Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň 6 aýynda milli ykdysadyýeti ösdürmegiň netijeleri jemlenildi, durmuş-ykdysady maksatnamalary amala aşyrmagyň barşynda gazanylan netijeler ara alnyp maslahatlaşyldy, ikinji ýarym ýyllykda ýurduň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlenildi, şeýle hem guramaçylyk meselelerine garaldy.
Mejlise Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, welaýatlaryň we etraplaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary, beýleki ýolbaşçylar çagyryldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, şu gün birnäçe pudaklaryň we welaýatlaryň ýolbaşçylarynyň hasabatlarynyň diňleniljekdigini we olaryň işine degişli baha beriljekdigini, şol işleriň anyk netijeleri boýunça çözgütleriň kabul ediljekdigini aýtdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Ol 2013-nji ýylyň birinji ýarymynyň jemleri boýunça ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileri, şeýle hem Türkmenistany 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, milli Liderimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady strategiýasyna laýyklykda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, oýlanyşykly alnyp barylýan maliýe-ykdysady, býujet-salgyt, pul-karz syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary netijeler gazanyldy. Muňa hasabat döwrüniň makroykdysady görkezijileri, şeýle hem dünýäniň abraýly halkara guramalarynyň berýän ýokary bahalary hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgini saklanyldy.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygynyň ösüş depgini 119,6 göterime barabar boldy. Ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 100,02 göterim ýerine ýetirildi.
Bellenilişi ýaly, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurdumyzda özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi yzygiderli artýar. Bu maýa goýumlarynyň esasy bölegi senagaty toplumlaýyn ösdürmäge, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmäge, şeýle hem durmuş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, häzirki zaman ulag-aragatnaşyk we inženerçilik düzümini döretmäge gönükdirilýär. Mysal üçin, maglumatlara laýyklykda, hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurdumyzda özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberiniň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 107,5 göterime barabar boldy. Jemi içerki önüme bolan gatnaşygy bolsa 43 göterime deňdir.
Hasabatyň çäklerinde şeýle hem ýurdumyzda maýa goýum maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi we "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" durmuşa geçirilişi barada habar berildi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň Oba Milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýylyň alty aýynda düýpli maýa goýumlaryny özleşdirmegiň ýyllyk meýilnamasy 74 göterim ýerine ýetirildi we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 20,3 göterim artdy. Hasabat döwründe maksatnamanyň çäginde durmuş-medeni maksatly binalaryň we desgalaryň 76-nyň gurluşygy tamamlandy. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,6 esse köpdür.
Wise-premýer Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada aýdyp, hasabat döwründe saglyt salmagyň ähli görnüşleri boýunça meýilnamalaryň doly möçberde ýerine ýetirilendigini habar berdi.
Hökümet Baştutanynyň orunbasary hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak, şeýle hem ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdepleriň mugallymlarynyň zähmet haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak boýunça geçirilen işler barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň netijeleri baradaky hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüş depginini saklamak maksady bilen halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň sazlaşykly işini üpjün etmegiň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz garamagyndaky düzümleriň işine hem-de ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyna berk gözegçiligi üpjün etmegiň wajypdygyny belläp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz türkmenistanlylaryň abadançylygyny ýokarlandyrmagyň döwlet syýasatynyň wajyp wezipesi bolup durýandygyny belläp, “Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakyndaky” Permana hem-de “Türkmenistanyň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň mugallymlarynyň zähmet haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hykyndaky” Permana gol çekdi we şu resminamalardan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň bu çözgütleri mejlise gatnaşyjylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Soňra maliýe ministri D.Sadykow maliýe-býujet ulgamyny kämilleşdirmek boýunça 2013-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işler, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we döwletimiziň gülläp ösmegine hem-de raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň möçberli ykdysady özgertmeler ýurdumyzyň ykdysady taýdan durnukly ösmegine ýardam edýär.
Şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Döwlet býujeti girdejiler boýunça 118,1 göterim möçberde, çykdajylar bolsa 95,7 göterim möçberde ýerine ýetirildi. Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň umumy möçberiniň 77,8 göterimi durmuş maksatly ulgama gönükdirildi. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň öz wagtynda we doly möçberde maliýeleşdirilendigi bellenildi.
Maliýe ministri ýerli býujetiň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, onuň girdeji böleginiň 112,9 göterim, çykdajy böleginiň 97,6 göterim ýerine ýetirilendigini aýtdy.
Hasabatyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Balans toparlarynyň işini kämilleşdirmek hakyndaky” Kararyna laýyklykda geçirilýän işler barada hem habar berildi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe Merkezi, pudaklaýyn we sebitleriň balans toparlarynyň 65 mejlisi geçirildi we olarda ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, kärhanalaryň we guramalaryň maliýe-ykdysady görkezijileri seljerildi hem-de degişli çözgütler kabul edildi.
Maliýe ministri şeýle hem “Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasyny”, “Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi özgertmegiň maksatnamasyny”, “Türkmenistanda ätiýaçlandyryş işini ösdürmegiň 2011-2015-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny” we “Türkmenistanda gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça görülýän çäreler barada jikme-jik hasabat berdi. Hususan-da, maliýe hasabatlylygynyň we auditiň halkara ülňülerine esaslanýan milli ülňüleriň taýýarlanylýandygy, halkara ülňüleri milli dile terjime etmek boýunça işleriň dowam edýändigi, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuw maslahatlarynyň geçirilýändigi aýdyldy. Şunuň bilen birlikde, ätiýaçlandyryşy, gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek boýunça işler güýçlendirilýär, degişli kadalaşdyryjy hukuk namalary taýýarlanylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet býujetiniň umumydöwlet pul serişdeler gaznasyny kemala getirmegiň we ulanmagyň esasy maliýe meýilnamasy bolup durýandygyny belläp, onuň ýerine ýetirilişine we býujet serişdeleriniň maksadalaýyk ulanylmagyna berk gözegçiligi amala aşyrmagyň möhümdigini nygtady. Milli Liderimiz ätiýaçlandyryş işini we gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek maksatnamalaryny durmuşa geçirmek babatda görülýän çäreleriň ýurdumyzda maliýe durnuklylygyny üpjün etmäge, Türkmenistanyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulyşmagyna, şeýle hem daşary ýurt maýalaryny çekmek üçin amatly şertleri döretmäge ýardam etmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz meýilleşdirilen maksatnamalaryň öz wagtynda we üstünlikli durmuşa geçirilmegi boýunça işleriň munda beýläk-de netijeli alnyp barylmalydygyny nygtady.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy T.Japarow hasabat döwründe bank ulgamyna degişli edaralaryň işiniň netijeleri, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hasaplaryna gelip gowuşýan walýuta serişdeleri, milli walýutanyň- manadyň hümmetiniň durnukly ýagdaýda saklanmagy üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli bank ulgamyny döwrebap tehnologiýalary işjeň ýagdaýda ornaşdyrmak esasynda mundan beýdäk-de kämilleşdirmek, maliýe hasabatlylygyny halkara ülňülerine laýyk getirmek, Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde maýa goýumlary babatdaky işjeňlige badalga bermek boýunça maksadaokgunly işi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu meselä degişli gürrüňi dowam edip, Merkezi bankyň müdiriýetiniň başlygyna ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan daşary ýurt walýutasynda geçirilýän ähli amallary jikme-jik öwrenmegi we bu amallaryň ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçilik etmegi, şeýle hem zerur bolan halatynda işi kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamagy we hödürlemegi tabşyrdy.
