Şu gün Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze Bagt köşgüniň açylyş dabarasy boldy. Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli täze desganyň açylyş dabarasy halkymyzyň abadançylygynyň derejesini artdyrmak we milli ruhy däpleri ösdürmek üçin ähli amatly şertleri döretmegi nazarlaýan giň möçberli oňyn özgertmeler syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Aşyk--magşuklaryň söýşen ýüreklerini baglanyşdyrmaga, täze maşgalalary emele getirmäge niýetlenen Bagt köşgüniň baýramçylyk gününde açylmagynyň özboluşly manysy bardyr. Çünki türkmen halky gadymy döwürlerden bäri täze gelniň işikden ätlemegini baýtyýarlyk we bereket hasaplaýar, gelin toýy bolsa biziň halkymyzda hemişe maşgalanyň esasy dabarasy saýylýar.
Geljege bedew bady bilen gadam urýan ýurdumyz halkymyzyň gadymy däp-dessurlaryny utgaşykly ösdürýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow asyrlar aşyp gelen ruhy ýörelgeleriň, milli gymmatlyklaryň aýawly saklanmagyna we artdyrylmagyna, tutuş adamzadyň bahasyz hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň tutuş dünýäde wagyz edilmegine möhüm ähmiýet berýär.
Ir bilen döwlet Baştutanymyzyň dikuçary Balkanabat şäheriniň howa menzilinde gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri mähirli garşylaldylar. Millli Liderimize ajaýyp gül desseleri gowşurylýar. Döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde nurana aýdym-sazlar, milli tanslar ýaýbaňlandyrylýar.
Milli Liderimiz joşgunly çykyşlary üçin döredijilik toparlaryna minnetdarlyk bildirip, akkordeonçylaryň çagalar toparynyň ýaş sazandalarynyň ýanyna bardy. Olar döwlet Baştutanymyza ýerine ýetirijilik ussatlyklaryny görkezdiler. Hormatly Prezidentimiz olara öz zehinlerini we döredijilik ukyplaryny amala aşyrmakda tutanýerli we maksada okgunly bolmagy arzuw edip, topara täze akkordeonlary sowgat berdi we çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi.
Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy howa menzilinden Bagt köşgüniň ýerleşýän ýeri bolan Balkanabat şäheriniň merkezine tarap ugur alýar. Şäher bu gün adatdakysyndan has-da gözel görünýär. Döwlet Baştutanymyzyň ulag kerweniniň geçýän ugruna çykan köp sanly ýaşlar, şäher ilaty we onuň myhmanlary milli Liderimizi şatlyk-şowhun bilen garşylaýarlar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Balkanabat özüniň keşbini okgunly özgerdýär. Ol giň köçeleri, saýaly baglary we seýilgähleri bilen örän owadan häzirki zaman şäherine öwrüldi. Ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, bu ýerde täze mekdepleriň, çagalar baglarynyň, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, söwda merkezleriniň, sport desgalarynyň, ulag ýollarynyň we beýleki durmuş-ykdysady, ulag-aragatnaşyk desgalarynyň gurluşygy batly depginderde alnyp barylýar.
Soňky ýyllarda şäherde bina edilen desgalaryň hatarynda iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen eneleriň we çagalaryň saglygyny goraýan “Ene mähri” merkezi, anyklaýyş merkezi, kaşaň teatr binasy, taryhy-ülkäni öwreniş muzeýi, Balkan welaýat häkimliginiň edara ediş binasy, kuwwatly gaz turbinaly elektrik stansiýa, ýaşaýyş jaýlary, 10 müň tomaşaçy orunlyk stadiony bolan sport toplumy we Balkanabadyň eteginde bina edilen häzirki zaman aýlawy bolan atçylyk sport toplumy bar.
Ine, bu gün hem Balkanabatda täze desga açylýar. Şäheriň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getiren we medeni--dynç alyş seýilgähiň ýakynynda ýerleşýän Bagt köşgüniň täze binasy Balkan welaýatynyň merkeziniň şäher gurluşyk derejesiniň ýokarlanmagyny şertlendirdi.
