Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Moldowa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Moldowanyň baýry muzeýleriniň biri bolan Milli tebigat we etnografiýa muzeýine baryp gördi.
Irden Moldowa Respublikasynyň hökümetiniň döwlet kabulhanasyna Prezident Nikolae Timofti geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşyk boldy. Iki dostlukly döwletiň baştutanlary mähirli görşüp, türkmen Lideriniň şu gezekki resmi saparynyň türkmen-moldowan gatnaşyklaryň taryhynda täze möhüm sahypany açandygyny bellediler hem-de ýokary derejedäki gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýakyn wagtda iş ýüzünde amala aşyrylyp başlanjakdygyna hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti mähirli kabul edilendigi üçin Moldowanyň Prezidentine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, aslyýetinde türkmen-moldowan gatnaşyklarynyň hil taýdan täze tapgyryna badalga berilendigini belledi. Şol gatnaşyklaryň uly kuwwatyny nazara almak bilen giň gerimli gatnaşyklara tarap ugur we ýokary netijelilik şol hyzmatdaşlygyň esasy ölçegleri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda Söwda-ykdysady we medeni hyzmatdaşlyk boýunça döredilen türkmen-moldowan hökümetara toparynyň eýeleýän orny bellenildi. Ol ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga gürrüňsiz hyzmat eder.
Ozal habar berlişi ýaly, düýn, Türkmenistanyň baştutanynyň saparynyň birinji güni Kişinýowda ýokary derejede türkmen-moldowan gepleşikleri geçirildi. Olaryň üstünlikli geçmegi iki döwletleriň we halklaryň dostluk we ynanyşmak gatnaşyklaryna, giň gerimli hyzmatdaşlygy özara bähbitlilik ýörelgelerinde ösdürmäge üýtgewsüz ygararlydygyny tassyklady. Netijeli hyzmatdaşlygy ähli ugurlary boýunça işjeňleşdirmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi gepleşikleriň netijesine öwrüldi.
Şol gün şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Moldowanyň hökümetinde we parlamentinde gepleşikler geçirildi. Olaryň barşynda däbe öwrülen hyzmatdaşlygy giňeltmäge, oňa milli bähbitlere, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm wezipelerine gabat gelýän uzakmöhletleýin we netijeli häsiýeti çaýmaga özara gyzyklanma beýan edildi.
Duşuşyk tamamlanandan soň döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy Milli tebigat we etnografiýa muzeýine tarap ugraýar. Bu ýerde, esasy girelgäniň öňünde belent mertebeli türkmen myhmany mähirli garşylandy.
Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň Prezidentiniň Moldowa Respublikasyna saparynyň ilkinji minutlardan başlap mähirlilik, ägirt uly hormat we myhmansöýerlik ýagdaýynda geçendigini bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda saparyň barşyny beýan eden ýerli habar beriş serişdeleri türkmen Lideriniň gyşarnyksyz we yzygiderli ýöredýän hoşniýetli goňşuçylyk we açyk gapylar syýasaty netijesinde Moldowa Respublikasynda Türkmenistana aýratyn garaýarlar diýip nygtadylar. Häzir bu syýasat halkara bileleşigi tarapyndan parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de ählumumy durnukly ösüşiň bähbitlerine gabat gelýän syýasat hökmünde ykrar edildi. Munuň şeýledigi Türkmenistandan müňlerçe kilometr alyslarda, moldaw topragynda aýdyň äşgär boldy. Döwlet Baştutanymyzyň baran ähli ýerlerinde milli Liderimizi güler ýüz we ajaýyp gül desseleri bilen garşyladylar. Ähli ýerlerde moldowan we türkmen dillerinde ýazylan gutlag sözli şygarlary görmek bolýardy. Türkmenistanyň we Moldowa Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň bilelikde parlamagy iki ýurduň we halklaryň mizemez dostlugynyň nyşanlaryna öwrüldi.
Milli tebigat we etnografiýa muzeýiniň binasynyň öňünde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy muzeýiň baş direktory garşylaýar. Ol döwlet Baştutanymyzy binanyň içine çagyrýar. Muzeý bilen tanyşlygyň öňýanynda belent mertebeli türkmen myhmanyna muzeýiň guramaçylyk düzümi hakynda jikme-jik maglumat berildi.
