Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde iki sany germaniýaly professorlar Uwe Hazbargene we Andreas W. Flemmere hormatly pofessor diplomynyň dabaraly gowşurylyşy boldy. Olar gestasion süýji keseliniň, ýagny göwrelileriň süýji keseliniň aktuallygyny kesgitlemekde türkmen-german taslamasyny durmuşa geçirmeklikde hyzmatdaşlyk edýärler. Bu taslama „Ene mähri“ enäniň we çaganyň saglygyny goramak Halkara lukmançylyk merkeziniň lukmanlary bilen bilelikde 2008-nji ýyldan bäri alnyp barylýar.
Ylmy gözlegleriň netijesi, şeýle-de saglygy goraýyş ulgamynda iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň ösüşine goşandy ylmy we lukmançylyk jemgyýetiniň ýokary nahasyna mynasyp boldular. Dabara tamamlanandan soňra olar öz täsirlerini bize ýetirdiler.
Uwe Hazbargen :
Men bu hormatly ada mynasyp bolanyma begenýärin. Bilelikdäki taslamamyzy amala aşyryp başlanymyzdan eýýäm uly işler durmuşa geçirildi. Biziň başlan hyzmatdaşlygymyz Türkmenistan bilen Germaniýanyň saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde gowy esas bolar diýip ynanýaryn.
Siziň ýurduňyzda saglygy goraýyş döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar Siz bagtly adamlar! Siziň Prezidentiňiz bilimi boýunça lukman, şonuň üçin hem halkynyň sagdyn bolmagy üçin-diýmek bagtyýar bolmagy üçin zerurlyklary bilýär
Öz tarapymyzdan biz bu konstruktiw we önjeýli gatnaşyklaryň üstünlikli dowam etmek üçin elimizden gelen tagallalary ederis.
Andreas W. Flemmer:
Men Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hormatly professory adyny almaklyk uly abraý. Ene mähri“ enäniň we çaganyň saglygyny goramak Halkara lukmançylyk merkeziniň lukmanlary bilen bilelikdäki taslamasy üçin Türkmenistana gelmek çakylygy mende uly gyzyklanma döretdi.
Bu ýere gelenimde, siziň şäheriňiz öz ak mermerli binalary we gök öwsüp duran seýilgähleri bilen maňa ylham berdi. Men bu ýurduň adamlarynyň öz saglygy we gelejegi barada pikir edýändiklerine düşündim. Bu ýurt bir ýerde durmaýar, ol hemişe dünýäde döredilen zatlary özüne çekýär hem-de özgerýär we ösýär.
Men türkmen kärdeşlerim bilen işlemäge mümkinçilik döränine begenýärin. Olar bilen işlemek mende uly şatlyk duýgusyny döredýär- olaryň işi alyp baryşlary meni haýran galdyrýar we buýsanç duýgularyny döredýär. Biziň ylmy gözleglerimiziň netijeleri bilen Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň , türkmen hökümetiniň we hut Hormatly Prezidentiňiziň hemişe duýulýan goldawy hem-de gyzyklanmasyny hem örän wajypdyr.