Häzir bu ýerde belent owaza beslenen baýramçylyk dabarasy dowam edýär. Bu ýerde döwlet Baştutanymyza köp sanly dabara gatnaşyjylar we myhmanlar garaşýarlar. Olaryň hatarynda milli parlamentiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, ähli welaýatlaryň, Aşgabat şäheriň, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri bar. Şu gün Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze binasynda nikalaşmak bagty miýesser eden ýaş çatynjalar hem şu günki dabara gatnaşýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulagy dürli lentalar, baýdaklar we howa şarlary bilen bezelen Bagt köşgüniň merkezi girelgesiniň öňündäki meýdançada saklanýar. Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurýarlar. Hormatly ýaşulular milli Liderimize duz-çörek hödür edýärler. Hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan ähli işlerinde uly üstünlikler hakynda hoşniýetli dilegler edilýär.
Mähirli garşylanandygy üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşýan ýaşulular bilen gürrüňdeş bolýar. Döwlet Baştutanymyz olaryň hal-ahwallary, durmuşlary bilen gyzyklanýar we ýurtda alnyp barylýan işler barada söhbetdeş bolýar. Şu günler Balkan welaýatynda möhüm ähmiýetli köp sanly çäreler geçirilýändigini belläp, döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlary ýurdumyzda giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilýän baýramçylyk–Medeniýet we sungat işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
Häzirki döwürde Balkan welaýaty hem, ýurdumyzyň beýleki welaýatlary ýaly, ähli ugurlar boýunça ýokary depginler bilen ösýär diýip, milli Liderimiz belledi. Welaýatda köp sanly iri senagat we ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalar yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. Gadymy balkan topragynyň özgermegi, gülläp ösmegi bizi örän guwandyrýar.
Şu gün biz Balkanabat şäherinde täze gurlan Bagt köşgüni dabaraly açyp, ulanmaga bereris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Bagt köşgi häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda guruldy. Bu köşk ýaş çatynjalaryň toý dabaralaryny ýokary derejede geçirmäge mümkinçilik berer. Nesip bolsa, ertir «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň birbada 13 sanysyny dabaraly açyp, ulanmaga bereris diýip, milli Liderimiz aýtdy.
“Ýurdumyzyň ykdysadyýeti ýokary depginler bilen ösýär. Diňe biziň ýurdumyz ýaly ykdysady taýdan ösen, kuwwatly döwlet birnäçe iri desgalary, köşkleri we giden şäherçeleri gurup, ulanmaga berip biler” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Döwlet Baştutanymyz söhbetdeşligini dowam edip, ýurdumyzyň Konstitusiýasynda döwletiň iň gymmatly hazynasy adamdyr diýlip bellenýär. Şoňa görä-de, biz halkymyz gowy durmuşda ýaşar ýaly, oňat şertlerde dynç alar ýaly, köp sanly medeni-durmuş maksatly desgalary yzygiderli gurup, ulanmaga berýäris. «Awazada» täze gurlup, ulanmaga berilýän döwrebap desgalar hem biziň adam hakynda, mähriban halkymyz barada uly alada edýändigimiziň ýene-de bir aýdyň mysalydyr.
Şu günler «Awazada» Medeniýet hepdeligi hem geçirilýär. Hepdelige gatnaşmak üçin daşary ýurtlardan hem köp sanly myhmanlaryň gelendigini belläp, döwlet Baştutanymyz Hepdeligiň dowamynda gyzykly we örän täsirli medeni çäreleriň geçirilýändigini aýtdy.
