Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesine girişmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran tarapynyň çagyrmagy boýunça Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanylan Prezidenti Hasan Rouhanynyň wezipesine girişmegi mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Tährana ugrady.
Döwlet Baştutanymyzy Aşgabadyň Halkara howa menzilinde resmi adamlar ugratdylar.
Eýranyň paýtagtynyň “Mehrabad” Halkara howa menzilinde belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna uçaryň ýanyndan başlanýan haly ýodajygynyň ugrunda hormat garaguly düzüldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.
Türkmen döwletiniň Baştutanynyň awtoulag kerweni howa menzilinden döwlet Baştutanymyzyň şu sapary wagtynda bellenilen kabulhanasy ýerleşýän “Saadabat” toplumynyň “Hafeziýe” köşgüne tarap ugrady.
Soňra türkmen Lideri EYR-nyň Mejlisiniň binasyna tarap ugrady. Şol ýerde Eýran Yslam Respublikasynyň täze Prezidentiniň wezipesine girişmegine bagyşlanan dabara geçirildi.
Dabara tamamlanandan soňra hormatly Prezidentimiz “Saadabat” toplumyna ugrady. Bu ýerde türkmen Lideri dostlukly goňşy döwletiň täze Baştutany, iýun aýynda geçirilen prezident saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanan EYR-yň Prezidenti Hasan Rouhany bilen duşuşdy.
Türkmen Lideriniň bu ýere gelen döwlet Baştutanlarynyň arasynda Eýranyň täze saýlanylan Prezidenti bilen ilkinji bolup duşuşmagy, taraplaryň täze taryhy döwürde uly ösüşe eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga ägirt uly ähmiýet berýändikleriniň ýene bir subutnamasy boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň Baştutanyny ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy we resmi taýdan wezipesine girişmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, Türkmenistanyň goňşy Eýran bilen köpýyllyk dostluk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny nygtady. Iki döwletiň Baştutanlary pursatdan peýdalanyp, mukaddes Oraza baýramy bilen birek-biregi gutladylar we türkmen hem-de eýran halklaryna iň oňat arzuwlaryny beýan etdiler.
EYR-nyň Pezidenti Hasan Rouhany türkmen Liderine gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary, şeýle hem Prezident wezipesine girişmegi mynasybetli dabaralara gatnaşmaga gelendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň hemişe Eýranyň strategiki hyzmatdaşy bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtady.
Biziň ýurdumyz häzirki döwüriň möhüm meselelerini çözmekde öz garaýşlaryny hödürleýär we özüniň Bitaraplyk derejesine laýyklykda, mundan beýläk hem gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaş döwletler we iri haklara guramalary bilen ösüşiň, parahatçylygyň we durnuklylygyň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrmagy maksat edinýär diýip, milli Liderimiz belledi we şunda goňşy ýurtlar bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady.
Eýranyň täze Baştutany Türkmenistanyň Prezidentiniň parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ählumumy abadançylygyň esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlarynyň EYR-da hemmetaraplaýyn goldanylýandygyny nygtap, bu başlangyçlaryň Merkezi Aziýada we tutuş dünýäde bolup geçýän wakalara oňyn täsirini ýetirýändigini belledi. Hususan-da, türkmen tarapynyň öňe sürýän we yzygiderli durmuşa geçirýän, tutuş sebitiň ykdysady ösüşine ýardam berýän iri möçberli energetika taslamalary, şeýle hem onuň üstaşyr ulag geçirijilik mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça taslamalary halkara bileleşiginiň ýokary bahasyna mynasyp boldy.
Türkmenistanyň we Eýranyň giň halkara derejesindäki bilelikdäki hereketi geçirilen söhbetdeşligiň aýratyn meselesine öwrüldi. Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatynyň meseleleri boýunça pikir alşyp, iki ýurduň halklarynyň köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine ygrarlydygyny, şeýle hem ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Hasan Rouhany duşuşygyň ahyrynda deňhukuklylyk, hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan türkmen-eýran gatnaşyklarynyň milli bähbitlere hem-de döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna gabat gelýän uly geljeginiň bardygyna berk ynam bildirdiler.
Türkmen döwletiniň Baştutany Eýranyň liderini Prezident wezipesine resmi taýdan girişmegi bilen ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlap, Hasan Rouhana ýokary döwlet wezipesinde uly üçtünlikler, Eýranyň halkyna bolsa bagt, parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.
Şu günler ýerli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilýän makalalarda şu günki wezipä girişmek dabarasynyň öň ýanynda bilermenler Eýran Yslam Respublikasynyň täze Baştutanynyň ileri tutulýan ugurlar we daşary syýasat strategiýasynda dowam etdirijilik ýoluna ygrarly boljakdygyny belläp, şeýle hem bu ýurduň öz iň ýakyn demirgazyk goňşusy bolan Türkmenistan bilen mundan beýläk-de oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtaýarlar.
