Ï “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň täze sany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň täze sany

view-icon 737
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň çärýekde bir gezek türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çap edildi.

Žurnalda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty strategiýasynyň esasy maksatlary we möhüm ugurlary barada gürrüň berýän makalalar ýerleşdirilipdir. Şeýle hem neşirde biziň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda bolup geçýän halkara ähmiýetli wakalar barada synlar berilýär.


Žurnalyň nobatdaky sany däp boýunça şu ýylyň aprel-iýun aýlarynda milli Liderimiziň ýokary derejede geçiren duşuşyklary we gepleşikleri barada gürrüň berýän makalalar bilen açylýar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen işjeň durmuşa geçirilýän türkmen döwletiniň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty dünýäniň ähli döwletleri we iri halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna gönükdirilendir. Munuň özi dünýä jemgyýetçiliginiň biziň ýurdumyza bolan uly gyzyklanmalaryny we ünsüni şertlendirýär. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli öňe sürýän hem-de parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine, möhüm sebitleýin durmuş-ykdysady we beýleki ugurlardaky meseleleriň oňyn çözgüdine gönükdirilen döredijilikli başlangyçlary biziň ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki eýeleýän möhüm ornuny alamatlandyrýar.

Oňyn bitaraplyk ýörelgelerine we öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarly bomak bilen, türkmen döwleti dünýäniň ähli ýurtlary bilen ýola goýan döwletara gatnaşyklaryny ösdürýär we pugtalandyrýar. Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Andris Berzinşiň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gülüň biziň ýurdumyza bolan saparlarynyň çäklerinde Aşgabatda geçirilen ýolkary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeleri munuň aýdyň subutnamasydyr. Üç dostlukly goňşy döwletleriň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygyna badalga bermek mynasybetli guralan dabarany hem bellemeli. Şeýle hem makalada Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna bolan döwlet saparynyň netijeleri barada giňişleýin syn berilýär.

Şeýle hem daşary ýurtly awtorlaryň Türkmenistan bilen dünýäniň dürli döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşine bagyşlanan makalalary okyjylary ýetirilýär. Üstünlikli ösdürilýän türkmen-täjik döwletara gatnaşyklarynyň mysalynda häzirki döwürde medeni hem-de diplomatik gatnaşyklaryň ähmiýeti açylyp görkezilýär. Makalanyň awtorynyň belleýşi ýaly, medeniýet we sungat biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň berkildilmeginiň möhüm ýagdaýy bolup durýar.

Neşiriň okyjylary diplomatik işiň maglumat-syn beriş ulgamyny üpjün etmek hakyndaky makala bilen tanyş bolup bilerler. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň 2012-nji ýylyň 10-njy dekabrynda geçirilen giňişleýin mejlisinde Daşary işler ministrliginiň syn beriş işiniň güýçlendirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi we Türkmenistanyň ilçihanalarynyň we konsullyklarynyň, halkara guramalaryndaky wekilhanalarynyň dünýäde bolup geçýän syýasy we ykdysady ýagdaýlara öz wagtynda seljerme bermeginiň zerurdygyny belledi we munuň özi döwlet derejesinde kabul edilýän çözgütler üçin binýat bolup durýar diýip aýtdy. Makalanyň awtorynyň belleýşi ýaly, öňde goýlan wezipeleriň öz wagtynda we ýokary hilli üstünlikli ýerine ýetirilmegi köp sanly ýagdaýlar, öňi bilen bolsa onuň maglumat üpjünçiliginiň hili arkaly kesgitlenýär.

Halkara hukuk kadalaryna goşulmagyna bagyşlanan makala okyjylarda uly gyzyklanma döreder. Halkara ylalaşyklarynyň we şertnanamalarynyň döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň we berkidilmginiň möhüm guraly bolup durýandygy hemmelere mälimdir. Türkmenistan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna daýanmak arkaly dünýäniň dürli döwletleri bilen gatnaşyklaryny ösdürýär we milli gyzyklanmalara hem-de umumyadamzat gymmatlyklaryna laýyklykda hereket edýär.

“Diplomatiýanyň dili: onuň aýratynlyklary we ösüşiniň geljegi” atly makalanyň ähmiýetlidigini aýtmaly. Awtoryň belleýşi ýaly, diplomatik tejribede, esasan-da gepleşikler mahalynda haýsydyr bir meseleler boýunça garaýyşlaryň dürs beýan edilmeginiň, taraplaryň özara düşünişmeginiň ýola goýulmagynyň möhüm ähmiýeti bardyr. Şu jähetden, diplomatik diliň öwrenilmegi has-da derwaýys bolup durýar.

Žurnalda türkmen diplomatiýasynyň orta asyrlar taryhy hakyndaky makala okyjylara hödürlenýär.

Žurnalyň nobatdaky sany däp bolşy ýaly, “Diplomatik durmuşyň senenamasy” atly makalalar toplumy bilen jemlenýär.Olarda dürli derejede geçirilen duşuşyklara, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ýola goýulýan geňeşmelere, 2013-nji ýylyň ikinji çärýeginde biziň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilen hökümetara toparlarynyň mejlislerine syn berilýär.

“Resmi habarlar” diýen sözbaşy astynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini, şeýle hem Türkmenistanyň Astrahan oblastyndaky konsulyny bellemek hakynda gol çeken resminamalary ýerleşdirilipdir. Bu bölümde döwlet Baştutanymyzyň Ýaponiýada Türkmenistanyň Ilçihanasyny açmak hakyndaky Permany hem çap edilýär.

Jurnal Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkezinde çap edildi.