“Medeniýet – halkyň kalbydyr. Medeniýet we sungat adamlary täze üstünliklere galkyndyrýar. Şoňa görä-de, biz milli medeniýetimizi ösdürmäge aýratyn üns berýäris” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Nesip bolsa, biz şu ýyl Ýaşulularyň maslahatyny Daşoguz welaýatynda geçireris. Maslahatda ýurdumyzy ösdürmegiň möhüm meselelerine serederis. Şoňa görä-de, eger teklipleriňiz bar bolsa, onda häzirden Ýaşulularyň maslahatynyň garamagyna iberiň diýip, döwlet Baştutanymyz il sylagly ýaşululara ýüzlenip aýtdy.
Siz halkymyzyň agzybirligini berkitmekde, ýurdumyzda asudalygy saklamakda uly işleri bitirýärsiňiz. Ýaş nesillerimize öwüt-ündew edýärsiňiz, mynasyp terbiýe berýärsiňiz. Alyp barýan işleriňiz üçin, size tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin diýip, döwlet Baştutanymyz dili senaly gojalara berk jan saglyk we uzak ömür arzuw etdi.
Ýaşulular hormatly Prezidentimize sowgat eden Bagt köşgi we bagtyýar durmuş baradaky yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde täze üstünlikler arzuw etdiler.
Sebitiň döredijilik ussatlary, tans we folklor toparlary dabaranyň şowhunyny artdyrýarlar. Bu ýerde asylly gelinleriň tansy, şeýle hem nurana juwanlar jübütleýin tanslary ýerine ýetirilýär. Olaryň örän dabaraly hem-de mylaýym hereketleri bu ýere gelenlerde ýakymly täsir galdyrýar.
Dabaranyň barşynda parahatçylygyň, bagtyýarlygyň we abadançylygyň nyşany bolan müňlerçe howa şarlary asmana goýberilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýörite taýýarlanylan münbere geçýär we dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, olary şanly waka -- şäher gurşawyna özboluşly bezeg beren Balkanabadyň täze Bagt köşgüniň açylyşy bilen gutlaýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu bina özboluşly medeni-usulyýet merkezi bolmak bilen, milli medeniýetimizi wagyz etmekde we ösdürmekde möhüm orny eýelär.
Bu köşgüň gurluşygyna geçen ýylyň maý aýynda badalga berlendigini, bu gün bolsa bu ýerde öz ykballaryny baglanyşdyrýan ýaşlaryň täze maşgalany emele getirýändigini bellemek bilen, milli Liderimiz olary ajaýyp dabara bilen gutlady we ýaşlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, agzybirlik we bagtyýarlyk arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, döwletimiz tarapyndan maşgala barada uly alada edilýär, ýurdumyzda maşgala köp sanly ýeňillikler berilýär. Şol ýeňillikleriň hatarynda toý tutýan ýaş çatynjalara we olaryň her biriniň ene-atasyna 10 gün möhlet bilen berilýän tölegli goşmaça rugsatlary görkezmek bolar. Aýal maşgalalara çaga doglanda we ol 3 ýaşyny doldurýança çaga seretmek boýunça rugsat we döwlet kömek puly berilýär. Sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere «Ene mähri» diýen hormatly at dakylýar. Bu ada mynasyp bolan enelere birwagtlaýyn pul baýragy tölenýär. Olaryň mugt jemagat hojalygy hyzmatlaryndan we beýleki birnäçe ýeňilliklerden peýdalanmaga hem hukugy bardyr.
