Ï Türkmenistan Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny garşylap, Aziada-2013-de üstün çykanlary mübärekleýär!
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny garşylap, Aziada-2013-de üstün çykanlary mübärekleýär!

view-icon 840
Şu gün Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzildinde Koreýa Respublikasynyň ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlary geçirilen Inçhon şäherinden dolanyp gelen Türkmenistanyň sport wekiliýeti dabaraly we göwnaçyk ýagdaýda garşylandy. Watandaşlarymyz Aziadada ilkinji gezek çykyş edip, 7 sany medala eýe bolmagy başardylar. Şolaryň ikisi altyn, dördüsi kümüş we biri bürünç medaldyr. Munuň özi şeýle uly halkara ýaryşlaryna ilkinji gezek gatnaşýan ýurt üçin oňat netije bolup durýar.

Ýaryşlaryň öňüsyrasynda sport boýunça synçylar türkmen türgenleriniň taýýarlyk derejesiniň ýokarlanandygyny belleýärdiler. Ýöne watanadaşlarymyzyň bu oýunlarda esasan 2017-nji ýylda türkmen paýtagtynda geçiriljek Aziada taýýarlyk görmek arkaly tejribe toplamaga synanyşjakdygyny nygtaýardylar. Emma biziň türgenlerimiz netijeli we ussatlyk bilen çykyş etmek arkaly ýeňiş gazanmak ugrunda öz erk-isleglerini ygtyýarlaryny görkezdiler. Munuň özi ahyrky netijede ýurdumyzyň ýokary sport baýraklaryna mynasyp bolmagyna getirdi hem-de biziň türgenlerimiziň eýýäm häzirki wagtda tanymal bäsdeşler bilen has ýokary derejede güýç synanyşmaga taýýardyklaryny subut etdi.


Düýn, Aziadanyň jemleýji gününde watandaşlarymyz diýseň oňat çykyş etdiler. Türkmenistanyň ýygyndysynyň gazananlaryna altyn we kümüş medallar goşuldy. Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň dördünji ýyl talyby Gurban Beghanow 57 kilograma çenli agramda çykyş edip, altyn medala eýe bolmagy başardy. G.Beghanow şeýle ajaýyp üstünlik gazanandan soň, onuň halypasy – Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, Kikboksing boýunça milli federasiýanyň başlygy A.Snagowskiý daşary ýurtly kärdeşleriniň özüniň tälim berýän türgeniniň yklymda geljegine uly umyt bildirilýän kikboksçylaryň biri bolup durýandygy barada aýdandyklaryny belledi.

Ýaryşlaryň jemleýji gününde kuraş boýunça 63 kilograma çenli agramda üstünlikli çykyş eden Nasiba Surkiýewa kümüş medala mynasyp boldy. Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň tälimçisi Nasiba ozal hem şeýle ýokary netije gazanmagy başarýandygyny görkezdi. Sport synçylary onuň geljekde-de medallara mynasyp boljakdygyna ynam bildirýärler.

Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherindäki oýunlarda Şöhrat Hallyýew bürünç medala eýe boldy. Ol garşydaş kikboksçy bilen bäsleşikde üstün çykyp, hormatly üçünji basgançaga çykmagy başardy.

Bu baýraklar ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlarynyň jemleýji gününde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagynyň Aşgabat şäherine gowşurylmagyna bagyşlanan dabaranyň öňüsyrasynda oňat sowgada öwrüldi.

Inçhonda köpsanly žurnalistleriň, tälimçileriň, sport synçylarynyň we sport muşdaklarynyň gatnaşmagynda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagynyň Aşgabat şäherine gowşurylmagyna bagyşlanan dabara ata Watanymyzyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen başlandy. Aziadadaky žurnalistleriň pikirine görä, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagynyň türkmen paýtagtyna gowşurylmagyna bagyşlanan dabara ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Diýseň arassa we örän owadan, ak mermerli binaly Aşgabat, tutuş ýurdumyz boýunça gurlan we gurulýan sport desgalary, şol sanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça gurulýan we Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygynyň giň gerim bilen alnyp barylmagy baradaky wideofilm adamlarda ýakymly täsir galdyrdy. Hut şu ýerde – Olimpiýa şäherjiginde ýene-de dört ýyldan soňra V Aziýa oýunlary geçiriler.

