Ï Türkmenistanyň Prezidenti myhmanlary kabul ediş düzüminiň täze desgalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti myhmanlary kabul ediş düzüminiň täze desgalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

view-icon 729
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow durmuş ulgamynyň täze desgalarynyň ikisiniň—paýtagtymyzyň Arçabil etrabynda gurlan “Dag goçy” we “Keýik” restoranlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Ak mermerli täze binalar tebigatyň ajaýyp künjekleriniň biri bolan Gökderede guruldy. Ol türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dynç almagy üçin iň oňaýly ýerleriň biridir. Täze desgalar dag tebigaty bilen aýratyn sazlaşyk döredip, Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda kemala gelýän häzirki zaman myhmanlary kabul ediş düzüminiň üstüni ýetirdi. Dynç alyş we boş wagtyňy geçiriş ulgamynyň desgalary şol düzümiň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Her biriniň umumy meýdany 15 müň inedördül metre barabar bolan täze restoranlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda guruldy. Ýurdumyzyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bu desgalaryň buýrujysy hökmünde çykyş edýär. Binalara ýanaşyk ýerler abadanlaşdyryldy, bagy – bossanlyga bürendi we täsin suw çüwdürimleri bilen bezeldi. Bu ýerde şeýle hem pyýadalar üçin we awtoulag köprüleri, 70 orunlyk awtoduralgalar guruldy. “Dag goçy” we “Keýik” restoranlarynyň Köpetdagyň eteginde ýerleşmegi bolsa bu ýere gelýänleriň gyzyklanmasyny has-da artdyrýar. Olar bu ýerde diňe bir oňat dynç almak we boş wagtlaryny göwnejaý geçirmek bilen çäklenmän, eýsem, ýerli tebigatyň gözelligine syn edip, arassa dag howasyndan dem alyp bilerler.

Şunda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän oňyn döwlet syýasatynyň ileri tutulýan jähtinden soňky ýyllarda Türkmenistanda myhmanlary kabul ediş düzüminiň ösüşiniň kuwwatly itergä eýe bolandygyny nygtamalydyrys. Durmuş ulgamyny – onuň ähli ugurlaryny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek şol syýasatyň esasy meseleleriniň biridir. Şunuň bilen baglylykda, türkmenistanlylaryň, şeýle hem daşary ýurtly myhmanlaryň göwnejaý dynç almagy we boş wagtlaryny netijeli geçirmegi üçin ähli şertleri döretmäge uly ähmiýet berilýär. Daşary ýurtly myhmanlaryň sany bolsa yzygiderli artýar.

Şu maksatlar bilen Türkmenistanda şypahana–dynç alyş we syýahatçylyk düzümlerini ösdürmek, ýurdumyzyň baý syýahatçylyk kuwwatyndan netijeli peýdalanmak boýunça giň möçberli meýilnamalar durmuşa geçirilýär. Munuň özi durmuş we medeni maksatly täze desgalaryň gurulmagyny, myhmanhana we restoran işewürliginiň höweslendirilmegini we tutuşlygyna ýurdumyzyň hyzmatlar ulgamynyň ýokary halkara ülňüleriniň derejesine çykarylmagyny göz öňünde tutýar. Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenaryndaky okgunly ösýän we has meşhurlyga eýe bolýan täze kaşaň deňiz şypahanasy bolan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy munuň aýdyň mysalydyr.

Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde we elbetde, okgunly ösýän hem-de çäklerini giňeldýän türkmen paýtagtynda dynç alşyň we boş wagtyňy geçirmegiň häzirki zaman düzümi döredilýär. Aşgabadyň özüniň ýerleşýän ýeri, şol sanda onuň Köpetdagyň ajaýyp ýerlerine ýakyn ýerleşmegi hem muňa ýardam edýär. Mysal üçin, türkmen tebigatynyň täsin künjekleriniň biri bolan Gökdere jülgesi dynç alýanlaryň arasynda uly meşhurlyga eýedir. Mälim bolşy ýaly, hut şu ýerde çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň täsin şäherçesi ýerleşýär. Her ýyl mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş günlerinde bu ýerde ýurdumyzyň ähli ýerlerinden gelen çagalaryň müňlerçesi dynç alýar. Ýeri gelende aýtsak, tomus möwsüminde Gökderede dynç alýanlaryň sany ep-esli artýar. Aşgabatlylar bu ýerde işden boş wagtlaryny geçirmegi halaýarlar hem-de bu ýere maşgalalary bilen gelýärler. Paýtagtymyzyň myhmanlary hem, şol sanda daşary ýurtly syýahatçylar Gökderä uly höwes bilen gelýärler.