Ýurdumyzda maşgala zerur bolan öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almak üçin ýeňillikli karz serişdeleri berilýär. Şeýle hem, ýaşaýyş jaýyny ýa-da öýi doly bahasyna satyn almak üçin, 1 göterim bilen 30 ýyllyk möhlete karz berilýär. Ýurdumyzyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan bu ýeňillikler we maşgala berilýän beýleki birnäçe goldawlar döwletimiziň maşgala hakynda edýän aladasynyň aýdyň mysalydyr. Maşgala jemgyýetiň özeni bolup durýar. Şoňa görä-de, maşgala ojagy mukaddes hasap edilýär diýip, milli Liderimiz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny dowam edip, häzirki döwürde halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda edilýän alada döwletimiziň esasy, baş wezipesine öwrüldi diýip belledi. Şoňa görä-de, raýatlarymyzyň oňat dynç almaklary, saglyklaryny berkitmekleri, boş wagtlaryny gyzykly we netijeli geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. Eziz Diýarymyzda ýaşaýyş-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň giň gerim bilen gurulmagy, kämil şypahana-dynç alyş ulgamynyň döredilmegi we yzygiderli ösdürilmegi halkymyzyň hal-ýagdaýyny ösen ýurtlaryň derejesine ýetirmäge mümkinçilik berýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Biz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny hem şu maksatlardan ugur alyp döretdik we barha ösdürýäris. Milli syýahatçylyk zolagynda mähriban halkymyza, şeýle hem ýurdumyza gelýän myhmanlara hyzmat etjek ýokary derejeli täze myhmanhanalary, sagaldyş we dynç alyş merkezlerini, ähli amatlyklary bolan kottejler toplumlaryny yzygiderli açyp, ulanmaga berýäris. Şoňa görä-de, Hazaryň ekologiýa taýdan örän arassa türkmen kenarynda dynç almak isleýän adamlaryň sany barha artýar.
«Awazada» şu günler milli medeniýetimiziň ýeten belent sepgitlerini, gazanan üstünliklerini giňden açyp görkezýän Medeniýet hepdeligi hem-de onuň çäklerinde Halkara sungat sergisi geçirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, biziň gadymy we baý medeniýetimiz we sungatymyz halkymyzyň agzybirligini we bitewüligini pugtalandyrmaga, milli buýsanjymyzy artdyrmaga, halklaryň arasynda dost-doganlygy berkitmäge ýardam berýär.
«Awazada» geçirilýän bu hepdelik hem milli medeniýetimizi ösdürmäge, Bitarap döwletimiz bilen daşary ýurtlaryň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge, dünýäniň beýleki halklarynyň medeniýeti we sungaty bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berer. Onuň çäklerinde ertir «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda täze gurlan döwrebap sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň we kottejler toplumlarynyň birnäçesi dabaraly açylyp, ulanmaga berler.
Ulanmaga beriljek dynç alyş merkezleriniň hatarynda ýurdumyzyň Oba hojalyk toplumynyň «Hasyl» sagaldyş we dynç alyş merkezini, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň bäş ýyldyzly «Deňiz» myhmanhanasyny, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Täjir» dynç alyş merkezini hem-de 8 sany kottejler toplumyny görkezmek bolar. Bulardan başga-da, «Awazada» welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň buýurmasy esasynda gurlan sagaldyş-dynç alyş merkezleri hem-de kottejler toplumy, Nebitgaz toplumynyň «Galkynyş» dynç alyş merkezi, Medeniýet ministrliginiň «Şowhun» we Daşary işler ministrliginiň «Ýüpek ýoly» kottejler toplumlary hem dabaraly ýagdaýda ulanmaga berler.
Bu täze sagaldyş merkezlerinde lukmançylyk otaglary, restoranlar, dynç alýan adamlaryň boş wagtyny gyzykly geçirmekleri üçin kinozallar we amfiteatrlar, dürli harytlaryň dükanlary bar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňiz syýahatçylygy bilen gyzyklanýan adamlar üçin «Ýelken» ýaht-kluby hem guruldy. Täze gurlan ýaht-kluby adamlara deňizde gezelenç etmäge, tebigatyň gözelliklerini synlamaga we oňat dynç almaga mümkinçilik berer.
Dürli maksatly binalaryň we desgalaryň birbada birnäçesiniň dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleriniň aýdyň beýanydyr. Eziz Diýarymyzyň gülläp ösmegine, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna gönükdirilen giň gerimli işleri biz mundan beýläk-de yzygiderli dowam ederis diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň ahyrynda bu ýere ýygnananlary, olary üsti bilen ýurdumyzyň ähli halkyny şu günki şanly waka bilen gutlap, hemmelere berk jan saglyk, asuda, abadan we bagtyýar durmuş, Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Milli Liderimiziň çykyşy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.
