Şu gün pa ýtagtymyzyň “Prezident” myhmanhanasynda köpýyllyk türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmegiň çäklerinde söwda arbitražy babatda halkara tejribesine bagyşlanan maslahat öz işine başlady.
ABŞ-niň Halkara ösüş boýunça agentligi (USAID) tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde guralan dört günlük foruma ýurdumyzyň dürli döwlet edaralarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Olaryň hatarynda Mejlisiň, Ykdysadyýet we ösüş, Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler, Gurluşyk, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Oba hojalyk, Dokma senagaty, Adalat ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Ýokary kazyýetiň, Merkezi bankyň, Türkmen döwlet uniwersitetiniň, ýurdumyzyň DIM-niň Halkara gatnaşyklar institutynyň, “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk döwlet kärhanasynyň we beýlekileriň wekilleri bar.
Söwda arbitražy babatda halkara tejribesi hakynda habarlary we tanyşdyrmalary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan çagyrylan bilermenler--Hukukçylaryň halkara assosiasiýasynyň agzasy, ABŞ-niň Ýokary kazyýetiniň ýanyndaky aklawçy, halkara söwda hukugynyň professory we Templ uniwersitetiniň (ABŞ) hukuk mekdebiniň uly ylmy işgäri jenap Markhem Boll, şeýle hem Garwardyň hukuk mekdebiniň hukuk doktory, hukukçy Carr Swanson and Richards kompaniýasynyň hyzmatdaşy jenap Robert Raundolf çykş etdiler.
Bellenilişi ýaly, garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri, döwletara gatnaşyklarynyň okgunly ösüş depgini, daşary – ykdysady görkezijileriň gyşarnyksyz ýokarlanmagy dünýäniň syýasy we ykdysady giňişliginde türkmen döwletiniň eýeleýän ornunyň yzygiderli berkemegini şertlendirýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur oýlanyşykly täzeçillik syýasaty Türkmenistana dünýä derejesindäki maliýe-ykdysady çökgünliligiň ýaramaz täsirinden gaça durmaga hem-de durmuş-ykdysady ösüş üçin berk binýady döretmäge mümkinçilik berdi.
Häzirki wagtda Türkmenistanda mäkäm maýa goýum kuwwatly netijeli ykdysady ulgam kemala getirildi. Öňden gelýän hyzmatdaşlar, şol sanda USAID bilen netijeli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin has oňaýly şertler döredildi.
Soňky ýyllarda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki döwrüň ýagdaýlaryna we talaplaryna gabat gelýän hil taýdan täze derejä çykandygyny bellemek bilen, abraýly guramanyň bilermenleri Türkmenistan-USAID ugry boýunça netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmäge islegiň uludygyny aýtdylar.
Maslahatyň gün tertibine şeýle hem söwda arbitražy babatda halkara tejribesi we kanunçylyk-hukuk meseleleri, degişli ugurda halkara araçyllygynyň dürli ugurlary, maýa goýum babatda şertnamalary, ikitaraplaýyn ylalaşyklary, satyn almak hakynda şertnamalary baglaşmagyň umumy kabul edilen tejribesi ýaly meseleler girizildi.
Maslahat öz işini 12-nji iýula çenli dowam eder.