Şu jähetden döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda öndürilýän sementi ýerlemek boýunça geçirilýän işi mysal hökmünde görkezdi. Senagat ministrligi sementi daşary ýurt kompaniýalara erkin ýörgünli pula satýar. Bu ýerde, bir tarapdan, ýurdumyzyň çäklerinde manadyň ýeke-täk töleg serişdesi bolup durýandygy baradaky kanun bozulýar, beýleki tarapdan bolsa, sementiň manada ýerlenýändigi üçin daşary ýurt pulunda gelip gowuşýan ep-esli girdeji ýitirilýär. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, milli Liderimiz bu meseläni ykdysady taýdan has oňaňly peýda gazanmak üçin öwrenmek hem-de şuňa degişli teklipleri hödürlemek babatda Merkezi bankyň müdiriýetiniň başlygyna anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň netijeleri, şol sanda şu ýylyň geçen alty aýynda gurluşyk ulgamynda, senagatda, elektroenergetikada gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler baradaky hasabat bilen çykyş etdi.
Hususan-da, Gurluşyk ministrligi boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, öndürilen önümler we ýerine ýetirilen işler boýunça ösüş depgini 109,6 göterime deň boldy. Bu döwürde welaýatlarda dürli maksatly binalaryň we desgalaryň 76-sy, şol sanda çagalar baglarynyň 21-si, orta mekdepleriň 13-si, saglyk öýleriniň 10-sy, sport mekdepleri, sport desgalary, hassahanalar we beýlekiler guruldy.
2013-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Senagat ministrligi boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 141,2 göterime deň boldy. Hususan-da, sement öndürmek boýunça bu görkeziji 178,9 göterime, keramzit öndürmek boýunça 133,4 göterime, gurnama demir-beton önümlerini öndürmek boýunça 123,4, göterime, sozulan metal öndürmek boýunça100,2 göterime ýetdi.
Jemagat hojalygy ministrligi boýunça hasabat döwründe geçen ýyldakysy bilen deňeşdireniňde ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň ösüş depgini 128,2 göterime barabar boldy.
2013-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Aşgabat şäheri boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň möçberiniň ösüş depgini 138,4 göterime deň boldy.
“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça görkezilen döwürde geçen ýyldakysy bilen deňeşdireniňde ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň möçberiniň ösüş depgini 134,5 göterime barabar boldy.
Türkmenistanyň Energetika minisrligi boýunça ösüş depginleri geçen ýylyň degişli döwründäkisi bilen deňeşdireniňde 106,9 göterime deň boldy.
Şeýle hem wise-premýer Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň yzygiderli ösdürilmegini üpjün etmek, döwlet maksatnamalarynda öňde goýlan wezipeleri berjaý etmek boýunça görülýän çäreler, şol sanda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda we Derweze etrabynda gaz turbinaly elektrik stansiýalary gurmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda gurluşyk, senagat we elektroenergetika pudaklarynda ýokary ösüş depginlerini saklamagyň ilkinji nobatdaky wezipe bolup durýandygyny hem-de bellenilen ähli meýilnamalaryň we uzakmöhletleýin milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň hut şol wezipäniň üstünlikli berjaý edilmegine baglydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gurluşygyň, gurluşyk serişdelerini taýýarlamagyň ösüş depginlerini mundan beýläk-de artdyrmagyň, ýerine ýetirilýän işleriň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagyň möhümdigini, şol işleriň we hyzmatlaryň hiliniň bildirilýän talaplara we döwrebap ülňülere laýyk gelmelidigini aýtdy. Milli Liderimiz has täze tehnologiýalary, ýokary netijeli enjamlary we tehnikany giň gerim bilen ulanmak bilen bagly wezipäni öňde goýdy.
Döwlet Baştutanymyz elektroenergetikanyň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolup durýandygyny nygtap, ýurdumyzyň energetika syýasatynyň Türkmenistanyň senagatynyň, oba hojalygynyň, durmuş ulgamynyň hajatlarynyň dolulygyna kanagatlandyrylmagyna, şeýle hem beýleki döwletlere eksport edilýän möçberleriniň artdyrylmagyna gönükdirilendigini belledi. Hormatly Prezidentimiz “Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda gaz turbinaly elektrik stansiýasyny gurmak hakyndaky” we “Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda gaz turbinaly elektrik stansiýasyny gurmak hakyndaky” Kararlara gol çekip, welaýatlarda elektrik energiýasyny tygşytlamagyň netijeliliginiň artdyrylmalydygyna, şol sanda birnäçe energetiki desgalaryň durkunyň täzelenilmelidigine we döwrebaplaşdyrylmalydygyna, daşary ýurtlaryň energiýany tygşytlaýjy hem-de elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi ýokary derejä ýetirmäge mümkinçilik berýän tehnologiýalarynyň önümçilige ornaşdyrylmalydygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi dowam edip, 2012-nji ýylda geçirilen Ýaşulular maslahatynda Watanymyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça Prezident maksatnamasy makullandy. Bu Maksatnama ykdysadyýetimiziň pudaklaryny we bank ulgamyny üýtgedip gurmak, senagat kärhanalarynyň işini talaba laýyk guramak, kärhanalary gurmak bilen bagly meseleleri çözmek üçin bizden yhlas bilen, tutanýerli zähmet çekmegi talap edýär diýip,milli Liderimiz aýtdy. Ýurdumyzda telekeçiligi goldamak, ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça hem anyk we zerur çäreleri görmeli diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Hökümetiň düzüminde döwletimizi senagat taýdan ösen ýurda öwürmek boýunça alnyp barylýan ähli işleri utgaşdyrýan hem-de bu ugurda guramaçylyk işlerini geçirýän düzüm birligini döretmek zerur bolup durýar diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat meseleleri boýunça orunbasarynyň wezipesine Babanýaz Italmazowy belläp, ony ozalky eýeleýän senagat ministriniň wezipesinden boşatmak kararyna gelendigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň senagat düzümini ösdürmek, hereket edýän kärhanalary innowasioln esasda döwrebaplaşdyrmak, täze, şol sanda bilelikdäki kärhanalary döretmek, şeýle hem pudakda işleýän hususy düzümleri goldamakda we ony ösdürmek boýunça döwlet syýasatyny ýerine ýetirmekde täze wise-premýere möhüm wezipeleriň ýüklenýändigini belledi.
Hususan-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat meseleleri boýunça orunbasary, Senagat ministrldiginiň, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň, Dokma senagaty ministrliginiň, Balyk hojalygy Döwlet komitetiniň, şeýle hem “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň işine gözegçilik eder diýip, milli Liderimiz aýtdy.
B.Italmazow bildirilen ynam üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, özüne ynanylan düzümde mähriban Watanymyzyň abadançylygyň we türkmen halkynyň bähbidine halal we ak ýürekden çekjekdigine milli Liderimizi ynandyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz guramaçylyk meseleleri boýunça ýene-de birnäçe çözgütleri yglan etdi.
Şeýlelikde senagat ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek şu düzümde ministriň orunbasary wezipesinde işlän S.Orazmyradowa ynanyldy.
Milli Liderimiz wise-premýerler B.Italmazowa we H.Muhammedowa ýüzlenip Hökümetiň düzüminde täze düzüm birliginiň döredilmegi, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat meseleleri boýunça orunbasarynyň wezipe-borçlary, onuň gözegçilik edýän düzüminiň işgär sanawy bilen baglanyşykly meseleleri işläp taýýarlamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz täze bellenen ýolbaşçylaryň özüne ynanylan wezipelerde talap edilýän derejede işlemeklerini tabşyryp, degişli resminamalara gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beddeýşi ýaly, Prezident maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de sazlaşykly ösmegi üçin zerur bolan şertleri üpjün eder, ýurdumyzyň nebitgaz çig malyny ýerlemekden alynýan girdejilere bagly bolmagyny aradan aýyrmagy hem-de halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
Soňky ýyllarda biz ýurdumyzda ýol gurluşygyny ösdürmäge köp möçberde serişde goýberýäris diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz şu maksat bilen asfalt zawodlarynyň, awtomobil ýollarynyň gurluşygynda ulanylýan tehnikalaryň yzygiderli satyn alynýandygyny, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda bitum öndürýän desganyň döwrebap ýagdaýa getirilýändigini, emma muňa garamazdan ýollaryň gurluşygynyň hiliniň pes bolmagynda galýandygyny, ýollary saklamak we abatlamak boýunça alnyp barylýan işleriň talaba laýyk gelmeýändigini nygtady.