Aziada -2013-e gatnaşan žurnalistler özleriniň foto we tele kameralary arkaly “Serpaý” toparynyň ýerine ýetirmegindäki joşgunly tansy we aýdymy, ajaýyp türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň “Aşgabat” atly eserini ýerine ýetiren “Aşgabat” toparynyň çykyşlaryny hem-de Aşgabatdan Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherine baran döredijilik toparlarynyň ählisiniň ýerine ýetiren “Küşdepdi” atly tansyny surata düşürdiler.


Irden, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagynyň Aşgabat şäherine gowşurylmagyna bagyşlanan täsirli dabara tamamlanyp, birnäçe sagat geçenden soňra ak ganatly “Boinge” münen Türkmenistanyň ýygyndysy we Aşgabat şäheriniň häkimliginiň wekiliýeti Inçhon şäheriniň aeroportundan ugur alyp, şu gün agşam türkmen paýtagtynyň Halkara howa menziline geldiler.

Ýygnananlaryň el çarpmagynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny buýsanç bilen göterýän Aziada – 2013-iň çempiony N.Ýalkabow hem-de kümüş medala mynasyp bolan, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny göterýän A.Jumakulyýewa uçardan düşýärler. Olar bilen birlikde Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde geçirilen Aziýa oýunlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan beýleki watandaşlarymyz hem-de Türkmenistanyň sport wekiliýetiniň agzalary uçardan düşýärler.

Uçaryň ýanyndaky meýdançada olary hormatly ýaşulular, ýurdumyzyň tanymal türgenleri we tälimçileri, köp sanly sport muşdaklary, aşgabatlylar we türkmen paýtagtynyň myhmanlary garşylaýarlar. Olara gül desseleri gowşurylýar, aýdym-sazlar ýaňlanýar we tans oýnalýar. Tälimçiler we türgenleriň egindeşleri olary mähirli garşylaýarlar, ýaş türgenler Aziýa oýunlaryna gatnaşanlara ussatlyk, ýeňiş gazanmak ugrunda tutanýerlilik görkezendikleri üçin hoşallyk sözlerini aýtdylar. Bularyň ählisi türkmen topragynda garşylamak bilen bagly dabara şatlykly öwüşgin çaýdy.

Koreýa Respublikasyndaky oýunlara gatnaşanlar Aziadanyň baýdagy bilen birlikde, Türkmenistanyň baş şäheriniň ýollaryndan geçdiler. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary netijeli sporty we köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek boýunça ýöredýän syýasatynyň ajaýyp netijelere getirýändigini aýdyň görkezýän subutnama öwrüldi...

Häzirki wagtda Türkmenistanda köpçülikleýin sporty ösdürmek, jemgyýetde sagdyn we işjeň durmuş ýörelgelerini ileri tutmak, bedenterbiýäni wagyz etmek döwlet syýasatynda ileri tutulýan meseleleriň hatarynda durýar. Uzakmöhletleýin geljekde bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça milli maksatnama ýurdumyzy ösdürmegiň strategiýasynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sagdyn bedenli we ruhubelent nesli terbiýeläp ýetişdirmek, sporty we bedenterbiýe hereketini ösdürmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Aşgabatda we beýleki ilatly ýerlerde täze, döwrebap sagaldyş desgalary, şol sanda stadionlar, atçylyk-sport toplumlary, awtodromlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary gurulýar. Bar bolanlaryň durky täzelenilýär we döwrebaplaşdyrylýar.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek we wagyz etmek arkaly, bedenterbiýe boýunça taýýarlyklydygyny birnäçe gezek aýdyň görkezip, bedeniň sagdynlygyny saklamak boýunça ýaşlara oňat görelde görkezýär. Bu bolsa öz gezeginde ýurdumyzyň ilatynyň sport bäsleşiklerine köpçülikleýin çekilmegine ýardam berýär.

Ýurdumyzda halkara derejesinde dürli ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmäge ukyply türgenleri taýýarlamak üçin kuwwatly binýat döredildi. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça sport ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler eýýäm öz netijelerini berýär. Dünýäniň dürli künjeklerinden türkmen türgenleriniň dünýä derejesindäki ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri baradaky habarlar häli-şindi gelip gowuşýar.

Watandaşlarymyzyň Inçhon şäherinde geçirilen bäsleşiklerinde gazanan üstünlikleriniň hem-de Aşgabatda geçiriljek indiki Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görülmeginiň ýurdumyzda sportuň mundan beýläk-de ösdürilmegine güýçli itergi berjekdigine söz ýok.

Şeýlelikde, dabaraly çäre soňky ýyllarda milli Liderimiziň başlangyjy boýunça gurlan köpsanly kaşaň sport desgalarynyň biri bolan köpugurly ”Aşgabat” stadionynda dowam etdi. Bu ýere ýurdumyzyň hökümet agzalary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, türgenler we talyp ýaşlar ýygnandylar.