Milli tebigat we etnografiýa muzeýi Moldowanyň çäginde iň baýry muzeýleriň biri bolup durýar. Ol 1889-nji ýylda esaslandyrylýar. Muzeý Moldowanyň paýtagtynyň merkezinde ýerleşýär we 1889-nji ýylda gurlan binagärlik toplumynyň bir bölegi bolup durýar. Ýurduň ähli baý gymmatlyklary bu baýry muzeýde jemlenendir.Muzeýde şeýle hem gymmatly ylmy kitaphana bar, muzeýiň gaznasy bolsa dürli ugurlarda barlaglary geçirmek üçin ylmy esas döredýär.
Gymmatyklaryň umumy sany häzirki wagta çenli 135 müň birlige deň bolup, olaryň hemmesi diňe milli däl-de, eýsem dünýä ähmiýetli baýlyklar bolup durýar. Olaryň agramly bölegi Ýewropanyň, Aziýanyň, Amerikanyň we Afrikanyň dürli ýurtlaryndan getirilipdir. Gymmatlyklaryň esasy ugruny tebigy taryh, tebigaty öwreniş, etnografiýa, arheologiýa, taryh, gadymy basma neşiri we beýlekiler düzýär. Olaryň hemmesi ynsanyň we ony gurşap alýan tebigatyň ysnyşykly özara baglanyşygy we özara täsiri maksat edinýän pikir bilen birleşendir. Bu pikir gadymy döwürlerden biziň günlerimize çenli taryhy yzygiderlilikde açylýar.
Muzeý 2 bölüme bölünip, onuň birinji bölüminde bu ýere gelýänler ýurduň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň häzirki güni hem-de olaryň müňlerçe ýyl mundan öň bolan görnüşi, ýerli tebigatyň nähili üýtgänligi bilen tanyşyp bilýärler.
Muzeýiň ikinji bölümi bu ýere gelýänleri Moldowanyň ilaty, onuň medeniýet we däp-dessurlary, durmuşda ulanan gadymy zatlary bilen tanyşdyrýar. Moldowanyň çäginde adamlaryň durmuşynyň ösüşiniň taryhy öz beýanyny tapýar. Milli lybaslar, ýerli toý sahnasy, öýüň däbe öwrülen bezelişi bu ýere gelýänleriň ünsüni özüne çekýär.
Muzeý bilen tanyşmagynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Moldowanyň taryhynyň dürli döwürlerine bagyşlanan gymmatlyklar bilen içgin tanyşmak bilen olary saklamagyň şertleri we tehnologiýalary bilen gyzyklandy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zallaryň birinde geologiýa we paleontologiýa bagyşlanan ýygyndylar bilen tanyşdy. Olarda ýeriň tektoniki hereketi, daşky gurşawyň ewolýusiýasy, görnüşleriň ösüşiniň taryhy şekillendirilendir. Bu ýygyndylar ýeriň ýüzünden bir wagt ýitip giden ýerli ülkeleriň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň wekilleriniň gymmatly nusgalaryny öz içine alýar. Mysal üçin, bu ýerde gowakda ýaşan, millionlarça ýyl mundan öň ýitip giden aýynyň skeledini, beýleki gadymy guşlaryň we haýwanlaryň gäplerini görmek bolýar. Ägirt uly dinoteriýanyň skeledi muzeýiň aýratyn gymmatlygy hasaplanýar. Ol doly görnüşinde ýygnalypdyr, onuň ýaşy bolsa 7 million ýyla barabardyr.
Muzeýiň zallarynda gadymy we orta asyr taryha, halk döredijiligine we senetlere degişli gymmatlyklaryň ýygyndylary ýerleşýär. Şäheriň ajaýyp ýerine ýetirilen makedi boýunça Kişinýowyň binagärlik keşbiniň dürli döwürlerde nähili bolandygyny, ýaşaýyş jaýlarynyň we durmuşyň häsietlerine gös-göni täsir eden tebigy şertlere baglylykda Moldowanyň dürli sebitlerinde nähili gurluşyk däpleriniň ýaýbaňlanandygyny görmek bolýar. Mysal üçin, bu ýerde gadymy döwürlerde daşdan we agaçdan gurlan binalaryň nusgalary, oba we şäher medeniýetiniň alamatlary, halk senetleriniň önümleri we beýlekiler görkezilýär.
