Ï Türkmenistanyň Prezidenti "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň täze taslamalary bilen tanyşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň täze taslamalary bilen tanyşdy

view-icon 874
Şu gün Hazaryň kenarýakasynda gysga wagtda dynç alyşda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşdy.

“Serdar” myhmanhanasynda bolan tanyşdyryş çäresine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

... Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy “Serdar” myhmanhanasynyň merkezi girelgesiniň ýanynda saklandy. Bu ýerde milli Liderimizi Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we ýolbaşçylar düzümleriniň agzalary garşyladylar.

Myhmanhananyň eýwanynda milli Liderimiziň garamagyna Hazaryň türkmen kenaryny häzirki zaman syýahatçylyk merkezine öwürmek bilen baglylykda, ýyl-ýyldan çägi giňeýän “Awazanyň” gurluşygynyň täze tapgyrynyň birnäçe taslamalary hödürlenildi.

Bu ýerde görkezilýän taslamalar, olaryň gurluşygy üçin bölünip berlen ýer bölekleri, taslamalaryň buýrujylary we olary ýerine ýetirýän düzümler bilen baglanyşykly maglumatlar barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow habar berdi.

Häzirki wagtda bu ýerde desgalaryň 30-dan gowragy, ýagny has oňaýly myhmanhanalar, dynç alyş merkezleri, kottej toplumlary we myhmanhana ulgamynyň beýleki desgalary işleýär. Häzirki güne çenli olar dynç alýanlaryň 7 müňden gowragyny kabul etmäge ukyplydyr, “Awaza” tomus möwsüminde doly güýjünde işleýär, dynç alýanlara ýokary derejeli we köp dürli hyzmatlaryň giň mümkinçiligini hödürleýär. Şu tomusdan başlap, ýahta-klubuň açylmagy bilen dynç alyş zolagyň myhmanlaryna Türkmenistanda düýbünden täze hyzmat bolan windserfing, suw sportunyň ýelkenli we beýleki görnüşleri bilen meşgullanmagy guramak ýelýeterli boldy.

Işjeň dynç almagyň we wagtyňy hoş geçirmegiň ösdürilmegi, edilýän hyzmatlaryň hiliniň we görnüşleriniň ýokarlanmagy syýahatçylaryň “Awaza” köp gelmegini şertlendirýär.

Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýew hormatly Prezidentimizi "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda gurulmagy meýilleşdirilýän 324 orunlyk ýokary derejeli myhmanhananyň taslamasy bilen tanyşdyrdy. Täze desgany ministrligiň buýuramasy esasynda “Rysgally zähmet” ýerli hususy kärhanasy bina eder. Myhmanhanada ajaýyp dynç almak we wagtyňy hoş geçirmek üçin ähli amatly şertler üpjün ediler. Taslama laýyklykda, desganyň binagärlik keşbinde milli binagärlik däpleri bilen häzirki zaman ýörelgeleri öz beýanyny tapar.

Hormatly Prezidentimiz harby gullukçylar üçin iň gowy ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek barada döwletimiziň hemişe alada etjekdigini nygtap, täze myhmanhananyň hem munuň aýdyň subutnamasydygyny belledi. Onda hyzmatlaryň giň toplumy ýokary derejede ýola goýlar. Milli Liderimiz hödürlenen taslamany tutuşlygyna makullap, onuň gurluşygyny amala aşyrmagyň barşyna, gurluşyk işleriniň hiline we onuň öz wagtynda tamamlanylmagyna yzygiderli gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew ýurdumyzyň gurluşyk we energetika toplumynyň, Aşgbata şäher häkimliginiň buýurmalary esasynda gurulmagy meýilleşdirilýän 12 gatly 300 orunlyk bäş ýyldyzly myhmanhananyň taslmasy barada hasabat berdi. Desganyň gurluşygy “Ajaýyp bina” hususy kärhananasyna ynanylypdyr.

Döwlet Baştutanymyz taslamalar boýunça bellikleri aýtdy we oňa birnäçe düzedişleri girizdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurulýan desgalaryň binagärlik babatda biri-birinden tapawutlanmalydygyna, milli öwüşginleriň ýerbe-ýer ulanylmalydygyna ünsi çekip, wise-premýere we Türkmen döwlet gurluşyk - binagärlik institutynyň rektoryna we ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň bu babatda öz zehinlerini we ukyplaryny görkezmelidiklerini nygtady. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda gurulýan täze binagärlik desgalary barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz olaryň taslamalarynda milli binagärligiň we bezeg sungatynyň däbe öwrülen usullarynyň oýlanyşykly ulanylmagyny maslahat berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Nebitgaz toplumyna degişli 350 orunlyk, ýokary derejeli myhmanhananyň taslamasy bilen tanyşdy. Bu desgany “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň hünärmenleri bina ederler. Döwlet Baştutanymyz taslama bilen içgin tanşyp, onuň bellenilen möhletlerde we ýokary hilli bina edilmegi barada tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz şeýle hem tutuş dynç alyş zolagy boýunça alnyp barylýan işleriň hemişe gözegçilikde saklanmagynyň zerurdygyna jogapkär ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi.

