Türkmenistan bazaar ykdysadyýetini ösdürmäge şertleri döredýän jemgyýeti demokratiýalaşdyrmagyň ösdürilmegini, döwletiň netijeliligini ýokarlandyrylmagyny üpjün edýän dünýäde umumy kabul edilen kanunlary durmuşa işjeň ornaşdyrýar. Internet ýaly täze we çalt ösýän tory hukuk taýdan sazlaşdyrmagyň tejribelerini halkara derejesinde alyş-çalyş etmäge aýratyn gyzyklanma bildirilýär. Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň, şeýle hem Estoniýanyň DIM gatnaşmaklarynda türkmen wekilýetiniň bu ýurda guralan iş sapary hem bu maksatlara bagyşlandy.
Internet adamlaryň durmuşynda barha uly orun eýeleýär. Bu bütindünýä tory arkaly tehnologiki, şahsy, korporatiw we jemgyýetçilik ähmiýetli maglumatlaryň barha ösýän akymy gelýär, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we durmuş kommunikasiýalar serişdeleriniň işleri amala aşyrylýar. Geljekde, „akylly öýiň“ tehnologiýasy giňden ornaşdyrylanda, internet edil her bir durmuş gurluşyna gelmek bilen, ynsan durmuşyny has hem oňaýly etmäge ukyplydyr.
Şonuň bilen birlikde hem internetiň birnäçe howply taraplary hem bardyr. Husuanda, awtorlyk hukugynyň pozulmagy bilen baglanyşykly, ösüp gelýän nesli gerekmejek ýagdaýlardan goramak, peýdalanyjylaryň şahsy maglumatlaryna açyk girmek mümkinçiligi ýaly howplary bardyr. Dünýäde bu meselelri çözmekde birnäçe çemeleşmeler bardyr. Türkmenistan hem degişli ulgamda künunçylygy işläp taýýarlamak bilen, özi üçin oňaýly usuly saýlap almalydyr. Şonuň üçin hem inernet bilen baglanyşykly türkmen edaralarynyň we guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, kanun çykaryjylar, prowaýderler, internet hyzmatyndan peýdalanyjylar bu ulgamdaky öňdebaryjy tejribe bilen tanşyp bilerler. Maý aýynda türkmen paýtagtynda OBSÝE-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan onlaýn we internetiň hukuk taýdan sazlaşdyrylmagy düzgüninde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işinde halkara tejribesine bagyşlanyp guralan maslahat hem bu maksatlara gönükdirildi.
Şular ýaly maslahatlaryň barşynda bu abraýly halkara guramasy bilen hyzmatdaşlykda guralan gönüden-göni tejribe alyşmak boýunça guralýan iş saparlary uly ähmiýete eýedir. Türkmen wekilýetiniň Estoniýanyň paýtagty Talline iternet ulgamynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda kanunçylygy kämilleşdirmek ulgamynda tejribe alyşmak boýunça guralan iş saparyna Türkmenistanyň Mejlisiniň, „Türkmentelekom“ kärhanasynyň, „Türkmenistan: Altyn asyr“ elektron gazetiniň wekilleri gatnaşdylar. Bu günki gün Estoniýa - Ýewrosoýuzda internet-tehnologiýalary ornaşdyrmakda öňdäki hatarda durýar. Bu ýerde ýurduň ýaşaýjylarynyň durmuşyny ep-esli ýeňilleşdirýän elektron hökümeti we resminama dolanyşygy üstünlikli işleýär, internete girmek bolsa, durmuş hukugy hökmünde resmi taýdan ykrar edildi.
Aziýadan Ýewropa birden üç sany Hazar, Gara we Baltika deňizleriniň akwatoriýalaryndan uzak wagtlap uçlandan soňra estoniýa topragy öz ýany bilen ýakymly howany alyp baran türkmen myhmanlaryny mähir bilen kabul etdi. Saparyň günleri bu ýurtda tomsuň başynda bolýan adaty howada seýrek duşýan mähirli we güneşli boldy.
Tallin güri tokaýlyk bilen gurşalyp alynandyr, onuň demirgazygynda bolsa ýolagçy gämi gatnaw ugurlary boýunça kenaryň möhüm şäherlerini birleşdirýän deňiz gämileri gatnaýan Baltika deňzi bardyr. Iýun aýynda bu giňişliklere ak gijeler mahsusdyr. Estoniýanyň paýtagty gadymy şäheriň orta asyr taryhy binalary bilen täsindir. Paýtagt häzirki zaman, aýnadan we demirden gurlan binalary bilen, çalt depginler bilen ýaşaýan ýewropa şäheri hökmünde köp sanly syýahatçylaryň ünsüni çekýär. Türkmen toparynyň bu paýtagta bolan iş sapary bu ýerde bellenilýän köne Talliniň günlerine gabat geldi. Taryhy merkezde bolsa aýratyn köp adamly boldy, dürli medeni çäreler geçirildi.
