Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 766
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Iş maslahatynda Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek we kabul edilen Milli maksatnamalardan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça öňde durýan wezipeler, obasenagat toplumynda şu gyzgalaňly günlerde meýdan işleriniň alnyp barlyşy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahatynda ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowyň hasabatyny diňledi. Häkim özüniň hasabatyna welaýatyň gallaçylarynyň Watan harmanyna bugdaý tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendigi hakyndaky hoş habardan başlady. Şeýle hem ol ýurdumyzda oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygy, ýerden, suwdan peýdalanmagyň öňdebaryjy usullarynyň giňden ornaşdyrylýandygy hem-de daýhanlar bilen hasaplaşyk işleriniň öz wagtynda, bökdençsiz geçirilýändigi üçin milli Liderimize welaýatyň babadaýhanlarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy we ýetişdirilen hasylyň iň soňky dänesine çenli ýygnalyp, Watan harmanyna tabşyryljakdygyna hormatly Prezidentimizi ynandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu hoş habary kanagatlanma bilen diňläp, welaýatyň oba hojalyk pudagyna dahylly ähli adamlary gazanylan bu zähmet ýeňşi bilen gutlady. Döwletimiziň oba hojalyk pudagyny, şol sanda gallaçylygy ösdürmäge uly üns berýändigini, daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigini, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň öndürýän iň kämil tehnikalarynyň satyn alynýandygyny bellemek bilen, milli Liderimiz soňky iki ýylyň dowamynda welaýatyň daýhanlary üçin täze sürüm traktorlarynyň 131-siniň, däne ýygnaýan kombaýnlaryň bolsa 133-siniň satyn alnandygyny, daýhanlaryň suw, dürli görnüşli dökünler we beýleki zerur serişdeler bilen doly üpjün edilýändigini aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, geçen ýyl Ruhabat galla önümleri toplumynyň ulanmaga berlendigini, onuň düzüminde 100 müň tonna bugdaýy talaba laýyk saklamaga mümkinçilik berýän elewatoryň, degirmen toplumynyň we çörek kärhanasynyň bardygyny belledi.

Häzirki döwürde welaýatyň Tejen etrabynda 50 müň tonna, Babadaýhan etrabynda bolsa 30 müň tonna bugdaýy bildirilýän talaplara laýyk derejede saklamaga niýetlenen elewatorlaryň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Şeýle hem ýurdumyzyň gallaçylyk pudagynda tohumçylyk işlerini gowulandyrmak boýunça zerur çäreler durmuşa geçirilýär, welaýatda bugdaýyň saýlantgy tohumçylygy bilen meşgullanýan hojalyklaryň 8-si döredildi diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Oba adamlarynyň durmuş şertlerini gowulandyrmak, obalaryň we şäherçeleriň durkuny täzelemek, täze döwrebap obalary we şäherçeleri gurmak boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz welaýatyň Gökdepe we Derweze etraplarynda gurulýan täze obalaryň, Ak bugdaý etrabynda gurulýan döwrebap şäherçäniň muňa mysal bolup biljekdigini nygtady. Bu obalarda adamlar üçin ýokary ýaşaýyş-durmuş şertleri dörediler.

