Ï Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň “Sony” korporasiýasynyň wekilini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň “Sony” korporasiýasynyň wekilini kabul etdi

view-icon 683
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň “Sony” korporasiýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti jenap Şoji Nemotony kabul etdi.

Myhman döwlet Baştutanymyza ýüzbe-ýüz duşuşyp, hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi we häzirki döwürde dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýan Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň ýokary depginlere eýe bolandygyny aýtdy. Biziň ýurdumyzyň ägirt uly ösüşine, onuň önümçilik kuwwatlyklarynyň dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylyşyna ýokary baha bermek bilen, jenap Şoji Nemoto Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň, şol sanda dünýä belli “Sony” korporasiýasynyň Türkmenistan biler ählumumy maksatlara laýyk gelýän doly möçberli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Milli Liderimiz döwlet durmuşynyň ähli möhüm pudaklaryny düýpli özgertmek strategiýasyny tapgyrlaýyn durmuşa geçirýän Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine we dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň önümçilige ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. “Sony” korporasiýasynyň innowasion we kämil önümleri diňe bir Ýaponiýanyň ykdysadyýetiniň okgunly ösüşini däl, eýsem, tutuş dünýädäki ýokary hiliň we ygtybarlylygyň kepiline öwrüldi.

Biziň ýurdumyz dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary, şol sanda “Sony” korporasiýasy bilen ýygjam netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we türkmen tarapynyň hyzmatdaşlyk babatda gelip gowuşýan teklipleri jikme-jik öwrenmäge taýýardygyny belledi.

Ýapon kompaniýalarynyň ygtybarly we öz borjuna wepaly hyzmatdaşlar hökmünde gazanan abraýyna biz örän guwanýarys we özümiziň häzirki zaman tehnologiýalarymyzy hem-de innowasiýalarymyzy Türkmenistana hödürlemäge taýýardyrys diýip, “Sorny” korporasiýasynyň ýolbaşçysy milli Liderimize Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen işlenip taýýarlanan birnäçe täze işewür teklipleri we köp ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen kompaniýanyň geljegi uly türkmen bazarynda öz ornuny giňeltmäge hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine goşant goşmaga bolan meýillerini hödürledi.

Türkmenistanda habar beriş serişdeleriň, hususan-da, teleradioýaýlymlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny ulgamyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak , häzirki zaman lukmançylyk enjamlaryny, aragatnaşyk ulgamyny, şeýle hem ýurdumyzda dynç alyş hem-de medeni-köpçülikleýin çäreleri okgunly ösdürmek üçin täze enjamlary getirmek ýaly wezipeler hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlarynyň hatarynda görkezildi. 2017-nji ýylda Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegine görülýän taýýarlyk çärelerine korporasiýanyň gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleler gürrüňdeşligiň esasyny düzdi.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň ýakynda Ýaponiýa boljak resmi saparynyň çäklerinde özara peýdaly netijeli hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmalar guralar. Hormatly Prezidentimiziň şol saparyna “Sony” korporasiýasy özüniň innowasion işläp taýýarlamalarynyň we ýeten derejeleriniň, sarp ediş bazarynda durnukly islegden peýdalanýan önümleriniň ýörite tanyşdyrylyşyny guramagy meýilleşdirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman hoşlaşanlarynda bellenilen meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine we gülläp ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýan iki ýurduň ykdysady mümkinçilikleriniň artmagyna gönükdirilen täze, möhüm bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdiler.