Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda saglygy goraýyş ulgamynyň täze desgalarynyň açylmagy we düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaralar boldy. Olar ýetip gelýän baýramçylyklara – Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe hem-de “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 18 ýyllygyna gabat geldi. Şu gün paýtagtymyzda häzirki zaman Stomatologiýa merkezi hem-de Infuzion erginleri öndürýän derman kärhanasy ulanmaga berildi, şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Okuw-ylmy merkeziniň hem-de Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň täze binalar toplumynyň gurluşygyna badalga berildi.
Bu şanly wakalar milli Liderimiziň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny düýpli özgertmek boýunça başyny başlan we yzygiderli durmuşa geçirýän özgertmeleriniň üstünlige eýe bolandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Bu il-ýurt bähbitli işler netijesinde türkmenistanlylar üçin ýokary halkara ülňüleriniň derejesinde lukmançylyk hyzmatlarynyň giň görnüşi elýeterli boldy.
Mälim bolşy ýaly, halkyň, her bir raýatyň saglygy we abadançylygy hakynda alada Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde Türkmenistan adamlaryň saglygyny goramakda we berkitmekde, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmekde uly üstünlikleri gazandy. Bu ugurda maksada gönükdirilen köpugurly işler dowam edýär.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny we derman senagatyny has-da kämilleşdirmek we ösdürmek, degişli düzümi döwrebaplaşdyrmak, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, lukmançylyk ylmy we tejribesi babatda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek täze taryhy eýýamda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň möhüm ugurlarydyr. Paýtagtymyzda gurlup ulanmaga berlen, täze enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap lukmançylyk desgalary munuň aýdyň subutnamasydyr. Şunda soňky ýyllarda döwrüň talaplaryna gabat gelýän saglygy goraýyş ulgamynyň edaralarynyň ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, alys obalarda hem gurlandygyny we bina edilýändigini bellemek gerek. Munuň özi gös-göni ýerlerde ilata ýokary hilli lukmançylyk hyzmatyny etmäge mümkinçilik berýär.
Bularyň hemmesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oýlanyşykly we durmuş ugurly syýasatynyň anyk netijeleri bolup, ol dünýä bileleşiginiň we esasy halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň iri düzümleriniň – Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň /BSG/, BMG-niň çagalar gaznasynyň /UNISEF/ we beýlekileriň giň goldawyna eýe boldy. Biziň ýurdumyz olar bilen işjeň we netijeli hyzmatdaşlyk edýär.
... Uly dabaralaryň başlanmagyna ähli zat taýýar edildi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Okuw-ylmy merkeziniň düýbüni tutmak dabarasy olaryň başyny başlady. Täze desga paýtagtymyzyň günorta böleginde, 1970-nji köçäniň ugrunda bina ediler. Bu ýerde ir säher bilen hakyky baýramçylyk ýagdaýy ýaýbaňlandy. Dabara gatnaşýanlaryň hatarynda Mejlisiň Bagşlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular bar. Olaryň arasynda Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň ýolbaşçylary, işewürler, şol sanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe hem-de “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen daşary ýurtly myhmanlar hem bar. Elbetde, bu ýere ýygnananlaryň hatarynda saglygy goraýyş ulgamynyň köpsanly işgärleri bolup, olar üçin bu günki wakalar aýratyn şanlydyr.
Hemmeler hormatly Prezidentimizi uly joşgun bilen mähirli garşylaýarlar. Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurýarlar. Din wekilleri Beýik Biribardan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegini, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk dileg edip, milli Liderimiziň ýurdumyzyň we halkymyzyň bähbidine alyp barýan ähli asylly işlerinde we başlangyçlarynda üstünlikler arzuw edýärler.
Bu ýerde bolan söhbetdeşlikde hormatly ýaşulular milli Liderimize alyp baýran döredijilikli syýasaty, eziz Watanymyzyň abadançylygy we türkmen halkynyň bagtly durmuşy hakynda edýän ýadawsyz aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz gezeginde döwletimiziň geljekde hem türkmenistanlylaryň saglygyny goramak we berkitmek, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary ülňülerini üpjün etmek, şeýle hem häzirki zaman türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek meselelerine aýratyn üns berjekdigini aýtdy. Biziň şöhratly ata-babalarymyz şol ýörelgelere asyrlarboýy ygrarly bolupdyrlar.
Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli görüşýär. Olaryň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolan Germaniýadan lukmanlar, şeýle hem olaryň Latwiýa Respublikasyndan gelen kärdeşleri bar. Milli Liderimiz 2012-nji ýylyň sentýabrynda bu ýurda amala aşyran resmi saparynyň barşynda onuň saglygy goraýyş edaralary bilen ýakyndan tanyşdy.
Artistleriň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde joşgunly aýdym-tansly çykyş dabara aýdyň öwüşgin çaýdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde gurnalan çadyra baryp, dabara gatnaşyjylaryň öňünde gutlag sözleri bilen çykyş etdi.
Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, biz şu gün paýtagtymyzda täze gurlan Stomatologiýa merkezini we Infuzion erginlerini öndürýän derman kärhanasyny dabaraly açyp, ulanmaga berýäris, şeýle hem, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Okuw-ylmy merkeziniň hem-de Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň binalar toplumlarynyň düýbüni tutýarys diýip bellemek bilen, dabara gatnaşyjylary we ýurdumyzyň ähli saglygy goraýyş işgärlerini, şeýle hem mähriban halkymyzy ata Watanymyzda giňden hem-de dabaraly bellenip geçilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda ynsan saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Şoňa görä-de, ýurdumyzda adamyň saglygyny goramak, ömrüni uzaltmak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Kabul eden «Saglyk» döwlet maksatnamamyzda we «Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň 20122016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda» bu ulgamyň işini has-da kämilleşdirmek hem-de düýpli özgertmek boýunça öňde goýlan maksatlary we wezipeleri ýerine ýetirmek üçin häzirki döwürde netijeli çäreler amala aşyrylýar.
