Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýanyndaky raýat goragy we halas ediş işleri boýunça müdirligi Ýewropa Komissiýasynyň gumanitar we raýat goragy boýunça Departamenti(ЕСНО) bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde „ Türkmenistanda bolup biläýjek tebigy hadysalarda ilatyň taýýarlygyny we ýerli kuwwatyny güýçlendirmek “ taslamasy esasynda öz işgärleri üçin üç sany iki günlik okuwlary geçirdi. Trening-okuwlar Halkara migrasiýa guramasy bilen bilelikde gunalyp, okuwlary bolsa Russiýa döwletiniň, Belarusyň, Ukrainanyň bilermenleri geçirdiler.
Ilkinji okuwa Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýanyndaky raýat goragy we halas ediş işleri boýunça müdirliginiň aragatnaşyk operatorlary, tehnikler we halas edijiler gatnaşyp, bolan ýa-da bolup biläýjek heläkçilikde öňdebaryjy aragatnaşyk tehnologiýalaryň üsti bilen ilata operatiw habar etmeklik bilen bagly meseleler bilen tanyşdylar. Okuwyň çäklerinde tejribe alyşmaklyk, aragatnaşygyň häzirki zaman tehniki enjamlary bilen tanyşdyrylyşy we tejribe okuwlary geçirildi.
Ondan soňky okuwlar lukmanlar üçin geçirildi. Olar öz gezeginde ilkinji we professional lukmançylyk kömegini bermeklikde öz hünär derejesini ýokarlandyrdylar. Bu okuwlara ilkinji lukmançylyk kömegini bermek boýunça okuwlary tamamlan müdirligiň lukmanlary, feldşerleri we halas edijileri gatnaşdylar. Olar adaty bolmadyk çylşyrymly ýagdaýlarda ilkinji lukmançylyk kömegiň häzirkizaman we netijeli usullary hem-de ýollary bilen tanyşdylar. Tanyşdyryşyň esasy temasy agyr şikes ýetenleri ölüm hopunyň öňüni almak üçin dem alşyny, gan aýlanyşyny dikeltmek, şeýle-de howply stresslerini dolandyrmaklyk boldy.
Ýene bir okuwyň diňleýjileri betbagtçylyk ýagdaýlaryny ýok etmekde, himiki önümleri öndürýän kärhanalaryň awariýa ýagdaýlarynda howply maddalaryň zyýanyny çäklendirmekde we zyýansyzlandyrmakda ulanylýan ýöriteleşdirilen enjamlar bilen tanyşdylar.
Geçirilen okuwlar operatiw halas ediş işleriniň wajyplygyny düşünmeklige kömek etdi, sebäbi himiki goragçylaryň çalasynlygyna adamyň ömri, onuň saglygy we daşky gurşawyň ýagdaýy baglydyr.
Bu çäre Halkara migrasiýa guramasysy bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň köp ýyllyk hyzmatdaşlygynyň çäklerinde amala aşyryldy.