ösdürýändigi bellenildi. Bu diplomatiýa ulag-aragatnaşyk pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak we üstaşyr geçirmek mümkinçiliklerini amala aşyrmak ýörelgelerine eseslanýar. Ekologiýa ulgamy Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambelýasynyň 68-nji mejlisiniň Başlygynyň orunbasarlygyna saýlanmagy bilen baglylykda bu ýagdaýlaryň hemmesini bellemek bilen, şu günki duşuşyga gatnaşyjylar biziň ýurdumyzyň daşary syýasy işlerine ýokary baha berdiler. Duşuşykda çykyş eden BMG-niň düzümine girýän edaralaryň, şol sanda BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNISEF), BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary komissarynyň müdürliginiň (BÝKM), BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolblaşçylary, şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi we beýlekiler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we Türkmenistanyň halkyny tüýs ýürekden gutlap, daşary syýasy işlerinde hem-de ýurduň we tutuş adamzadyň bähbidine giň gerimli meýilnamalary üstünlikli amala aşyrmakda täze üstünlikleri arzuw etdiler.