Ï Türkmenistan – GDA: söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak arkaly
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan – GDA: söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak arkaly

view-icon 793
Şu gün bu ýerde, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky “Kerwen” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Orta we kiçi telekeçiligi goldamakda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň orny we ähmiýeti” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşinde başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän bu foruma gatnaşmak üçin Hazaryň türkmen kenarynda Russiýa Federasiýasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Gyrgyzystan Respublikasynyň milli söwda-senagat edaralarynyň we işewürlik düzüimleriniň wekilleri ýygnandylar. Şeýle hem forumyň işine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we banklarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, telekeçilige goldaw bermek, ykdysady maglumatlary alyşmak we maýa goýumlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek GDA agza bolup durýan ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň işiniň möhüm ähmiýetli ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, her ýylda geçirilýän maslahatlarda we duşuşyklarda innowasion ösüşe, döwletiň hem-de hususyýetçiligiň özara arkalaşykly hereket etmegine we sebitara hyzmatdaşlygyna degişli meselelere uly üns berilýär.

2013-nji ýylda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň GDA gatnaşyjy döwletleriň Söwda-senagat edaraldaryň ýolbaşçylarynyň Geňeşinde başlyklyk etmeginde geçirilýän çäreleriň Maksatnamasynyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde ýurdumyzyň dokma senagatynyň önümleriniň ilkinji sergi-ýarmarkasy üstünlikli geçirilip, bu edaralaryň özara arkalaşykly hereket etmeginiň geljekki ugurlary kesgitlenildi hem-de ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, dokma senagaty boýunça hyzmatdaşlar bilen netijeli işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak, doganlyk iki halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmak ugrunda nobatdaky ädime öwrüldi.

Şu maslahatyň gün tertibine Arkalaşygyň ýurtlarynda hususy telekeçiligiň höweslendirilmegine we onuň ösdürilmegine ýardam berilmegine, GDA gatnaşyjy döwletleriň işewür toparlarynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklar we maýa goýumlaryna degişli hyzmatdaşlyk babatda Söwda-senagat edaralarynyň, ugurdaş döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ugry boýunça döwletara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi ugrundaky wezipeleri berjaý etmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy goşdy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hususy telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw bermek we ony ösdürmek Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm ähmiýetli ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzyň ykdysadyýetini öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda çalt depgin bilen ösdürmek, importyň deregini tutýan önümleriň innowasion önümçiliklerini döretmek we ýokary hilli önümleri işläp taýýarlamak boýunça öňe sürlen strategiki wezipeler bilen baglylykda, hut hususy düzüme möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň telekeçileri uly möçberli döwlet buýurmalary esasynda ykdysadyýetiň gurluşyk, söwda, obasenagat toplumy, azyk senagaty, dokma we mebel ulgamlary, ulag, aragatnaşyk, maglumatlar tehnologiýalaryny, innowasiýalary ornaşdyrmak we ulanmak, serwis hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak boýunça önjeýli goşant goşýarlar.

Döwlet kuwwatly telekeçilik düzümleriniň döredilmegine, ýokary hilli önümleriň öndürilmeginiň mundan beýläk-de höweslendirilmegine, eýeçiligiň ähli görnüşlerine degişli kärhanalaryň arasynda sagdyn bäsdeşligiň döredilmegine gönükdirilen netijeli çäreleriň toplumyny kesgitläp, hususy telekeçilige täzelikleri, döredijilik başlangyçlaryny amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça “2011-2015-nji ýyllarda Türkmenistanda kiçi we orta telekeçilige goldaw bermek boýunça döwlet maksatnamasy” hut şol wezipeleriň berjaý edilmegine gönükdirilendir, bu maksatnama ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmek, täze iş orunlaryny döretmek boýunça maýa goýumly taslamalary amala aşyrmakda netijeli gurala öwrüldi.

Ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, telekeçiligi üstünlikli amala aşyrmak üçin şertleriň döredilmegine, daşary ýurtly işewür düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine ýardam bermelidir. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen işleriň utgaşykly alnyp barylmagy şol wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmegine ýardam edýär, bu birleşmäniň müňlerçe agzalary diňe bir içerki ykdysady giňişlikde has ynamly orunlary eýelemek bilen çäklenmän, daşary ýurt bazarlaryny hem üstünlikli özleşdirýärler.

Maslahatyň barşynda milli Söwda-senagat edaralarynyň işi, şol sanda telekeçilige goldaw bermek, daşary söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, öz ýurtlarynyň işewür toparlarynyň ykdysady bähbitlerine wekilçilik etmek, Arkalaşygyň ýurtlarynyň işewür toparlarynyň arasynda has ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça maglumatlar diňlenildi.

Türkmenistanyň netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini ugur edinip, GDA-nyň giňişliginde deňhukukly gatnaşygyň giňeldilmegine önjeýli goşant goşýandygy hem-de häzirki döwürdäki ýagdaýlary göz öňünde tutup, netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna degişli täze anyk çemeleşmeleri öňe sürýändigi bellenildi. Duşuşyga gatnaşyjylar ýurdumyzda telekeçiligiň ösüş depginlerine, bu ýerde döwrebap, netijeli işewürligi ösdürmek, daşary ykdysady işiň gerimini giňeltmek üçin döredilen oňaýly şertlere ýokary baha berdiler.

Pikir alyşmagyň barşynda, kiçi we orta telekeçilige degişli subýektlere goldaw bermekde we olary ösdürmekde, daşarky bazarlarda olaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda, milli ykdysadyýetlere maýa goýumlaryny çekmekde milli Söwda-senagat edaralarynyň mümkinçiliklrinden has işjeň peýdalanmagyň hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary, dünýä ylmynyň we tejribäniň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak arkaly senagat düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagyna ýardam bermegiň möhümdigi bellenildi.

Maglumatlar bilen üpjün etmegiň toplumlaýyn ulgamyny döretmek Söwda-senagat edaralarynyň işinde möhüm ähmiýete eýedir. Şu maksat bilen “GDA ýurtlarynyň söwda-senagat edaralarynyň işewürlige degişli maglumatlary” atly umumy Internet-portaly açyldy we şondan netijeli peýdalanylýar. Sergi-ýarmarka işini kämilleşdirmek, şeýle hem telekeçileriň eksport üçin niýetlenen önümlerini ýerlemek we özara haryt dolanyşygyny ösdürmek maksady bilen, söwda-senagat wekilhanalaryny we söwda öýlerini açmak bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.

Günüň ikinji ýarymynda duşuşyga gatnaşyjylar ikitaraplaýyn gepleşikleriň birnäçesini geçirdiler. Bu gepleşikleriň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň anyk jähetleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa forumy geçirmegiň barşynda türkmen topragyndaky myhmansöýerlik, özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrundaky netijeli başlangyçlar üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Şu günler Awazanyň kenar ýakasynda uly möçberli baýramçylyk çäresi — Medeniýet hepdeligi geçirilýär. Ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar bu ýerde bolmagyň çäklerinde maslahat tamamlanandan soňra, düýn “Nebitçi” myhmanhanasynda açylan Halkara sungat sergisine baryp gördüler.