Ata-babalarymyzyň «Saglygym – baýlygym» diýen pähiminden ugur alyp, biz raýatlarymyzyň saglygy we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin tutumly işleri alyp barýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Sagdyn jemgyýet kuwwatly döwletiň esasy bolup durýar. Şoňa görä-de, jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy bolan adamyň saglygy, berk bedenli ýaş nesillerimiziň sagdyn ösüp ulalmagy, bütin halkymyzyň abadançylygy döwletimiziň baş wezipesine öwrüldi.
Sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmek we wagyz etmek, adamlaryň saglygyny berkitmek üçin döwrebap saglygy goraýyş hem-de şypahana edaralaryny, anyklaýyş we bejeriş merkezlerini, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlaryny, sport desgalaryny yzygiderli gurýarys. Olary häzirki döwrüň iň kämil enjamlary bilen üpjün edýäris. Ýokary derejeli lukmanlary taýýarlamaga hem uly üns berýäris diýip, hormatly Prezidentimizi belledi.
Soňky ýyllarda biz diňe bir Aşgabatda däl, ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde hem bejeriş we sagaldyş-dynç alyş ulgamynyň tutuş täze toplumyny döretdik diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. «Ene mähri» we Saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezlerini, täze derman kärhanalaryny, şeýle hem “Arçman”, “Ýylysuw”, “Baýramaly”, “Farap”, “Mollagara” we “Berzeňňi” şypahanalaryny gurup, halkymyzyň hyzmatyna berdik. Hazaryň şypaly hem-de ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda çagalara hem-de uly ýaşly adamlara niýetlenen sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň we dünýä ölçeglerine laýyk gelýän myhmanhanalaryň onlarçasy gurlup, ulanmaga berildi. Giň gerimli bu işleriň amala aşyrylmagy netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň sözüň doly manysynda sagdynlygyň we ruhubelentligiň, abadançylygyň hem-de rowaçlygyň ýurduna öwrülendigini ynam bilen aýdyp bileris diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, şu gün ulanmaga berilýän Stomatologiýa merkeziniň, Infuzion erginlerini öndürýän derman kärhanasynyň, şeýle hem düýbi tutulýan Okuw-ylmy merkeziniň, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň halkymyzyň saglygyny goramakda, ömrüni uzaltmakda uly ähmiýetiniň boljakdynyny aýtdy. Alty gatdan ybarat täze Stomatologiýa merkezi häzirki döwrüň iň ösen talaplaryna laýyklykda guruldy. Merkezde diş keselleriniň öňüni almakda we olary bejermekde ýokary netijeleri gazanmak üçin ähli zerur şertler bar. Merkeziň bölümleri, anyklaýyş hem-de bejeriş otaglary, diş ussalarynyň barlaghanasy Germaniýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň öndüren iň kämil enjamlary we serişdeleri bilen üpjün edildi. Bu ýerde gije-gündiziň dowamynda işleýän bejeriş, hirurgiki stomatologiýa we rentgen otaglary, zerur bolan beýleki otaglar hem-de dermanhana ýerleşýär. Merkezde bir günüň dowamynda 400–450 adama ýokary hilli stomatologiýa hyzmatlaryny ýola goýmaga mümkinçilik döredildi.
Infuzion erginlerini öndürýän derman kärhanasynyň düzüminde önümçilik bölümi, hil we seljerme barlaghanasy bar. Bu ýerde derman taýýarlamak üçin çig mal serişdelerini hem-de taýýar önümleri bildirilýän talaplara laýyk saklamaga mümkinçilik berýän ammarlar we karantin ammarlary hem ýerleşýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, kärhanada saglygy goraýyş ulgamynda giňden ulanylýan natriý hloridiniň, Ringeriň we glýukozanyň ýylda 10 million gap bolan infuzion erginleri öndüriler. Bu erginleri taýýarlamak üçin Germaniýada, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda öndürilen enjamlar, Fransiýanyň, Awstriýanyň we Çehiýanyň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän çig mal serişdeleri ulanylar. Bu bolsa, kärhanada ýokary hilli dermanlary öndürmäge mümkinçilik berer.
Ýaňy belläp geçişim ýaly, biz şu gün döwrebap Okuw-ylmy merkeziniň hem-de 670 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň binalar toplumlarynyň hem düýbüni tutýarys. Bu çäräniň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýändiginiň özboluşly manysy bar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Sebäbi enäniň we çaganyň saglygyny goramak, sagdyn nesli ösdürip ýetişdirmek, köp duş gelýän keselleri ylmy taýdan öwrenip, olary bejermegiň täze, has kämil usullaryny döretmek, netijede, ynsan ömrüni uzaltmak häzirki döwürde ýurdumyzda milli lukmançylyk ulgamynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş ulgamyna degişli täze açylýan hem-de düýbi tutulýan bu döwrebap merkezleriň we binalar toplumlarynyň hem şu wezipeleri ýerine ýetirmäge uly goşant goşjakdygyna, mähriban halkymyza uzak ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmat etjekdigine berk ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz çykyşyny jemlemek bilen, bu ýere ýygnananlary Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramy hem-de şu günki şanly wakalalar bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, egsilmez bagt we abadan durmuş, mähriban halkymyzyň saglygyny goramak ugrunda yhlas bilen zähmet çekýän saglygy goraýyş işgärlerimize bolsa, alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi hem-de şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda ýadygärlik senenama gol çekýär hem-de ony ýörite guta salýar.
