Ï Ýurdumyzyň saglygy goraýşy dünýäniň ylmy-tehniki gazananlaryna goşulmak bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň saglygy goraýşy dünýäniň ylmy-tehniki gazananlaryna goşulmak bilen

view-icon 840
Şu gün paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanan “Saglyk-2013” halkara sergisiniň we ylmy maslahatyň dabaraly açylyşy boldy.

Däp boýunça ýurdumyzda lukmançylyga bagyşlanyp geçirilýän bu uly çäre Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saglyk-2013” atly halkara sergisine we ylmy maslahata gatnaşyjylara Gutlagynda bu çäreleriň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanylanlary wagyz etmekde, halkara hyzmatdaşlygyny we tejribäniň alşylmagyny giňeltmekde wajyp ähmiýete eýedigini belledi. Döwlet Baştutanymyz adamyň saglygynyň we sagdyn jemgyýetiň her bir döwletiň durnukly ösüşinde ilki başdaky esas bolup durýandygyny belleýär. Türkmenistan şu ýörelgäni ugur edinip, saglygy goraýyş ulgamy we derman senagaty, oňa dünýäniň lukmançylygynda gazanylanlary ornaşdyrmak boýunça ylmy taýdan meýilleşdirmegiň we dolandyrmagyň özbaşdak, netijeli milli nusgasyny saýlap aldy.


Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanylanlaryna bagyşlanan halkara sergi we ylmy maslahat ýylsaýyn özüniň çägini giňeldýär we bulara gatnaşýanlaryň sany artýar. Şonda milli lukmançylygyň nusgasyny innowasion tehnologiýalara we giň halkara hyzmatdaşlygyna daýanmak arkaly kämilleşdirmek boýunça täze başlangyçlar we çemeleşmeler teklip edilýär. Ýurdumyzda lukmançylyk, tutuş saglygy goraýyş ulgamy boýunça uly ösüş depginleriniň muňa ýardam berýändigi şübhesizdir, munuň özi döwlet syýasatynda ileri tutulýan möhüm ugurlaryň biri bolup durýar.

Diňe bir soňky ýyllaryň dowamynda “Saglyk” döwlet maksatnamasyny hem-de "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" amala aşyrmagyň çäklerinde Türkmenistanyň paýtagtynda we ähli welaýatlarda döwrebap klinikalar we ylmy- kliniki merkezler, Saglyk öýleri guruldy we bularyň gurluşygy dowam etdirilýär, saglygy goraýyş we şypahana-sagaldyş ugurly dürli edaralaryň durky täzelenilýär hem-de bular üpjün edilişi we hödürlenýän hyzmatlaryň toplumy boýunça dünýä ülňülerine laýyk gelýär. Türkmen ösümlik dünýäsine degişli bejeriji otlardan we ösümliklerden dermanlary öndürmek boýunça kärhanalar açyldy, dünýäniň iri lukmançylyk merkezleri we ylmy-barlag edaralary bilen köpugurly hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

“Baýramaly”, “Berzeňňi”, “Arçman”, “Ýyly suw”, “Farap”, “Mollagara” şypahanalarynyň durky täzelenip, has kämil enjamlar bilen üpjün edildi we bular diňe bir ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň arasynda däl-de, daşary ýurtlarda-da uly meşhurlyga eýe bolýar. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap dynç alyş merkezleriniň ulanmaga berilmegi bilen, adamlaryň saglyny berkitmek üçin täze mümkinçilikler djöredilýär. Ýeri gelende aýtsak, diňe bir şu ýyldaky dynç alyş möwsüminiň başynda deňziň ýakasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda kaşaň toplumlaryň we abadanlaşdyrylan dynç alyş merkezleriniň birnäçesi açyldy.


Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe hem-de “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanyp düýn lukmançylyk ulgamyna degişli täze binalary we desgalary açmak we olaryň düýbüni tutmak bilen bagly dabaralar geçirildi. Mälim bolşy ýaly hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda döwrebap Stomatologiýa merkezi hem-de infuzion erginleri öndürýän derman kärhanasy ulanmaga berildi, şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Okuw-ylmy merkeziniň hem-de Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kiliniki merkeziniň binalar toplumynyň gurluşygyna badalga berildi. Şol gün durky Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy durky täzelenen binada ýerleşdi we Halkara lukmançylyk merkeziniň täze binasynyň düýbüniň tutulmagyna bagyşlanan dabara geçirildi.

Ýurdumyzyň saglygy goraýşyna degişli hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi, enäniň we çaganyň saglygyny goramakda gazanylýan üstünlikler, ýokanç keselleriň sanawynyň mese-mälim azaldylmagy, ýurdumyzyň ilatynyň we lukmançylyk edaralarynyň halkara ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli deirmanlar we bejermek üçin niýetlenen beýleki serişdeler bilen doly üpjün edilmegi, ýerli çig maldan dermanlaryň öndürilmeginiň ýola goýulmagy, dünýä derejeesine laýyk gelýän ýokary tehnologiýaly saglyk öýleriniň we şypahanalaryň gurulmagy – munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki “Döwlet adam üçindir!” diýen baş şygaryň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini görkezýän subutnamadyr.

Ýurdumyzda ýokanç keselleriň birnäçesiniň ýok edilendigi barada halkara güwänamalarynyň berilmegi, şeýle hem türkmen lukmanlarynyň şu ugurda toplan tejribesini Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitindäki ýurtlarda ýaýratmak üçin maslahat berilmegi Türkmenistanyň saglygy goramak boýunça wezipeleri berjaý etimekde gazanýan üstünlikleriniň ykrar edilýändigini aýdyň görkezýän ýagdaýdyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça dürli ugurlarda, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynda giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy dünýä jemgyýetçiliginde, iri halkara hem-de sebitleýin guramalarda we düzümlerde içgin gyzyklanma döredýär. Şu ýylyň ýanwarynda ýurdumyzyň Kodeks Alimentarius Toparynyň agzalygyna kabul edilmegini, şu ýylyň iýunynda Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň “Ilatyň saglygy – Arkalaşygyň ýurtlarynyň rowaçlygynyň özeni” atly II Döwletara forumynda türkmen wekiliýetine “Ilatyň saglygynyň goralmagyna goşulan goşant üçin” atly medalyň we degişli diplomyň gowşurylmagyny muňa mysal edip görkezmek bolar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş ulgamynyň we şypahana – sagaldyş düzüminiň yzygiderli kämilleşdirilmegine, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketine badalga berilmegine we sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz edilmegine degişli meselelere içgin üns berýär.


Hut türkmen döwletiniň Baştutanynyň ýokary hünär ussatlygy we öňdebaryjylygy netijesinde ýurdumyzyň lukmançylygy hil taýdan uly ösüşe eýe bolup, dünýä ülňüleriniň ýokary derejesine ýetmegi başardy. Milli Liderimiz sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek we ony wagyz etmek arkaly, şu ugurda watandaşlarymyza görelde görkezýär. Lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, professor, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk boýunça düýpli ylmy işleriň awtory, uzak ýyllaryň dowamynda Türkmensitanyň saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda saglygy goraýşy ösdürmegiň milli nusgasyny döretdi, şol nusgada ata-babalarymyzyň pähim-paýhasy we toplan tejribesi, şeýle hem häzirki döwürde saglygy goraýyşdaky ýagdaýlar jemlenýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň lukmançylyk boýunça bitiren hyzmatlaryna halkara ylmy toparlarda ýokary baha berildi. Türkmen döwletiniň Baştutany dünýäniň köpsanly ylym we bilim merkezleriniň hormatly akademigi, professory we doktory bolup durýar, milli Liderimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli işi köp sanly dillere terjime edildi hem-de ýakyn we alysdaky daşary ýurtly hünärmenleriň hem-de giň okyjylar köpçüliginiň arasynda meşhurlyga eýe bolup durýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda saglygy goraýyş we derman senagaty innowasiýalar we dünýä ylmynda öňdebaryjy gazanylanlar esasynda ösdürilýär. Her ýylda Aşgabatda saglygy goraýyş boýunça geçirilýän sergi lukmançylyga degişli maglumatlar tehnologiýalarynyň ýöriteleşdirilen ýerleriniň biri hasaplanýar. Şu forumyň geçirilmegi lukmançylyga degişli maglumatlar tehnologiýasynyň işlenip taýýarlanylmagy we ulanylmagy boýunça umumy giňişligiň döredilmegine ýardam berýär.

