Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Kotam Enterpraýzis LTD” türk kompaniýasynyň wise-prezidentini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Kotam Enterpraýzis LTD” türk kompaniýasynyň wise-prezidentini kabul etdi

view-icon 831
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Kotam Enterpraýzis LTD” türk kompaniýasynyň wise-prezidenti hanym Seda Genguruny kabul etdi.

Myhman ýüzbe-ýüz söhbetdeşlikde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy bütin dünýäniň musulmanlary üçin mukaddes bolan Oraza aýy, şeýle hem şu günler giňden bellenilýän şanly seneler - Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni hem-de “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 18 ýyllygy bilen mähirli gutlady. Bu senä gabatlanylyp okgunly ösýän bu pudagyň birnäçe möhüm desgalary ulanmaga berildi.

Döwlet Baştutanymyz “Kotam” kompaniýasynyň ýolbaşçysyna hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, meşhur türk kompanýiasy bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini belledi. Bu kompaniýa bilen hyzmatdaşlykda ýurdumyzyň esasy pudaklaryny – dokma senagatyny we saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek we maddy – enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça bilelikdäki taslamalaryň ençemesi durmuşa geçirildi.

Duşuşygyň çäklerinde myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi we ynanylan desgalardaky işleriň ilerledilişi barada habar berdi, şeýle hem milli Liderimiziň garamagyna kompaniýanyň täze tekliplerini hödürledi. Bu kompaniýa Türkmenistanyň geljegi uly bazarynda özüniň eýeleýän ornuny mundan beýläk-de berkitmäge meýillidir. Pursatdan peýdalanyp, Seda Genguru döwlet Baştutanymyzy öz kakasy – “Kotam” kompaniýasynyň prezidenti Muammer Agymyň hususy ulgamda işe başlamagynyň 60 ýyllygy, şol sanda Türkmenistanda işlemeginiň 20 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabara çagyrdy.

Milli Liderimiz bilelikde işlenen ýyllaryň dowamynda özüni ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde görkezen “Kotam Enterpraýzis LTD” kompaniýasy bilen özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanmak bilen belläp, Türkmenistanyň uzakmöhletleýin, özara bähbitlilik esasynda guralýan türkmen-türk işewür hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge meýillidigini tassyklady.

Myhman bildirilen ynam üçin hoşallyk bildirip, özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň türkmen Lideriniň başyny başlan giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge, şol sanda sebitleriň ilatynyň durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky Milli maksatnamany amala aşyrmaga mundan beýläk-de işjeň gatnaşjakdygyna hem-de öz üstüne alan borçnamalaryny wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda Seda Genguru hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we ähli türkmen halkyny ýetip gelýän ählihalk baýramy bilen ýene-de bir gezek gutlap, berk jan saglyk we bagt, halkymyzyň saglygyny goramak ulgamynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna, ýurdumyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen möhüm milli taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmekde üstünlikler arzuw etdi.