Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Prezident Serž Sargsýan döwlet Baştutanymyz bilen mähirli salamlaşyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen tüs ýürekden gutlady hem-de milli Liderimize berk jan saglyk we abadançylyk, şeýle hem Türkmenistanyň halkynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Liderimiz gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen döwletiniň Ermenistan Respublikasy bilen däbe öwrülen dostlukly, ynamly we deňhukukly gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydygyny belledi. Şol gatnaşyklar soňky ýyllarda hil taýdan täze mazmuna eýe boldy.
Gepleşigiň barşynda söhbetdeşler türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, taraplaryň geljekde hem ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary giňeltmäge meýillidigini tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, döwletara syýasy gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini nygtap, iki ýurduň Liderleri söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin özara kuwwatyň we giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şolaryň göwnejaý amala aşyrylmagy iki dostlukly halkyň abadançylygynyň bähbidine gabat gelýär.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Serž Sargsýan Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň gadymdan gelýän dostluk däplerine, birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk hem-de özara bähbitleri nazara almak ýörelgelerine esaslanyp, geljekde hem iki halkyň bähbidine üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler
Iki ýurduň Liderleri hoşlaşanlarynda birek-birege jan saglyk we üstünlikler, iki döwletiň halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.