Şu gün bütin ýurdumyz umumyhalk baýramçylygy bolan Galla baýramyny dabaraly ýagdaýda belläp geçýär. Bu gün milli senenamamyzda diňe bir ýurdumyzyň gallaçylary üçin däl, eýsem tutuş halkymyzy üçin şanly baýramçylyk bolup durýar, çünki gallaçylarymyzyň janypkeşlikli zähmeti bilen Watanymyzyň abadançylygy ýokarlanýar, türkmen topragynda bolsa asyrlardan bäri çörege uly gymmytlyk hökmünde sarpa goýulýar.
Türkmenler müňlerçe ýyllaryň dowamynda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirip, gadymy ekerançylyk siwilizasiýasyny esaslandyryjylar bolup durýar, olar özüniň köp asyrlyk tejribesinde dok däneli altynsow hoşaly bugdaýy ösdürip ýetişdirmek üçin yhlasly zähmet çekmelidigini bilýärler. Çörek gadymy wagtlardan bäri milletimiziň abadançylygynyň ölçegi, bolelinligiň we ýeterlik üpjünçiliginiň nyşany bolupdyr. Häzirki wagtda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzyň oba senagat toplumynda başy-başlanan uly möçberli özgertmeler netijesinde däneçilik azyk bolçulygynyň esasy hökmünde oba hojalyk önümçiliginiň düzüminde aýratyn ornuny eýeledi. Ýylsaýyn ösdürilip ýetişdirilen saýlama ak bugdaýyň barha artýan möçberleri türkmen saçagynyň häzirki bolelinligini, ýurdumyzyň we halkymyzyň abadançylygyny hem-de rowaçlygyny üpjün edip, Watanymyzyň altyn harmanlaryny beýgeldýär.
Şonuň üçin hem asyrlaryň jümmüşinden bize gelip ýeten we gadymy däplere görä, galla oragy tamamlanandan soň geçirilýän häzirki Galla baýramçylygy edermen ekerançylarymyzyň zähmetsöýerliginiň we döredijilik başarjaňlygynyň ajaýyp senasy bolup, bütin ýurdumyzda giňden bellenip geçilýär. Welaýatlarda we etraplarda, şäherlerde hem-de obalarda uly baýramçylyk maksatnamasynyň çäklerinde galla oragynyň gahrymanlary bilen dabaraly duşuşyklar hem-de olary hormatlamak, bäsleşikler, konsertler, sport ýaryşlary we at çapyşyklary, muzeýlerde gurulan tematiki çeperçilik sergileri hem-de beýleki medeni - köpçülik çäreleri guralýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde mähriban topragymyzyň sahylygyny görkezýän saçaklar giňden ýazyldy we ýarmarkalar ýaýbaňlandyryldy.
Ak bugdaýyň watany bolan Änewde galla oragynyň üstünlikli tamamlanmagy mynasybetli däp bolan dabaralar geçirildi. Hut şu ýerde, Aşgabadyň etegindäki gadymy şäheriň galyndylary gazylyp agtarylanda birnäçe müňýyllyga barabar ýaşy bolan ak bugdaýyň dänesi tapyldy. Şu müň ýyllyklaryň içinde dünýäde köp zat özgerdi, ýöne biziň ýurdumyzyň çäklerinden daşarda mälim bolan bu ekiniň ençeme meşhur sortlarynyň altyn genofondy bolan “ak bugdaýyň” dänesi üýtgewsiz bolmagynda galdy. “Ak bugdaý” milli muzeýinde geçirilen baýramçylyk duşuşygyna däneçilik pudagynyň ussatlary bolan daýhan birleşikleriniň hem-de hojalyklarynyň köp sanly wekilleri geldiler. Olaryň adyna mähirli gutlaglar aýdyldy, ekerançylyk meýdanlaryndan ýygnalan altynsow bugdaýyň bol hasylyna bagyşlanan ajaýyp aýdym-sazlar ýaňlandy.
Ak mermere beslenen owadan Aşgabat şäheri şu ýylky baýramçylyk çäreleriniň esasy merkezi boldy.
Şu gün Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Galla baýramçylygyna bagyşlanyp, “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmakda gallaçylyk pudagynda gazanylan üstünlikler” atly ylmy - önümçilik maslahat boldy. Bu maslahat Oba hojalyk ministrligi, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi we Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen bilelikde guraldy.
Obasenagat toplumynyň gazananlarynyň bu ýerde ýaýbaňlandyrylan uly sergisi şanly wakany has dabaralandyrdy, şol sergide dänelik ekinleriň tohumlarynyň nusgalary, ýokary hilli undan bişirilen çörek we çörek önümleri hem-de süýji-köke önümleri, däneden we bugdaý sypalyndan ýasalan özboluşly sowgatlyk hem-de elde ýasalan önümler, şeýle hem “Ak bugdaý” milli muzeýiniň gaznalaryndan getirilen ekerançylaryň gadymy iş gurallary görkezildi.