Şu gezekki “Saglyk – 2013” forumy hem hut şol maksatlara ýetilmegine gönükdirilendir, onuň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň hökümetiniň agzalary, Mejlisiň, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we okuw mekdepleriniň, habar beriş sperişdeleriniň wekilleri we saglygy goraýyş ulgamynyň köpsanly işgärleri gatnaşdylar.

Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns berip diňlediler. Şonda milli Liderimiz bu pudagyň maksatlaryny we wezipelerini, şeýle hem ony ösdürmekde gazanylan netijeleri we geljekki ugurlaryny kesgitleýär.


Halkara forumynyň dabaraly bölümi tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylar we myhmanlar Sergi köşgüniň iki gatynda ýerleşdirilen uly möçberli sergi bilen içgin tanyşdylar.

Şu ýylda “Saglyk-2013” halkara sergisine dünýäniň 46 ýurdundan lukmançylygyň dürli ugurlaryna degişli hünärmenler gatnaşýarlar. Sergide daşary ýurt kompaniýalarynyň 258-siniň – derman önümleriniň giň toplumyny, lukmançylyk enjamlaryny we serişdelerini y öndürýänleriň, saglygy goraýyş ulgamynyň dürli ugurlaryna degişli hyzmatlary hödürleýänleriň önümleri görkezildi. Däp bolşy ýaly, ýurdumyz bilen öňden bäri hyzmatdaşlyk edýän Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Russiýanyň, Ukrainanyň, Hindistanyň, Hytaýyň we ABŞ-nyň kompaniýalarynyň önümleriniň giň toplumy görkezildi.

Serginiň köp jähetli häsiýete eýe bolmagy onuň tapawutly aýratynlygydyr. Bu sergi tejribe alyşmak, saglygy goraýyş ulgamynda täze gatnaşyklary ýola goýmak we başlangyçlary amala aşyrmak üçin amatly mümkinçilikdir.

Däp boýunça sergi Türkmenistanyň Baştutanynyň türkmen topragynda bitýän we täsin galdyryjy dermanlyk ösümliklere bagyşlanan ylmy işleri ýerleşdirilen pawilon bilen açylýar. Serginiň merkezinde uly ekran bolup, şonda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanylanlar, iri ylmy-kliniki merkezleriň işi barada gürrüň berýän wideofilm görkezilýär.

Sergä gatnaşýanlaryň arasynda türkmen lukmanlary bilen öňden bäri hyzmatdaşlyk edýän “Hoshitalia internatijnal CmbH” we “Bionoricf CE”, “Simens” şahamçasy (Germaniýa), “World Medicine Limited” (Beýik Britaniýa), “Interlab” (Russiýa), “Ajanta Pharma” (Hindistan), “Sanofi – Awentis” (Fransiýa), “Gedeon Rihter” (Wengriýa), “Pentoks”, “Toşiba” (Ýaponiýa), Awstriýanyň “Atkin” kompaniýasy, Polşanyň “Polfarma” kompaniýasy, Borisowskiniň lukmançylyk serişdelerini öndürýän zawody açyk paýdarlar jemgyýeti we başga-da birgiden kärhanalar bar. Ýewropanyň kompaniýalary olaryň arasynda agramly bölegi eýeleýär. Şeýle hem sergä Hindistanyň we Türkiýäniň kompaniýalary giňden gatnaşýar.

