Ï Türkmenistanyň we Ukrainanyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Ukrainanyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

view-icon 698
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ukrainanyň Prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Ukrainanyň Baştutany türkmen Liderini mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de milli Liderimize berk jan saglyk, egsilmez gujur-gaýrat we ähli asylly başlangyçlarynda üstünlikler arzuw etdi. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn özara gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça soňky döwürde aýratyn ösüşe eýe bolan türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň okgunly häsiýetini kanagatlanmak bilen belläp, Prezident Wiktor Ýanukowiç iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de iki döwletiň halklarynyň bähbidine gyşarnyksyz ösdüriljekdigine we berkediljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz mähirli gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen döwletiniň iki halkyň arasyndaky gadymdan gelýän dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady we Ukraina bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, döwletara hyzmatdaşlygynyň uly mümkinçiliklerini amala aşyrmaga, özara gyzyklanma, ähli ugurlarda gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldilmegi parahatçylyk we rowaçlyk işine hyzmat eder.

Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň Liderleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän halkara we sebit syýasatynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösýän türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini kanagatlanmak bilen belläp, söhbetdeşler bu hyzmatdaşlygy iki döwletiň bähbidine amala aşyrmaga özara islegiň bardygyny bellediler.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wiktor Ýanukowiç söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistany we Ukrainany baglanyşdyrýan dostluk gatnaşyklarynyň we netijeli hyzmatdaşlygyň geljekde hem umumy bähbidiň hatyrasyna berkediljekdigine we ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.