Uniwersitetiň uly mejlisler zalyna hökümet agzallary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, esasy oba hojalykçy hünärmenler, belli bir ugurly ylmy-barlag institutlarynyň alymlary hem-de işgärleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary ýygnandylar. Hormatly myhmanlaryň hatarynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinden baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin gelen ekerançylyk meýdanlarynyň ussat zähmetkeşleri, zähmet weteranlary, hormatly ýaşulular, öňdebaryjy hojalyklaryň ýolbaşçylary bar.
Bu ýere ýygnananlar türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistanyň mähriban halkyna, zähmetsöýer babadaýhanlaryna, edermen gallaçylaryna Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Türkmenistanyň Prezidenti hemmeleri zähmet ýeňşi, bereketli türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen 1million 600 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň Watan harmanyna möhletinden öň tabşyrylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. “Gallaçy daýhanlarymyzyň ýylboýy çeken zähmetiniň netijesi bolan galla öndürmekde gazanylan bu uly üstünlik ýurdumyzda giňden bellenýän Galla baýramyna mynasyp sowgatdyr, asuda durmuşda bagtyýar ýaşaýan halkymyzyň halal saçaklarynyň rysgal –berekedidir, barha galkynýan we kuwwatlanýan döwletimiziň abadançylygynyň, berkararlygynyň, azyk bolçulygynyň kepilidir” diýlip, gutlagda nygtalýar.
Milli Liderimiz gutlagynda ata babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda sünnäläp, sungat derejesine ýetiren daýhançylyk kärini häzirki zaman ylmynyň gazananlary baýlaşdyrmakda, dünýäniň iň kämil, kuwwatly tehnikalaryna başarnykly erk edip, öndürijilikli zähmet çekmekde, ähli zehinini, gujur-gaýratyny siňdirip, bereketli hasyl ýetişdirmekde nusgalyk iş bitirýän, başarjaň daýhanlarymyzyň, edermen mehanizatorlamyzyň bitiren hyzmatlaryny aýratyn belledi .
Maslahatyň gün tertibine ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmegiň, obasenagat toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň, pudagyň öňünde goýlan wezipeler, şol sanda tohumçylyk işini, umuman alnanda, oba hojalyk ylmyny täze derejä ýokary götermäge, pudak üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga degişli wezipeler babatda häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň möhüm meseleleri girizildi. Şeýle hem dänelik ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, seçgi işlerini ösdürmek, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak hem-de suwy tygşytlaýan tehnologiýalary ulanmak, ösümlikleri zyýan berijilerden we kesellerden goramak hem-de beýleki meseleler boýunça hünärmenleriň çykyşlary diňlenildi.
Çykyşlarda bellenip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň oba hojalyk ulgamyny döwrebap derejä çykarmak, öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary pudaga ornaşdyrmak. ekerançylaryň durmuş we zähmet şertlerini düýpli gowulandyrmak, bugdaýyň, pagtanyň, gök we bakja ekinleriniň bolçulygyny döretmek, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän oba syýasatynyň esasy ugurlarydyr. Ata Watanymyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijiler diňe bir ýurdumyzy azyk önümleri bilen üpjün etmek däl eýsem özüniň ägirt uly eksport mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek babatda uly işleri bitirýärler. Döwletimiz tarapyndan uly möçberli maýa goýumlary goýulýar, täze ýokary öndürijilikli tehnika satyn alynýar, elewatorlary we degirmen toplumlary, mineral dökünleri öndürýän zawodlar gurulýar we häzirki wagtda Türkmenistan ykdysady howpsuzlygyň öz toplumlaýyn maksatnamasynyň esasy bölümlerini durmuşa geçirmek bilen, indi üçünji ýyl yzly-yzyna dänäni daşarky bazarlara eksport edip, bugdaý, esasy azyk önümlerini öndürmekde ýeterlik derejede üpjünçilikli ýurtlaryň hataryna çykdy. Ekerançylaryň zähmetine mynasyp baha berilmegi bu ugurda mundan beýläk-de ýokary netijeleri hem-de ajaýyp üstünlikleri gazanmagyň özenidir.
Ylmy - önümçilik maslahatda weteran gallaçylary we 2013-nji ýylyň galla oragynda has ýokary netijeleri gazanan gallaçylaryň, ekerançylaryň, mehanizatorlaryň we sürüjileriň zähmetini höweslendirmek maksady bilen jemgyýetçilik guramalary hem-de “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi tarapyndan yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Ýurdumyzyň her bir welaýatyndan öňdebaryjylara hormat hatlaryna mynasyp bolan iň gowy kombaýnsylara, gallaçylara we tejribeli hünärmenlere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmatly sowgatlar gowşuryldy.
Ylmy-önümçilik maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýüzlenme kabul edip, oba zähmetkeşleri hakynda alada edýändigi, daýhanlaryň netijeli zähmeti üçin döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we “Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasynda” öňde goýlan wezilepeli abraý bilen ýerine ýetirmek üçin ähli güýçlerini sarp etjekdiklerine ynandyrdylar.