Gözden geçirilişe kompaniýalaryň 32-si ilkinji gezek gatnaşýar. Horwatiýanyň “Wiadukt” kompaniýasy lukmançylyk ugruna degişli we arassalaýjy desgalary gurmak boýunça öz mümkinçiliklerini görkezdi. Şweýsariýanyň bütin dünýäde belli “Nestle” atly kompaniýasy Aşgabatdaky sergide çagalar üçin niýetlenen iýmitiň dürli görnüşlerini hödürledi. Sergä ilkinji gezek gatnaşýanlaryň arasyndan Russiýa Federasiýasynyň derman senagatyna degişli önümleri öndürýän “Biokom” zawodyny, Polşanyň Eşidiş agzalarynyň fiziologiýasy we patologiýasy institutyny, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan “Merckuru Laburatories”, “Advantech Co., Ltd” we beýlekileri görkezmek bolar. Bu sergi daşary ýurtly önüm öndürijileriň we ylmy-barlag merkezleriniň wekilleriniň aglabasy üçin geljegine uly umyt baglanýan türkmen bazarynda öz mümkinçiliklerini we maksatlaryny beýan etmek, bu bazara ornaşmak üçin oňaýly mümkinçilik bolup durýar.

“Saglyk-2013” sergisinde lukmançylyk tehnikasy, döwrebap anyklaýyş we barlaghana enjamlary boýunça iň täze gazanylanlar, sarp edilýän serişdeleriň täze we giňden ulanylýan görnüşleri, tebigy dermanlyk ösümlikler esasynda öndürilen önümler, mebel, hassahanalaryň aragatnaşyk ulgamlary, arassaçylyk-gigiýena, şeýle hem saglygy we gözelligi saklamak üçin niýetlenen önümler görkezildi. Oňa gatnaşýanlar lukmançylyga degişli innowasion tehnologiýalar we beýleki ugurlar boýunça öz harytlaryny we hyzmatlaryny teklip edýärler. Lukmançylyga degişli bu sergä öňden bäri gatnaşýan Russiýa Federasiýasynyň “Medkniga” lukmançylyga degişli täze edebiýaty, okuw kitaplaryny we gollanmalary görkezýär.

Sergi köşgündäki serginiň agramly bölegi “Sagdynlygyň we ruhubelendiligiň, abadançylygyň we bagtyýarlygyň ýurdy” hasaplanýan Türkmenistanyň saglygy goraýyşda we derman senagatynda gazananlaryna bagyşlanýar. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işleri, beýleki ylmy we usuly edebiýat, ylmy-barlag institutlarynyň we klinikalaryň alymlarynyň işläp taýýarlamalary giňişleýin görkezilýär. Sergä gatnaşýanlaryň arasynda döwlet edaralary, hususy kompaniýalar hem bar. Lukmançylyk tehnikasyny we bejeriji serişdeleri getirmekden başlap, lukmançylyga degişli hyzmatlaryň dürli görnüşdäki toplumynyň hödürlenmegine we saglygy goraýşa maksatly binalaryň gurulmagyna çenli hususy kärhanalaryň öz harytlaryny we hyzmatlaryny hödürlemegi şu gözden geçirilişiň aýratynlyklarynyň biridir.

Birnäçe diwarlyklarda ýurdumyzyň iri ylmy-kliniki merkezleriniň, welaýatlardaky saglygy goraýyş bölümleriniň işi, lukmançylyk boýunça türkmen alymlarynyň ylmy işläp taýýarlamalary, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy rnetijesinde geçirilen ylmy- barlaglar barada söz açylýar. Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň bölümi ýurdumyzyň lukmançylyk boýunça bu iri ýokary okuw mekdebiniň bilim we ylmy-barlag işini beýan edýär.

