Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri jenap Wan Ini kabul etdi.
Mähirli kabul edilendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, myhman HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň milli Liderimize we tutuş türkmen halkyna bagtyýarlyk, parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.
Bellenilişi ýaly, Hytaý soňky ýyllarda iki ýurduň we halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän uzakmöhletleýin, özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýýan Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň okgunly ösüşine we gazanýan netijelerine aýratyn ähmiýet berýär.
Hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň ýolbaşçy düzümine iň gowy arzuwlaryny aýtdy we HHR-iň täze Başlygynyň şu ýylyň güýzünde Türkmenistana boljak ilkinji döwlet sapary mahalynda geçiriljek duşuşyga sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny nygtady.
Aşgabatda boljak ýokary derejedäki türkmen-hytaý gepleşikleriniň gün tertibini ara alyp maslahatlaşmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Hytaýyň daşary syýasat edarasynyň baştutany Wan I iki döwletiň netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge bolan meýillerini nazara almak bilen, bu saparyň iri halkara guramalarynyň we abraýly sebitleýin düzümleriň çäklerinde ýola goýulýan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn döwletara gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykmagyna kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdiler.
Türkmenistan Merkezi Aziýada Hytaý üçin sebitiň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde we ählumumy ösüş ýagdaýynda möhüm orny eýeleýän ygtybarly hyzmatdaş bolup durýar we biziň öňümizde ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyzy täze strategik derejä ýetirmek wezipesi durýar diýip, Wan I biziň ýurdumyzyň döwlet ösüşiniň milli ugruna we durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilik syýasatyna ýokary baha berdi.
Türkmenistanyň Hytaý bilen diplomatik gatnaşygy ýola goýup, bu ýurt bilen alyp barýan hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berýändigini bellemek bilen, milli Liderimiz dostlukly ýurduň Hökümetine şu ýyllaryň dowamynda ählumumy parahatçylygyň bähbidine türkmen tarapynyň öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryna berýän goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Gadymy dostluk däplerine hem-de Beýik Ýüpek ýoly döwründen bäri iki halkyň netijeli gatnaşyklaryna daýanýan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini we onuň okgunly ösüşe eýedigini kanagatlanma bilen belläp, döwlet Baştutanymyz we myhman ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi, şeýle hem söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag aragatnaşyk, gumanitar ugurlardaky, dokma we himiýa senagatyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşdylar. Şunda Türkmenistanyň we Hytaýyň bar bolan ykdysady, serişde we beýleki mümkinçilikleri doly möçberde durmuşa geçirmäge gönükdirilen bilelikdäki möhüm taslamalary durmuşa geçirýändigi bellenildi.
Soňky ýyllar milli we halkara ähmiýetli, ilkinji nobatda bolsa, işjeň döwletara gatnaşyklarynyň barşynda täze tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyran asyryň taslamasy adyny alan dünýäde iň uzyn Türkmenistan –Hytaý transmilli gaz geçirijisi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Myhman Türkmenistan baradaky täsirleri hakynda aýtmak bilen, häzirki döwürde giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň ýerine ýetirilýän künjegi bolan Aşgabadyň gözelligine haýran galýandygyny belläp, ýurtda parahatçylykly, durnukly ýagdaýyň, ylalaşygyň we agzybirligiň berkarar bolýandygyna göz ýetirendigini aýtdy. Hytaý halky hemişe türkmen halky üçin wepaly dostdur we ygtybarly hyzmatdaşdyr diýip, myhman nygtady hem-de milli Liderimize ýurduň durmuş-ykdysady ösüşinde uly üstünlikler arzuw etdi.
Hytaýyň DIM-niň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýüzbe-ýüz duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini we halkara syýasatynyň birnäçe ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin ýene bir ýola hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik maksatlaryna tarap ynamly gadam urýan Türkmenistanyň tutuş halkyna gülläp ösüş, abadançylyk arzuw etdi.
Duşuşyga HHR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Sýao Sinhua gatnaşdy.