Maslahat tamamlanandan soň oňa gatnaşyjylar we myhmanlar paýtagtymyzda Oba hojalyk toplumynyň edara binasynda açylan türkmen halkynyň milli baýlygy bolan ak bugdaýa bagyşlanan şekillendiriş we amaly- haşam sungatynyň ussatlarynyň eserleriniň baýramçylyk sergisine çagyryldy. Häzirki zaman suratçylarynyň suratlarynda, nakgaşlaryň we zergärleriň önümlerinde Watanymyzyň altyn öwüşýän bugdaýly meýdanlary, eşretli türkmen topragy we onuň miweleri, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň gazananlary we elbetde, ýurdumyzyň zähmetsöýer ekerançylary öz beýanyny tapdy. Şu ýerde, -2013-nji ýylyň galla oragynyň gahrymanlarynyň gatnaşmagynda bilen maslahat boldy, onuň çäklerinde olaryň has tapawutlananlaryna hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy boýunça "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň sagaldyş edaralarynda dynç almak üçin ýollamalar gowşuryldy.
Milli Garaşsyzlyk seýilgähinde, Aşgabat aýdym-saz merkezinde bolan dabara Galla baýramynyň hormatyna baýramçylyk çäreleriniň agşamky dowamy boldy, şol ýerde ýurdumyzyň däneçilik pudagynyň önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Bu ýere hökümet agzallary, ýurdumyzyň Mejlisiniň, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, sebitleriň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda resmi taýdan bellenilen diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar, paýtagtymyzyň köpsanly ýaşaýjylary we myhmanlary ýyganandylar.
Dabarada döredijilik toparlary gyzykly çykyş etdiler, has uly üstünlikler gazanan türkmen gallaçylary baýramçylygyň hormatly myhmanlary boldular. Dabara Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi, Medeniýet ministrligi, ýurdumyzyň paýtagtynyň we welaýatlarynyň häkimlikleri tarapyndan guraldy.
Hemme ýerde ýaňlanýan milli aýdym-sazlar baýramçylygyň şowhununyny artdyrdy. Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň iň oňat aýdym-saz, halk döredijiligi, horeografiki toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler.
Gadyrly myhmanlary duz-çörek bilen garşylamak, we bereketli saçagyň başynda çagyrmak asylly däp hasaplanýar. Şu gün hem myhmanlar däp bolan tagamlary- süýji türkmen çöregi, pişme, külçe, beýleki milli tagamlar bilen garşylandy.
Baýramçylyga mahsus ýagdaýda bezelen meýdançada açyk asmanyň astyndaky sergide Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň däneçilik toplumynyň gazananlary giňişleýin görkezildi.
Bu owadan bezelen sergide ýurdumyzyň seçigiçileriniň gazanan üstünlikleri we bugdaýyň geljegi uly “Ýubeleýnaýa”, “Batko” sortlary we başgalar görkezildi, olar soňky ýyllarda türkmen topragynda özleriniň oňat taraplaryny görkezdiler.
Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna wekilçilik edýän ajaýyp sergi ak bugdaýyň bereketli türkmen topragynda ýetişdirilen täze hasylyny, türkmenleriň iň söýgüli tagamlarynyň biri bolan tamdyrda ýaňy bişirilen külçeler, köp görnüşli çörek hem-de çörek, unaş we süýji - köke önümlerini görkezdiler. Olarda türkmen güneşiniň ähli ýylylygy jemlenenýär. Bu ýerde biziň ata –babalarymyzyň oba hojalyk işlerini nähili alyp barandyklary, ýerleri sürüme taýýarlandyklary, bugdaý üwändikleri we ajaýyp çöregi taýýarlandyklary hakynda gürrüň berýän gymmatlyklaryň nusgalary görkezildi.
Baýramçylygyň resmi bölegi “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde dowam etdi. Şu ýyl iň ýokary netijeleri gazanan ýurdumyzyň iň oňat gallaçylarynyň, mehanizatorlarynyň we kombaýnçylarynyň adyna ýakymly sözler aýtdyldy. Olara-2013-nji ýylyň galla oragynyň gahrymanlaryna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmatly sowgatlar gowşuryldy.
Baýramçylygyň hakyky bezegine öwrülen Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ajaýyp çykyşlary ýokary hasyl ussatlary bolan gallaçylaryň, ähli ekerançylaryň janykeşlikli zähmetine, pudagyň gazanan üstünliklerine bagyşlandy. Konsert maksatnamasynda ýurdumyzyň meşhur aýdym-saz we tans toparlary, teatr artistleri, milli estradamyzyň iň oňat aýdymçylary çykyş etdiler. Olar ýakymly aýdymlary, maýyl edilip mukamlary, owadan horeografiki çykyşlary bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň gazanan üstünliklerini, halkymyzyňagzybirligini we jebisligini, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine çekýän döredijilikli zähmetini ruhubelentlik bilen wasp etdiler. Baýramaçylyk bezeginiň ajaýyp yşyklary dabara aýratyn öwüşgün çaýdy.
Türkmenistanyň ähli şäherlinde we obalarynda Galla baýramyna bagyşlanan köpçülikleýin dabaralar, konsertler, medeni – sport çäreleri geçirildi.