Ï Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

view-icon 725
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdylla Gülüň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Pursatdan peýdalanyp, dostlukly döwletiň Baştutany türkmen Liderini doglan güni bilen gutlady we bagt, saglyk, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýän ägirt uly maksatlara ýetmekde we wezipeleri çözmekde täze üstünlikleri gazanmak baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Gutlaglary we ýakymly arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli we sebit ähmiýetli birnäçe möhüm taslamalaryň amala aşyrylmagynda wajyp hyzmatdaş bolan Türkiýe bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary ösdürmäge Türkmenistanyň örän uly ähmiýet berýändigini belledi.

Özara gyzyklanma bildirilen söhbetdeşligiň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Abdylla Gül ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda — abraýly halkara guramalarynyň we sebit düzümleriniň ugurlary boýunça şu ýyllaryň dowamynda üstünlikli ýaýbaňlandyrylan köpugurly döwletara hyzmatdaşlygynyň giň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Umuman, şu ýylyň maýynda Türkiýäniň Prezidentiniň Türkmenistana bolan döwlet saparynyň çäklerinde ýokary derejedäki türkmen-türk gepleşikleriniň netijeleri boýunça gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyna ýokary baha berip, söhbetdeşler bar bolan umumy gyzyklanmalary hem-de ägirt uly ykdysady we serişdeler kuwwatyny nazara almak arkaly ähli ugurlarda däp bolan özara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar

Türkmenistanyň we Türkiýäniň döwletara gatnaşyklaryna täze itergi bermäge özara isleglerini tassyklap, iki döwletiň Baştutanlary köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň üýtgewsizdigine, uzakmöhletleýin, özara bähbitli esaslarda ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezident Abdylla Gül türkmen Lideriniň özi üçin islendik amatly wagtda Türkiýä gelip görmek baradaky çakylygyny ýene-de bir gezek tassyklady.Taraplaryň ylalaşyşy ýaly, geljekki saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly kesgitlener.

Hoşlaşanlarynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Abdulla Gül birek-birege hem-de türkmen we türk halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we durnuklylyk baradaky iň oňat arzuwlaryny aýtdylar.