Soňra ýurdumyzyň myhmany jenap Stýuart Şilde söz berildi. Internasional Property Awards Europe halkara guramasynyň prezidenti jenap S.Şild öz çykyşynda türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alan özgertmeleriň gerimine haýran galýandygyny aýdyp, häzirki baýramçylyklara gatnaşmagyň hem-de Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda düýpli özgerýän Aşgabat şäheri ýaly döwrebap innowasion şäheri gurmakda gazanylýan üstünliklere göz ýetirmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Internasional Property Awards Europe baýragy 19 ýyl mundan öň esaslandyryldy. Şu ýyl Beýik Britaniýanyň lordlar palatasynyň wise-spikeri lord Beýtsyň ýolbaşçylyk edýän topary dünýäniň 90 ýurdundan taslamalaryň 2000-sini öwrenip, bäş ýyldyzly sertifikatlaryň ikisini Aşgabat şäherinde gurlan Stomatologiýa merkezine görnükli arhitekturasy we ösüşi üçin bermek kararyna geldi. Bu toparyň düzüminde halkara bilermenleriň 65-si bolup, olaryň arasynda öňdebaryjy arhitektorlar, dizaýnerler bar.
- Men lukmançylyk şäherjigine baryp gördüm we saglygy goraýyş ulgamynda siziň gazanan üstünlikleriňize göz ýetirdim. Şonda häzirki zaman tehnologiýalary täze enjamlar bilen sazlaşykly utgaşýar. Bularyň hemmesi adamlara hyzmat etmelidir diýip, jenap S.Şild hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda binagärligi ösdürmäge goşan uly goşandy üçin eýe bolan hormatynyň tutuş dünýäde ykrar edilýändigini aýratyn belledi.
Bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmagynda Internasional Property Awards Europe halkara guramasynyň prezidenti döwlet Baştutanymyza Internasional Property Awards Europe bäsleşiginiň Halkara baýragyny hem-de täze Stomatologiýa merkezine berlen “Jemgyýetçilik desgalary boýunça iň gowy taslama işi üçin” we “Jemgyýetçilik desgalary boýunça iň gowy binagärlik işi üçin” atly halkara sertifikatlarynyň ikisini gowşurýar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenap S.Şilde minnetdarlyk bildirip, bu ýere ýygnananlara türkmen paýtagtynyň ajaýyp binalarynyň ikisiniň – “Bagt köşgüniň” hem-de “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkeziniň inžener-tehniki binalarynyň şu bütindünýä bäsleşiginiň Halkara baýraklarynyň eýeleri bolandygyny aýtdy. Şu ýyl bu bäsleşigiň ýokary sylaglaryna Aşgabat şäheriniň Stomatologiýa merkeziniň mynasyp bolandygyny belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz şu günki dabara gatnaşanlar bilen bilelikde ýadygärlik üçin surata düşdi.
Döwlet Baştutanymyz dabaranyň barşynda içi ýadygärlik ýazgyly gutyny Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Okuw-ylmy merkeziniň binýadyna atýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljekki desganyň düýbüne pil bilen ilkinji betony guýýar. Dabara gatnaşyjylar milli Liderimiziň göreldesine eýerýärler.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Okuw-ylmy merkeziniň gurluşygyna badalga berildi. Ol bu möhüm ulgamyň döwrebap düzüminiň üstüni ýetirer. Täze merkezde birnäçe barlaghanalar bolup, olar lukmançylyk ylmynyň we tehnikasynyň soňky gazananlary bilen üpjün ediler. Mysal üçin, okuw barlaghanasy öňdebaryjy enjamlar, şol sanda ýörite trenažerler, fantomlar, kompýuterler we beýleki zerur bolan enjamlar we okuw materiallary bilen üpjün ediler. Munuň özi subordinaturany geçýän talyplara, ýaş hünärmenlere – lukman-internlere we kliniki ordinatorlara öz ussatlygyny kämilleşdirmäge we hünär derejesini ýokarlandyrmaga, innowasion tehnologiýalary, şol sanda wirtual lukmançylyk tehnologiýalaryny özleşdirmäge mümkinçilik berer.
Kliniki barlaghana hem-de keseli anyklaýyş we seljeriş barlaghanasy dürli keselleri öwrenmek, anyklamak, öňüni almak we bejermek babatda ýerine ýetirilýän barlaglaryň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berýän döwrebap enjamlar, gurallar we beýleki zerur bolan materiallar bilen üpjün ediler.
Dabara tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz baýramçylyk lybasyna beslenen ak mermerli Stomatologiýa merkeziniň täze binasynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine tarap ugraýar. Merkeziň özboluşly 6 gatly binasy paýtagtymyzyň şu böleginde ýerleşen, Köpetdagyň eteginde kemala gelen lukmançylyk şäherjiginiň binagärlik toplumyna sazlaşykly goşuldy. Mahlasy, täze desga 2011-nji ýylda gurlup, ulanmaga berlen Göz kesellerini bejeriş merkeziniň golaýynda bina edildi. Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy mähirli garşylaýarlar. Olaryň arasynda türkmen lukmanlary, şol sanda täze Stomatologiýa merkeziniň lukmanlary we işgärleri bar.