Goýberen düýpli kemçilikleri üçin “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň başlygy P.Meredow eýeleýän wezipesinden boşadyldy.
“Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň başlyklygyna D.Amangeldiýew saýlanyldy.
Başga işe geçmegi sebäpli gurluşyk ministri J.Baýramow eýeleýän wezipesinden boşadyldy we bu wezipä B.Ereşlw bellenildi.
Guramaçylyk meseleleri boýunça Permanlara we Kararlara gol çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýolbaşçylara özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde işi talaba lpaýyk guramak boýunça degişli tabşyryklary berdi we olaryň öz wezipelerini häzirki döwrüň ruhuna laýyk gelýän täze ýörelgeler we çemeleşmeler esasynda alyp barmalydygyny belledi.
Öz gezeginde D.Amangeldiýew we B.Ereşow milli Liderimizi özlerine ynanylan düzümlerde bildirilen ynamy ödemek üçin yhlasly zähmet çekjekdiklekrine ynandyrdylar.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde 2013-nji ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýteirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ýurdumyzyň ylym we bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça ägirt uly işler alnyp baryldy. Ýurdumyzyň ylmy oňyn ösüş ýoluna düşdi. Ylmy-tehniki häsiýetdäki innowasion ösüşlere, öňdebaryjy işläp taýýarlamalar tejribelerine aýratyn ähmiýet berilýär, amaly gymmatlygy bolan ylmy-barlag işleri netijeli häsiýete eýe bolýar we öňdebaryjy ylmy tejribeler önümçilige giňden ornaşdyrylýar.
Orta mekdeplerde bilim ulgamyny kämilleşdirmek, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleler barada aýtmak bilen, wise-premýer ýurdumyzyň orta mekdeplerinde okatmagyň 12 ýyllyk usulyna geçilendigini, hasabat döwründe orta mekdepleriň 8-siniň, şeýle hem mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň 17-siniň, çagalar sagaldyş merkezleriniň 6-synyň gurlup ulanmaga berlendigini, okuw kitaplarynyň we okuw gollanmalarynyň 156-synyň neşire taýýarlanylandygyny, olaryň 71-siniň çap edilendigini habar berdi. Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylary şu ýylyň birinji ýarymynda abraýly ders olimpiadalara gatnaşyp, medallaryň 101-sini, şol sanda 15 altyn, 25 kümüş we 61 bürünç medallara mynasyp boldular diýip, wise-premýer belledi.
Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini guramak bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, wise-premýer dynç alşyň birinji tapgyrynda ýurdumyzyň çagalar sagaldyş meýdançalarynda 42 müň 498, şol sanda Gökderede 5 müň 991, Awazada 1145, welaýatlarda 1721 we mekdep meýdançalarda 33 müň 641 çaganyň dynç alandygyny aýtdy.
Hasabat döwründe biziň ýurdumyzda iri halkara maslahatlarynyň üçüsi, ylym-bilim pudagynyň gazananlaryna we geljegine bagyşlanan halkara sergisi geçirildi diýip, wise-premýer belledi.
Şeýle hem wise-premýer hasabat döwründe hormatly Prezidentimiziň Aşgabatda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Okuw-ylmy merkezini gurmak, S.A.Nyýazow adyndaky Halkara saglygy goraýyş merkeziniň durkuny täzelemek we onuň täze binasyny gurmak, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde Ýöriteleşdirilen dikeldiş merkezini gurmak, şeýle hem Baş dermanhana birleşiginiň döwrebap ammaryny gurmak hakyndaky Kararlaryny ýerine ýetirmek boýunça netijeli çäreleriň durmuşa geçirilýändigi barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmasy esasynda 19 desganyň, şol sanda 11 saglyk binasynyň, 6 derman kärhanasynyň we bir sany döwrebap derman ammarynyň hem-de bir ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy boýunça işler alnyp baryldy diýip, wise-premýer aýtdy.
Ýurdumyzyň sportuny mundan beýläk-de, ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat bermek bilen, wise-premýer hasabat döwründe Türkmenistanyň sport wekiliýetiniň iri halkara ýaryşlarynda çykyş edendigini we onda dürli derejedäki medallary eýeländiklerini habar berdi.
Soňra wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2013-2014-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklamak, 2013-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklamak, Türkmenistanyň ýokary we orta hünär mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini tassyklamak hakyndaky resminamalaryň taslamalaryny hödürledi.
2013-2014-nji okuw ýyllynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna diňleýjileriň 206-sy kabul ediler.
Täze okuw ýylynda ýurdumyzyň raýat ugurly ýokary okuw mekdeplerine ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň buýurmalary esasynda 6100 talyp kabul etmek meýilleşdirilýär. Munuň özi geçen ýyldakydan 334 adam köpdür diýip, wise-premýer sözüni dowam etdi. Şeýlelikde, şu ýyl Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine 855, ýagny geçen ýyldakydan 55 adam, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine 450, ýagny 40 adam artyk, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine 510 adam kabul ediler. D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutyna şu ýyl 285 adam girer, munuň özi geçen ýyldakydan 20 adam köpdür. S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna geçen ýyldakydan 30 adam köp, ýagny 260 adam kabul ediler. Türkmen döwlet nebit we gaz institutyna kabul ediljekleriň sany 407 bolup, olar geçen ýylky görkezijilerden 15 adam artykdyr. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň şu ýylky talyplarynyň sany 538 bolar, munuň özi 34 adam köp kabul ediljekdigini aňladýar. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna okuwa kabul ediljekleriň sany 420 bolup, olar geçen ýyldakydan 45 adam artyk bolar. Şu ýyl Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň 1-nji ýyl talyby dýien ada ýaşlaryň 390-sy mynasyp bolar. Munuň özi geçen ýyldakydan 10 talyp köpdür. Türkmen döwlet maliýe institutyna şu ýyl 180 adam kabul ediler, ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutyna 60, Türkmen oba hojalyk institutyna 215, Halkara türkmen-türk uniwersitetine 550 adam kabul ediler. Milli sport we syýahatçylyk instiutyna şu ýyl 315 adam gerer, munuň özi geçen ýyldakydan 30 adam köpdür. Türkmen döwlet energetika institutynyň şu ýylky talyplarynyň sany 275 bolup, geçen ýyldakydan 25 adam artykdyr. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň şu ýylky talyplarynyň sany 170-e ýeter. Ol geçen ýylkydan 10 adam artykdyr. Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň şu ýylky sany 90, Türkmen milli konserwatoriýasynyň şu ýylky talyplaryň sany bolsa 130 bolup, olaryň ikisinde hem 10 adam artyk kabul ediler. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Jemgyýetçilik iýmitini guramak”, “Täjirçilik”, “Ykdysady howpsuzlyk” ýaly täze hünärler açylyp, olaryň hersine 15 talyp kabul etmek meýilleşdirilýär.
Ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň, kärhanalaryň we guramalaryň sargytlary esasynda orta hünär okuw mekdeplerine şu ýyl 6 müň 522 okuwçy kabul ediler. Munuň özi geçen ýyldakydan 747 okuwçy köpdür. Şeýle hem ýurdumyzyň başlangyç hünär okuw mekdeplerine ýaşlaryň 30 müňüsiniň kabul edilmegine garaşylýar.
Mahlasy, şu ýyl orta mekdepleri tamamlan 98 müň 240 uçurymyň 42 müň 622-si ýa-da 43,4 göterimi ýurdumyzyň başlangyç, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerine kabul ediler.