... Dabaranyň başlanmagyna ähli zat taýýar edilipdir. Täze, iki gatly “Dag goçy” restoranynyň öňündäki meýdança Mejlisiň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, şeýle hem ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary ýygnandylar. Bu ýere ýygnananlaryň arasynda hormatly ýaşulular, döredijilik işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, dabara gatnaşýan beýleki myhmanlar bar. Olaryň ählisi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.

Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurýarlar. “Dag goçy” restoranynyň öňündäki meýdançada döredijilik toparynyň çykyşy ýaýbaňlandyrylýar. Bu topar köp öwüşginli aýdym-saz –tans kompozisiýasyny taýýarlapdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen mähirli salamlaşyp, restoranyň merkezi girelgesine tarap ugraýar we binanyň içine girýär hem-de bu ýerde türkmenistanlylar we biziň ýurdumyzyň myhmanlary üçin döredilen şertler bilen tanyşýar.

“Dag goçy” restorany bir wagtyň özünde 330 adamy kabul edip bilýär. Bu ýere gelenlere hyzmatyň ýokary hili kepillendiriler we tagamlaryň köp görnüşleri, şol sanda milli aşhananyň tagamlary hödürlener. Şol tagamlary bolsa öz işiniň ussady bolan tejribeli aşpezler taýýarlar. Restoranyň 1-nji gatynda 140 orunlyk zal, şeýle hem aşhana, iýmit barlaghanalary we degişli tehniki otaglar ýerleşýär. Bu ýerde şeýle hem işgärleriň iş otaglary ýerleşdirilipdir.

Döwlet Baştutanymyz “Dag goçy” restoranynyň bezelişi bilen tanşyp, müşderilere edilýän hyzmatyň medeniýetiniň we hiliniň ýokary bolmagyny üpjün etmegiň, adamlaryň oňat dynç almagy üçin ähli şertleri döretmegiň möhümdigini nygtady. Bu restoranyň bezeginde milli bezegiň hem-de bu ulgamda häzirki zaman ýörelgeleriniň özboluşly sazlaşyk döredýändigini bellemelidiris.

Binanyň ikinji gatynda 25 orunlyk oňat bezelen hem-de belent derejeli myhmanlar üçin niýetlenen zal, şeýle hem beýleki degişli otaglaryň birnäçesi ýerleşýär. Şeýle hem ikinji gatdaky eýwanda tomusky dynç alyş üçin saýawanly açyk ýerler göz öňünde tutulypdyr.

Döwlet Baştutanymyz täze restoran bilen tanyşlygy dowam edip, türkmen halkynyň gadymy döwürlerden bäri özüniň myhmansöýerligi bilen şan-şöhrata eýe bolandygyny belledi. Bu myhmansöýelik däpleri nesilden-nesle geçip, täze taryhy eýýamda mynasyp dowam etdirilýär.

Parahatçylyk, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna ygrarly bolmak bilen, Bitarap, Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri hem-de abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary üstünlikli ösdürýär. Soňky ýyllarda biziň ýurdumyzda halkara häsiýetli iri çäreler yzygiderli geçirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we munuň Türkmenistana gelýän ýokary derejeli daşary ýurtly myhmanlaryň sanynyň artmagyny şertlendirýändigini belledi. Biz olary iň gowy milli däp-dessurlarymyz esasynda kabul edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz restorandan çykyp, onuň çäginde ýerleşýän, alty, sekiz we on dört orunlyk tomusky bassyrmalary gözden geçirdi. Bu ýerde hem arassa howada dynç almagy halaýanlar üçin oňaýly şertler döredildi. Ýeri gelende aýtsak, binanyň golaýynda tamdyrlar we türkmen aşhanasynyň milli tagamlarynyň köp görnüşlerini taýýarlamak üçin beýleki zerur enjamlar bilen üpjün edilen ýene-de bir aşhana ýerleşýär.

