Şu gün Litwa Respublikasynyň Premýer — ministri Algirdas Butkýawiçýusyň Türkmenistana resmi saparynyň çäklerinde paýtagtymyzyň «Mizan» işewürler merkezinde türkmen — litwa işewürlik forumy geçirildi. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Litwa Respublikasynyň Söwda-senagat we senetçiler palatalarynyň assosiasiýasynyň guramagynda geçirilen duşuşyga iki dostlukly ýurduň döwlet we işewür düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri gatnaşdylar.
Forumyň açylyşynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda iki döwletiň ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem halkara düzümleriniň çäklerinde, şol sanda Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi görnüşinde gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirilýändigi netijesinde türkmen-litwa gatnaşyklary täze ösüşe eýe boldy. Litwa Respublikasynyň Premýer — ministrniň şu sapary we wekilýetiň giň düzümi dostlukly ýurtlaryň arasyndaky özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň derejesiniň ýokarydygynyň, iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Litwanyň wekilýetiniň düzümine ALNA, «B.G.M» ýapyk paýdarlar jemgyýeti, Avia Solutions Group, «Imlitex Holdings» ýapyk paýdarlar jemgyýeti, Calenberg» «RITALL» ýapyk paýdarlar jemgyýeti, «Kauno tiltai» paýdarlar jemgyýeti, «Auksinis ungurys» ýaly iri kärhanalaryň hem-de kompaniýalaryň wekilleri we beýlekiler girdiler.
Forumyň barşynda Litwanyň wekilýetiniň agzallary Türkmenistanyň syýasatynyň esasy ugurlary hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan giň möçberli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdyryldy. Amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde biziň ýurdumyz dünýä ykdysadyýetine okgunly goşulyşýar we onuň halkara abraýy gyşarnyksyz artýar. Türkmenistanyň sazlaşykly ösüşi deň agramly makroykdysady syýasatyň we oňyn özgertmeleriň durmuşa geçirmegine esaslanýar. Munuň özi milli ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda hil taýdan täze netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär.
Anyk mysallarda ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barada gürrüň berildi. Şol kuwwat bolsa, ilkinji nobatda, önümçilik serişdeleriniň artdyrylmagynyň, olary ulanmagyň hilini ýokarlandyrmagyň we gurallaryny kämilleşdirmegiň hasabyna pugtalanýar. Şunda uzakhöhletleýin maýa goýumlary Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň möhüm bölegi hökmünde çykyş edýär. Şu ulgamda ädilýän netijeli ädimler milli ykdysadyýetiň okgunly ösmegine, ykdysady we önümçilik kuwwatynyň artmagyna, häzirki zaman durmuş, ulag-kommunikasiýa we inženerçilik düzüminiň kemala gelmegine ýardam edýär.
Çeýe, özboluşly hem-de içerki we daşarky ýagdaýlara laýyk gelýän maýa goýum syýasatynyň durmuşa geçirilmegi ykdysady ösüş strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ýerde kadalaşdyryjy — kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň we netijeli maýa goýum taslamalarynyň döwlet tarapyndan goldanylmagynyň esasynda ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň hususy maýadarlaryny çekmek üçin amatly ýagdaýy döretmek esasy wezipedir.
Umuman, türkmen Lideriniň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler uzakmöhletleýin geljek üçin türkmen döwletiniň durnukly ösmegini üpjün etmäge ýardam etdi. Häzirki wagtda okgunly ösýän we ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan Türkmenistanda amatly maýa goýum ýagdaýy döredildi. Munuň özi üstünlikli işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin möhüm şert bolup durýar.
Özara bähbitli tagallalary birleşdirmek üçin ulag — kommunikasiýa ulgamy ileri tutulýan ugrularyň hatarynda görkezildi. Munuň özi, ilkinji nobatda, halkara ulag düzümini ösdürmäge degişlidir. Türkmenistan bu ugurda anyk ädimleri ädýär. Mysal üçin, şu ýylyň maý aýynda Gazagystan—Türkmenistan—Eýran demir ýolunyň türkmen- gazak böleginiň açylyş dabarasy boldy. Bu demir ýol «Demirgazyk—Günorta» yklymara ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolup durýar. Bu ýol Aziýanyň, Hazarýaka sebitiniň, Günorta we Gündogar Ýewropanyň hem-de Pars aýlygynyň ýurtlaryny birleşdirip, ykdysady nukdaýnazardan ýükleri daşamak üçin örän amatly ugry üpjün eder. Mundan başga-da, Hazarda Türkmenbaşynyň deňiz porty döwrebaplaşdyrylýar. Munuň özi Günorta — Kawkaz ulag geçelgesini ulanmak arkaly Gündogar — Günbatar ugry boýunça daşalýan ýükleriň möçberlerini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer. Şol ugur soňy bilen Gara deňiz sebitine çykar.
Ähli babatda häzirki zaman tehnologiýalaryna esaslanýan Türkmenistan litwaly hyzmatdaşlaryň tejribesini ýokary tehnologiýalar ulgamyna ornaşdyrmaga gyzyklanma bildirýär. Şunuň bilen baglylykda, iň täze işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak babatda Litwa Respublikasynyň ykrar edilen üstünlikleriniň bardygyny nazar almak bilen, maglumatlar tehnologiýalary ulgamynda litwaly hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň Türkmenistan üçin örän peýdaly boljakdygy bellenildi.
Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda syýahatçylygy ösdürmäge, tebigy we medeni mirasy aýawly saklamaga, maddy däl mirasyň gymmatlygyny ýokarlandyrmaga we beýleki meselelere uly ähmiýet berilýär. Syýahatçylyk milli ykdysadyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmekde möhüm orun eýeleýär. Soňky ýyllarda Litwa Respublikasynda belli bir durmuş-ykdysady şertler döredildi we ol eýýam özüniň aýratyn syýahatçylyk önümi bolan ýurt hökmünde özüni halkara syýhatçylyk bazarynda görkezdi.
Çykyş edenler dynç alyş we syýahatçylyk ulgamynyň ösdürilmeginiň Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygynyň belläp, litwanyň baý tejribesiniň örän peýdaly boljakdygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Litwaly telekeçiler Hazar deňziniň kenarynda dünýä derejesindäki «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny döretmek baradaky taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşmaga gyzyklanma bildirdiler.
Bellenilişi ýaly, syýasy durnuklylyk, milli ykdysadyýetiň okgunly ösmegi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzyklanma bildirýän talaplaryň ählisi bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek babatda durmuşa geçirýän syýasaty daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň Türkmenistan bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga bolan ägirt uly gyzyklanmasyny kesgitleýän esasy şertlerdir. Şunuň bilen birlikde, biziň ýurdumyzyň maýa goýumlary babatda özüne çekijiliginiň onuň amatly ýerleşişi hem-de kuwwatly serişdeler — çig mal binýadynyň bardygy bilen hem şertlendirilendigini bellemelidiris.
Foruma gatnaşyjylara ýörite taýýarlanylan wideofilm görkezildi. Onda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasynyň durmuşa geçirilişi, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler syýasatynyň ähmiýeti barada gürrüň berildi.
Litwanyň wekilýetiniň agzallarynyň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, şu işewürler maslahatynyň esasy maksady Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty bilen tanyşmakdan we milli ykdysadyýetiň hususy böleginiň wekilleri bilen netijeli uzakmöhletleýin gatnaşyklary ýola goýmakdan, şeýle hem Litwanyň işewürlik üçin mümkinçilikleri we şertleri bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Litwatly hyzmatdaşlar işewürligi üstünlikli alyp barmak üçin ähli şertlere eýe bolan türkmen bazarynyň geljeginiň uludygynyň nygtap, özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen anyk teklipleriniň birnäçesini beýan etdiler.
Maslahatyň barşynda litwa tarapynyň hödürlän wideoroligi Litwa Respublikasynyň makroykdysady ýagdaýyny, dostlukly ýurduň esasy kärhanalarynyň ykdysady kuwwatyny görkezip, işewürligi ýöretmegiň ägirt uly mümkinçilikleri barada maglumat almaga mümkinçilik berdi.
Şeýle hem duşuşyga Litwa Respublikasynyň Premýer-ministri Algirdas Butkýawiçýusyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Dostlukly ýurduň hökümetiniň baştutany ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygyň örän oňyn häsiýete eýe bolandygyny kanagatlanmak bilen belledi. Duşuşygyň barşynda gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm meseleleri barada jikme-jik pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Litwanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Hökümetinde geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalarynyň ähmiýetini nygtady. Şol resminamalar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugatalandyrmaga ýardam eder.
Jenap Algirdas Butkýawiçýus türkmen-litwa hyzmatdaşlygynyň geljegi babatda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmagyň möhümdigini belledi. Gurluşyk, agajy gaýtadan işleýän we dokma senagaty, önümçilik we ulag ulgamlary, şeýle hem ýokary tehnologiýalar, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek we azyk önümlerini öndürmek, syýahatçylyk hem-de beýleki ulgamlar döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.Gumanitar ulgam, hususan-da, bilim we medeniýet ulgamlarynda gatnaşyklary berkitmek hyzmatdaşlygyň möhüm ugry diýlip bellenildi.
Litwa Respublikasynyň Premýer-ministri işewürler maslahatynyň ähmiýetini nygtap, şu duşuşygyň netijeleriniň özara ynanyşmak, deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda biziň ýurtlarymyzyň arasynda guralýan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşmaça kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Maslahatyň işiniň ahyrynda Türkmenistanyň we Litwa Respublikasynyň döwlet hem-de işewürler düzümleriniň wekilleriniň arasynda bolan gyzykly we işjeň gürrüňdeşligiň şu duşuşygyň netijeli bolmagyny üpjün edendigi bellenildi. Bu duşuşyk türkmen-litwa gatnaşyklaryny iki ýurduň kuwwatyna hem-de olaryň hyzmatdaşlyga işjeň häsiýet bermek meýillerine laýyk gelýän has ýokary derejä çykarmaga gönükdirdi.
Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň, hususy düzümleriniň we telekeçileriniň wekilleriniň hem-de Litwanyň kompaniýalarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olaryň barşynda täze gatnaşyklar ýola goýuldy, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy we mundan beýläkki gatnaşyklaryň meýilnamalary kesgitlenildi.