Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň dördünji çagyrylyşynyň nobatdaky, 20-nji maslahaty geçirilip, onuň gün tertibi boýunça kanunlaryň taslamalarynyň birnäçesi we beýleki kadalaşdyryjy we hukuk namalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, hukuk goraýjy edaralarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Deputatlar kanunlaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça hukuk ulgamynda özgertmeleri amala aşyrmagyň barşynda milli kanunçylyk ulgamyny döwlet syýasatynyň möhüm jähetlerini we häzirki döwürdäki ýagdaýlary hasaba almak arkaly kämilleşdirmegiň göz öňünde tutulýandygyny bellediler. Türkmenistanyň ösüşiniň hil taýdan täze tapgyry dünýäniň ykdysady ulgamyna işjeň goşulyşmak bilen baglanyşyklydyr, munuň özi halkara hukugy boýunça ählumumy kadalara laýyk getirmek maksady bilen kanunçylyk namalaryna täzeden garalmagyny talap edýär.
Milli kanunçylygy özgertmegiň toplumlaýyn maksatnamasyna hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň deputatlaryň öňünde goýan wezipelerine laýyklykda ýurdumyzyň Mejlisi tarapyndan kanunçylyk namalarynyň taslamalaryny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine we halkara-hukuk standartlarynyň talaplaryna laýyklykda işläp taýýarlamak boýunça maksada okgunly iş alnyp barylýar. Umuman alanyňda, täze kanunlaryň her bir raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmeginiň ygtybarly kepiline öwrülmelidigi, jemgyýetiň we döwletiň bähbitleriniň goragynda durmalydygy, Türkmenistanyň Prezidentiniň oňyn özgertmeleriniň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam bermelidigi, şol özgertmeleriň esasy maksadynyň bolsa ata Watanymyzyň, tutuş türkmen halkynyň abadançylygyny we rowaçlygyny gazanmakdan ybaratdygy bellenildi.
Şu maslahatyň barşynda Mejlisiň deputatlarynyň garamagyna «Türkmenistanyň raýatlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlendi. Şonda ýurdumyzyň raýatlygynyň ýörelgeleri hem-de raýatlyk bilen bagly gatnaşyklary kadalaşdyrýan düzgünler kesgitlenildi, raýatlygy edinmegiň we bes etmegiň esaslary, şertleri we tertibi bellenildi. Kanunyň taslamasynda Türkmenistanyň raýatlygynyň adamyň Türkmenistan bilen durnukly hukuk arabaglanyşygy bolup, ol özara hukuklaryň we borçlaryň bütin jemini aňladýandygy bellenilýär.
Deputatlar kanunçylyk namasynyň ähmiýeti barada aýdyp, şu resminamanyň kabul edilmegini ýurdumyzda, şeýle hem onuň çäklerinden daşarda raýatlyk bilen bagly meseleleriň oňyn çözülmegine, türkmen döwletiniň halkara derejesindäki at-abraýynyň pugtalandyrylmagyna, şeýle hem ygtyýarly edaralaryň netijeli işlemegine, häzirki döwürde hukuk binýadynyň we milli kanunçylyk ulgamanyň kämilleşdirilmegine ýardam berjekdigini bellediler.
Deputatlaryň garamagyna «Adatdan daşary ýagdaý düzgüni hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlendi, şonda tutuş ýurdumyzyň çäginde ýa-da onuň käbir ýerlerinde adatdan daşary ýagdaýy girizmegiň esaslary we tertibi, adatdan daşary ýagdaýa mahsus şertlerde döwlet edaralarynyň, beýleki guramalaryň, şolardaky wezipeli adamlaryň işiniň aýratyn hukuk düzgüni bellenilýär hem-de raýatlaryň hukuklary we azatlyklary, guramalaryň hukuklary boýunça käbir çäklendirmeleriň bellenilmegine hem-de olara goşmaça borçlaryň ýüklenilmegine ygtyýar berilýär. Adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine we saklanmagyna jogap berýän subýektleriň hereketleriniň takyk düzgünleşdirilmegi syýasy, ekologik, tehnogen ýa-da başga bir häsiýetli duýdansyz ýüze çykan, garaşylmadyk ýagdaýa garşy netijeli garşy durmagyň girewi bolup durýar.
Maslahatyň barşynda «Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Onda döwlet ýaşaýyş jaý gaznasyny hususylaşdyrmagyň hukuk esaslary kesgilenilýär. Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasyny hususylaşdyrmagyň maksadynyň raýatlaryň ýaşaýyş jaý babatdaky hajatlaryny kanagatlandyrmagyň usulyny erkin saýlap almak hukugyny amala aşyrmak, raýatlary bar bolan ýaşaýyş jaýlarynyň ulanylmagyna we saklanmagyna gatnaşmaga çekmek üçin şertleri döretmekden ybarat bolup durýandygy bellenildi.
Şeýle hem gün tertibine laýyklykda, Mejlisiň deputatlary «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Migrasiýa gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna garadylar.
«Türkmenistanyň Mejlisiniň aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça saýlanan deputatlarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hakynda» hem-de «Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlaryny bellemek hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň taslamalary hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň nobatdaky, 20-nji maslahatynyň ahyrynda deputatlar görkezilen resminamalaryň kanunçylyk-hukuk binýadynyň has-da giňeljekdigine hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen döwletiniň mundan beýläk-de yzygiderli ösmegine hem-de onuň halkara derejesindäki at-abraýynyň beýgelmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.