Hormatly Prezidentimiz restoran bilen tanyşlygy tamamlap, onuň işgärlerine işlerinde üstünlik arzuw etdi we ýurdumyzyň raýatlarynyň hem-de daşary ýurtlardan gelýän myhmanlaryň iň gowy dynç alýan ýerleriniň birine öwrülmegi üçin “Dag goçy” restoranynda ähli şertleriň bardygyny belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz beýleki bir täze desga—şol ýerden uzak bolmadyk ýerde gurlan “Keýik” restoranyna tarap ugrady. Bu ýerdäki dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi mähirli garşylaýarlar. Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurýarlar. Restoranyň merkezi girelgesiniň öňündäki meýdançada medeniýet we sungat ussatlarynyň döredijilik topary joşgunly aýdym-sazlar bilen çykyş edýär.

Hormatly Prezidentimiz “Keýik” restoranyna barýar. “Dag goçy” restorany ýaly, bu restoran hem bir wagtyň özünde 330 adamy kabul edip bilýär. Onuň birinji gatynda 140 orunlyk zal ýerleşýär, onda müşderiler üçin ýokary amatlyklar döredilipdir. Zalyň bezegi hem haýran galdyrýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zalyň içerki bezegine üns berip, şeýle otaglar bezelende timarlamakdan, reňkleri seçip almakdan başlap, mebelleri ýerleşdirmäge, degişli enjamlar bilen üpjün etmäge çenli ähli zat göz öňünde tutulmalydyr diýip belledi.

Içki bezegler amala aşyrylanda, bu işe döredijilikli çemeleşmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunda bu ýere gelýänler üçin ýokary amatlyklaryň döredilmegi esasy görkeziji bolmalydyr. Çünki, restoran diňe jemgyýetçilik iýmiti kärhanasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ol adamlaryň dynç almak hem-de özleriniň boş wagtyny göwnejaý geçirmek üçin gelýän ýeridir. Mundan başga-da, restoran şanly wakalar, şeýle hem işewür duşuşyklar mynasybetli dabaralaryň hem geçirilýän ýeridir.

Hormatly Prezidentimiz dürli tagamlaryň köp görnüşini öz içine alýan restoranyň menýusy bilen gyzyklanyp, milli aşhananyň tagamlaryna üns berdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, öz köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan bu tagamlary taýýarlamagyň däpleri aýawly saklanypdyr we nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimize ýetirilipdir. Milli aşhana türkmen halkynyň medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar we onuň baý taryhy hem-de ýaşaýyş-durmuşy bilen baglanyşyklydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Däp bolan milli usullar boýunça ussatlyk bilen taýýarlanan tagamlar restoranyň tagamlarynyň sanawyna özboluşly öwüşgin çaýar we gürrüňsiz, daşary ýurtly myhmanlarymyzyň göwnünden turar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz liftde “Keýik” restoranynyň ikinji gatyna galyp, ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek üçin bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy. “Dag goçy” restoranynda bolşy ýaly, bu ýerde hem 25 orunlyk kaşaň zal ýerleşýär. Onda ýokary amatlyklar döredilipdir. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda restoran işine we umuman, myhman kabul ediş düzümini kämilleşdirmek we ösdürmek baradaky gürrüňi dowam edip, bu ulgamda häzirki zaman menejmentini hem-de öňdebaryjy tejribäni öwrenmegiň, hyzmatynyň ýokary derejesini we hilini üpjün etmäge gönükdirilen innowasion tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň möhümdigini belledi.

Restoranyň çägindäki ýanaşyk ýerde amatly tomusky bassyrmalaryň hem bardygyny bellemelidiris. Olar açyk howada dynç almagy isleýänleriň göwnünden turar.

Täze restoran bilen tanyşlyk tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz onuň işgärlerine işinde üstünlikler arzuw etdi we binadan çykdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Şeýlelikde, şu gün paýtagtymyzyň dynç alyş düzüminiň üsti täze, döwrebap “Dag goçy” we “Keýik” restoranlary bilen ýetirildi. Tebigatyň ajaýyp künjeginde bina edilen bu restoranlaryň eýýäm ýakyn wagtda Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dynç almagy babatda iň meşhur ýerleriň birine öwrülmegi üçin ähli mümkinçilikleri we şertleri bardyr.