Täze gurlan binanyň öňündäki meýdançada döredijilik toparynyň dürli öwüşginli aýdym-sazly, tansly çykyşy ýaýbaňlanýar
Tolgundyryjy pursat gelip ýetýär: hormatly Prezidentimiz Stomatologiýa merkeziniň girelgesine barýar we bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmagynda toý bagyny kesýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow binanyň içine girip, SIRONA ýaly dünýä belli nemes kompaniýasynyň öňdebaryjy ýokary tehnologik enjamlary bilen üpjün edilen täze lukmançylyk edarasy bilen tanşyp başlaýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Stomatologiýa merkezini gözden geçirmek bilen, binanyň birinji gatynda ýerleşýän diş ussalarynyň laboratoriýasyna barýar. Döwlet Baştutanymyza gürrüň berlişi ýaly, bu ýerde bejeriş we hirurgiýa stomatologiýasynyň otaglary, Heliodent ulgamy bilen üpjün edilen rentgen-otag ýerleşdirilipdir. Bu ulgam takyk anyklaýyş maglumatlary üpjün edýän ýokary hilli rentgen suratlaryny almaga mümkinçilik berýär. Hünärmenleriň ygtyýarynda şeýle hem Sirona C8 we beýleki ýörite enjamlar bolup, olar hassalara ýokary derejede stomatologiýa hyzmatlaryny etmäge mümkinçilik berýär.
Bu ýerde şeýle hem diş ussalarynyň işlemegi üçin niýetlenen otaglar ýerleşdirilip, olaryň her biri KAVO we FROYDING nemes enjamlary bilen üpjün edilipdir. Mundan başga-da, bu ýerde beýleki birnäçe otaglar: diş guýulýan, gips işlenilýän, polimerizasiýa we diş ýülmenilýän otaglar we beýlekiler bar. Diş ussalarynyň barlaghanasy BEGO we IVOKLAR /Germaniýa/ kompaniýasynyň döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylypdyr. Bu ýerde islendik çylşyrymlykdaky diş protezlerini taýýarlamak üçin mümkinçilikler döredildi.
Mundan başga-da, merkeziň birinji gatynda dermanhana, kafe, şeýle hem ammarlar ýerleşdirilipdir.
Hormatly Prezidentimiz barlaghananyň otaglaryny gözden geçirip, bu ýerde oturdylan, işde ulanylýan enjamlaryň, tehnologiýalaryň we usullaryň aýratynlyklary we häsiýetnamalary bilen, şeýle hem diş ussalarynyň iş orunlarynyň üpjünçiligi bilen içgin tanyşýar. Döwlet Baştutanymyz, hususan-da, CAD-CAM toplumynyň işi bilen tanyşdy. Bu toplum ýokary kompýuter tehnologiýalarynyň kömegi bilen gysga wagtda – 15-20 minudyň dowamynda keramiki protezleri we beýlekileri metalsyz ýasamaga mümkinçilik berýär.
Şunuň bilen baglylykda, bir zady bellemek gerek. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hünär we ylmy işiniň köp ýyllary stomatologiýany, umuman, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek bilen gös-göni bagly boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki zaman lukmançylyk ylmyny we tejribesini ösdürmekde bitiren uly hyzmatlaryna halkara derejesinde mynasyp baha berildi hem-de ýokary hormatly atlar we sylaglar bilen bellenildi. Ine, şonuň üçin hem täze Stomatologiýa merkeziň üpjünçiligi, bu ýerde hassalara hödürlenýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşleri we hili döwlet Baştutanymyzyň üns mekrezinde boldy.
Hormatly Prezidentimiz merkezi gözden geçirmek bilen, liftde binanyň 5-nji gatyna çykdy. Bu ýerde terapiýanyň intensiw palatasy, operasiýa otaglarynyň ikisi we beýlekiler ýerleşýär.
Merkez bilen tanyşlygyň barşynda milli Liderimize intensiw terapiýanyň iki orunlyk otagynyň operasiýadan soň ulanylýan täze enjamlar bilen üpjün edilendigi barada gürrüň berdiler. Hususan-da, reanimasiýa şertlerinde gysga wagtlyk we uzak wagtlyk dem bermek üçin niýetlenen Dräger Savina enjamy hassanyň umumy ýagdaýyna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Astotherm plus ulgamy gany we erginleri gyzdyrmak üçin olary ulanmazdan öň transfuziýa we infuziýa etmek üçin niýetlenendir. Hünärmenleriň ygtyýarynda şeýle hem Cardioline EKG döwrebap enjamy bar.
Operasiýa zallarynyň üpjünçiligi bilen tanyşlygyň barşynda döwlet Baştutanymyza lukmanlaryň ygtyýarynda stomatologik operasiýalaryny, şol sanda diş sogurmak, implantologik operasiýalaryny geçirmek üçin niýetlenen döwrebap enjamlaryň bardygyny aýtdylar. Şunda zerur bolan halatynda Endo Vul /ABŞ/ monitorynyň kömegi bilen ýörite ekranda operasiýanyň barşyny görkezmäge ýa-da binanyň ikinji gatynda ýerleşýän uly mejlisler zalyndan onuň barşyna göni ýaýlymda synlamaga mümkinçilik döredilipdir.
Operasiýa otaglarynyň dünýä belli Dräger /Germaniýa/ kompaniýasynyň öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilmegi stomatologik operasiýalaryny we beýlekileri umumy anesteziýa astynda geçirmäge mümkinçilik berýär, bu bolsa olaryň agyrysyz geçirilmegini üpjün edýär. Dräger Oxylog 2000 plus ulgamy öýkenleriň monitoringi we emeli dem berilmegi üçin niýetlenendir. Infinity Gamma XL monitorlarynyň ulanylmagy hassanyň bedeniniň ýagdaýynyň esasy görkezijilerine – dem alşyna, gan damarynyň urşuna, bedeniň temperaturasyna, gan basyşyna we beýlekilere gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde oturdylan lukmançylyk enjamlarynyň aýratynlyklary we artykmaçlyklary bilen jikme-jik içgin tanyşdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz türkmenistanlylaryň saglygyny goramak üçin bu gün olaryň hyzmatynda ýokary innowasion tehnologiýalaryň we lukmançylyk ulgamynda, hususan-da, stomatologiýada öňdebaryjy ylmy gazanylanlaryň goýlandygyny kanagatlanmak bilen belledi.
