Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde guralan “Saglyk-2013” atly halkara sergisi we ylmy maslahat öz işini tamamlady.
Milletiň beden we ruhy taýdan sagdynlygy Türkmenistanyň geljeginiň üstünlikli bolmagyny kesgitleýän ýagdaýdyr, şoňa görä-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwleti we jemgyýeti ösdürmegiň şu ugurlary döwlet derejesinde ileri tutulýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän içeri we daşary syýasy ugruň dürli jähetleri arkaly öz beýanyny tapýan anyk işler munuň aýdyň subutnamasydyr. Muňa mysal edip, ýurdumyzyň paýtagtynda we ähli welaýatlarynda lukmançylyk, sagaldyş-şypahana, sport we syýahatçylyk ulgamlaryna degişli täze, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen we halkara ülňülerine laýyk gelýän desgalaryň we binalaryň gurulmagyny, lukmanlaryň ylmy işleriniň kämilleşdirilmegini, olaryň hünär ussatlygynyň ýokarlandyrylmagyny, tejribe alşylmagyna we halkara hyzmatdaşlygyna işjeň ýagdaýda ýardam berilmegini görkezmek bolar.
Şu gezekki halkara sergi we ylmy maslahat hem hut şol maksatlara gönükdirilendir, bu çäreler ýurdumyzyň saglygy goraýyş pudagyny ösdürmek boýunça gazanylanlary we örän uly mümkinçiliklerini, şol mümkinçiliklerden peýdalanmagyň has oňaýly ugurlaryny, şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň işjeň ýagdaýda hyzmatdaşlyk etmek babatda gyzyklanmasynyň artýandygyny aýdyň görkezdi.
Ozal habar berlişi ýaly, şu ýylda ýurdumyzyň gazananlarynyň “Saglyk-2013” atly gözden geçirilişine gatnaşmak üçin Aşgabada dünýäniň 46 ýurdundan lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça hünärmenler ýygnandylar, sergide daşary ýurt kompaniýalarynyň 258-siniň eksponatlary görkezildi. Eksponentleriň 32-si sergä ilkinji gezek gatnaşdy.
Halkara sergisine ýurdumyzyň döwlet edaralary, ylmy-kliniki merkezler we şypahanalar bilen birlikde lukmançylyk pudagy boýunça ýöriteleşdirilen hususy kärhanalar gatnaşdylar. Bu hususy kärhanalar saglygy goraýyş boýunça döwle syýasatynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşyp, türkmen bazaryna bütin dünýäde belli derman öndüriji kompaniýalaryň we lukmançylyk enjamlaryny we esbaplary öndürijileriň önümlerini getirýärler, maslahat bermek-anyklamak boýunça hyzmatlary berjaý edýärler, lukmançylyk enjamlaryna serwis hyzmatyny amala aşyrýarlar.
Üç günläp Sergi köşgünde dowam eden sergini ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köp sanly wekilleri, şeýle hem paýtagtymyzyň myhmanlary we ýaşaýjylary synladylar. Sergä gatnaşyjylar täze lukmançylyk enjamlaryny öndürmek we getirmek, saglygy goraýşa degişli desgalary gurmak boýunça öz mümkinçiliklerini, derman önümleriniň köp sanly görnüşlerini, lukmançylyk-anyklaýyş, barlaghana we bejeriş üçin niýetlenen täze enjamlary, ýörite tehnikany we mebelleri, dürli gurallary, lukmançylygyň birgiden ugurlaryna degişli hyzmatlar we innowasion işläp taýýarlamalary, tebigy kosmetiki serişdeleri we başga-da birgiden zatlary görkezdiler.
Hünärmenler lukmançylygyň dürli ugurlarynda ornaşdyrylýan innowasion işler taýýarlamalary, kämil kompýuter tehnologiýalary, ýörite edebiýat, enjamlar bilen tanyşdyrýan bölümleri aýratyn üns berip synladylar. Türkmen bazarynda eýýäm üstünlikli işläp ýörenler hem-de Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin esasda işewür gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna isleg bildirýänler hyzmatdaşlyga degişli mümkinçilikleri we teklipleri bilen tanyşdyrdylar.
Sergä gelenler we oňa gatnaşan daşary ýurtlular Türkmenistanyň çalt depgin bilen ösýän sagaldyş-dynç alyş ulgamynyň mümkinçilikleri bilen uly gyzyklanma bildirmek arkaly tanyşdylar. Dürli görnüşdäki tebigy landşaftlar, mineral suwlaryň çeşmeleri, türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler-bularyň ählisi sagaldyş-dynç alyş ulgamyny, ekologik syýahatçylygy ösdürmek üçin örän oňaýly şertleri döredýär. Hazaryň türkmen kenarynda batly depgin bilen ösdürilýän "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy hyzmatdaşlar üçin örän amatly mümkinçilikleri döredýär. Bu taslama Türkmenistany ösdürmegiň strategiki meýilnamalary bilen gös-göni bagly bolup, giň halkara hyzmatdaşlygy üçin hil taýdan täze mümkinçiliklere eýedir.
Ylmy maslahat lukmançylyk we derman senagaty boýunça netijeli hyzmatdaşlyk etmegiň geljekki ýagdaýy we mümkinçilikleri barada açyk pikir alşylýan eýe öwrüldi. Bu ylmy maslahata dünýäniň köp sanly ýurtlarynyň hünärmenleri, şol sanda Ylymlar akademiýalarynyň, ylmy-kliniki merkezleriň we ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, bilermenler, lukmançylyk ylymynyň dürli ugurlary boýunça tanymal alymlar gatnaşdylar.