Ýurdumyzyň maliýe-ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Goçyýew döwlet Baştutanymyza 300 orunlyk, bäş ýyldyzly myhmanhananyň taslamasyny hödürledi. Milli Liderimiz geljekki myhmanhananyň çyzgylary bilen tanşyp hem-de binanyň bezeg işlerine ünsi çekip, taslama boýunça birnäçe bellikleri aýtdy.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň hatarynda ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumyna degişli bäş ýyldyzly 300 orunlyk myhmanhananyň we attraksionly seýilgäh toplumynyň taslamalary bar. Milli Liderimiz bu taslamalar bilen tanyşlygyň barşynda myhmanhana hem, seýilgäh hem ýerli tebigy şertleri we dynç alýanlar üçin iň amatly şertleriň döredilmegine häzirki döwürde bildirilýän talaplary hasaba almak bilen iň öňdebaryjy tehnologiýalary we özboluşly döredijilik meýillerini özünde jemlemelidir diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitledi—bu iň täze injener-tehniki işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak we syýahatçylyk hyzmatynyň derejesini ýokarlandyrmak, gurluşygyň ýokary hil we ekologiýa standartlary, binalaryň göze gelüwli estetiki keşbi hem-de olaryň häzirki zaman binagärlik çözgüileriniň ulanylmagy netijesinde deňiz kenarynyň täsin tebigaty bilen sazlaşmagydyr.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň binalarynda we onuň ýanaşyk ýerlerinde, umuman, dynç alyş zolagynda arassaçylygyň berk berjaý edilmelidigine ünsi çekdi. Halkara derejesine eýe bolan “Awazada” tebigy aýratynlyklaryň göz öňünde tutulmagyny, desgalar ýerleşdirilende tebigatyň gözellikleri bilen sazlaşygyň emele gelmegini üpjün etmek boýunça degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Tanyşdyrylyş çäresiniň barşynda döwlet Baştutanymyz ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk toplumyna degişli myhmanhananyň we köpugurly sport toplumynyň taslamalary bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň esasy maksady adamlaryň saglygyny berkitmekdir. Onuň üçin bu ýerde deňiz ýakasyna mahsus bolan örän oňat tebigy howa şertleri, tenekär suw serişdeleriniň toplumy bar. Lukmançylyk we bedenterbiýe, sport, sagaldyş toplumlarynyň hem-de dynç alyş merkezleriniň öňdebaryjy enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy hem bu ugurda bildirilýän ýokary talaplara laýyk gelýär.

Kenar ýakasynda alnyp barylýan bagy-bossanlyga öwürmek boýunça işleri hem saglygy berkitmek ulgamynyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu ýerde ynsan eli bilen döredilen hemişe gök öwüsýän tokaý zolaklary peýda bolýar, täze seýilgähleriň düýbi tutulýar, adam saglygyna we onuň bedenine oňaýly täsir edýän deňiz suwunyň peýdaly maddalaryny hem öz içine alýan aýratyn howa şertleri emele gelýär.

Tanyşdyrylyş dabarasynda döwlet Baştutanymyza syýahatçylyk zolagynyň çäklerinde dörediljek täze tokaý zolaklarynyň, şeýle hem Awaza derýasynyň kenarlaryny mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak we ýaşyl zolaga öwürmek boýunça taslamalar hödürlenildi.

Milli Liderimiz bagy-bossanlyga büremek işleriniň bu sebitiň toprak-howa şertlerini hasaba almak arkaly ylmy maslahatlar esasynda amala aşyrmagyň zerurdygyny belledi.

Seýilgäh zolaklary döredilende olarda adamlaryň dynç almagy, wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin iň amatly ýagdaýlaryň üpjün edilmeginiň wajypdygyny aýdyp, sözüni dowam etmek bilen, hormatly Prezidentimiz şunda bezeg işleriniň hem mynasyp hyzmat edýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz birnäçe çeper görnüşler – heýkeller, bag-seýilgäh sungatynyň öwüşginleri bilen seýilgähiň tebigy köpdürliligini emele getirmegi teklip etdi. Olar türkmen tebigatynyň aýratynlyklaryny we gözelligini ýüze çykarmalydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna, şeýle hem gurulmagy meýilleşdirilýän suw desgalarynyň taslamalary görkezildi. Milli Liderimiz bu desgalaryň gurluşygyna örän jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Olar dynç alyş zolagynyň suw üpjünçiliginde, onuň suwlulandyryş ulgamynda ähmiýetli orna eýe bolmalydyr.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem Hazaryň kenarynda döredilmegi teklip edilýän täze etraplaryň çäklerini kesgitleýän meýilnama garady we bu mesele boýunça birnäçe anyk tabşyryklaryny aýtdy.

Şu günki tanyşdyrylyşda taslamalaryna garalan myhmanhanalardan başga-da ýene-de 3 müň orunlyk ekonom-klas derejeli myhmanhanalar ulgamynyň gurulmagynyň hasabyna üpjün ediler. Munuň özi girdejisi orta derejeli adamlar üçin dynç alşyň elýeterliligini ýokarlandyrmaga hyzmat eder. Şeýle myhmanhanalar esasan gysga möhlet bilen gelip bolýanlar hem-de ulagly syýahatçylar üçin niýetlenendir. Mysal üçin, dynç alşyň şeýle görnüşi deňze öz ulagynda syýahata gelen maşgala üçin ykdysady taýdan has amatly bolup biler.

