Hazaryň türkmen kenarynda gysga wagtlyk dynç alyşda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy boýunça aýlanyp, dikuçaryň üstünden bu ýerelerini mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm taslamalaryny amala aşyrmagyň barşy, şeýle hem deňiz dynç alyş zolagynyň täze desgalarynyň guruljak ýerleri bilen tanyşdy.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda işleriň ýagdaýy, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň taslamalary bilen içgin tanyşýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli syýahatçylyk zolagynda geçirýän gysga wagtlyk dynç alyş günlerini hem döwlet işleri bilen utgaşdyrýar. Şol işleriň hatarynda Hazaryň türkmen kenarynda okgunly kemala gelýän dünýä derejesindäki dynç alyş zolagyny toplumlaýyn ösdürmegiň meýilnamalaryny amala aşyrmak meseleleri möhüm orun eýeleýär.
Döwlet Baştutanymyz ir bilen dikuçar meýdançasyna gelip, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy hem-de gurulmagy meýilleşdirilýän döwrebap binalaryň ýerleşjek ýerleri bilen tanyşmak maksady bilen, özüne garaşyp duran dikuçara mündi. Döwlet Baştutanymyz bu gezek ikinji uçarman bolup dikuçary dolandyrdy. Milli Liderimiz Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda kemala gelýän dünýä derejeli syýahatçylyk zolagyny guşuçar belentlikden synlady.
Soňra hormatly Prezidentimiz dikuçaryň üstünden dynç alyş zolagynda alnyp barylýan işler bilen tanyşlygyň barşynda Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda bina edilen hem-de ýerli tebigat bilen özboluşly sazlaşan syýahatçylyk düzüminiň ajaýyp desgalary bilen tanyşdy. Bu ýerde türkmenistanlylaryň we biziň ýurdumyzyň köp sanly myhmanlarynyň göwnejaý dynç almagy üçin ähli zatlar göz öňünde tutulandyr. “Awaza” – milli Liderimiziň ýöredýän oňyn syýasatynyň aýdyň nyşany bolup, onuň many-mazmuny Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň asylly ýörelgelerinde, “Döwlet – adam üçindir!” diýen şygarynda öz beýanyny tapdy.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy boýunça aýlanmagyň barşynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurlan desgalary synlap, geljekde hem öňdebaryjy işläp düzmeleri we häzirki zaman inženerçilik çözgütlerini peýdalanmak bilen, türkmen topragynyň gözel künjeginde ýerleşýän deňiz dynç alyş zolagyny ösdürmek, ony halkara ülüňlerine gabat gelýän, ähli degişli syýahatçylyk hem-de sanatoriýa-dynç alyş, ulag-aragatnaşyk we inženerçilik-tehniki düzümi bilen bilelikde gülläp ösýän mekana öwürmek boýunça yzygiderli işleri alyp barmagyň möhümdigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz çäkleri bagy-bossanlyga büremek işlerine ünsi çekip, bu işler “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň dünýä derejeli döwrebap düzümini kemala getirmekde möhüm orun eýeleýär diýip nygtady.
Milli Liderimiz, hususan-da, guş uçar belentlikden deňiz kenarynyň we “Awaza” derýasynyň arasynda ýerleşen çäkleri synlap, bu işe jogap berýän ýolbaşçylara bu ýerde gök zolaklary, seýilgähleri we baglary döretmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu gök zolaklar deňiz howasynyň jana şypalylygy bilen bir hatarda türkmenistanlylaryň, şeýle hem “Awazanyň” daşary ýurtly myhmanlarynyň göwnejaý dynç almagy we saglygyny berkitmegi üçin has oňaýly şertleriň döredilmegine ýardam eder.
Döwlet Baştutanymyz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny gurmagyň nobatdaky tapgyry üçin bölünip berlen ýerleri synlap, ýakyn wagtda bu ýerde täze myhmanhanalaryň we syýahatçylyk, dynç alyş ulgamynyň beýleki desgalarynyň peýda boljakdygyny belledi. Olaryň taslamalary döwrebaplygy hem-de gurluşyk we dizaýnerçilik pikriniň özboluşlylygy bilen tapawutlanyp, binagärligiň täze meýillerini we milli däplerini göz öňünde tutmalydyr.
“Awazada” gurulýan her bir desganyň deňiz dynç alyş zolagynda gurlan binagärlik toplumy bilen utgaşyp, Hazaryň kenarynyň ajaýyp künjegine sazlaşykly goşulmalydygyny bellemek bilen, milli Liderimiz bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna aýlanyp görenden soň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň birnäçesiniň gatnaşmagynda gysgaça iş maslahatyny geçirip, şu günki saparyň jemlerinden gelip çykýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşdy.
Iş maslahatynyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň garamagyna gurluşygy meýilleşdirilýän täze desgalaryň birnäçesiniň taslamalaryny hödürlediler.
Milli Liderimiz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň çäklerini oýlanyşykly peýdalanmagyň möhümdigine ünsi çekip, dynç alyş merkezini abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga büremek meselelerine jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz “Awazada” bina edilýän ähli desgalaryň gurluşygyna düzümler boýunça toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini bellemek bilen, hödürlenen taslamalara üýtgetmeler girizdi we olary gaýtadan işlemegi tabşyryp, degişli ýolbaşçylara desgalary gurmagyň hilini hem-de möhletlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Horimatly Prezitdentimiz gürrüňi dowam etmek bilen, bu ýerde gurulýan ähli desgalaryň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän derejesini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz gurulýan ulag ýollarynyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna, bu künjekde ulag gatnawlarynyň sazlaşygynyň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidigini tabşyrdy.
Milli Liderimiz ýol ýakalaryna, seýilgäh zolaklaryna oturdylýan bag nahallarynyň bu ýeriniň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän görnüşleriniň saýlanyp alynmalydygyna ünsi çekdi, hormatly Prezidentimiz bu işe ylmy esasda çemeleşmelidigini, oňa bu ugurda işleýän alymlaryň işjeň çekilmelidigini tabşyrdy.
Milli Liderimiz sözüni jemlemek bilen, dürli maksatly täze desgalaryň gurulmagyny göz öňünde tutýan deňiz ýakasyny mundan beýläk-de gurmak boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyryp, ähli taraplary boýunça häzirki zaman talaplaryna we ýokary hil ülňülerine gabat gelýän, şeýle hem ýerli tebigaty nazara almak bilen işlenip taýýarlanýan taslamalary seçip almagyň möhümdigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlara alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.