Bu gatda şeýle hem merkezi sterilizasiýa bölümi ýerleşdirilip, ol Unisteri SL nemes enjamlary bilen üpjün edilipdir. Bu ýerde şeýle hem Roche, ZEISS Tcoog kompaniýalarynyň ýöriteleşdirilen enjamlary bilen üpjün edilen barlaghanalar bar. Şol enjamlar bu ýere gelýänleriň saglyk ýagdaýyny anyk kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Rentgen-anyklaýyş bölüminde dünýä belli SIEMENS nemes kompaniýasynyň rentgen enjamlary, şol sanda anyklaýyş işlerini geçirmäge niýetlenen Ortofos Panoram we Ortofos 3D hem-de Heliodent enjamlary oturdylypdyr. Şunuň ýaly ýokary tehnologik üpjünçilik ýokary hilli anyklaýyş işlerini geçirmäge hem-de 3D görnüşde dişleriň suratlaryny almaga mümkinçilik berýär.
Stomatologiýa merkeziniň beýleki gatlary barada aýdylanda bolsa, onuň ikinji gatynda öňdebaryjy enjamlar, şol sanda Sinus, Sirona bor maşynlary bilen üpjün edilen ortopediýa bölümi ýerleşdirilipdir. Bu ýerde hassalara ýokary hilli hyzmatlaryň toplumy hödürlener. Şu gatda şeýle hem gözden geçiriş, garaşma otaglary ýüz tutanlaryň hyzmatynda bolup, 200 orunlyk uly mejlisler zaly göz öňünde tutulypdyr. Bu ýere gelýänleriň amatlylygy üçin egin-eşik çalşyrylýan otag hem göz öňünde tutulypdyr.
Binanyň 3-nji gatynda agyrýan dişleri bejermek we dikeltmek, zerur bolan fizioterapiýa kadalaryny geçirmek üçin döwrebap lukmançylyk tehnikasy we gurallary bilen üpjün edilen bejeriş bölümi ýerleşýär. Bu ýerde, merkeziň beýleki bölümlerinde bolşy ýaly, hassalary hünärli lukmanlar kabul eder. Lukmanlaryň otaglaryndan başga-da, bu gatda degişli tehniki otaglar, şeýle hem 50 orunlyk kiçi mejlisler zaly ýerleşdirildi.
Merkeziň 4-nji gatynda çagalaryň diş kesellerini bejeriş bölümi ýerleşdirildi. Bu ýerde çagalaryň diş kesellerini bejeriş, ortodontiýa, diş keselleriniň öňüni alyş, diş etlerini we agyz boşlugynyň nemli bardasynyň kesellerini bejermek üçin oňaýly şertler döredilipdir. Bölüm şeýle hem degişli ugurda dünýä belli önüm öndürijileriň biri bolan SIRONA kompaniýasynyň döwrebap tehnologik enjamlary bilen üpjün edildi.
Binanyň 6-njy gatynda Stomatologiýa merkeziniň ýolbaşçylygy üçin niýetlenen iş otaglary ýerleşdirilip, olarda işlemek üçin zerur bolan ähli şertler döredilipdir, şol sanda degişli kompýuter we guramaçylyk tehnikasy bilen üpjün edilipdir.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze Stomatologiýa merkezi bilen tanyşmagyny tamamlanydan soň, Hormatly myhmanlar üçin kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Milli Liderimiz bu ýere ýygnananlar bilen hoşlaşanda, hemmeleri şu döwrebap lukmançylyk edarasynyň açylmagy bilen ýene bir gezek gutlap, onuň işgärlerine işde üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi. Lukman-stomatologlar öz gezeginde hormatly Prezidentimize saglygy goraýyş ulgamyny, lukmançylyk ylmyny we tejribesini ösdürmek meselelerine yzygiderli berýän ünsi üçin çuňňur hoşallyk bildirdiler hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, eziz Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň bähbidine alyp barýan köpugurly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.
Soňra döwlet Baştutanymyz Stomotologiýa merkeziniň binasyndan çykyp, indiki täze desga - infuzion erginleri öndürýän derman kärhanasyna tarap ugrady.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ulagy ýurdumyzyň derman senagatynyň täze kärhanasynyň binasynyň öňünde saklanýar. Milli lybasdaky gyzlar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gül desselerini gowşurýarlar. Dabara köpsanly gatnaşyjylar türkmen döwletiniň Baştutanyny uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.
Täze desganyň öňündäki meýdançada aýdymçylaryň we tansçylaryň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyrylýar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen salamlaşyp, olaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesýär we binanyň içine girýär. Döwlet Baştutanymyz kärhana bilen tanyşmagy onuň esasy bölümleriniň biri bolan önümçilik bölüminden başlaýar.
Täze kärhana Germaniýadan, Beýik Britaniýadan, Şwesiýadan, Finlandiýadan, Awstriýadan, Ýaponiýadan we ABŞ-dan meşhur kompaniýalaryň iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilendir. Onuň önümçilik kuwwaty bir ýylda infuzion erginleriniň 10 million gabyna barabardyr. Bu ýerde şeýle erginleriň dört görnüşi: natriý hloridiniň 0,9 göterimli ergini, Ringeriň ergini, glukozanyň 5 göterimli we 10 göterimli erginleri öndüriler, olar göwrümi 500 we 250 millilitr bolan polipropilen gaplara gaplanar. Kärhanada önümçilik işleri awtomatlaşdyrylandyr, kompýuterleşdirilendir we öz aralarynda baglanyşyklydyr. Derman önümleri dermanlary taýýarlamak, saklamak we barlamak boýunça ýewropa kadalarynyň we GMR ülňüleriniň talaplaryna laýyklykda öndüriler.