Milli tebigat we etnografiýa muzeýinde Moldowanyň häzirki zaman ösümlik we haýwanat dünýäsi dürli görnüşlerde tanyşdyrylýar. Gerbarileriň ýygyndysy we haýwanlaryň gäpleri ýigriminji asyryň başynda Moldowanyň çäginde hasaba alnan haýwanlaryň we ösümlikleriň esasy görnüşlerini şekillendirýär. Olaryň köpüsi indi janly tebigatda duş gelmeýär. Bulardan başga-da muzeýiň ýanynda botaniki bag döredilip, onda ösümlikleriň seýrek duş gelýän görnüşleri ösýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz Moldowoda möçberi boýunça ýeke-täk bolan 18-nji -20-nji asyrlara degişli milli halylaryň ýygyndysy bilen tanyşdyryldy. Milli Lderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olary synlamak bilen ýanyndaky adamlar bilen söhbetdeşlikde dünýä belli bolan gadymy türkmen halyçylyk sungaty hakynda gürrüň etdi. Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiz gadymy moldowan halylarynyň nagyşlarynyň gündogar gölleri bilen meňzeşdigine ünsi çekdi.
Ussat halyçy gelin-gyzlarymyzyň elleri bilen döredilýän ajaýyp halylarda nesilden-nesle geçip gelýän halyçylygyň şöhratly milli däpleri öz mynasyp dowamyna eýe bolýar. Şeýlelikde haly dostlugyň we hyzmatdaşlygyň hem özboluşly nyşany bolup durýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Moldowanyň muzeý işiniň hünärmenlerini Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy.
Häzir dünýäniň köp ýurtlarynda türkmen halyçy gelin-gyzlarynyň döreden ajaýyp halylaryny görmek bolýar. Şol halylar gadymy döwürlerde şol ýerlere düşüp, köp wagtyň geçendigine garamazdan, öz gözelligini ýitirmändir.
Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, biziň ýurdumyzda türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny aýawly saklamaga we öwrenmäge aýratyn ähmiýet berilýär, şunuň bilen baglylykda medeniýet ulgamynda döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde muzeý işiniň ösdürilmegine uly üns berilýär diýip belledi.
Muzeýiň gymmatlyklary taryh, arheologiýa, etnografiýa, numizmatika we sungat boýunça gymmatly ýygyndylar arkaly siwilizasiýanyň medeni-taryhy ösüşiniň tutuş ýoluny şöhlenendirýär. Mysal üçin, muzeýiň gaznalarynda Kerbun, Ketroşika, Lergusa obalarynda tapylan belli hazynalar, milli egin-eşikleriň, keramikanyň, tikinçiligiň, halk binagärliginiň, mebelleriň, saz gurallarynyň we beýlekileriň täsin ýygyndylary saklanýar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olar bilen tanyşyp, Türkmenistanyň çäginde hem ägirt uly ylmy gymmatlyga we syýahatçylyk mümkinçiliklerine eýe bolan gadymy şäherleriň we täsin mukaddeslikleriň saklanyp galandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz türkmen topragynyň köpsanly taryhy –medeni ýerleri barada aýtmak bilen, olaryň türkmenistanlylaryň ösüp gelýän neslini ruhy-ahlak we watançylyk taýdan terbiýelemekde ähmiýetiniň uludygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň döwletimiz ýurdumyzda taryh ylmynyň ösdürilmegini goldap we höweslendirip, bu ugurda gyzykly we möhüm taslamalaryň amala aşyrylmagyna ýardam edýär diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz moldawiýaly alymlary möhüm ylmy meseleler boýunça türkmen taryhçylary we arheologlary bilen hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy.
Moldowanyň Milli tebigat we etnografiýa muzeýinde wagtlaýyn we göçme sergiler yzygiderli guralýar. 1994-nji ýyldan bäri “Tebigat. Adam. Medeniýet” atly hemişelik sergi hereket edip, ol ynsanyň daşky gurşaw bilen ysnyşykly gatnaşyklaryny, onuň ekologiýa we tebigata güýçli täsirini şöhlenendirýär. Serginiň esasy maksady dünýäde ösümlikleriň we haýwanlaryň genetiki gaznasyny saklamak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek we önümçilik galyndylarynyň daşky gurşawa ýaramaz täsirini azaltmak bolup durýar. Olaryň arasynda tebigy serişdeleriň netijeli ulanylmagyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler hem bar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow muzeý gymmatlyklary bilen uly gyzyklanma bilen tanyşyp, daşky gurşawyň hili, tebigatdan netijeli peýdalanmak, ajaýyp tebigy mirasy aýawly saklamak ýaly ählumumy meseleleri, şeýle hem howanyň üýtgemeginiň antropogen täsiri we netijeleri bilen bagly meseleleri çözmekde toplumlaýyn çemeleşmäniň we birleşen tagallalaryň dünýäde ähli janly-jandaryň hatyrasyna anyk oňyn netije berip biljekdigini belledi.