Şeýlelikde, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmek işi 15-29-njy iýul aralygynda alnyp barlar. Giriş synaglary bolsa 1-24-nji awgust aralygynda bolar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ylym, bilim we saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlaryny ösdürmek türkmen döwletiniň ösüşiniň strategik ugurlary bolup durýar we ol bu ugurlaryň jemgyýetiň we ýurduň innowasion ösüşiniň talaplaryna laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirilmegini talap edýär diýip belledi. Şu jähetden milli Liderimiz wise-premýere innowasion, bilim we ylmy-tehniki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
2013-2014-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna diňleýjileri, 2013-2014-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine talyplary kabul etmek, şeýle hem ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini tassyklamak bilen baglanyşykly resminamalara gol çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň mundan beýläk-de ylym, bilim ulgamynyň ösdürilmegine, türkmen ýaşlarynyň halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilim almaklary üçin ähli mümkinçilikleriň we şertleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet berjekdigini belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedowa söz berildi. Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýarym ýylynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň” amala aşyrylyşy barada hasabat berdi.
Hususan-da, hasabat döwründe geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nebitiň we gaz kondensatynyň çykarylyşy, nebiti gaýtadan işlemegiň möçberleri, nebit önümleriniň, şol sanda benziniň polipropileniň, suwuklandyrylan gazyň önümçiligi ýokarlandy. Şu ýylyň 6 aýynyň jemleri boýunça guýulary gazmak işleri 140,7 göterim ýerine ýetirildi we 2012-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 118,9 göterime barabar boldy.
Şeýle hem wise-premýeriň hasabatynda “Türkmenhimiýa” döwlet konserninide, Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetiniň kärhanalarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada habar berildi.
Sazlaşykly ösýän milli ykdysadyýetimizde ýangyç-energetika toplumynyň möhüm orny eýeleýändigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu ulgamda kabul edilen we ýangyç-energetika toplumynyň senagat düzüminiň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagyna, nebitgaz serişdeleriniň gazylyp alnyşyny we onuň gaýtadan işlenilişini ýokarlandyrmaga, dünýä bazarlarynda giňden isleg bildirilýän ýokary hilli nebit önümlerini öndürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz wise-premýere ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny, himiýa ulgamyny, ösdürmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Mejlisiň barşynda döwlet Baştutany işgärler bilen bagly birnäçe meselelere garap, degişli resminamalara gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda nebitiň çykarylýan we gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmagyň Prezidentiň maksatnamasynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda bellenilendigini aýdyp, gynansak-da, “Türkmennebit” döwlet konserniniň ýolbaşçylarynyň maksatnamalarda bellenilden wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça zerur çäreleri görmeýändigini nygtady.
Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Prezidenti A.Derýaýewi başga işe geçmegi sebäpli, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşatdy. Milli Liderimiz “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy wezipesine R.Ilamanowy belläp, ony şol konserniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti başga işe geçmegi sebäpli, T.Ýagşymyradowy “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutanymyz şu wezipä A.Berdinýazowy belläp, ony şol korporasiýanyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Türkmenistanyň Prezidenti häzirki döwürde ýurdumyzyň balyk hojalygy pudagynda-da ösüşiň duýulmaýandygyny belläp, A.Hojaberdiýewi işde goýberen kemçilikleri üçin, Döwlet balyk hojalygy komitetiniň başlygy wezipesinden boşatdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet balyk hojalygy komitetiniň başlygynyň wezipesine D.Hojamyradowy belläp, ony şol komitetiň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedowa söz berdi. Wise-premýer 2013-nji ýylyň birinji ýarymynda gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň netijeleri barada hasabat bermek bilen, söwda, dokma senagaty we halyçylyk pudagy boýunça esasy görkezijileri beýan etdi.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça hasabat döwründe jemi haryt dolanyşygynyň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 129,9 göterime deň boldy. Şunda bölek-satuw dolanyşygynyň möçberi 16 göterim, lomaý haryt dolanyşygynyň möçberi 38,7 göterim artdy. Ministrligiň kärhanalary tarapyndan öndürilen önümleriň möçberiniň ösüş depgini 102,3 göterime barabar boldy. Maýa goýumlaryny özleşdirmek boýunça meýilnama 220 göterim ýerine ýetirildi. Ilatyň sarp edýän esasy harytlarynyň, azyk önümleriniň we ilkinji nobatda zerur bolan harytlaryň nyrhlary ozalky derejesinde üýtgewsiz bolmagynda galýar.
Dokma senagaty ministrligi boýunça ýylyň başyndan bäri öndürilen dokma önümleriniň möçberiniň ösüş depgini 107,4 göterim üpjün edildi. Şu döwürde önümleri ýerlemegiň ösüş depgini 103,1 göterime barabar boldy. Önümçiligiň düşewüntliligi 14,3 göterime deň boldy. Daşary ýurt pulundaky girdejileriň ösüş depgini 109,4 göterime ýetdi.
Şu ýylyň ýanwar – iýun aýlarynda “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalary tarapyndan öndürilen önümleriň ösüş depgini 110,1 göterime barabar boldy. Harytlyk önümleri ýerlemegiň möçberi 6,1 göterim artdy. Döwlet birleşigine degişli kärhanalaryň düşewüntliliginiň derejesi 12 göterimden geçdi.
Şu ýylyň 6 aýynda Döwlet haryt-çil mal biržasynda 75 sany birža söwdalary geçirildi, bellige alnan şertnamalaryň umumy bahasy geçen ýylyň degişli döwründäkisi bilen deňeşdireniňde 66 göterim, şol sanda gurluşyga degişli şertnamalaryň jemi bahasy 4,5 esse artdy. Hasabat döwründe birža boýunça umumy girdejileriň ösüş depgini 100,8 göterime, daşary ýurt pulundaky girdejisiniň ösüş depgini 100,9 göterime ýetdi.
Şu döwürde Söwda-senagat edarasy tarapyndan sergileriň 12-si we maslahatlaryň 10-sy geçirildi, hyzmatlary berjaý etmegiň ösüş depgini 100,2 göterime barabar boldy.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarynda hasabat döwründe senagat önümleriniň öndürilişi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 42,6 göterim, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberi iki esseden gowrak artdy. Ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan ýerine ýetirilen gurluşyk işleriniň ösüş depgini 157,5 göterime barabardyr. Birleşme boýunça umumy haryt dolanyşygy 127 göterim, ilata edilýän hyzmatlaryň möçberi 74,6 göterim artdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň sarp ediş bazaryndaky ýagdaýyň senagatda, oba hojalygynda, durmuş we maliýe ulgamlarynda, tutuş ykdysadyýetde emele gelen ýagdaýy äşgär edýändigini belläp, soňky ýyllardaky ykdysady özgertmeleri söwdanyň hem giň gerim bilen ösmegini şertlendirendigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bazar gatnaşyklaryna goşulýanlaryň ählisiniň, şol sanda telekeçiligiň wekilleriniň başarnygyny kämilleşdirmegiň, bazaryň isleglerini öwrenmegiň hem-de harydy hödürlemegiň we satyn alyjylaryň bildirýän isleginiň arasynda sazlaşygy saklap, harytlaryň görnüşlerini has-da artdyrmagyň möhümdigini belledi. Sarp edijileriň hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagyna-da aýratyn üns berilmelidir.
Milli Liderimiz dokma senagatynyň wezipeleri barada aýdyp, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, harytlaryň görnüşlerini täzelemegiň hem-de öndürilýän önümleriň hili babatda bildirilýän ýokary talaplary ödemegiň möhümdigini belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we birnäçe taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Hökümet Baştutanynyň orunbasarynyň belleýşi ýaly, şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda ýurdumyzyň Demir ýol we Awtomobil ulaglary, Aragatnaşyk ministrliklerinde, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynda, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynda ýerine ýetirilen hyzmatlaryň derejesi ýokary görkezijilere eýe boldy.
