Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow prokuratura edaralarynyň işgärleriniň güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow prokuratura edaralarynyň işgärleriniň güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi

view-icon 838
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow şu günler bellenilýän Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň döredilmeginiň 21 ýyllygy mynasybetli gutlaglary kabul etdi.

Milli Liderimiz gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň kanunlarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegine berk gözegçilik etmek boýunça prokuratura edaralarynyň alyp barýan işleriniň möhümdigini we netijelidigini belledi. Olar ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň sütünlerini berkitmek, häzirki zaman türkmen jemgyýetinde raýat agzybirliginiň we milli ylalaşygyň esasy bolup hyzmat edýän kanunçylygy we düzgün-tertibi pugtalandyrmak işine uly goşant goşýarlar.

Döwlet Baştutanymyz prokuratura edaralarynyň ähli işgärlerini gutlamak bilen, olar geljekde hem halkara hukugynyň umumy kabul edilen kadalaryna laýyklykda milli kanunçylyk binýadyny gyşarnyksyz kämilleşdirýän hakyky demokratik, hukuk döwletiniň sütünlerini hemmetaraplaýyn berkitmäge ýardam etmelidir diýip belledi.

Öňde goýlan belent maksatlara ýetmek üçin bize ak ýürekli, bilimli hem-de eziz Watanymyza we mähriban halkymyza wepaly hünärmenler gerek diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy belledi hem-de prokuratura edaralarynyň işiniň geljekde hem täze taryhy döwrüň ýokary talaplaryna gabat geljekdigine ynam bildirdi.

Baş prokuraturanyň ýolbaşçylaryna ýurdumyzda ýaýbaňlandlyrylan giň gerimli harby özgertmeleri toplumlaýyn amala aşyrmak bilen bagly anyk tabşyryklar hem berildi. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli işgärleriniň gulluk we durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy şol özgertmeleriň esasy ugry bolup durýar.