Ï Türkmenistanyň Prezidenti syýahatçylyk ulgamynda türk maýadarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň geňeşiniň başlygyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti syýahatçylyk ulgamynda türk maýadarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň geňeşiniň başlygyny kabul etdi

view-icon 678
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky täze desgalaryň açylmagy mynasybetli dabaralara gatnaşýan Türkiýe Respublikasynyň syýahatçylyk ulgamynda maýadarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň geňeşiniň başlygy Turgut Güri kabul etdi.

Myhman milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen mähirli we tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, abadançylyk, türkmen halkynyň bähbidine alyp barýan möhüm we jogapkärli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi. Turgut Gürüň belleýşi ýaly, ol türkmen topragynyň bu künjegini dünýä belli halkara deňiz dynç alyş mekanyna öwürjek Hazaryň kenaryndaky özgerişlikleriň gerimine haýran galypdyr.

Duşuşygyň çäklerinde syýahatçylyk ulgamynda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hakynda pikir alşyldy. Uly mümkinçiliklere eýe bolan ýurtlaryň ikisi hem bu ulgama uly üns berýär. Hormatly Prezidentimiz Awazany ösdürmegiň geljegi barada aýtmak bilen, şypahana-syýahatçylyk ulgamynda, deňiz ulag ulgamyny ösdürmekde özara peýdaly işewür gatnaşyklary ýola goýmagyň, tejribe we innowasion işleri alyşmagyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz we Türkiýe Respublikasynyň syýahatçylyk ulgamynda maýadarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň geňeşiniň başlygy netijeli hyzmatdaşlygy has-da berkitmek barada pikirlerini aýtdylar.

Duşuşygyň ahyrynda Turgut Gür hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen-türk gatnaşyklaryna berýän goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkiýäniň maýadarlarynyň türkmen bazarynda orunlaryny giňeltmäge ymtylýandygyny aýtdy. Onuň özüne çekijiligi özara bähbitli işewür gatnaşyklaryny ösdürmek üçin ýurtda döredilen amatly şertler bilen hem şertlendirilendir.