Hususan-da, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Demir ýol ulaglary ministrliginde ýük daşamagyň ösüş depgini 125,1 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 102,9 göterime barabar boldy. Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça bu babatdaky görkezijiler degişlilikde 103 göterime we 101,8 göterime barabar boldy. Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynda bu görkezijiler degişlilikde 101,5 göterime we 132,5 göterime deň boldy. “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlarynyň ösüş depgini 112,1 göterime barabar boldy. Şeýle hem aragatnaşyk ulgamynda hem ýokary görkezijilere eýe bolundy. Aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň ösüş depgini şu döwürde 106,1 göterime barabar boldy.
Mundan başga-da, wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ulaglaryň ähli görnüşlerini kämilleşdirmek, hususan-da, häzirki zaman tehnikalaryny, teplowozlary we amatly ýolagçy wagonlaryny, döwrebap awtobuslary, uçarlary, deňiz-derýa derejeli gämileri satyn almak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ulag pudagynyň sazlaşykly işiniň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösüşini üpjün edýän esasy şertlerdigini nygtady we oňa häzirki döwürde ýükleriň daşalmagynda, ýolagçylaryň gatnadylmagynda ýokary hil we ygtybarlylyk boýunça uly talaplaryň bildirilýändigini belledi. Munuň özi netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegini Orta Aziýanyň üstünden geçýän yklymüsti üstaşyr-ulag ugurlarynyň netijeli peýdalanylmagyny şertlendirýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Pudaklaýyn edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, häzirki zaman tehnikalarynyň we enjamlarynyň has netijeli peýdalanylmagynyň zerurdygyna ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz deňiz, demir ýol, howa we awtomobil ulaglarynyň hemmesinde hyzmatyň ýokary derejesini üpjün etmek we degişli düzümleriň sazlaşykly işini guramak bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanylmagy barada anyk tabyşyryklary berdi.
Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde häzirki zaman aragatnaşyk ulgamynyň ähmiýetiniň ýokarlanýandygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz pudaga täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, täze işläp taýyarlamalar boýunça tejribe alyşmagyň zerurdygyny nygtady.
Soňra hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibindäki nobatdaky meselä geçmek bilen, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň hasabatyny diňledi.
Ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi M. Nurmämmedow döwlet Baştutanymyza şu ýylyň birinji ýarymynda welaýatda geçirilen işleriň netijeleri, oba hojalyk pudagyndaky işleriň ýgdaýy, galla oragynyň jemleri we beýleki möwsümleýin meýdan işleriniň barşy barada jikme-jik hasabat berdi. Ahally gallaçy babadaýhanlar döwlete 472 müň tonnadan gowrak ak bugdaý tabşyrdylar, munuň özi şertnamalaýyn borçnamanyň 104,3 göterim berjaý edilendigini aňladýar.
Häzirki wagtda gowaça ideg etmek boýunça agrotehniki çäreler dowam etdirilýär, welaýatda 120 müň gektarda gowaçanyň bitginli hasyly ösdürilip ýetişdirilýär, galla oragyndan boşan meýdanlarda degişli işler alnyp barylýar, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, topragyň şorlamagynyň öňüni almak we beýleki ugurlar boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatyň ýüpekçileri 157 tonna pile taýýarladylar hem-de meýilnama 101,6 göterim ýerine ýetirildi.
Şeýle hem welaýatda gurulýan binalardaky we desgalardaky işleriň ýagdaýy hem-de senagat düzümini ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak we obany özgertmek boýunça Milli maksatnamany amala aşyrmak boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.
Häkim welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek barada hasabat bermek bilen, geçen alty aýda düýpli maýa goýumlaryny özleşdirmek boýunça ýyllyk meýilnamanyň 69,6 göterim möçberinde ýerine ýetirilendigi barada habar berdi. Durmuş maksatly desgalaryň 15-si ulanmaga berildi, okuw ýylynyň öňüsyrasynda orta we sport mekdepleriniň 5-si ulanmaga berler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýygnalan dänäniň göwnejaý saklanmagyny üpjün etmegiň möhümdigini belläp, onuň gaýtadan işlenmegini guramak, şeýle hem oba hojalyk tehnikasyny pagta ýygymyna göwnejaý taýýarlamak, welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda mallaryň baş sanyny mundan beýläk-de artdyrmak babatda tabşyryklary berdi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedowyň hasabaty diňlenildi. Häkim şu ýylyň birinji ýarymynda sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşi boýunça welaýatda elektrik energiýasynyň öndürilişiniň 5,5 göterim, sementiň önümçiliginiň bolsa 3 esse ýokarlanandygyny aýtdy. Şeýle hem sebitde bölek haryt dolanyşygynyň möçberi 15,2 göterim ýokarlandy et, süýt, gök we miwe önümleriniň öndürilişi artdy. Şu döwürde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 5-si, umumybilim berýän orta mekdepleriň 2-si, saglyk öýi we 30 sany bir gatly ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga berildi. Ýene-de 691 jaýyň we dört gatly ýaşaýyş jaýynyň 5-siniň gurluşygy dowam edýär.
Sebitiň senagat düzüminde ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk pudagynyň paýy barhy ösýär. Şeýlelikde, bu ýerde telekeçiler ekologik taýdan arassa dürli görnüşli önüm öndürýän önümçilik kuwwatlyklarynyň 4-sini gurup ulanmaga tabşyrdylar.
Şeýle hem häkim oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, 2014-nji ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler, 5 müň gektar meýdany bolan gowaçalara ideg etmegiň barşy barada durup geçdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häkime sebitde oba hojalyk toplumyny ösdürmek, önümçiligiň mukdaryny artdyrmak, şeýle hem gurluşygy alnyp barylýan durmuş-ykdysady maksatly desgalaryň öz wagtynda we ýokary hilli gurlup gutarylmagyna gözegçilik etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow M.Annamyradowy Balkan welaýatynyň Gumdag şäheriniň häkimi wezipesine belläp, ony welaýat häkimliginiň iş dolandyryjysy wezipesinden boşatdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow A.Muhammedowy Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň suw hojalyk ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew şu ýylyň birinji ýarymynda edilen işleriň netijeleri barada hasabat bermek bilen, welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada aýtdy. Daýhanlaryň Watan harmanyna ak bugdaýyň 300 müň tonnadan gowragyny tabşyrandygy bellenildi. Galla oragynda has tapawutlanan kärendeçilere, kombaýnçylara we oba hojalyk pudagynyň beýleki işgärlerine "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky täze “Daşoguz” dynç alyş merkezinde dynç almaga mümkinçilik döredildi.
Şeýle hem welaýatyň häkimi häzirki wagtda ýerleriň indiki ýylyň hasyly üçin taýýarlanýandygy hem-de gowaça agrotehniki kadalara laýyklykda ideg edilýändigi barada hasabat berdi.
Prezident maksatnamasyna laýyklykda, demirgazyk welaýatda iri maýa goýum taslamalaryň, şol sanda durmuş-ýaşaýyş we medeni maksatly möhüm desgalary gurmak boýunça taslamalaryň amala aşyrylýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, häkim welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak, guruljak we ulanylmaga beriljek desgalar bilen bagly işleriň ýagdaýy hem-de şol gurluşyklardaky işleriň bellenilen möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça çäreler hakynda hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda oba hojalygyny ösdürmek üçin oňat şertleriň bardygyny belledi, milli Liderimiz ýene-de bir jogapkärli oba hojalyk işiniň – “ak altynyň” hasylyny ýygnamak işiniň daýhanlaryň öňünde durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gowaça ideg etmek boýunça ähli agrotehniki çäreleriň bellenilen möhletde we oňat hilli ýerine ýetirilmeginiň, şeýle hem pagta ýygymyna göwnejaý taýýarlyk görmegiň wajypdygyny nygtady.
Şeýle hem milli Liderimiz welaýatda gurulýan durmuş-ykdysady maksatly desgalarda alnyp barylýan işleriň barşyna, türkmenistanlylaryň durmuş derejesiniň we hiliniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna, welaýatyň senagat pudagynyň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna yzygiderli gözegçilik edilmegini üpjün etmegiň möhümdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz B.Mädeminowy Daşoguz welaýatynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesine, G.Akyýewi Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky Kararlara gol çekdi.
