Ï Türkmenistanyň Prezidenti Ysraýyl Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Ysraýyl Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisini kabul etdi

view-icon 613
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ysraýyl döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Şemi Sury kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Döwletara hyzmatdaşlygynyň gyzyklandyrýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, diplomat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa iki dostlukly ýurduň halklarynyň bähbitlerine doly laýyk gelýän uly möçberli türkmen-ysraýyl gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna çuňňur gyzyklanma bildirýän Ysraýylyň Prezidenti Şimon Peresiň mähirli sözlerini ýetirdi. Döwlet Baştutanymyza şeýle hem özi üçin islendik amatly wagtda Ysraýyla gelip görmek baradaky çakylyk gowşuryldy.

Milli Liderimiz öz gezeginde minnetdarlyk bildirip, Ysraýylyň ýokary ýolbaşçylygyna iň oňat arzuwlaryny beýan etdi. Hormatly Prezidentimiz giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny gyşarnyksyz durmuşa geçirýän Türkmenistanyň Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ymtylýandygyny nygtady.

Ysraýylyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýolbaşçysynyň ýokary wezipesine bellenmegi bilen myhmany tüýs ýürekden gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda hem, ilkinji nobatda, abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Ysraýylyň özara gatnaşyklarynyň ösüşiniň işjeňleşmegine gönükdirilen jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň barşynda ynam we özara hormat ýörelgelerinden ugur alýan türkmen-ysraýyl gatnaşyklarynyň hemme ugurlary boýunça özara pikir alşyldy. Ähli esasy ulgamlarda hyzmatdaşlygyň köp ýyllyk uly mümkinçiligi bilen berkidilen bar bolan özara gyzyklanmalary kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň Baştutany we Ysraýylyň diplomaty däp bolan gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň we dürli derejelerde ikitaraplaýyn duşuşyklary yzygiderli geçirmegiň hasabyna gatnaşyklary has-da ýygjamlaşdyrmagy ýola goýmagyň möhümdigini nygtadylar.

Ykdysadyýet, işewürlik, energetika, syýahatçylyk, bilim we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, şeýle hem medeni-gumanitar ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

Kabul etmäge wagt tapandygy we duşuşygyň çäklerinde özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumy boýunça netijeli özara pikir alşylandygy üçin hoşallyk bildirip, diplomat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy iki döwletiň arasynda ýola goýlan oňyn gatnaşyklary, şeýle hem däp bolan hyzmatdaşlygy iki tarapyň hemme taraplaýyn giňeltmäge alan ugruny mundan beýläk-de ösdürmek üçin öz tarapyndan ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.