Bagt köşgüniň işigine toý gelinalyjysy gelýär we dabara gatnaşyjylaryň öňünde türkmen toýlaryna mahsus bolan milli dessurlar ýaýbaňlandyrylýar. Gadymy döwürlerden bäri türkmenler durmuşda bolup geçýän şatlykly wakalary agzybirlikde dabaralandyrypdyrlar. Halkymyz täze jaý gurýana kömek edipdir, täze dünýä inen bäbege uzak ýaş diläpdir, toý dabaralary agzybirlikde sowupdyr. Her dabaranyň gözbaşyny ýüzýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan özboluşly dessury bolupdyr. Örän owadan we nurana dessurlar halkyň kalbynyň mähri bilen toýuň dabarasyny sazlaşdyryp, özboluşly türkmen medeniýetini kemala getiripdir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow haly düşelen ýoda bilen Bagt köşgüniň merkezi girelgesine barýar. Dabaraly pursat gelip ýetýär. Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda binanyň toý bagyny kesýär we täze desganyň eýwanyna girýär. Şol ýerden hem dört gatly täze bina bilen tanyşlyk başlanýar.
Bagt köşgüniň binagärlik keşbi özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Köp gatly binanyň merkezi bölegi zenanlaryň baş gabyny–börügi ýatladyp, ol halka görnüşindäki gatlaryň ikisi blen gurşalypdyr. Ol bu ýerde täze gurulýan maşgalalaryň agzybirligini, ygtybarlylygyny we berkligini alamatlandyrýar. Köşgi gurşap alan çüwdürimleriň göwher kimin suw damjalary günüň şöhlesine öwşün atyp, agşamlaryna olar dürli reňkli çyralaryň ýagtysyna gözüňi gamaşdyrýar. Täze binanyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, bagy-bossanlyga bürelipdir. Bu ýerde pürli, gyrymsy agaç nahallary oturdylypdyr, aýmançalar gurlup, özboluşly çyralar we oňaýly oturgyçlar oturdylypdyr.
Bagt köşgüniň içki bezeginde we daşky keşbinde häzirki zaman ýörelgeleri bilen gadymy milli binagärlik däpleri sazlaşykly ulanylypdyr. Köpugurly merkeziň düzüminde nikalary dabaraly resmileşdirmek we toý çärelerini geçirmek üçin birnäçe zallar, ähli zerur bolan toý çärelerini guramak üçin bölümler, şol sanda toý lybaslaryny berýän hem-de gelnalyjy ulaglarynyň bezegini ýerine ýetirýän salonlar we beýlekiler toý tutýanlaryň hyzmatynda.
Döwlet Baştutanymyz birinji gatda ýerleşdirilen ýörite dükanlary synlaýar. Olarda toý lybaslary, zergärçilik önümleri, toý dabaralaryny geçirmek üçin niýetlenen dürli sowgatlyklar we beýleki zatlar bar. Hormatly Prezidentimiz Bagt köşgüniň işgärleri bilen söhbetdeş bolýar. Olar milli Liderimize toý dabaralaryny geçirmek üçin şunuň ýaly ajaýyp binany açyp berendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler.
Soňra hormatly Prezidentimiz nika çärelerini geçirmek üçin ähli zerur şertleri bolan we her biri 100 orunlyk “Akmaýa” we “Ak kejebe” zallarynyň bezeg aýratynlyklary hem-de olarda döredilen şertler bilen içgin tanyşýar. Ozal belleýşimiz ýaly, olaryň bezeginde milli äheňiň we nurana ýörelgeleriniň öwüşgini agdyklyk edýär. Zallarda dabara gatnaşyjylara toý çäreleriniň öwüşginini ýatladýan täsiri bolan ajaýyp milli sazlar ýaňlanýar.