Geçirilýän bu işleri özüniň gowy netijesini berýär, indi biziň ýurdumyz azyklyk dänäni daşary ýurtlara iberýän döwlete öwrüldi, bu bolsa türkmen gallaçylarynyň uly üstünlikleri gazanyp, ynamly öňe barýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Biz geljekde hem ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan özgertmeleri ýokary depginler bilen dowam ederis. Oba adamlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak, bugdaýyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek üçin ähli zerur şertleri dörederis diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Ahalyň bereketli topragynda ýetişdirilen galla hasylynyň zaýasyz ýygnalyp alynjakdygyna berk ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiz welaýatyň Sarahs, Altyn asyr we Ak bugdaý etraplarynyň gallaçylarynyň şertnamalaýyn borçnamalaryny ilkinjiler bolup ýerine ýetirendigini aýratyn belledi. Ýurdumyzyň oba hojalyk işgärleriniň oňat dynç almaklary we saglyklaryny berkitmekleri barada uly alada edilýändigini aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda beýleki welaýatlar bilen birlikde, Ahal welaýaty üçin hem täze gurlan, döwrebap sagaldyş-dynç alyş merkeziniň ulanmaga berlendigini, onda orak möwsüminde has tapawutlanan gallaçylaryň ilkinjiler bolup, dynç almaklary üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini tabşyrdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz häkime welaýatyň ýolbaşçylary, gallaçy daýhanlary, orak möwsümine işjeň gatnaşan oba hojalyk işgärleri bilen maslahat geçirip, sebitiň edermen gallaçylarynyň gazanan zähmet ýeňşi mynasybetli özüniň gutlaglaryny we minnetdarlygyny ýetirmek, gazanylan zähmet ýeňşi mynasybetli welaýatda dabaraly çäreleri geçirmek barada birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň edermen gallaçylaryny, oba hojalyk işgärlerini we ähli ilatyny gazanylan bu üstünlik bilen ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we bagtyýar durmuş, azyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini has-da artdyrmak ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Soňra wideoşekilli iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim öz nobatynda, Balkan welaýatynyň babadaýhanlarynyň Watana galla tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendigi baradaky hoş habary aýtdy. Ol hormatly Prezidentimiziň obasenagat toplumyna berýän yzygiderli kömek-goldawy üçin welaýatyň babadaýhanlarynyň adyndan hoşallyk bildirip, zähmet siňdirilip kemala getirilen guşgursak ak bugdaýyň iň soňky dänesine çenli ýygnalyp alynjakdygyny ynandyrdy.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, gazanylan uly üstünlik, ýetilen belent sepgit bilen welaýatyň babadaýhanlaryny tüýs ýürekden gutlady. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň güýçli depginlerde ösdürilýändigini, oba zähmetkeşleriniň, şol sanda edermen gallaçy daýhanlaryň ýokary netijeler gazanmagy üçin döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz daýhanlara häzirki döwrüň kuwwatly tehnikalarynyň satyn alnyp berilýändigini, geçen 2 ýylyň dowamynda Balkan welaýatynyň daýhanlaryna sürüm traktorlarynyň 46-synyň, däne ýygnaýan kombaýnlaryň 56-synyň we beýleki tehnikalaryň satyn alnandygyny nygtady.

Bulardan başga-da, hormatly Prezidentimiz oba hojalyk önümlerini öndürijilere, daýhan birleşiklerine we hojalyklaryna mülkdarlara we kärendeçilere tehnikalary, gurallary, suw tygşytlaýjy enjamlary satyn almak üçin ýyllyk bir göterim bilen ýeňillikli karzlaryň berilýändigini, häzirki döwürde oba adamlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen Oba milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belledi.

Maksatnamanyň çäklerinde oba ýerlerinde ýaşaýyş-durmuş maksatly döwrebap binalaryň we desgalaryň giň gerim bilen gurulýandygyny aýtmak bilen, milli Liderimiz Serdar etrabynda döwrebap obany we Bereket etrabynda täze şäherçäni gurmak boýunça işleriň güýçli depginde alnyp barylýandygyny, täze gurulýan döwrebap obada we şäherçede adamlaryň häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk derejede ýaşamaklary üçin ähli amatly şertleriň döredilýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow suw serişdelerini aýawly we netijeli peýdalanmak, ýurdumyzyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça kabul edilen Baş maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, oňa laýyklykda welaýatda 6 sany suw arassalaýjy desgany gurmagyň göz öňünde tutulýandygyny nygtady. Amala aşyrylýan bu işler döwletimiziň halkymyz, şol sanda oba ilaty, onuň abadançylygy barada uly alada edýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Welaýatyň edermen daýhanlary bu alada jogap edip, topraga yhlas siňdirip, bol hasyl ýetişdirmegi başarýarlar, biz geljekde hem oba hojalygyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, obany galkyndyrmak, oba adamlarynyň durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak üçin ähli zerur işleri geçireris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Gazanylan bu üstünlikde welaýatyň Serdar we Bereket etraplarynyň gallaçylarynyň uly paýynyň bardygyny, bu etraplaryň babadaýhanlarynyň ilkinjiler bolup şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirendiklerini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz munuň welaýatyň kärendeçileriniň, mülkdarlarynyň, kombaýnçylarynyň, oba hojalyk pudagynda işleýän ähli adamlaryň agzybirlik bilen çeken zähmetiniň ajaýyp miwesidigini nygtady.