Iş saparynyň çäklerinde köne Talliniň ýokarky şäherinde ýerleşýän Estoniýanyň Parlamentinde we Hökümetinde hem-de ýurduň paýtagtynyň işewürler merkezinde ýerleşýän Estoniýanyň Daşary işler ministrliginde netijeli duşuşyklar geçirildi. Bu duşuşyklarda internet – ulgamyny hukuk taýdan sazlaşdyrmagyň ugurlaryna hem-de elektron resminama dolanşygyny ornaşdyrmagyň tejribelerine garalyp geçildi. Parlamentiň Ak zalyny eýýäm birnäçe ýyl bäri bezäp gelýän owadan türkmen halysynyň bolmagy türkmen wekilýeti üçin garaşylmadyk sowgat boldy. Bu zalda garaşsyzlyk alynandan soňra on ýyllap ýurduň Hökümetiniň mejlisleri geçirildi, soňky ýyllarda bu ýerde möhüm çäreler geçirilýär. Bu ýerdäki türkmen halysy uzak ýerde ýerleşýän türkmen topragynyň ýylylygynyň bir bölegini özünde saklap, Ak zala aýratyn bezeg berýär.
Elektron hökümetini we resminama dolanşygyny ornaşdyrmagyň ugurlarynyň tanyşdyrylyşy gönüden-göni Estoniýa respublikasynyň mejlisler zalynda geçirildi. Bu ýerde ministrler her hepdäniň penşenbe güni ýurduň durmuşynyň möhüm meselelrini çözmek üçin ýygnanyşýarlar. Şunlikda, elektron resminama dolanyşygy netijesinde gün tertibine girizilýän meselelriň ählisi öňünden internet tory arkaly işlenilip taýýarlanylýar. Bu bolsa mejlisleriň uly netijeliligini üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Estoniýanyň belli IT – kompaniýalarynyň edara jaýlary ýerleşýän ýeri bolan şäheriň gündogarynda ýerleşýän „IСT Demo Сenter“ tehniki parkynda ýörite tanyşdyrylyşyň çäklerinde türkmen wekilýetine identifikasiýanyň we elektron ýazgysynyň ajaýyp elektron ulgamyny döretmek hakynda maglumatlar berildi. Bu ulgamlar döwlete Estoniýanyň halky bilen bilelikde internet tory arkaly öz meselelerinde özara gatnaşyklary amala aşyrmagy üpjün edýär.
Bu ulgamda işleýän edaralaryň we guramalaryň we bank edaralarynyň päliýamanlar tarapyndan maglumatlar binýadynyň ogurlanmagynyň ýa-da zaýalanmagynyň goramagyň tejribesine garalyp geçildi. IT-tehnologiýalary goldamagyň we ösdürmegiň ulgamlary hem gyzyklanma döretdi. Soňky ýyllaryň dowamynda estoniýa kompaniýalary bu batda uly üstünlikleri gazanmagy başardylar.
Şeýle hem duşuşygyň dowamynda ýurduň internet-jemgyýetçiliginiň we Estoniýanyň jemgyýetçilik Teleradiogepleşikler Geňeşiniň agzalary bilen bu ýerde internetiň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öz-özüňi dolandyryş iş tejribesinde gazanylanlara garaldy. Türkmen wekilýeti Talliniň tehnologiki uniwersitetine baryp gördüler. Bu ýerde ýokary tehnologiýalar we hukuklar ulgamy üçin hünärmenleri taýýarlamag çemeleşilişine garaldy.
Iş saparynyň jemleýji duşuşygy rus wersiýasynyň Delfi.ee maglumatlar portalynda – Estoniýanyň belli iternet-köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň redaksiýasynda bolup geçdi. Bu ýerde her günde bu pribaltika ýurdunyň durmuşyna, şeýle hem onuň çäklerinden daşary durmuşa degişli materiallaryň ýüze çenlisi çap edilýär. Bu portalyň tejribesi, „Türkmenistan: Altyn asyr“ elektron gazetiniň köp ýyllyk tejribesini nazarda tutmak bilen, türkmen internet žurnalistlerinde aýratyn gyzyklanma döretdi.