Ï Türkmenistanyň Prezidenti Litwa Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Litwa Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi

view-icon 657
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Litwa Respublikasynyň Premýer-ministri Algirdas Butkýawiçýusy kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz bilen mähirli görşüp, belent mertebeli myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we tutuş türkmen halkyna Litwa Respublikasynyň Prezidenti hanym Dalia Gribauskaýtäniň iberen hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Şunlukda, jenap Algirdas Butkýawiçýus Litwanyň özüniň işjeň daşary syýasat ugry hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen döredijilikli başlangyçlary bilen bütin dünýäde ykrar edilen Türkmenistan bilen dostluk we özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga bolan ýokary gyzyklanmalaryny mälim etdi.

Hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda Ýewropa ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin hemişe açykdygyny belledi we bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň soňky ýyllarda işjeň häsiýete eýe bolandygyny aýtdy. Litwa Respublikasynyň Prezidentine mähirli sözlerini aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan hem-de hil taýdan täze derejä çykýan türkmen-litwa gatnaşyklarynyň derejesine kanagatlanma bildirdi hem-de Litwa Respublikasynyň Prezidentini özi üçin islendik amatly pursatda Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan we Litwa hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly we köp ugurly mümkinçiliklere eýedir, bu bolsa dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin ygtybarly binýady emele getirýär.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we Litwa Respublikasynyň Premýer-ministri häzirki döwrüň ýagdaýlaryny hem-de netijeli hyzmatdaşlygy, şol sanda söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklary mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmak we çuňlaşdyrmak üçin bar bolan mümkinçilikleri nazara almak bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunlukda, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň anyk meselelerine şu gün bilelikdäki türkmen-litwa işewürlik maslahatynyň we ikitaraplaýyn hökümetara gepleşikleriniň çäklerinde jikme-jik serediljekdigi bellenildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” ugurlary boýunça täze transmilli üstaşyr-ulag geçelgelerini döretmek bilen baglanyşykly başlangyçlaryny hem-de tekliplerini nazara almak bilen, ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine aýratyn ähmiýet berildi. Olaryň hatarynda Hazar, Gara we Baltika deňizleriniň sebitlerini baglanyşdyrýan, Ýewraziýa giňişliginde, hususan-da, Baltika ýurtlary bilen sebitleýin we sebitara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek üçin uly geljegi bolan täze ulag ugurlaryny döretmek hakyndaky başlangyç bar. Bu başlangyjyň derwaýysdygyny we örän zerurdygyny bellemek bilen, Litwanyň Premýer-ministri düýn biziň ýurdumyza resmi saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz menzilinde bolup, özünde galan täsirler barada aýtdy. Jenap Algirdas Butkýawiçýusyň belleýşi ýaly, Litwa Türkmenistana port hojalygy, logistika, deňiz gatnawy we gämi gurluşygy boýunça özüniň tejribesini hödürlemäge taýýardyr.

Hyzmatdaşlyk babatda geljegi uly ugurlaryň hatarynda energetika ulgamy, birnäçe senagat pudaklary, şol sanda dokma, şeýle hem häzirki zaman ýokary tehnologiýalar pudaklary görkezildi. Türkmenistanyň Prezidenti we Litwanyň hökümetiniň baştutany syýahatçylyk ulgamynda özara gatnaşyklary ýola goýmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, jenap Algirdas Butkýawiçýus Hazaryň türkmen kenarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça giň möçberli taslamany durmuşa geçirmegiň uly geljeginiň we maýa goýum mümkinçilikleriniň bardygyny belledi we düýn täze halkara deňiz şypahanasy bilen tanşanynda, onuň örän ajaýypdygyna hem-de häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýändigine göz ýetirendigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz we Litwanyň hökümet baştutany medeni-gumanitar ulgamdaky netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi babatda aýtdylar we munuň özi iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostluk hem-de birek-birege düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrýar diýip bellediler.Şu jähetden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Litwada we Litwanyň bolsa Türkmenistanda Medeniýet günlerini geçirmek hakyndaky teklibi öňe sürdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Litwa Respublikasynyň Pemýer-ministri Algirdas Butkýawiçýus türkmen-litwa hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, Türkmenistan –Ýewropa Bileleşigi gatnaşyklarynyň çäklerinde üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

* * *

Şeýle hem şu gün Litwa Respublikasynyň Premýer-ministri Gypjaga baryp gördi we ol ýerde Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýadygärligini hatyralady, Aramgähe gül desselerini goýdy hem-de Türkmenbaşynyň Ruhy metjidine aýlanyp gördi.

* * *

Şol gün Aşgabatda Türkmenistanyň we Litwa Respublikasynyň hökümet toparlarynyň arasynda gepleşikler geçirildi. Onuň barşynda türkmen-litwa hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy. Taraplar özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmäge, Türkmenistanyň we Litwanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, şeýle hem işewür toparlarynyň arasynda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga bolan gyzyklanmalaryny mälim etdiler.

Gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Olaryň hatarynda Girdejiler we maýa üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hem-de fiskal boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak baradaky Ylalaşyk, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Litwa Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyk, ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Litwa Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyk hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Litwa Respublikasynyň Söwda, senagat we senetçilik edaralar assosiasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama bar.

* * *

Günüň ikinji ýarymynde Litwa Respublikasynyň Premýer-ministri Algirdas Butkýawiçýus Türkmenistanyň Mejlisine baryp gördi we ol ýerde milli parlamentiň Başlygy A.Nurberdiýewa bilen duşuşdy.

Belent mertebeli myhman Mejlisiň düzümi we kanun çykaryryjylyk işi, şeýle hem Türkmenistanyň içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy ugurlary, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady özgertmeler hem-de giň möçberli özgertmeler maksatnamalary bilen tanyşdyryldy. Türkmen-litwa hyzmatdaşlygynyň ugurlary we mümkinçilikleri barada guralan pikir alyşmalaryň barşynda ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhümdigi bellenildi.

* * *

Şol gün Litwa Respublikasynyň Premýer-ministri paýtagtymyzdaky “Mizan” işewürlik merkezinde guralan türkmen-litwa işewürlik-maslahatynyň işine gatnaşdy.

Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde Litwanyň hökümet baştutany Abadanyň pagta egriji fabrigine baryp gördi we ol ýerde bu iri häzirki zaman dokma önümçiliginiň işi bilen tanyşdy. Şeýle hem belent mertebeli myhman Halkara atçylyk sport toplumyna aýlandy.

Agşamlyk belent mertebeli myhmanyň hormatyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan resmi agşamlyk nahary berildi.