Halkara ylmy maslahatynyň 14 sany bölüm boýunça mejlisleriň barşynda häzirki döwürde saglygy goraýyşdaky ýagdaýlar, lukmançylyk boýunça türkmenistanly we daşary ýurtly hünärmenleriň saglygy goraýşa degişli dürli meseleleri çözmekde toplan tejribesi barada gürrüň edildi. Muňa gatnaşanlar dürli keselleri bejermek we olaryň öňüni almak, arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek, şeýle hem lukmançylyk boýunça innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Birnäçe bölümlerde Enäniň we çaganyň saglygynyň goralmagyna, sagdynlygyň tebigy çeşmelerine, lukmançylyk bilimine degişli meselelere garaldy.
Alymlaryň we hünärmenleriň duşuşygynda meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyşlarda häzirki döwürdäki düýpli, tejribä degişli hem-de düýpli-tejribä degişli ylmy-barlaglaryň netijeleri beýan edildi. Sagdyn durmuş ýörelgesine degişli meselelere uly ähmiýet berildi, çünki ozal lukmanlar adamlaryň ömrüniň uzaldylmagy ugrunda işlän bolsa, häzirki wagtda ýaşaýşyň hili we zähmete ukyplylygyny aýawly saklamak hem möhüm ähmiýete eýedir diýip hasaplanýar. Çykyşlaryň agramly bölegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagynyň üpjün edilmegine, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna hem-de Türkmenistanda bitýän bejeriji ösümliklerden dermanlyk serişdeleri öndürýän täze derman kärhanalarynyň ulanmaga berilmegine gönükdirilen döwlet syýasatyny amala aşyrmakda gazanylan anyk netijelere bagyşlandy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli saglygy goraýyş ulagymynyň düýpli özgerdilmegi netijesinde berjaý edildýän hyzmatlaryň gerimini has-da giňelden türkmen lukmançylygynyň batly depgin bilen ösdürilýändigi we munuň keselleýişiň derejesiniň peseldilmegine we ilatyň ömrüniň dowamlylygynyň uzaldylmagyna oňyn täsir ýetirendigi bellenildi. Türkmenistanda ylmy barlaglaryň derejesiniň has-da ýokarlanmagy, saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-tehniki ýagdaýynyň gowulandyrylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglygy goraýşy ösdürmek boýunça ýöredýän syýasatynyň netijeliligini aýdyň görkezýän subutnama bolup durýar. Baýramçylyk çäreleriniň barşynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Stomatologiýa merkezi, Infuzion erginleri öndürýän derman kärhanasy açyldy we ulanmaga berildi, şeýlde hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Okuw-ylmy merkeziniň, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň binalarynyň täze toplumynyň gurluşygyna badalga berildi. Şol günlerde paýtagtymyzda Aşgabat şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň durky täzelenen binasy ulanmaga berildi, oba ýerlerinde saglygy goraýşa degişli birnäçe desgalar açyldy.
Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň we “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 18 ýyllygynyň bellenilen mahalynda, ýurdumyza dünýäniň lukmançylyk boýunça ylmy we işewürlik bileleşiginiň wekilleri geldiler. Germaniýanyň tanymal alymlary Uwe Hazbargen we Andreas Flemmer Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hormatly professory diýen ada mynasyp boldular. Olar türkmen kärdeşleri bilen häzirki zaman lukmançylygyna degişli derwaýys meseleleri çözmek ugrunda işleýärler. Forumyň işiniň ikinji gününde Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mejlisler zalynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýapon dilinde neşir edilen “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işi bilen tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, kärhanalaryň we guramalaryň wekilleriniň, hususy telekeçileriň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen duşuşyklaryny, şeýle hem köp sanly gepleşiklerini serginiň we ylmy maslahatyň işiniň esasy netijeleri hökmünde görkezmek bolar. Şol duşuşyklaryň barşynda özara gyzyklanma bildirýän we hyzmatdaşlygy ýola goýup boljak ugurlar aýdyňlaşdyryldy.
Sergi köşgünde “Saglyk-2013” halkara sergisiniň we ylmy maslahatyň ýapylyş dabarasynda bularyň işiniň netijeleri jemlendi, foruma gatnaşanlara diplomlar we sertifikatlar gowşuryldy. Lukmançylyga degişli bu forumyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip düzülen “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň barşyny görkezip, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň nobatdaky tapgyrynda uly üstünlikleriň gazanylýandygyny hem-de milli Liderimiziň baştutanlyk etmeginde Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň milli nusgasynyň amala aşyrylmagynyň netijeliligini äşgär edendigi bellenildi.
Maslahata gatnaşyjylar lukmançylyk ylmynyň ösdürilmegine, lukmançylyga degişli ussat işgärleri taýýarlamak boýunça giňden tejribe alşylmagyna, saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek üçin innowasion tehnologiýalaryň işjeňlik bilen ornaşdyrylmagyna ýardam berýän netijeli gatnaşyklaryň dowam etdirilimegini biragyzdan oňladylar. Ýygnananlar şu forumyň täze hyzmatdaşlaryň, geljekde-de lukmançylyk ylmyny we bilimi ösdürmegiň ýollarynyň gözlenip tapylmagyna ýardam bermek bilen, mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk edilmegine we saglygy goraýyş boýunça bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyna ýardam berendigini nygtadylar.
“Saglyk-2013” halkara sergisine we ylmy maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk hatyny kabul edip, şonda ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegine içgin üns berýändigi, halkara forumynyň göwnejaý guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdyp, milli Liderimizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki oňyn özgertmelere işjeň we gyzyklanma bildirip gatnaşjakdyklaryna ynandyrdylar.