Bu ýerde, binanyň birinji gatynda şeýle hem surat studiýasy, gözellik salony we dellekhana, süýji-köke dükany, bina ýanaşyk gurlan jaýyň içinde bolsa 500 orunlyk restoran göz öňünde tutulypdyr. Binanyň ikinji we üçünji gatlarynda dolandyryş iş otaglary ýerleşdirilipdir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow merkeziň sazlaşykly işi üçin döredilen şertler bilen tanşyp, binanyň baş maksadynyň biziň milli däp-dessurlarymyzy, halkymyzyň ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýän belent ruhy ýörelgelerini geçirilýän dabaralarda açyp görkezmekden ybaratdygyny nygtady. Toý çäreleriniň her bir dabarasy türkmen halkynyň ruhy gymmatlygyna, onuň özboluşly milli medeniýetine, gözelligine we biziň ajaýyp dessurlarymyzyň düýp özenine laýyk gelmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz lift arkaly binanyň dördünji gatyna çykýar. Ol ýerde nika baglaşylýan uly zal ýerleşýär.
Bu ajaýyp zalda milli Liderimizi şu gün nika baglaşýan juwanlaryň bäş jübüti garşylaýar. Olaryň sanynyň ýurdumyzyň bäş welaýatynyň sanyna gabat gelmeginde özboluşly many bar. Munuň özi şeýle binalaryň ýurdumyzyň bäş welaýatynda hem bina ediljekdigini alamatlandyrýar. Nika baglaşýan juwanlaryň lybaslarynda häzirki zaman biçüwi bilen milli usullaryň sazlaşýandygyny aýratyn bellemeli.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş çatynjalar bilen mähirli salamlaşyp, olara asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgelerimize laýyklykda ak ýol, bilelikdäki bagtyýar durmuşy, päk söýginiň yşkyndan binýat bolan maşgalalara uzak ömür arzuw edýär. “Şu gün siziň durmuşyňyzda iň bagtly, ýatdan çykmajak günleriň biri. Siz täze Bagt köşgünde nika baglaşyp, durmuş ýoluna gadam basýarsyňyz. Täze maşgala döredýärsiňiz. Bagtly boluň! Agzybir boluň!” diýip, döwlet Baştutanymyz ýaşlara hoşniýetli arzuwlaryny aýtdy.
Halkymyzyň: «Maşgalada agzybirlik bolsa, hazyna gerek däl!» diýen pähimi bar. Maşgalanyň berkligi, agzybirligi döwletiň mizemez binýadydyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. “Döwletimiz mukaddes maşgala ojagyny goldamaga we goramaga hemişe uly üns berýär” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş çatynjalary tüýs ýürekden gutlap, olara bagt, berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we agzybirlik arzuw etdi.
Soňra dabaraly ýagdaýda ýaş çatynjalar kitapda öz gollaryny goýup, nikalaryny berkitdiler we birek-birege nika ýüzügini dakdylar.
Ýaşlar milli Liderimize täze ajaýyp Bagt köşgüni peşgeş edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny mälim etdiler we şu günki günüň hakydalarynda hemişelik galjakdygyny hem-de onuň maşgalada nesilden-nesle geçjekdigini buýsanç bilen bellediler.
Şu günki şanly we ýatda galyjy waka mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bagtyýar ýaşlar bilen ýadygärlik surata düşdi.
Döwlet Baştutanymyz lift bilen binanyň birinji gatyna düşüp, Hormatly myhmanlar üçin niýetlenen kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylary bu şanly waka bilen ýene bir gezek gutlady hem-de ýaş çatynjylara päk söýgi, birek-birege düşünişmek, abadançylyk arzuw etdi. Bagt köşgüniň açylyş dabarasynyň ahyrynda milli Liderimiz merkeziň işgärlerine täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.
Şol gün hormatly Prezidentimiz Balkanabat şäherinden Türkmenbaşy şäherine ugrady.