Stadionyň münberlerindäki adamlar bu günki çäräni şowhunly el çarpyşmalar we gutlag sözleri hem-de dürli şygarlar bilen garşyladylar. Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny ynamly gollarynda göterip gelýän türgenler, Aziada – 2013-iň ýeňijileri we sport wekiliýetiniň agzalary stadionyň ylgaw ýodasynda bir aýlaw edýärler we bu ýerde gurnalan flagştogyň ýanynda saklanýarlar.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar we ýurdumyzyň Döwlet baýdagy galdyrylýar.

Olimpiýa Geňeşiniň senasynyň owazy astynda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagy galdyrylýar.


Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Milli Liderimiz onda tutuş türkmen halkyny şanly waka bolan Aşgabat şäherine Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagynyň gowşurylmagy bilen gutlady. Munuň özi yklymyň iri sport çäreleriniň biri bolan Aziýa oýunlarynyň guramaçylarynyň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy ykrar edýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz özüniň gutlagynda Koreýa Respublikasynda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlarynda üstünlikli çykyş eden türgenlerimizi we olaryň Watanymyza altyn hem-de kümüş medallara mynasyp bolandyklary bilen gutlady we ägirt uly tagallalaryň, zähmet üstünlikleriniň hem-de döredijiligiň täze belentlikleriniň aýdyň beýany bolan bu şatlykly wakalaryň bagtyýar halkymyzyň kalbynda egsilmez joşgun we buýsanç döretjekdigine ynam bildirdi.

Şeýle hem bu günki dabarada hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen sportunyň belende göterilmegine mynasyp goşant goşan, Türkmenistanyň sport wekiliýetiniň düzüminde netijeli çykyş eden, Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlarynda baýrakly orunlary eýelän, mähriban Watanymyzyň halkara sport abraýynyň belende göterilmegine, ýurdumyzda sportuň wagyz edilmegine we ösdürilmegine, ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek we halkara derejeli türgenleri taýýarlamak işine goşant goşan, şeýle hem Aziýa oýunlarynda baýrakly orunlary eýelän türgenleri pul baýraklary bilen sylaglamak hakyndaky Buýrugy okaldy.

Soňra bu ýerde Aziada-2013-iň ýeňijilerini – türkmen türgenlerini sylaglamak dabarasy boldy. Dabara gatnaşyjylaryň şowhuny we sylaglara mynasyp bolanlaryň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa aýdýan alkyş sözleri diňe bir Aziada -2013-iň ýeňijilerine bolan buýsanjy we olaryň meşhurlygyny alamatlandyrman, eýsem, ol müňlerçe türkmen ýaşlaryny dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynda belent üstünlikler gazanmaga we hormat münberine çykmaga ruhlandyrdy. Şeýle hem olarda türkmen sportunyň abraýyny belende galdyrmak, mähriban Watanymyzyň şöhratyny dünýä ýaýmak hormatyna mynasyp bolmak islegini döretdi. Hut şunuň özi hem stadionda geçirilen dabaranyň ähmiýetini ýokary galdyrdy. Bu ýere ýygnanan türkmen türgenleri we häzirki döwürde Kazan şäherinde geçirilýän XXVII Bütindünýä tomusky Uniwersiadada çykyş edýän türgenler şunuň ýaly duýgulara beslendiler. Mälim bolşy ýaly, Uniwersiada gatnaşýan türgenlerimiz bäsleşiklere ýokary taýýarlykly gelendiklerini görkezýärler.

Köpugurly “Aşgabat” stadionynda geçirilen medeni sport çäresi uly baýramçylyk dabarasyna öwrüldi. Bu ýerde sazly sport çäreleri, şanly waka mynasybetli ýörite guralan çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Şeýle hem ýaşajyk türgenler öz ussatlyklaryny we çeýeliklerini görkezdiler. Dabara gatnaşyjylaryň öňünde döredijilik toparlary ajaýyp çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Türkmen sportunyň we soňky ýyllarda dünýä sportunyň belentliklerine çykýan türkmen türgenleriniň beýik ýeňşine bagyşlanan baýramçylyk giç agşama çenli dowam etdi. Sport häzirki döwürde ähli zamanalarda bolşy ýaly, türkmen halkynyň we dünýäniň halklarynyň abadançylyga hem-de gülläp ösüşe bolan ruhlandyryjy hereketini alamatlandyrýan güýçdür.