Kärhananyň önümçilik bölümi birnäçe sehlerden ybaratdyr. Olaryň birinde infuzion erginlerini öndürmek üçin ulanylýan suw taýýarlanylýar. Bu ýerde degişli ýokary tehnologiki enjamlar, şol sanda BWT nemes kompaniýasynyň osmos enjamy we Finlandiýanyň Steris kompaniýasynyň 5 basgançakly arassalaýjy enjamy işledilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti sehde oturdylan ýörite ekranyň kömegi bilen infuzion erginlerini taýýarlamagyň tehnologiýasy bilen tanyşýar. Kärhananyň bu bölümi Tankki (Finlandiýa), Carl Stahl we Sartorius (Germaniýa) kompaniýalarynyň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edildi. Erginleri öndürmek ýörite gaplarda ýörite öňüni alyş şertlerde amala aşyrylýar. Elbetde, taýýar önümler degişli gözegçilikden geçirilýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz erginleriň hiline gözegçilik bölüminiň we onuň seljeriş barlaghanasynyň işi bilen tanyşýar. Bu ýerde KRUSS OPTRONIC, GENESYS, PLUMAT (Germaniýa), GENERAL ELECTRIC SIEWERS, SHERWOOD (ABŞ), HITACHI (Ýaponiýa) kompaniýalaryndan alnan iň täze enjamlar hünärmenleriň ygtaýaryndadyr. Baglarhanada infuzion erginlerini öndürmek üçin suwyň himiki hil we mukdar düzüminiň seljermesi geçirilýär, taýýar derman önümleri bolan gaplaryň ýapylyşynyň jebisligi barlanylýar.
Mikrobiologiýa barlaghana hem bu bölümiň düzümine girýär. Kärhanada arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişine hemişelik gözegçilik etmek, öndürilýän taýýar önümleri barlamak, hususan-da, olaryň howpsuzlygyny barlamak boýunça wezipeler şol barlaghananyň işgärleriniň üstüne ýüklenildi. Barlaghana dünýäniň esasy önüm öndürijilerinden zerur enjamlaryň we abzallaryň ählisi, şol sanda ADVANCED (ABŞ) kompaniýasyndan krioskop, VWR (Germaniýa) kompaniýasyndan inkubator we NIKON (Ýaponiýa) kompaniýasyndan ýokary derejede takyk mikroskop bilen üpjün edildi.
Hormatly Prezidentimiz täze zawod bilen tanyşmagyň barşynda derman senagatanyň düzümini döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek, ýurdumyzda öndürilýän derman önümleriniň çykarylyşyny artdyrmak meselesine ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara döwrebap kärhanalaryň birnäçesiniň gurulmagy barada tabşyryk berdi we munuň döwletimizde bu ulgamda alnyp barylýan giň gerimdäki özgertmeleriň netijeliligini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýetiniň boljakdygyny nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti täze derman kärhanasyny gözden geçirmegiň barşynda infuzion erginlerini we olar üçin polipropilen gaplaryny taýýarlamak üçin niýetlenilen enjamyň işi bilen tanyşdy, önümçilikde ulanylýan çig mal, şeýle hem taýýar önümleri saklamak üçin şertler bilen gyzyklandy.
Şunuň bilen baglylykda, kärhanada Awstriýanyň ENGEL kompaniýasynyň ýokary tehnologiki enjamynyň oturdylandygyny belläp geçmeli, şonda awtomatiki düzgünde polipropilenden degişli önümler taýýarlanylýar. Onuň önümçilik kuwwaty önümiň sagatda 2500 birligine barabardyr.
Soňra şol önümlerden PLUMAT nemis kompaniýasynyň enjamynda çüýşe gaplar ýasalýar, olar öz nobatynda infuzion erginleri bilen doldurylýar we agzy dykylýar. Bu enjamyň önümçilik kuwwaty bir sagatda 500 millilitre barabar 2000 gaba ýa-da 250 milli literden 2250 gaba barabardyr.
Mundan başga hem Getinge (Şwesiýa) kompaniýasynyň ýörite enjamy bilen üpjün edilen arassalaýyş sehi kärhananyň düzümine girýär,ol bir tapgyrda 500 millilitrlik çüýşe gaplaryň 4000-sini ýa-da 250 mllilitrlik gaplaryň 5000-sini arassalamak üçin niýetlenendir. Ol iş 20 minutyň dowamynda 121 derejede gyzgynlykda geçirilýär.
Gözegçilik we ýarlyk ýelmemek sehinde arassalanandan soň infuzion çüýşe gaplarda erginleriň hili, möçberi we düzümi barlanylýar. Soňra dermanlaryň ady, häsiýetnamasy baradaky ýazgy ýelmenýär. Bu işde Newman iňlis kompaniýasyndan getirilen enjam ulanyldy. Her bir ýazgyda tapgyryň belgisi, erginiň öndürilen senesi we ýaramlylyk möhleti goýulýar. Taýýar önüm göwnejaý gaplanylýar we karantin ammarynýa ugradylýar. Bu ýerde 14 güniň dowamynda onuň mikrobiologiki barlaglary geçirilýär. Eger barlaglaryň netijesi boýunça infuziun erginleri talap edilýän kadalara laýyk gelse, şonda olar taýýar önümleriň ammaryna geçirilýän we ýerlemäge ygtyýar berilýär.