Öz gezeginde Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew gün tertibiniň esasy meselesine degişli hasabat bilen çykyş etdi.
Şu ýylda welaýatda däne taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilendigi, kärendeçi daýhanlar bilen özara hasaplaşyklaryň ählisiniň dolulygyna geçirilendigi barada hasabat berildi. Häzirki wagtda ýygnalan bugdaýy aýawly saklamak boýunça göwnejaý çäreler görülýär. Indiki ýylda güýzlük galla ösdürip ýetişdirmek üçin tohumlar zerur möçberde taýýarlanyldy. Galla oragyndan boşan meýdanlarda nobatdaky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek bilen bagly işler alnyp barylýar hem-de aralyk oba hojalyk ekinlerini – gök, bakja, iýmlik ekinleri ekmek işleri geçirilýär.
Häkim gowaça ideg etmek bilen bagly mesele boýunça hasabat bermek bilen, bu gymmatly ekiniň ekilen 120 müň gektar ýerinde hatarara bejerginiň geçirilýändigi, mineral dökünler bilen iýmitlendirilýändigi we suwarylýandygy barada aýtdy. Şunuň bilen birlikde, şala agrotehniki kadalara laýyklykda ideg edilýär, welaýatda 10200 gektar ýere şaly ekildi.
Şeýle hem häkim hasabat bermegiň barşynda, Milli özgertmeler maksatnamasyny hem-de “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň Baş maksatnamasyny” ýerine ýetirmegiň barşy barada aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gündelik oba hojalyk işleriniň ählisiniň ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçildik etmegiň, şeýle hem pagta ýygymyna bellenilen möhletde guramaçylykly taýýarlyk görülmegini üpjün etmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatda obasenagat toplumyny özgertmek boýunça bellenilen ähli meýilnamalaryň, senagat pudagynyň, ýaşaýyş-durmuş düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagyna, halkymyzyň ýaşaýş derejesiniň we hiliniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalary yzygiderli amala aşyrmagyň möhümdigini nygtady.
Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz R.Jumamuradowy Lebap welaýatynyň Sakar etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony şol etrabyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow 2013-nji ýylyň birinji ýarymynda welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijeleri baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Hususan-da, häkim welaýatyň meýdanlarynda galla oragyny geçirmegiň barşynda 400 müň tonnadan gowrak dänäniň ýygnalandygy, häzirki wagtda hasyly aýawly saklamak we ony gaýtadan işlemek boýunça işlere berk gözegçilik edilýändigi, gowaça ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleriň geçirilýändigi, şeýle hem pagta ýygymyna taýýarlyk görmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.
Häkim "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" çäklerinde göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli berjaý etmek üçin sebitde görülýän çäreler barada aýtmak bilen, hasabat döwründe welaýatda durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň 19-synyň gurlandygyny we ulanmaga berlendigini aýtdy.
Welaýatyň senagat kärhanalarynda önümler geçen ýylyň degişli döwründäkisine garanyňda 4,7 göterim möçberinde artyk öndürildi. Ulaglaryň ähli görnüşlerinde daşalan ýükleriň möçberi 8,3 göterim, ýolagçylaryň gatnadylyşy 6,4 göterim artdy. Haryt dolanyşygynyň umumy möçberi 18,4 göterim köpeldi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, pagta ýygymyna ykjym taýýarlyk görülmelidigine ünsi çekip, onuň guramaçylykly geçirilmegi üçin çäreleriň toplumynyň amala aşyrylmalydygyny, şol sanda gowaça agrotehniki kadalara laýyklykda ideg edilmelidigini, tehnikanyň taýýarlanylmalydygyny belledi.
Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz Altyn sähra etrabynyň häkiminiň wezipesine M.Gurbanmuhammedowy bellemek hakyndaky Permana gol çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň obasenagat toplumynda şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hususan-da, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, oba hojalyk toplumyna degişli ministrliklerde we pudaklaýyn edaralarynda önümçiligiň umumy möçberiniň ösüş depgini 106,5 göterime, şol sanda Oba hojalyk ministriginde --114,8 göterime, Suw hojalygy ministrliginde --101,2 göterime, Tebigaty goramak ministrliginde --106,4, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginde --140,5 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginde --104,5 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşiginde --105,1 göterime, Döwlet maldarçylyk birleşiginde --109,1 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserninde --100 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginde --128,2 göterime barabar bolandygy bellenildi.
Ýurdumyzda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy, galla oragynyň dowamynda 1 million 600 müň tonnadan gowrak däne taýýarlanylandygy we gowaçalara ideg işleriniň agronomçylyk görkezmelerine laýyklykda alnyp barylýandygy barada jikme-jik maglumat berildi.
Wise-premýeriň belleýşi ýaly, häzirki döwürde Lebap welaýatynda 100 müň tonnalyk elewatoryň we bir ýylda 80 müň tonna un öndürýän degirmen toplumynyň, Mary welaýatynda bolsa kuwwaty 50 müň tonna bolan elewatoryň we degirmeniň gurluşygy tamamlanyp barýar. Mundan başga-da, ýurdumyzyň sebitlerinde jemi göwrümi 360 müň tonna bugdaý saklamaga niýetlenen elewatorlaryň 8-siniň gurulýandygy, täze pagta arassalaýjy zawodlaryny gurmak we ozal hereket edýänleriniň durkuny täzelemek işleriniň alnyp barylýandygy habar berildi.
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda täze suw howdanynyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyra gadam goýandygy bellenildi. Gozgançaý derýasynda göwrümi 5,2 million kub metr suwa barabar bolan oba hojalyk meýdanlaryny suwarmak üçin we 500 müň kub metr göwrümi bolan agyz suwy üçin niýetlenen howdanyň, şeýle hem Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda göwrümi 20,5 million kub metre barabar bolan suw howdanynyň gurluşygy alnyp barylýar. Şeýle hem sebitlerde agyz suwy desgalaryň gurluşyk işleri dowam edýär.
Hasabatyň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň we onuň garamagyndaky kärhanalaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak hakyndaky”, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň maliýe-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak hakyndaky”, “Türkmenistanyň Suw hojalyk ministrliginiň maliýe-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak hakyndaky” degişli kararlaryň birnäçesiniň taslamalary hödürlendi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere galla oragynyň netijelerini düýpli seljermegi we şu esasda indiki ýylda däne oragyny guramaçylykly geçirmegiň netijeli strategiýasyny işläp taýýarlamagy tabşyrdy. Pudak ýolbaşçylaryna geljekki bol hasylyň girewi bolan gowaça we beýleki ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyk gelýän çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirmegi barada birnäçe tabşyryklar berildi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, welaýatlarda durmuşa geçirilýän we oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen iri maýa goýum taslamalarynyň ýerine ýetirilişi berk gözegçilikde saklanmalydyr. Hususan-da, gürrüň döwrebap elewatorlar we iri gidrotehniki desgalaryň gurluşygy hakynda barýar.
Bir söz bilen aýdylanda, obasenagat toplumynyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň derwaýysdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz degişli resminamalara gol çekdi we wise-premýere bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti mejlise gatnaşýanlara ýüzlenip, maksatnamalaýyn söz sözläp, 2013-nji ýylyň birinji ýarym ýylyndaky işleriň netijelerini häsiýetlendirdi hem-de ýakyn geljekde ileri tutulýan wezipeleriň birnäçesini kesgitledi.