Ýurdumyzyň derman senagatynyň gazananlaryny beýan edýän diwarlyklar hem diýseň täsirlidir. Serginiň uly bölümi ýurdumyzyň täze we durky täzelenen şypahana-sagaldyş merkezleriniň işine bagyşlanandyr.

Lukmançylyk tehnikasyna we tehnologiýa, derman senagatyna degişli innowasion teklipler, şeýle hem dürli keselleri bejermegiň has kämil usullary halkara ylmy maslahatynyň işiniň belli bir ugurlara gönükdirilmegine ýardam berdi. Bu ylmy maslahatyň umumy mejlisi günüň ikinji ýarymynda Sergi köşgüniň mejlisler zalynda geçirildi.

Ylmy maslahata gatnaşyjylar lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça esasy hünärmenlerden, dünýä derejesinde tanalýan alymlardan ybaratdyr. Olaryň arasynda iri ylmy-kliniki merkezleriň, halkara guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem kompaniýalaryň bilermenleri hem-de bilim we saglygy goraýyş ulgamlary üçin täze tehnologiýalary işläp düzýän hünärmenler bar. Türkmen tarapyna ylmy-kliniki merkezleriň alymlary we hünärmenleri, ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň mugallymlary, aspirantlar we talyplar, şeýle hem ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan şu ugra degişli birnäçe edaralaryň wekilleri wekilçilik edýärler.

Ylmy maslahatyň umumy mejlisinde çykyş eden tanymal alymlar, kliniki we ylmy-barlag lukmançylyk edaralarynyň wekilleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuş ugurly hem-de Türkmenistanyň dünýä bileleşigi we ýurdumyzyň işjeň we netijeli hyzmatdaşlyk edýän esasy halkara guramalary, şol sanda BMG we onuň iri düzümleri – Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, BMG-niň Çagalar gaznasy (UNISEF), Ilat gaznasy we beýlekiler tarapyndan giňden ykrar edilen syýasatyň ýöredilmegi netijesinde saglygy goraýyş ulgamynda ajaýyp üstünlikleriň gazanylandygyny bellediler.

Çykyş edenler ylmyň öňdebaryjy gazanylanlaryny ugur edinmegiň, ylmyň, bilimiň we amaly saglygy goraýşyň goşulyşmagynyň, has kämil enjamlar we döwrebap tehnolgiýalar bilen üpjün edilip, saglygy goraýyş edaralarynyň, şypahanalaryň – sagaldyş merkezleriniň, okuw mekdepleriniň gurulmagynyň, lukmançylyga degişli halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň eýýäm özüniň oňyn netijelerini berýändigini aýtdylar.

* * *

21-nji iýulda “Saglyk-2013” atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işini dowam etdi. Ylmy bölümleriň 14-sinde lukmançylyk ylmyndaky täze gazanylanlara, lukmançylyk enjamlary we derman senagaty boýunça innowasion işläp taýýarlamalara, dürli keselleriň öňüniň alynmagynyň we bejerilmeginiň öňdebaryjy usullaryna, lukmançylyk ylmynyň kämilleşdirilmegine, şeýle hem häzirki döwürde saglygy goraýşyň ösdürilmeginiň beýleki wajyp meselelerine bagyşlanan çykyşlar diňlenildi.

Halkara forumyna gatnaşyjylara paýtagtymyzdaky esasy ylmy we ylmy-kliniki merkezleriň işi bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Forumyň öňüsyrasynda olar türkmen paýtagtynda saglygy goraýyş ulgamyna degişli täze we durky täzelenen binalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdylar. Olar Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanan baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde geçirilýän çärelere gatnaşarlar. Şeýle hem Türkmenistanyň myhmanlary türkmen paýtagtynyň gözel künjekleri, onuň muzeýlerindäki baý gymmatlyklar, sport maksatly täze desgalar bilen tanşarlar.

“Saglyk-2013” halkara serginiň we ylmy maslahatyň işi 22-nji iýula çenli dowam eder.