Müşderiler üçin zerur bolan hyzmatlary we myhmanhana hyzmatynyň bahalaryny saýlamak üçin şertleriň döredilmegi häzirki wagtda bütin dünýäde, şol sanda meşhur syýahatçylyk merkezleri hökmünde belli bolan ýurtlarda giňden ulanylýar. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda şu işleriň ösdürilmegi syýahatçylaryň artmagyny üpjün eder, Watanymyzyň syýahatçylyk senagatynda açylýan mümkinçilikleri has işjeň peýdalanmaga ýardam eder.

Syýahatçylar akymynyň artmagy bilen köp dürli hünärler boýunça işgärleriň zerurlygy hem ýüze çykar. Dynç alyş zolagynyň ösýän düzüminde örän köp täze iş orunlary dörär. Diýmek, ýerli ýaşlar bilim almaga hem-de syýahatçylyk pudagynda işlemek we bu ýerde ýaşamak üçin degişli hünäri ele almaga gyzyklanarlar. Pudagyň işgärleriniň doly bahaly zähmet çekmegi üçin hemme zerur şertler döredilýär, ilkinji nobatda, ýaşaýyş meseleleri çözülýär. Şu maksatlar bilen “Awazada” hyzmat ediş ulgamynyň işgärleri üçin – umuman, 1000 adama niýetlenen ýaşaýyş toplumyny gurmak meýilleşdirilipdir.

“Awaza” awtoulaglarynda gelýänlere amatly bolar ýaly ýene-de bir köp derejeli awtoduralga gurlar. Hödürlenen taslamalar bilen ünsli tanşyp we geljekki desgalaryň özboluşly häsiýetnamalary bilen gyzyklanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adamlar üçin aňyrbaş amatlyklaryň döredilmegine, binalaryň we desgalaryň daşky bezelişine degişli birnäçe düzedişleri we teklipleri girizdi. Milli Liderimiz her bir desganyň özünde öňdebaryjy gurluşyk we bezeg çözgütlerini, bezeg işlerinde milli öwüşginleri beýan etmäge döredijilikli çemeleşmeleri utgaşdyrmalydygyny hem-de ekologik howpsuzlygyň hemme talaplaryna laýyk gelmelidigini belledi. Şunda hormatly Prezidentimiz “Awazada” bina edilýän her bir desganyň we umuman, deňiz dynç alşynyň binagärlik keşbiniň Hazar deňziniň ajaýyp tebigy gözelligine sazlaşmalydygyny nygtady.

Taslamalar bilen tanyşdyrylyş dabarasynyň barşynda hormatly Prezidentimiziň garamagyna deňizde gezelenç etmegi gowy görýänlere niýetlenen syýahatçylyk gämisiniň taslamasy görkezildi. Täze gämide syýahatçylyk üçin zerur şertleriň döredilmelidigini belläp, döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara gämini gurmak işiniň öz wagtynda tamamlanmagyna gözegçilik etmegi tabşyrdy.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň geljegi bu ýerde mahabat işlerini ýaýbaňlandyrmak wezipelerini öňe çykarýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna dynç alyş zolagynyň çäklerinde oturdylmagy meýilleşdirilýän mahabat sütünleriniň taslamalary hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, wizual mahabatlandyrmalaryň täsin döwrebap usullary bilen bir hatarda banerleriň bezelmeginde milli öwüşginler hem öz beýanyny tapmalydyr.

Mundan başga-da, bu ýerde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurulmagy meýilleşdirilýän başga-da birnäçe döwrebap myhmanhanalaryň taslamalary görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz olar bilen tanşyp, taslamalar boýunça birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Hususan-da, 500 orunlyk “Tawus” myhmanhanasynyň bezeg aýratynlyklaryna ünsi çekmek bilen, döwlet Baştutanymyz binalaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagyny ýeke-täk kompozisiýa nukdaýnazaryndan oýlanmagy tabşyrdy.

Işlenip taýýarlanan taslamalary umuman oňlap, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow syýahatçylyk zolagyny ösdürmek wezipeleriniň hyzmat etmegiň ýokary derejesini üpjün etmekden hem-de Türkmenistanyň ähli sebitlerinden we daşary ýurtlardan gelýän adamlaryň doly bahaly we mazmunly dynç almagy üçin hemme şertleri döretmekden ybaratdygyny nygtap, gurluşyk işleriniň hiline gözegçiligi gowşatmazlygyň möhümdigine ünsi çekdi.

Diňe şeýle şertlerde “Awaza” dünýäniň dürli künjeklerinden bolan syýahatçylary özüne çekjek merkeze öwrüler diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de bellenilen meýilnamalaryň, şol sanda şu günki hödürlenen taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly anyk wezipeleri çözmekde tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylara üstünlikleri arzuw etdi.