Milli Liderimiz ýurdumyzda ýakynda geçirilen Medeniýet hepdeligi belli bir derejede şu ýylyň alty aýynda alyp baran işlerimiziň jemlerini jemledi, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň häzirki ýagdaýyny, medeniýetimiziň ýeten derejesini we ösüşini, biziň uly mümkinçiliklerimiziň bardygyny görkezdi diýip aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde mähriban halkymyzyň egsilmez gujur-gaýratyna we erk-islegine daýanyp, ynamly öňe barýan eziz Diýarymyz güýçli depginler bilen ösýän döwlete öwrüldi, ýurdumyzda örän giň möçberli maksatnamalar we deňi-taýy bolmadyk taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar diýip belledi. Ýurdumyzyň dünýä bileleşigine işjeň goşulmagy, dünýäniň köp ýurtlary bilen ykdysady we gumanitar gatnaşyklarymyzyň giňelmegi, şeýle hem döwletimizde iri halkara maslahatlarynyň, sergileriň, festiwallaryň geçirilmegi ýurdumyza çekilýän maýa goýumlarynyň möçberiniň artmagyna uly itergi berdi.
Häzirki döwürde ýurdumyzda 1865 sany desganyň gurluşygy alnyp barylýar we 41 milliard amerikan dollaryndan gowrak möçberde düýpli maýa goýumlary özleşdirilýär. Döwlet Baştutanymyz esasy zat bolsa, biz gysga wagtyň içinde ökde gurluşykçy hünärmenleri taýýarlamagy başardyk, ykdysadyýetimize gönükdirilen düýpli maýa goýumlarynyň 13 milliard amerikan dollaryny biziň öz milli gurluşyk kärhanalarymyz özleşdirýär diýip belledi.
Soňra milli Liderimiz iri halkara taslamalaryna hem, ýurdumyzyň içinde durmuşa geçirilýän taslamalara hem uly möçberde maýa goýumlarynyň goýulýandygyny we bu taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygyny nygtady. Hususan-da, şu ýylyň birinji ýarymynda kontinentleri birleşdirjek «Demirgazyk–Günorta» demir ýolunyň birinji tapgyry ulanmaga berildi. Şeýle hem, ýene-de bir halkara demir ýolunyň – Türkmenistan–Owganystan–Täjigistan demir ýolunyň gurluşygyna girişildi.
Şonuň ýaly-da, Türkmenistan–Owganystan– Päkistan–Hindistan gaz geçirijisini gurmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň içinden geçýän, uzynlygy bir müň kilometre barabar bolan «Gündogar–Günbatar» gaz geçirijisi öz güýjümiz bilen gurýalýar. Ýurdumyzda täze nebitgaz ýataklary açyldy we özleşdirilýär. Häzirki döwürde birbada iri howa menzilleriniň üçüsiniň gurluşygy, şeýle hem ähli üpjünçilik ulgamlary bolan kaliý dökünlerini öndürýän iri kärhananyň gurluşygy alnyp barylýar. Ýokary tizlikli, häzirki zamanyň ähli talaplaryna doly laýyk gelýän Türkmenabat–Aşgabat–Türkmenbaşy awtomobil ýoluny gurmak hem göz öňünde tutulýar.
Ýurdumyzyň himiýa pudagynyň we gurluşyk senagatynyň öndürýän önümleriniň görnüşleri barha köpelýär, elektrik energetikasy pudagynyň kuwwaty hem barha artýar. Häzirki döwürde dag-magdan we metallurgiýa pudagynyň, ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin bütinleý täze bolan beýleki pudaklaryň esaslary döredildi.
Ak mermere beslenen paýtagtymyza öňküsi ýaly uly üns berilýär. Ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň çäkleri ep-esli giňeldilip, täze etraplar döredildi. Şeýle hem, Aşgabadyň işewürlik merkezini gurmagyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bu taslamalaryň amala aşyrylmagy bolsa, geljekde ýurdumyzyň paýtagtynyň görküni has-da artdyrmaga ýardam berer diýip aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti döwletimiziň durmuş syýasatyny üstünlikli amala aşyrmakda maliýe ulgamyna örän möhüm ornuň degişlidigini belledi. Häzirki döwürde bu ulgam çalt depginler bilen ösýär. Amala aşyrylýan býujet we pul-karz syýasatynyň çäklerindäki özgertmeler durnukly ösüşi üpjün etmäge, döwlet edara-kärhanalarynyň gurluşyny kämilleşdirmäge we ýaşaýyş-durmuş wezipelerini üstünlikli çözmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa gönükdirilýän maýa goýumlarynyň netijeliliginiň has ýokary bolmagyna we durnukly ykdysady ösüşi goldamaga oňyn şertleri döredýär.
Hökümetimiziň oýlanyşykly alyp barýan maýa goýum syýasatynyň, daşary ýurt düýpli maýa goýumlarynyň ýurdumyza ýokary derejede çekilmeginiň, ähli dolandyryş edaralarynyň sazlaşykly işlemeginiň netijesinde, jemi içerki önümiň hakyky ösüşi 9,4 göterime barabar boldy. Şu döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary ýokary depginler bilen ösdi. Senagatyň ösüş depgini 6,6 göterime, gurluşykda ösüş 17,7 göterime, hyzmatlar ulgamynda 11,3 göterime barabar boldy. Oba hojalygynda 7 göterim ösüş gazanyldy. Häzirki güne çenli ýurdumyz boýunça 1 million 600 müň tonna galla hasyly ýygnaldy.
Döwlet býujetiniň girdejili bölegi artygy bilen ýerine ýetirildi. Kiçi işewürlik we hususy telekeçilik pudagy hem yzygiderli ösmegini dowam edýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösmegi netijesinde, geçen döwür bilen deňeşdirilende zähmet haklarynyň möçberi 11 göterime golaý ýokarlandy we ilatyň girdejileri has-da artdy.
Ylym we bilim ulgamlarynda özgertmeleri geçirmek, medeniýeti we sungaty ösdürmek Prezidentiň we ýurdumyzyň Hökümetiniň üns merkezinde bolmagynda galýar.
Ýurdumyzyň ähli etraplarynda iri möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, jemi 2 milliard 552 million 600 müň manatdan gowrak maýa goýum serişdeleri özleşdirildi. Oba ýerlerinde 271 müň inedördil metrden gowrak ýaşaýyş jaýlary, 24 sany umumybilim berýän we sport mekdebi, 4 sany hassahana, 21 sany çagalar bagy gurlup, ulanmaga berildi. Şeýle hem, awtomobil ýollary, gaz we suw geçirijileri, elektrik üpjünçilik ulgamlary we beýleki köp sanly durmuş maksatly desgalar gurlup, ulanmaga berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti geçen ýarym ýylyň dowamynda ähli ýolbaşçylaryň, aýratyn hem, welaýatlaryň we etraplaryň häkimleriniň aýry-aýry meseleleri çözmekde netijeli işleri alyp barandyklaryny bellemek isleýärin, bu bolsa, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ägirt uly kuwwatynyň, entek doly ulanylmadyk mümkinçilikleriniň bardygyny aýdyň görkezýär diýip aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa ýüzlenip, milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň zerurdygyny aýtdy. Mundan 10–15 ýyl ozal kabul edilen kanunlaryň köpüsi häzirki döwürde eýýäm köneldi. «Daşary ýurt maýa goýumlary hakyndaky», «Eýeçilik hakyndaky», «Býujet ulgamy hakyndaky» kanunlar toplumynyň üstünde işlemeli we olary täzelemeli. Şeýle hem, bazar ykdysadyýetiniň talaplaryna laýyk gelýän beýleki kanunçylyk namalaryny kabul etmeli.
