Ï TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy baradaky Ýolbaşçy komitetiň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy baradaky Ýolbaşçy komitetiň mejlisi

view-icon 748
Şu gün Türkmenistanyň paýtagtynda Türkmenistan – Owganystan –Pakistan - Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy baradaky Ýolbaşçy komitetiniň nobatdaky, 17-nji mejlisi boldy. Onuň işine taslama gatnaşýan ýurtlaryň ählisiniň pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle hem Aziýa ösüş bankynyň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň öňüsyrasynda şanly waka – “Türkmengaz” döwlet konserniniň we Owganystanyň gaz korporasiýasynyň arasynda gazy satyn almak – satmak hakyndaky Ylalaşyga gol çekmek dabarasy boldy. Şeýlelikde, gazy satyn almak – satmak hakyndaky ylalaşyklaryň ählisine gol çekilmegi bilen, Türkmenistan – Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmak baradaky taslamanyň ikinji tapgyrynyň tamamlanandygyny ynamly aýtmak bolar. Munuň özi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan bu ägirt uly taslamanyň çalt durmuşa geçirilmegine kuwwatly itergi berdi.

Düýn TOPH taslamasynyň Tehniki iş toparynyň mejlisi boldy. Onda taslama gatnaşýan ýurtlaryň degişli hünärmenleri Aziýa ösüş bankynyň bilermenleriniň goldaw bermeginde Tranzaksion Geňeşçi hakyndaky Ylalaşygyň taslamasynyň esasyny düzýän meseleleri, TAPI Ltd. konsorsiumyny döretmek, şeýle hem geljekki konsorsiumyň liderini seçip almak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar we ylalaşdylar. Şeýle hem işlere zerur bolan tehniki mümkinçiliklerine, öňdebarajy tehnologiýalara hem-de esasy turba geçirijileri gurmakda oňyn tejribä eýe bolan esasy daşary ýurt kompaniýalaryny çekmek barada gürrüň edildi.

Ýolbaşçy komitetiň mundan ozalky mejlisiniň barşynda TAPI Ltd. konsorsiumyny döretmegiň maksada laýykdygy bellenildi. Taslamany maliýeleşdirmegiň çeşmelerini we ugurlaryny kesgitlemek, taslamanyň taraplary we Tranzaksion Geňeşçi bilen bilelikde konsorsiumyň liderini saýlamak, şeýle hem gaz geçirijisiniň gurluşygyny amala aşyrmak bu kompaniýanyň esasy wezipeleri bolar.

Mundan başga-da, Söwda, ykdysady, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk baradaky türkmen-hindi hökümetara toparynyň 2013-nji ýylyň 21-23-nji ýanwarynda Nýu-Deli şäherinde geçirilen dördünji mejlisiniň netijeleri boýunça Türkmenistanyň we Hindistanyň ygtyýarly wekilleri TOPH esasy gaz geçirijisini gurmak baradaky taslamany çalt durmuşa geçirmek üçin zerur bolan çäreleriň ählisiniň görmek barada ylalaşdylar.

Şunuň netijesinde, degişli işler we geňeşmeler geçirilenden soň, taslama gatnaşýanlaryň ählisi şu gün TAPI Ltd. konsorsiumyny döretmek, dörediji resminamalary taýýarlamak we olary bellige almak, şeýle hem gysga wagtda Tranzaksion Geňeş bilen Ylalaşyga gol çekmek barada ylalaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň biziň ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek ýörelgelerine esaslanýan, türkmen energiýa serişdelerini dünýäniň energetika bazarlaryna çykarmaga gönükdirilen energetika strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi iri möçberli halkara energetika taslamalaryny, şol sanda TOPH taslamasyny amala aşyrmakda öz beýanyny tapýar. Köpugruly turba geçiriji düzümi döretmek şol strategiýanyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Göz öňünde tutulyşy ýaly, gaz geçirijisiniň umumy uzynlygy 1735 kilometre barabar bolar, şol sanda onuň 200 kilometri Türkmenistanyň çäginden, 735 kilometri Owganystanyň çäginden, 800 kilometri Pakistanyň çäginden geçer we Hindistan bilen araçäkdäki Fazilka diýen ilatly ýere baryp ýeter. Gaz geçirijisiniň bir ýyllyk kuwwaty 33 milliard kub metre barabar bolar.

