“Atavatan Türkmenistan” – şeýle at bilen seljeriji täze žurnal çapdan çykdy. Ol şu ýylyň baharynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gülüň Türkmenistana bolan döwlet saparynyň netijeleri boýunça taýýarlandy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň ýurdumyzyň gazananlaryna we üstünliklerine, şeýle hem türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň mundan beýläkki geljegine bagyşlanan neşir iki döwletiň halklarynyň däp bolan dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlylygynyň ýene bir aýdyň beýanyna öwrüler.
Žurnalyň girişinde häzirki eýýamda döwletara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gül tarapyndan berilýän işjeň goldawyň iki doganlyk ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösüşiniň möhüm ýagdaýy bolup durýandygy nygtalýar. Şonuň üçin hem žurnalyň sahabyny milli Liderleriň ikisiniň suratynyň bezemegi özboluşly mana eýedir.
Žurnalyň makalalarynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan we Türkiýe häzirki eýýamda iki dostlukly halkyň taryhy-medeni gatnaşyklarynyň hem-de ruhy däpleriniň umumylygyna esaslanýan köptaraplaýyn netijeli özara gatnaşyklaryň belent nusgasyny beýan edýärler. Türkmen topragynda ýakynda iki ýurduň Liderleriniň duşuşygynyň esasy wakalary “Türkmen-türk gatnaşyklarynda altyn eýýam” diýen makalada öz beýanyny tapýar. Şeýle-de onda daşary ykdysady aragatnaşyklarda diňe bir iki dostlukly ýurduň däl, eýsem, bütin Ýewraziýa yklymynda we hususan-da, täze energetika we üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek wezipeleriniň çözülmeginde hem hyzmatdaşlygyň netijeli özgerişlikleri üpjün edýändigi bellenilýär. Türkmenistanyň ykdysady we maýa goýum syýasatyna bagyşlanan birnäçe mowzuklaýyn makalalar türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny, şol sanda gurluşyk we hususyýetçilik ulgamyndaky ugurlar barada okyjylara gürrüň berýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täzeçillik we netijeli pikirleriniň netijesinde Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we işjeň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan, “Açyk gapylar” syýasatyny üstünlikli amala aşyrýar. Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi bilen şeýle özara gatnaşygy ählumumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýär. Häzirki wagtda türkmen döwleti ykdysady, durmuş we medeni ugurlardaky ägirt uly özgerişlikler bilen şöhratlanýar. Muňa ak mermerli Aşgabadyň, Hazaryň merjeni-“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň özgermegi aýdyň mysal bolup durýar.
Täsin “behişdi” bedewleri – ahalteke atlaryny köpeltmek we ösdürip ýetişdirmek hem-de halyçylyk sungatyny, ençeme beýleki gymmatlyklaryň hatarynda beýik türkmen akyldary we şahyry Magtymgulynyň edebi mirasyny, şeýle hem ruhy-medeni mirasyň baý taryhyny we ýadygärliklerini aýawly saklamak ýaly gadymy milli däpleriň gaýtadan dikeldilmegine dünýä haýran galýar. Bu mowzuklaryň hemmesi owadan suratlar bilen bezelen neşiriň makalalarynda jikme-jik açylyp görkezilýär. Beýleki makalalaryň hatarynda daşky gurşawy goramak meselelerine bagyşlanan makalalar bar.
Türkiýäniň işewür toparlarynyň ýardam bermeginde taýýarlanan we iki dostlukly halkyň dilinde neşir edilen “Atavatan Türkmenistan” žurnaly milli ykdysadyýeti güýçli depginde ösýän hem-de döwletara hyzmatdaşlygynyň köp ugurlarynda toplumlaýyn maksatnamalar we taslamalar üstünlikli amala aşyrylýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan barada giň okyjylar köpçüligine has köpräk bilmäge mümkinçilik berer.