Mahlasy, kärhana öndürilýän önümlere we onuň halkara ülňülerine laýyk gelýän ýokary hiline doly gözegçiligi kepillendirýär.
Şeýlelikde, täze derman kärhanasynyň ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň derman senagatyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň we ösdürmegiň bu geljegi uly pudagy täze sepgitlere çykarmak boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmegiň ýolunda nobatdaky ädimdir. Bu wezipeleri ýokary hilli derman serişdeleriniň giň görnüşlerini öndürmäge ugur almakdan, bu ulgamyň ylmy hem-de önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmakdan we giňeltmekden, öňdebaryjy ýokary tehnologiýalary işe işjeň ornaşdyrmakdan ybaratdyr.
Soňra milli Liderimiz bu dabara gatnaşýan Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we misiýalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtly myhmanlar we işewürler bilen söhbetdeş boldy. Hormatly Prezidentimiz halkyň saglygy baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny we şunuň bilen baglylykda ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine laýyk ösdürmek boýunça giň göwrümli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Ýurdumyzda pudagyň häzirki zaman düzümi, lukmanlary taýýarlamak ulgamynyň kämilleşdirilmegi, innowasion işläp taýýarlamalaryň we ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, ýokary derejeli saglygy goraýyş kömeginiň elýeterliliginiň üpjün edilmegi, lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagy we olaryň adamlaryň isleglerine hem-de ýokary hil ülňülerine laýyk getirilmegi biziň bu ugurdaky alyp barýan işlerimiziň esasydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Milli Liderimiz döwletimiziň geljekde hem saglygy goraýyş ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, raýatlaryň saglygyny goramak we berkitmek meselelerine aýratyn üns berjekdigini aýtdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda öndürilýän derman serişdeleriniň bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergisi bilen tanyşdy.
Kärhana bilen tanyşylygy tamamlanandan soň Türkmenistanyň Prezidenti bu waka barada ýadygärlik hökmünde Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýazgy galdyrdy.
Döwlet Baştutanymyz derman senagatynyň täze desgasynyň açylmagy bilen dabara gatnaşyjylary gutlap we kärhananyň işgärlerine işde üstünlikleri arzuw edip, ulagda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy –kliniki merkeziniň täze binalar toplumynyň düýbi tutulýan ýerine ugrady.
Bu ýere ýygnanan köpsanly dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentini mähirli we tüýs ýürekden garşyladylar. Milli Liderimize gül desseleri gowşuryldy.
Ýurdumyzyň sungat ussatlary we ýaş artistler şanly waka mynasybetli ajaýyp aýdym-tansly çykyşlaryny taýýarladylar.
Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ýörite gurnalan çadyra geçýär, şol ýerde däp boýunça ýadygärlik senenama gol çekýär hem-de ýörite guta salýar. Soňra hormatly Prezidentimiz içi ýadygärlik ýazgyly gutyny lukmançylyk toplumyny gurmak üçin taýýarlanan binýada atýar. Türkmenistanyň Prezidenti bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda täze desganyň gurluşygyna badalga berýär we pil bilen ilkinji betony guýýar.
Mälim bolşy ýaly, enäniň we çagynyň saglygyny goramaga, ösüp gelýän ýaş nesliň abadançylygyna, jemgyýetimizde maşgalanyň esaslaryny pugtalandyrmaga degişli meseleler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çynlakaý üns berýän meseleleridir we “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň möhüm taraplarynyň biridir. Ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarda gurlan “Ene mähri” merkezleri munuň aýdyň tassyklanmasydyr, şolaryň üpjünçiligi we edilýän hyzmatlaryň derejesi ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýär.
Ýakyn ýyllarda Enäniň we çagynyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň binalarynyň täze toplumy ýurdumyzyň saglygy goraýyş düzümine goşular. Ol Görogly köçesiniň ugrunda gurlar hem-de lukmançylyk ylmynyň we tehnikasynyň iň soňky gazananlary bilen üpjün ediler. Bu ýerde adamlara ýokary hünärli kömek bermek we bu ugurda lukmançylyk ylmynyň möhüm ugurlary boýunça ylmy barlaglary geçirmek üçin ähli zerur şertler dörediler. Innowasion tehnalogiýalar we bu ulgamdaky öňdebaryjy gazanylan üstünlikler enäniň we çaganyň saglygyny goramak gullugyna hyzmat eder.
Täze merkezde ýatymlaýyn bejermek üçin birnäçe bölümler ýerleşer, olar iň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary we abzallary bilen üpjün ediler. Olaryň hatarynda çaga dogrulýan bölüm, ginekologiýa, fiziologiýa we täze dünýä inen bäbejikleriň patologiýasy, hirurgiýa, trawmatalogiýa, ortopediýa we başga bölümler bar. Çaga newrologiýasy, çaga endokrinologiýasy we gastroenteologiýa, otolaringologiýa, pulmonologiýa, allergologiýa we kliniki immunologiýa, täze doglan çagalar we uly ýaşdaky çagalar üçin reanimasiýa hem-de anesteziologiýa, dikeldiş we beýleki bölümleri hem döretmek göz öňünde tutulýar.
Ylmy - kliniki merkeziň täze binalar toplumynyň gurulmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny hem-de eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak ýaly möhüm ugy ösdürmegiň toplumlaýyn strategiýasyny durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky netijeli çärä bolar.
