Ï Türkiýäniň gurluşyk ulgamyndaky mümkinçilikleri Aşgabat sergisinde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkiýäniň gurluşyk ulgamyndaky mümkinçilikleri Aşgabat sergisinde

view-icon 658
Şu gün paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk materiallary senagatyna bagyşlanan sergi öz işine başlady.

Bu waka mynasybetli guralan dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.


Ýaşajyk artistleriň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary çäräniň resmi bölegini alamatlandyrmak bilen bir hatarda serginiň köp sanly myhmanlarynda we oňa gatnaşyjylarda ýakymly täsirler galdyrdy.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz bu çäräni iki doganlyk ýurtlaryň gatnaşyklarynyň çäklerindäki möhüm waka diýip atlandyrdy.

“Häzirki wagtda Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň iri hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Biziň ýurdumyzda gurluşyk, energetika, ulag, aragatnaşyk we kommunikasiýalar, dokma we gaýtadan işleýän senagat ýaly döwletimiz üçin ileri tutulýan pudaklarda işleýän türk kompaniýalarynyň 600-den gowragynyň hasaba alynmangy hem aýdanlarymyzy tassyklaýar” diýip, milli Liderimiz belleýär. Döwlet Baştutanymyz türkiýeli hyzmatdaşlar türkmen paýtagtynyň şäher gurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine, şol sanda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegine, sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjiginiň, şeýle hem Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň gurluşygyna mynasyp goşandyny goşýarlar.

Döwlet Baştutanymyz serginiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, biziň ýurdumyzyň gurluşyk ulgamyna öňdebaryjy tehnologiýalaryň çekilmegine kuwwatly itergi berjekdigine we Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň hünärmenleriniň türkiýeli haryt öndürijiler bilen gepleşikler geçirmeginde, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekde, türkmen bazaryna Türkiýäniň gurluşyk harytlarynyň giňden çekilmegine oňaýly şertleri döretjekdigine ynam bildirdi.


Türkiýäniň wekiliýetiniň baştutany, Türkiýe Respublikasynyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Ahmed Ýakyjy döwletara gatnaşyklarynyň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berýän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gülüň ikiktaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine berýän goldawy häzirki döwürde iki doganlyk ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilmeginiň möhüm şerti bolup durýar diýip belledi.

Türk Lideriniň ýakynda Aşgabada bolan döwlet sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine täze itergi berdi. Mälim bolşy ýaly, şol saparyň barşynda Türkmenistanyň we Türkiýäniň bozulmaz dostluk gatnaşyklarynyň täze nyşanyny alamatlandyrýan Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň binalar toplumynyň düýbini tutumak dabarasy boldy.

Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk senagatynyň mümkinçiliklerini we ýeten derejesini görkezýän sergi häzirki döwürde bu ulgamdaky iri pudaklaýyn çäre bolup durýar. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen “Meridyen” Halkara sergi kompaniýasynyň bilelikdäki tagallasy bilen guralan bu sergi hyzmatdaşlara ähli zerur bolan maglumaty gyzgyny bilen almaga mümkinçilik ebrýär.

Serginiň işine Türkiýäniň dürli sebitleriniň, şol sanda Stambulyň, Ankaranyň, Antaliýanyň, Izmiriň, Trabzonyň we Bursanyň gurluşyk senagatynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň 100-den gowragy gatnaşýar. Olaryň hatarynda gurluşyk we bezeg harytlaryny, ýöriteleşdirilen tehnikalary öndürijiler bar. Aşgabatda guralan sergide iň täze tehnologiýalaryny görkezmäge çalyşýan öňdebaryjy türk kompaniýalarynyň uly gyzyklanmalary geljegi uly türkmen bazarynda bäsdeşligiň barha artýandygyny alamatlandyrýar. Bu ýerde harytlaryny görkezýän kompaniýalaryň hatarynda “Turab”, “Sistem aluminyum san.Ve tic. A.S.”, “Tumray plastic”, “Eps group”, “Gpm aritma system”, “Demirsan madenciliksan” , “Emek elektrik end. A.S.”, “A.S.M Aritma Sist. Mak. Iml” we beýlekiler bar.

Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan ekspozisiýa türkiýeli hyzmatdaşlaryň biziň ýurdumyz bilen işewür gatnaşyklary ösdürmäge bolan ýokary gyzyklanmalarynyň aýdyň subutnamasydyr. Sergi bölümlerinde täze önümleri we gurluşyk tehnologiýalaryny, awtomatik ulgamlary we gurluşyk harytlarynyň önümçiligi boýunça kiçi zawodlary, suw sorujylary we suw arassalaýjy desgalary, diwarlyk bloklary, turba, santehnik we elektrotehniki önümleri, metal gurnamalary, bezeg önümlerini we dürli boýaglary, örtük hem-de gorag materiallaryny, alýumin we plastik önümleri we beýlekileri beýan edýän widofilmler görkezilýär.

Şeýle hem bu ýerde agaç nahallaryny ýetişdirýän, seýilgäh zolaklaryny, bezeg materiallaryny, mebelleri we oňa degişli harytlary, aşhana gurallaryny, aýnadan öndüriler dürli önümleri öndürýän firmalaryň harytlary görkezilipdir. Bir söz bilen aýdylanda, häzirki zaman şäheriniň hündelik durmuşanda zerur bolan ähli harytlar bu ýerde görkezilýr.

gurluşygyna degişli aýratyn bölüm hereket edýär. Häzirki döwürde biziň ýurdumyzda döwrebap ulag düzümini döretmek boýunça giň möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär. Müňlerçe kilometre uzaýan ulag ýollary we şol bir wagtyň özünde köprüler, köpugurly bölüji zolaklary bolan halkalaýyn ýollar gurulýar. Olaryň gurluşygynda bolsa aýratyn inženerçilik-tehniki çözgütler we täze tehnologiýalar zerur bolup durýar. Hut şonuň üçin hem köprüleri, döwrebap geçelgeleri we ýurdumyzyň esasy ýollaryndaky köp derejeli estakadalary bina edýän öňdebaryjy firmalaryň önümleri bu ýerde uly gyzyklanma eýe boldy. Olar Türkmenistana özüniň bu ulgamdaky täze usullaryny hödürlemäge taýýardyklaryny mälim edýärler.

Serginiň çäklerinde milli ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk ulgamynyň harytlary hem giň orun tutýar. Döwlet goldawyna eýe bolan ýurdumyzyň telekeçileri iri gurluşyk taslamalaryny ýerine ýetirmäge işjeň gatnaşýarlar. Türkmenistanyň hususy gurluşyk kompaniýalary ýaşaýyş jaýlarynyň, sport toplumlarynyň, söwda merkezleriniň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň baş potratçylary bolup çykyş edýärler. Mundan başga-da, türkmen işewürleri gurluşyk we bezeg harytlarynyň önümçiliginde, abadanlaşdyrmak ulgamynda, bezeg işlerinde we mebel önümçiliginde has-da işjeňlik görkezýärler.

Çäräniň işjeň häsiýete eýe bolmagy onuň işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge, özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, hyzmatdaşlyk teklipleriniň gerimini giňeltmäge, geljegi uly taslamalary kesgitlemäge mümkinçilik berýän işewürçilik-gepleşikleri üçin ýörite binýady emele getirdi. Ýurdumyzyň myhmanlary türkmen bazarynda haýsy önümleriň we harytlaryň hem-de hyzmatlaryň has köp talap edilýändigi bilen gyzyklandylar we işewürligi ýola goýmagyň ugurlaryny kesgitlediler. Şeýlelikde, bilelikdäki pikir alyşmalarda täze ýörelgeler we teklipler emele geldi, türkmen-türk gatnaşyklarynyň geljegi uly ugurlary hem-de olary ösdürmegiň usullary kesgitlendi.

Harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we senagat eksportyny ösdürmek üçin zerur bolan önümçilik düzümine maýa goýumlaryny çekmek Türkmenistanyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolup durýar. Dünýäniň iri eksport edýän ýurtldarynyň biri bolan we ösen ýurtlaryň bazarlarynda möhüm orun eýeleýän Türkiýäniň bu ulgamdaky tejribesi Türkiýäniň ygtybarly söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolan Türkmenistan üçin has-da derwaýysdyr.

Türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň işjeň ösdürilýän ýyllarynda biziň ýurtlarymyz bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakda ýeterlik tejribeleri topladylar. Türk kompaniýalarynyň türkmen paýtagtynyň şäher gurluşyk maksatnamasyny, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň taslamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaklary munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýlelikde, özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklary köpýyllaryň dowamynda yzygiderli ösdürildi. Ol milli bähbitlerden gelip çykmak we hyzmatdaşlaryň gyzyklanmalaryny nazara almak bilen türkmen hem-de türk halkalyrynyň ösüşiniň we abadançylygynyň bähbidine özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ylalaşykly ýoluny emele getirýär.

Sergi öz işini 20-nji iýuna çenli dowam eder. Onuň çäklerinde Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri biziň ýurdumyzyň birnäçe ministrliklerinde we pudaklaýyn edaralarynda gepleşikleri geçirerler.