Yhlasly zähmet çekip, ýokary netijeleri gazanýan Balkan welaýatynyň daýhanlarynyň oňat dynç almaklary üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini aýtmak bilen, milli Liderimiz Awazada welaýatyň täze sagaldyş we dynç alyş merkeziniň açylandygyny, onda sebitiň gallaçylarynyň, oba hojalyk işgärleriniň we ähli ilatynyň göwnejaý dynç almagy hem-de saglyklaryny berkitmekleri üçin zerur şertleriň döredilendigini belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatynyň häkimine ýüzlenip, welaýatda düzüm ýolbaşçylarynyň, öňdebaryjy gallaçylaryň, oba hojalyk işgärleriniň gatnaşmagynda dabaraly maslahat geçirmegi, onda edermen gallaçylara gazanan üstünlikleri mynasybetli özüniň minnetdarlygyny we iň oňat arzuwlaryny ýetirmegi, gallaçy daýhanlaryň gazanan ýeňşiniň hormatyna dabaraly çäreleri geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň ahyrynda Balkan welaýatynyň gallaçy daýhanlaryny gazanan ajaýyp zähmet üstünligi bilen ýene-de bir gezek gutlady we merdana gallaçylara, oba hojalyk zähmetkeşlerine, şeýle hem sebitiň ähli ilatyna berk jan saglyk, abadançylyk, mundan beýläk-de yhlasly zähmet çekip, berkarar döwletimiziň gazanýan üstünliklerine mynasyp goşant goşmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdi.

Soňra wideoşekilli iş maslahatynda Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabaty diňlenildi. Häkim häzirki döwürde sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, galla oragynyň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalarda ýerine ýetirilýän işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ähli ugurlarynda durmuşa geçirilýän işleriň gidişine gözegçiligiň güýçlendirilmelidigi barada aýdyp, galla oragyny üstünlikli jemlemek, gowaçalara ideg etmek işleriniň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz galla oragy bilen bir hatarda, beýleki oba hojalyk işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylmalydygyny belledi. Mundan başga-da, milli Liderimiz sebitiň senagat düzümini ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Ol häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, ekerançylyk meýdanlarynda durmuşa geçirilýän çäreleriň depginini güýçlendirmek babatda bellenilen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatyň durmuş ulgamyny ösdürmek, gurulýan desgalaryň öz wagtynda we ýokary hilli gurlup gutarylmagyny üpjün etmek babatda ýerine ýetirilýän işler hakynda aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatda Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işlere ünsi çekip, bu babatda ýerine ýetirilýän işleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sebitiň durmuş ulgamyny yzygiderli ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamany netijeli durmuşa geçirmäge maksatnamalaýyn çemeleşmeleriň üpjün edilmelidigini nygtady.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem sebitiň durmuş ulgamyny, senagat düzümini ösdürmek we ähli ugurlarda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem welaýatyň çäklerinde gurluşygy dowam edýän desgalardaky işiň depginini artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, galan galla hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bugdaýdan boşan meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, bu ugurda meýilleşdirilen çäreleriň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda durmuşa geçirilmelidigini tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sebitiň durmuş ulgamynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny bellemek bilen, gurulýan desgalardaky işleriň depginini güýçlendirmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary A.Ýegeleýewi, S.Toýlyýewi we Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýewi çagyrdy. Ilki bilen Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew döwlet Baştutanymyza şu gün Aşgabatda irden 6 sagat 36 minutda 12 ballyk dereje boýunça güýji 3 balla barabar bolup geçen ýertitreme barada habar berdi. Habar berlişi ýaly, ýertitremesiniň ojagy Aşgabat şäheriniň 20 kilometr günorta tarapynda, Merkezi Köpetdagyň işjeň zolagynda ýerleşýär. Ýertitremäniň ojagynda depginlilik güýji 3.0 - 4.0 balldan (12 ballyk dereje boýunça) ybaratdyr. Ojagyň çuňlugy 10 kilometre deň boldy.