Milli Liderimiz şu ýylyň ahyrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyş boýunça deputatlarynyň saýlawlarynyň möhüm ähmiýetlidigi barada aýdyp, milli parlamentiň ýolbaşçysyna hem-de Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy O.Nyýazlyýewe bu jemgyýetçilik-syýasy çäräni ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek üçin ykjam taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk baýramyna çenli Ýaşulularyň maslahatyny hem geçireris, şol maslahatda 2014-nji ýylda öňümizde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşarys diýip aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň Başlygyna, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, häkimlere, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň üstünde häzirden işläp başlamak tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary syýasat boýunça strategiýasynyň amala aşyrylmagyna degişli mesele barada durup geçip, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara guramalary bilen giň möçberli hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilen köpugurly, çeýe hem-de özara bähbitlere esaslanýan oňyn bitaraplyk we «açyk gapylar» syýasatyny geljekde-de maksada okgunly ýöretjekdigini, dürli döwletler bilen, aýratyn hem, goňşy ýurtlar bilen ikitaraplaýyn, dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň, halkara giňişliginde ýurdumyzyň tutýan ornuny pugtalandyrmagyň dowam etdiriljekdigini aýtdy. Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde hyzmatdaşlygy we durnukly ösüşi berkitmek boýunça netijeli işleri alyp barmalydyr we bu ugurda alnyp barylýan işlerde möhüm orny eýelemegini dowam etmelidir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz şu ýyl energetika howpsuzlygyna bagyşlanan ýokary derejedäki halkara maslahatyny geçirmek baradaky meselä garalmalydygyny aýdyp, bu barada wise-ppremýer, daşary işler ministri R.Meredowa birnäçe tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti bilim we ylym ulgamynyň ýolbaşçylaryna hem birnäçe tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz döwletimiziň alyp barýan ylmy-tehniki syýasatyny ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna täze tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmaga, ylymda we tehnikada hususy ideýalary ösdürmäge, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, döwrebap düýpli ylym ulgamyny döretmäge gönükdirmeli diýip aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn wagtda ýokary okuw mekdeplerine talyplary kabul etmek bilen bagly wezipäniň örän möhüm ähmiýetlidigini belläp, wise-premýer S.Toýlyýewe, bilim ministri G.Mämmedowa we beýleki ähli ýolbaşçylara bu çäräniň ýokary derejede, aç-açanlyk ýagdaýynda, hiç bir ýaramaz hadysalara ýol bermän geçirilmelidigini tabşyrdy. Milli Liderimiz biziň ýokary okuw mekdeplerimize zehinli we zähmetsöýer ýaşlar okuwa kabul edilmelidir hem-de okamalydyr diýip aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowa, welaýatlaryň we etraplaryň häkimlerine, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, maldarçylygy, tohumçylygy ösdürmek, zaýalanan sürümli ýerleri dikeltmek, oba hojalyk tehnikalaryny ýygym möwsümine doly taýýar etmek, şeýle hem «Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamany» ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da çaltlandyrmagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewiň, ykdysady topluma degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň öňünde-de degişli wezipeleri goýdy
Döwlet Baştutanymyz wise-premýer Ş.Durdylyýewe, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna, welaýatlaryň we etraplaryň häkimlerine, ýurdumyzyň gurluşyk kärhanalarynyň binýadynyň pugtalandyrylmagyna we olaryň kuwwatyny artdyrylmagyna, täze desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyna, gurluşyk işine milli kompaniýalaryň, şol sanda hususy gurluşyk firmalarynyň çekilmegine aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Türkmenistanyň Prezidenti täze okuw ýylyna çenli, şeýle hem baş baýramymyz bolan Garaşsyzlyk baýramyna çenli ulanmaga bermek göz öňünde tutulan ähli desgalaryň gurluşygy hökman bellenen möhletlerde tamamlanmalydyr diýip aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, döredijilik işgärleriniň taýýarlanmagyny, türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasynyň wagyz edilmegini, teleradioýaýlymlarda gyzykly gepleşikleriň taýýarlanmagyny, teatrlarda täze oýunlaryň goýulmagyny möhüm ähmiýetli wezipeleriň hatarynda görkezildi. Şeýle hem, milli Liderimiz hususy gazetleri we žurnallary döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdirilmelidigi aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri barada durup geçip, uly möçberdäki uglewodorod serişdelerimizi dolandyrmagyň esaslaryny kämilleşdirmek gaz we nebit geçirijileriň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, uglewodorod çig malyny gaýtadan işläp, senagat önümlerini öndürýän kärhanalary gurmak boýunça alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de dowam etdirilmelidigini belledi.
Ulag-kommunikasion düzümi mundan beýläk-de kämilleşdirmek we ösdürmek, täze tehnologiýalary işjeň ýagdaýda özleşdirmek, ählumumy Internet maglumatlar ulgamynyň elýeterliligini giňeltmek ulag-kommunikasion pudagyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda durýar. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň her bir ilatly ýeriniň doly derejede aragatnaşyk, Internet ulgamy, şeýle hem awtobus gatnawlary bilen üpjün edilmegini gazanmaly diýip aýtdy. Demir ýol we howa ulaglarynda müşderilere we ýolagçylara hyzmat edilişiniň hili ýokarlandyrylmalydyr.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýer H.Muhammedowa, we söwda toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurdumyzda haryt bolçulygynyň üpjün edilmegini, telekeçilere hemmetaraplaýyn goldaw berilmegini, hususy telekeçiligi amala aşyrmak üçin zerur şertleriň döredilmegini öňde durýan wezipeler hökmünde kesgitledi.
Milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna ýurdumyzyň kazyýet ulgamyny, aýratyn hem, arbitraž kazyýet önümçiligi ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdirilmegine degişli tabşyryklar berildi. Ýurdumyzyň kanunçylygynda neşekeşlige, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek boýunça has berk düzgünler göz öňünde tutulmalydyr. Türkmenistanyň Baştutany bu meselede halkara guramalary, aýratyn hem, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmeli diýip aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz, umuman, şu ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzda oňat netijeleriň gazanylandygyny ýene-de bir gezek belläp, ähli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna, 21–31-nji iýul aralygynda dynç almaga rugsat berilýändigini yglan etdi. Olar Awazada, Arçmanda, Ýylysuwda, Mollagarada ýa-da ýurdumyzyň beýleki şypahanalarynda dynç alyp bilerler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny tamamlap, ýygnananlary, oba hojalyk işgärlerini, tutuş türkmen halkyny giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilýän Galla baýramy, şeýle hem ýurdumyzyň galla tabşyrmak baradaky borçnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mejlisiň ahyrynda zala elleri bugdaý sümmülli çagalar -- her bir welaýatdan gelen ýaşlar girýärler. Bu täsirli waka ählihalk baýramçylygynyň – Galla baýramynyň şatlykly ýagdaýda gelendigini alamatlandyrdy. Çagalar ýygnananlaryň ählisini mähirli sözler bilen gutlap, sahawatly türkmen topragy we oňa ideg edýän zähmetsöýer adamlar baradaky goşgy setirlerini aýdýarlar. Ata Watanymyz, türkmen halkynyň Berkarar döwletiniň bagtyýarlyk döwrüni, Arkadagy wasp edýän sözler ýaňlandy.
Oglanlar we gyzjagazlar milli Liderimize ýüzlenip, öz welaýatlarynyň ýaşaýjylarynyň adyndan zähmetkeş adamlar, ýokary hasyl ösdürilip ýetişdirilmegi üçin ähli şertleriň döredilmegi we oba adamlarynyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagy, ekerançylyga degişli hünärleriň abraýynyň artdyrylmagy barada alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Ýaşlar türkmen döwletiniň Baştutanyny ajaýyp baýramçylyk bilen gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa özboluşly sowgatlary – ak bugdaýyň desselerini we halyçalary gowşurýarlar.
Milli Liderimiz çagalaryň haýyşy boýunça ýadygärlik üçin bilelikde surata düşdi.
Ata Watanymyzyň ruhy mirasynyň, türkmen halkynyň parasatly däp-dessurlarynyň ýaş mirasdüşerleriniň joşgunly çykyşy baýramçylyga mahsus şadyýan ýagdaýy döretdi. Çagalaryň şadyýan ýylgyrmagy hem-de ene topragyň we şöhratly gallaçylaryň şanyna bellenilýän uly dabaranyň ýetip gelendigi ýakymly täsir döretdi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy, degişli resminamalara gol çekildi. Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, olara gatnaşanlara berk jan saglyk, abadançylyk, ata Watanymyzyň bähbidi ugrundaky işde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.