Dabara tamamlanandan soň döwlet Baştutanymyz türkment lukmanlaryny ýetip gelýän hünär baýramçylyklary bilen ýene-de bir gezek gutlady we ýyganananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Şu gün Aşgabatda saglygy goraýyş ulgamynyň ýene-de bir desgasynyň- Halkara saglygy goraýyş merkeziniň täze binasynyň düýbüni tutmak dabarasynyň bolandygyny hem belläp geçmeli. Şonda interwension kardiologiýa, ýüregiň ýetmezçilikleriniň hirurgiki bejerişi, ýüregiň işemiýa keselleri we arterial gipertoniýasy, aritmologiýa, anesteziologiýa we intensiw terapiýasy, operasion bölümler we birnäçe ýöriteleşdirilen iş otaglary ýerleşer, olar iň täze lukmançylyk enjamlary bilen üpjün ediler.
Täze bina 120 orun üçin niýetlenendir. Şunuň bilen bir hatarda, halkara lukmançylyk merkeziniň häzirki binasynyň durky täzeleniler we gaýtadan enjamlaşdyrylar, onuň bölümleri döwrebaplaşdyrylar.
Dürli täzelenen merkezde ýürek –gan damar patologiýasyny ýokary hilli anyklamak we bejermek, çylşyrymly oparisiýalary geçirmek, bejerişiň täze usullaryny ornaşdyrmak üçin ähli şertler dörediler. Adamlara halkara ülňüleriniň derejesinde ýöriteleşdirilen hyzmatlaryň tutuş tapgyry hödürlener. Bölümlerde ýüregiň, şol sanda 3 ýaşa çenli ýaşdaky çagalaryň çylşyrymly gorabitdi kemlerini düýpli düzetmek, mammar we aortokoronar şuntirlemek, anewrizmektomiýa operasiýalary, şeýle hem ýürek gapaklarynyň üçüsini bir pursatda protezlemek (aortal, mitral, trikuspidal), ballon angioplastika we synalardaky hem-de uly gan damarlaryny stentirlemek boýunça operasiýalar geçiriler.
Şu gün türkmen paýtagtynda Aşgabat şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň durky täzelenen üç gatly binasynyň açylandygy we ulanmaga berlendigi hem guwançlydyr. Iň täze enjamlar we häzirki zaman tehnologiýalary onuň işgärleriniň ygtyýarynda bolar.
Paýtagtymyzyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramygyna garşy göreş gullugy öz işini “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň maksatlaryndan we wezipelerinden, Türkmenistanyň Arassaçylyk kodeksiniň hem-de biziň ýurdumyzda kabul edilen beýleki birnäçe degişli kanunçylyk namalarynyň we maksatnamalarynyň talaplaryndan ugur alyp amala aşyrýar. Şäherde arassaçylyk – keselleriň ýaýramygyna garşy abadançylygy üpjün etmek, ilatyň saglygyny goramak ulgamynda gündelik we öňüni alyş gözegçiligini geçirmek boýunça wezipeler bu gullugyň üstüne ýüklenildi. Arassaçylyk-gigiýena we keselleriň ýaýramygana garşy göreş bölümleri, şeýle hem birnäçe ýöriteleşdirilen barlaghanalar arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň düzümine girýär.
Gullugyň binasynyň birinji gatynda azyklyk çig malyň, azyk önümleriniň, senagat harytlarynyň, şol sanda çagalar üçin niýetlenen önümleriň, agyz suwunyň hiline hem-de howpsuzlyk hereketine önümçilik gözegçiligi, arassaçylyk-gigiýena hem-de keselleriň ýaýramagyna garşy göreş kadalarynyň we bejeriş we öňüni alyş edaralarynda kadalaryň hem-de başgalaryň berjaý edilişi boýunça barlaghanalar ýerleşýär. Bakteriologiýa barlaghanalarynda anyklaýyş barlaghana barlaglary, şol sanda ýokanç keselleriň dürli görnüşleri, arassaçylyk bakteriologiýa we beýlekiler boýunça barlaglar geçirilýär. Häzirki zaman enjamlary şol barlaglaryň ýokary hilini üpjün edýär. Bu bolsa öz nobatynda öňüni alyş işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge ýardam edýär.
Ikinji gatda arassaçylyk – gigiýeniýa bölüminiň düzümine girýän: iýmitiň gigiýenasy, çagalaryň we ýetginjekleriň gigiýenasy, jemagat gigiýenasy, zähmetiň gigiýenasy bölümleri ýerleşýär. Bu ýerde ilata ýerlenilýän azyk önümleriniň hiline we howpsuzlygyna, Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli, degişli talaplara laýyk gelýän agyz suw bilen üpjün edilişine gözegçilik amala aşyrylýar. Sagdyn iýmit ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak, ýaş nesliň saglygyny goramak, şäher kärhanalarynyň işgärleriniň iş şertlerini gowulandyrmak arkaly ýokanç däl keselleriň öňüni almaga gönükdirilen netijeli işleri geçirmek üçin ähli zurur zatlar göz öňünde tutuldy.
Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň binasynyň üçünji gatynda keselleriň ýaýramagyna garşy göreş bölümi ýerleşýär. Onuň işi paýtagtymyzda keselleriň ýaýramagyna garşy göreş babatda abadançylygy üpjün etmäge, göwnejaý öňüni alyş işlerine degişli gözegçiligi we şol işleri geçirmegi amala yşyrmaga, şeýle hem ilatyň immuno taýdan öňüni alyş boýunça çäreleri işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Bir söz bilen aýdylanda, paýtagtymyzyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň üstünlikli we netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredildi.
Şeýlelikde, bu gün Türkmen döwletiniň taryhynyň täze döwrüniň – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýylýazgysyna ýene-de bir ajaýyp sahypany ýazdy. Şu günki waka halkymyzyň, her bir maşgalanyň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadan we bagtly durmuşy ugrunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan gyşarnyksyz we yzygiderli ýöredilýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugrudygyny ynandyryjylyk bilen tassyklady.