Ï Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň Döwlet nebit we tebigy serişdeler ministrini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň Döwlet nebit we tebigy serişdeler ministrini kabul etdi

view-icon 696
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň ýolbaşçy komitetiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Döwlet nebit we tebigy serişdeler ministri jenap Jam Kamal Hany kabul etdi.

Myhman duşuşmaga wagt tapandygy we özara söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toparyny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna bagt, parahatçylyk we amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň ýolunda täze üstünlikleri arzuw eden Pakistanyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň we premier-ministri Nawaz Şarifiň döwlet Baştutanymyza mähirli salamlaryny ýetirdi.

MIlli Liderimiz mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, goňşy ýurduň ýokary ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny aýtdy, şol yurt bilen Türkmenistany uzakmöhletleýin deňhukuklylyk esasda ýola goýlan öňden gelýän dostluk hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Nygtalyp geçilişi ýaly, biziň ýurtlarymyz ählumumy bähbitler üçin giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga tarap alnan ugra ynamly eýermek bilen, sebitleýin ähmiýetli möhüm taslamalary durmuşa geçirmekde, hususan-da, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmakda strategiki hyzmatdaşlar bolup durýan ähli ýurtlar bilen, ilkinji nobatda, ýakyn goňşular bilen syýasy, ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklary gyşarnyksyz pugtalandyrmaga gyzyklanýarlar.

Myhman soňky ýyllarda ägirt uly energetika howpsuzlygynyň binýadyny kemala getirmek babatda möhüm halkara başlangyçlarynyň birnäçesini öňe sürýän hormatly Prezidentimiziň energetika syýasatyna ýokary baha berip, türkmen paýtagtynda Ýolbaşçy komitetiň we tehniki iş toparynyň mejlisleriniň yzygiderli guralýandygy, şeýle hem täze energetiki geçelgesiniň Günorta-Gündogar Aziýanyň, Amerikanyň we Ýewropanyň iri işewür we maliýe merkezlerinde tanyşdyryş çärelerini geçirmek bilen, şol taslama giň dünýä jemgyýetçiliginiň, aýratyn iri daşary yurt kompaniýalaryň we maýadarlaryň ünsüni giňden çekýändigi üçin aýratyn hoşallyk bildirdi.

Jenap Jam Kamal Han TOPH yklymüsti gaz geçirijisini çekmek boýunça türkmen tarapynyň başlangyjynyň möhümdigini we öz wagtynda öňe sürlendigini aýratyn nygtap, bu iri möçberli taslama gatnaşyjy dört ýurduň ählisiniň ony çalt durmuşa geçirmäge hem-de gaz ulgamynda oňyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýokary derejede özara gyzyklanma bildirmekleriniň zerur resminamalaýyn-hukuk binýady kemala getirmäge we degişli ähli maliýe-täjirçilik hem-de tehniki meseleleri ylalaşmaga hyzmat etjekdigine ynam bildirdi, şol başlangyjy Pakistanyň halky we hökümeti gyzgyn goldaýar.

Milli Liderimiz Ýolbaşçy komitete işde üstünlikleri arzuw edip, bu iri möçberli taslamany durmuşa geçirmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady, ol sebitiň ykdysady taýdan rowaçlanmagyna, bu ýerde parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň mäkäm esaslaryny pugtalandyrmaga ýardam eder.

Gaz geçirijiniň gurulmagy dünýäniň iri bazarlaryna energiýa serişdelerini ibermegiň köp görnüşli ulgamyny döretmäge ugur alan Türkmenistanyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene-de bir ädimdir, onuň ýakyn geljekde Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna türkmen tebigy gazynyň uzakmöhletleýin iberilmegini üpjün etjekdigini belläp, hormatly Prezidentimiz Aşgabat duşuşygyna gatnaşyjylaryň dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň iň oňat däplerine daýanýan sazlaşykly oňyn gatnaşyklary dowam etdirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynam bildirdi.

Duşuşygyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz we myhman iki ýurduň hem-de olaryň dostlukly halklarynyň eşreti üçin täze taryhy eýýamda üstünlikli ösdürilýän türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň beýleki has möhüm meseleleri boýunça-da pikir alyşdylar.

Duşuşyga Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tasadduk Hussain gatnaşdy.