Bu ýerde topraklaryň kartasy hem hormatly Prezidentimiziň ünsüni özüne çekdi. Muzeýde olaryň ýüzlerçe görnüşlerinden 17-si görkezilýär. Muzeýiň ýolbaşçysynyň habar berişi ýaly ýeriň 85 göterimini gara toprakly ýerler düzýär. Bu ýerde häzirki zaman oba hojalyk ylmyna degişli meseleler, şol sanda ekerançylygyň medenietini ýokarlandyrmak, ýerleriň hasyllylygyny gowulandyrmak we beýlekiler hakynda hem gürrüň edildi.
Muzeý baýry medeni ojaklaryň biri bolmak bilen, Moldowanyň beýleki muzeýlerini döretmekde uly orun eýeleýär. Orgeýew etrabynyň Iwança obasyndaky muzeý toplumy onuň howandarlygynda bolup, bu ýerde dikeldiş işlerinden soň Moldowanyň Halk senetleri muzeýi açyldy.
Milli Liderimiz muzeýiň diwarlyklaryny we maketlerini uly üns we gyzyklanma bilen synlady. Döwlet Baştutanymyz gyzykly we mazmunly gürrüňler üçin minnetdarlyk bildirip, muzeýiň möhüm öwrediş häsiýetini belledi.
Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzir Türkmenistanda bu ugurda ulgamlaýyn işler alnyp barylýar, döwlet derejesinde gumanitar gatnaşyklarynyň möhüm gyzykly taslamalarynyň başy başlanýar, ruhy gymmatlyklaryň esasynda döredijilikli hyzmatdaşlyk üçin örän oňaýly şertler döredilýär diýip belledi. Ösüş medeni gatnaşyklaryň netijesi, ylmyň dürli ugurlarynda özara gatnaşyklaryň tejribesi bolup durýar. Şunda taryhy miras aýratyn ähmiýete eýe bolup, ol dünýä medeniýetiniň düýp ulgamy bolup durýar.
Milli Liderimiz sözüni dowam edip, biziň topragymyzda uly yz galdyran nesilleriň ýüzlerçesiniň durmuşyny şöhlenendirýän ýadygärliklere bolan garaýyş – bu adamlaryň diňe medeni derejesiniň hem-de olaryň geçmişine bolan hormatynyň görkezijisi däl-de, eýsem döwletiň ösüşiniň derejesi hem bolup durýar diýip belledi. Türkmen döwletiniň hut milli medeni baýlyklara, köp asyrlyk mirasyna bolan garaýşy bu gün ýurdumyzyň taryh ylmynyň täze görnüşde kemala gelmegini kesgitleýär. Taryhy-medeni gurşaw biz üçin jemgyýetiň häzirki zaman durmuşynyň aýrylmaz bölegi, onuň ösüşiniň gözbaşylarynyň biri, geçmişiň geljek bilen üznüksiz ara baglanyşygy, halkyň ýaşaýan taryhy gurşawy bolup durýar. Bu medeni mirasy aýawly saklamak, ylmy barlaglar we gündelik tejribe, dünýä tejribesini öwrenmek hem-de taryhy ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we dikeltmek babatda halkara gatnaşyklaryny giňeltmek bilen bagly bolan ähli hünärmenleriň çylşyrymly işleridir.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň çäginde geçirilýän arheologik gazuw agtaryş işlerine dünýäniň esasy ylmy merkezlerine wekilçilik edýän köpsanly daşary ýurtly alymlar hem gatnaşýar. Uzak möhletleýin gatnaşyklaryň nusga alarlyk görnüşleriniň hatarynda milli Liderimiz taryh ylymlarynyň doktory W.I.Sarianidiniň ýolbaşçylyk edýän bilelikdäki toparyny mysal getirdi. Alym Margianada onlarça ýyllaryň dowamynda geçirip gelýän barlaglarynda haýran galdyrýan açyşlaryň ençemesini amala aşyrdy. Şol açyşlar gadymy gündogar siwilizasiýalaryň taryhyna ser salmaga mümkinçilik berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow moldowan hünärmenlerini biziň ýurdumyza we türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga çagyrmak bilen, täze döredilen Hökümetara toparynyň, şeýle hem gepleşikleriň barşynda düýn gol çekilen Medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Moldowa Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyk muňa ýardam etmäge gönükdirilendir diýip belledi.