Taslama gatnaşýan ýurtlaryň hiç biriniň Türkmenistanyň şu ugur boýunça gazyň uzakmöhletleýin iberilmegini üpjün etmäge ukyplydygyna şübhelenmeýändigi bu taslamanyň ykdysady taýdan esaslydygyny tassyklaýar. Munuň özi şu günki mejlise gatnaşyjylar tarapyndan aýratyn nygtaldy. Günorta Aziýa ýurtlarynda tebigy gaza bolan ýokary isleg bu taslamanyň esasyny düzýär.

Bu giň möçberli taslamany amala aşyrmak boýunça ägirt uly işler ýerine ýetirildi. 2012-nji ýylyň maý aýynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Halkara gaz kongresiniň çäklerinde Hindistan we Pakistan bilen tebigy gazy satyn almak – satmak hakyndaky Ylalaşyga gol çekildi. Şonda Türkmenistan we Owganystan gaz ulgamynda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdiler.

Şeýlelikde, taslamany maliýeleşdirmäge we konsorsiumy döretmäge degişli meseleleri çözmek üçin zerur bolan hukuk binýady goýuldy. Munuň özi gaz geçirijisiniň gurluşygyny hem-de geljekde onuň ulanylmagyny üpjün eder. TOPH taslamasyny tanyşdyrmak maksady bilen, esasy halkara nebitgaz kompaniýalarynyň we maliýe edaralarynyň wekilleri bilen duşuşyklaryň çäklerinde 2012-nji ýylyň sentýabrynda Günorta-Gündogar Aziýanyň, Amerikanyň we Ýewropanyň iri işewürlik we maliýe merkezlerine – Singapur, Nýu-Ýork we London şäherlerine biznes-turlar guraldy.

Türkmenistaynyň, Owganystanyň, Pakistanyň, Hindistanyň ykdysady we nebitgaz edaralarynyň degişli ýolbaşçylaryndan we hünärmenlerinden, şeýle hem Aziýanyň ösüş bankynyň wekillerinden düzülen bilermenler toparynyň agzalary bilen bolan işewür duşuşyklaryň barşynda Chevron, Exxon Mobil amerikan, BP, BG Group britan, RWE german, Petronas malaýziýa kompaniýalarynyň we beýlekileriň ýolbaşçylary TOPH taslamasyny durmuşa geçirmegiň esasy şertleri bilen tanyşdylar we özleriniň bu taslama gatnaşmaga meýillidiklerini mälim etdiler. Nebitgaz ulgamynda ýöriteleşdirilen esasy kompaniýalardan başga-da, daşary ýurtlaryň köpsanly maliýe we bank düzümleri Aziýadaky iri gaz geçiriji taslama gatnaşmaga ýokary gyzyklanma bildirdiler. Munuň özi bu taslamanyň örän peýdalydygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi jenap Robert Bleýkiň sözleri hem muňa şaýatlyk edýär. Özüniň golaýda Aşgabada bolan sapary mahalynda ol şeýle diýdi: “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmak baradaky taslama gyzyklanma bildirýän iri halkara energetika kompaniýalarynyň birnäçesi maňa mälimdir. Olar bu taslamany işläp taýýarlajak konsorsiuma gatnaşmaga gyzyklanma bildirdiler”.

Şu mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Tehniki iş toparynyň düýn Aşgabatda geçirilen mejlisiniň işiniň esasy netijelerine garadylar we olary makulladylar. Mejlisiň barşynda şeýle hem TOPH taslamasyny ilerletmegiň tehniki ugurlary bilen baglanyşykly beýleki möhüm meseleler ylalaşyldy we çözüldi.

Mejlise gatnaşyjylar öz ýurtlarynyň TOPH gaz geçirijisini gurmak baradaky taslamanyň çalt durmuşa geçirmegine hem-de türkmen tebigy gazynyň iberilmegine uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, ozal gazanylan, bilelikdäki işi işjeňleşdirmäge gönükdirilen ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça beýleki meseleleriň hem birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Işjeň ýagdaýda geçen Ýolbaşçy komitetiň mejlisinde şeýle hem transmilli turbageçirijini çalt gurmak bilen baglanyşykly, ýakyn geljege niýetlenen meýilnamalar bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bu gaz geçiriji taslama gatnaşýan ýurtlary hakyky dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary esasynda has-da berk baglanyşdyrar.