Türkmenistanyň goranmak ministri, Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri gullugynyň ýolbaşçysy B.Gündogdyýew ýertitremesiniň belli bir ýere degişlidigi, pida bolanlaryň we weýrançylygyň bolmandygy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, ýurdumyzda alnyp barylýan dürli maksatly desgalaryň gurluşygynda, welaýatlarda we paýtagtymyzda bar bolan binalary we ýollary abatlamak hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işlerde, şeýle hem desgalaryň guruljak ýerleri üçin seýsmiki taýdan amatly ýerleri saýlap almak boýunça görülýän çärelerde howpsuzlyk meseleleriniň üpjün edilmegine wise-premýerleriň ünsüni çekdi.

Bolup geçen ýertirteme barada durup geçip, milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara seýsmiki taýdan durnukly gurluşyklara bildirilýän ähli talaplary gyşarnyksyz berjaý etmegi, binalaryň anyk meýilleşdirilen we has netijeli çyzgylaryny işläp taýýarlamagy we beýleki işleri dowam etmegi tabşyrdy. Dürli desgalar gurlanda ýertitremesine garşy çäreler toplumlaýyn berjaý edilmelidir, şol sanda berkligi, kuwwatlylygy ýokarlandyrýan seýsmiki taýdan durnukly gurluşyk serişdeleri saýlanylanda, binalaryň esasy sütünleriniň we beýlekileriň durnuklylygy boýunça çäreler mundan beýläk-de pugta berjaý edilmelidir.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylmy işleriň, hususan-da, seýsmologiýa ylmynyň ösdürilmeginiň möhümdigini nygtady. Onuň esasy wezipesi Ýeriň gaty üstki gatlagynda seýsmograflar tarapyndan hasaba alynýan hemme hereketleriň ölçeglerini we seljerişini geçirmekden ybarat bolup durýar.

Şu babatda milli Liderimiz wise-premýer S.Toýlyýewe Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa institutynyň, seýsmologiýa we ýer titremelerini çaklama pudagynda barlaglar boýunça Seýsmologiýa döwlet gullugynyň işlerini kämilleşdirmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz öz gezeginde döwletiň hem ylmy merkezleriň, konstruktorçylyk edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy, düýpli we amaly ähmiýetli barlaglary hem-de olaryň netijeleriniň durmuşda peýdalanylmagyny maliýeleşdirmek bilen alymlaryň netijeli işlemekleri üçin ähli zerur bolan şertleri döretmäge hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigini aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara ýerasty suwlaryň we beýlekileriň agdyklyk etmegi ýaly ýagdaýlary nazara almak bilen, topragyň düzümini, ýagdaýyny we häsiýetini kesgitlemek boýunça toplumlaýyn çäreleri geçirmek boýunça möhüm işleri alyp barmagy tabşyrdy. Öňde goýlan wezipeleri wagtynda çözmek üçin ähli tagallalary etmeklerini tabşyryp, Türkmenistanyň Prezidenti bilelikdäki sazlaşykly işleriň anyk netijeleri gazanmagyň aýrylmaz şerti bolup durýandygyny belledi.

Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şäherde gurulýan desgalardaky işiň depginini ýokarlandyrmak, şeýle hem paýtagtymyzda şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek babatdaky maksatnamalaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol paýtagtymyzda bolup geçen ýertitremesiniň şäher durmuşyna hiç hili zeper ýetirmändigi, ähli durmuş ulgamlarynyň kadaly hereket edýändigi barada milli Liderimize maglumat berdi.

Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde paýtagtymyzda köpsanly döwrebap binalaryň gurluşygynyň alnyp barylýandygyna ünsi çekip, olaryň ýokary hiliniň, ygtybarlylygynyň üpjün edilmeginiň we öz wagtynda gurlup, ulanmaga tabşyrylmagynyň häzirki döwrüň esasy talabydygyny nygtady. Şeýle hem milli Liderimiz paýtagtymyzda adamlaryň kadaly ýaşaýyş-durmuş şertlerini, tertip-düzgüni üpjün etmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy.

Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleleriň başga-da birnäçesine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Maslahatyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de Watanymyzyň bähbidine gönükdirilip, öňlerinde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlik arzuw edip, olar bilen hoşlaşdy.