Milli Liderimiz ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşykda bu meselä aýratyn ünsüň berilendigini belläp, Prezident Nikolae Timofti bilen milli taryhy we medeniýeti öwrenmezden, ýaşlarda öz halklarynyň ruhy gymmatlyklaryna bolan hormaty kemala getirmezden Watanyň mynasyp geljeginiň bolup bilmejekligi barada bir pikire gelendigini aýtdy.
Milli sungatlaryň we senetleriň köp dürlüligini aýawly saklamak, iň gowy halk däplerini ösdürmek zerur bolup durýar, olaryň möhümligi biziň günlerimizde hem olarda saklanýan parasatlylyk bilen şertlendirilendir, şu möhüm işde bolsa muzeýlere uly orun degişlidir diýip, Türkmenistanyň Baştutany belledi. Diňe biziň paýtagtymyzyň özünde iri muzeýleriň bäşisi hereket edýär, olar diňe baýlyklary saklamak bilen çäklenmän, eýsem wagyz - nesihat we aň bilim bermek işini alyp barýan medeni-ylmy merkezler bolup durýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Welaýat döwlet muzeýleri üçin gurlan täze ajaýyp köşkler hem sebitlerde muzeý işiniň mümkinçiliklerini artdyrdy. Olaryň her birinde medeni mirasyň we däp-dessurlaryň ýöriteleşdirilen aýratynlyklary bar. Şol aýratynlyklary binagärligiň ýa-da halyçylygyň mysallarynda hem görmek bolýar. Olarda gadymy türkmen halkynyň döredijilik dünýä garaýşy, onuň çeper we bezeg nusgasynyň özgerişligi has aýdyň äşgär bolýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meseläni gozgamak bilen, moldowan hünärmenlerine türkmen halysy, onuň özboluşly aýratynlyklary, çeper dili, täsirli nyşanlary, taýýarlamagyň tehnikasy we ulanylýan tebigy boýaglar hakynda gürrüň berdi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem ussat halyçy gelen-gyzlarymyzyň döreden hem-de elle dokalan ägirt uly haly hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen haly hakynda gürrüň berdi.
Milli Liderimiziň milli halyçylyga bagyşlanan “Janly rowaýat” atly kitabynda okyjylar köpçüligine ähli tehnologik jikme-jiklikler bilen sazlaşykly utgaşýan täsin maglumatlary ýetirendigini ýatlap geçeliň. Ine bu gezek hem hormatly Prezidentimiziň eziz Watanymyzyň ajaýyp halylar hakynda beren gürrüňi moldawan muzeýiniň işgärlerine uly täsir galdyrdy.
Döwlet Baştutanymyz moldawan halkynyň binagärlikde, keramikada we sungatyň beýleki görnüşlerinde ulanylýan, türkmen nagyşlaryna meňzeş käbir bezeg usullary hakynda gürrüň berdi. Milli Liderimiz hususan-da, moldawan bezeg usullarynda köplenç duş gelýän sekizgraňly nyşana ünsi çekdi. Ol häzir hem türkmen halkynda “Oguz hanyň ýyldyzy” diýen at bilen giňden ýaýrandyr.
Bu nyşany biziň halklarymyzyň özara gatnaşyklarynyň hem-de geljekki hyzmatdaşlygyň üstünlikli bolmagynyň özboluşly nyşany diýip hasaplamak bolar.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen-moldowan hem-de halkara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan gumanitar hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz medeni gatnaşyklary, şol sanda şu ugurda gatnaşyklary giňeltmegi goldap, tejribe alyşmak babatda şunuň ýaly işleriň netijeli boljakdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz gyzykly gezelenç üçin minnetdarlyk bildirip, Hormatly myhmanlar üçin kitapda ýazgy galdyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Kişinýowyň halkara howa menziline tarap ugrady. Bu ýerde Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüne garaşyp duran “Boinge” münýär, uçar Türkmenbaşy şäherine tarap ugur alýar.
Şu günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiziň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow howa menzilinden Hazaryň kenarynda ýerleşýän kabulhanasyna tarap ugrady.