Şunuň bilen baglylykda, žurnalistler türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň diňe bir köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanmak bilen çäklenmän, soňky ýyllarda okgunly ösdürilýän işjeň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň söwda-ykdysady hem-de medeni-gumanitar gatnaşyklaryň dürli ugurlary boýunça üstünlikli ösdürilýändigini belleýärler. Giň we özara hormat goýmak ýorelgelerine esaslanýan halkara hyzmatdaşlygynyň sebit derejesinde hem, ählumumy derejede hem ösdürilmegine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň täzeçillik syýasaty uly ýardam berýär.
Şunda halkara bilermenleri köp ýyllaryň dowamynda toplanylan we türkmen-eýran gatnaşyklarynyň has-da ýakynlaşmagyna hem-de ählumumy abadançylyga gönükdirilen iri möçberli bilelikdäki taslamalaryň tutuş toplumynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen berkidilen hyzmatdaşlygyň ägirt uly tejribesine salgylanýarlar. Olaryň hatarynda Merkezi Aziýa döwletlerini Ýewropa bilen birleşdirýän örän möhüm üstaşyr geçelge bolan Tejen-Sarahs-Maşat demir ýoly, Balkanabat-Aliabat häzirki zaman elektrik geçiriji ulgamy, “Dostluk” suw howdany we köpsanly beýleki desgalar bar. Olar Türkmenistanyň we Eýranyň halklarynyň gadymdan gelýän dostluk gatnaşyklaryny özara bähbitli hyzmatdaşlyk arkaly berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, tutuş sebitiň ykdysady ösüşinde uly orun eýeleýär.
Türkmenistanyň abraýly halkara garaşsyz bilermenler tarapyndan tassyklanylan ägirt uly serişdeler kuwwatyny nazara alanyňda, nebitgaz pudagy hyzmatdaşlygyň örän möhüm ugry bolup durýar. Muňa geçen ýyllarda üstünlikli amala aşyrylan iki tarap üçin hem iri we möhüm taslamalar bolan Körpeje-Gurtguýy gaz geçirijisiniň gurluşygy we Döwletabat-Sarahs-Hangeran turba geçirijisiniň gurulmagy aýdyň şaýatlyk edýär. Bu desgalaryň işe girizilmegi türkmen gazyny Eýrana has köp mukdarda ibermäge mümkinçilik berýär.
Bir söz bilen aýdylanda, iki goňşy ýurduň gatnaşyklarynyň taryhy deň hukuklylyk, özara bähbitlilik hem-de milli bähbitleriň hasaba alynmagy ýörelgelerine eýerýän, syýasy taýdan parasatly we sagdyn çözgütleriň deňagramlylygyny saklaýan has oňyn hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup hyzmat edýär.
Soňky 20 ýylyň dowamynda kemala gelen halkara-hukuk binýady, şol sanda döwletara, hökümetara we pudagara derejede gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar toplumy türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň netijeli ösdürilmegine ýardam edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny sazlaşdyrmak üçin netijeli usuly üpjün etmek maksady bilen döredilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara topary özara peýdaly gatnaşyklaryň berkidilmeginde möhüm orun eýeleýär.
Soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky oňyn hyzmatdaşlygyň netijesinde birnäçe esse artan we mundan beýläk-de ösdürmek üçin zerur mümkünçiliklere eýe bolan haryt dolanyşygynyň yzygiderli ösüşi Türkmenistanyň hem-de Eýranyň iri ykdysady hyzmatdaşlardygyny tassyklaýan anyk ýagdaýdyr.
Iki ýurduň işewür toparlarynyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy geljekde-de pugtalandyrmaga, ýygjam aragatnaşyklary ösdürmäge bolan meýilleri bilelikdäki kärhanalaryň döredilmegine, eýran harytlarynyň Türkmenistanda we türkmen harytlarynyň Eýranda däp bolan ýöriteleşdirilen sergileriniň, şeýle hem ykdysady we işewür maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegine ýol açýar.
Türkmenistan we Eýran döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolan medeni-gumanitar ugurdaky hyzmatdaşlygyň we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda medeni we ylmy gatnaşyklar, özara tejribe alyşmak boýunça hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Onuň çäklerinde meşhur sungat ussatlarynyň döredijilik alyş-çalyşmalary, teatr we kino sungatynyň wekilleriniň, žurnalistleriň saparlary amala aşyrylýar. Iki ýurtda hem Türkmenistanyň we Eýranyň belli alymlarynyň gatnaşmagynda iri halkara maslahatlary, Medeniýet günleri, amaly-haşam sungatynyň sergileri we beýleki bilelikdäki medeni çäreler yzygiderli guralýar.
Şeýle hem her ýylda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Gülüstan welaýatyna sapary guralýar. Şol ýerde türkmenler kowçum bolup ýaşaýar we welaýatyň çäklerinde gündogaryň beýik şahyry hem-de filosofy Magtymguly Pyragynyň we onuň kakasy Döwletmämmet Azadynyň guburlary ýerleşýär. Munuň özi köp müňýyllyklaryň dowamynda goňşuçylykda agzybir bolup ýaşan türkmen hem-de eýran halklarynyň taryhy umumylyklarynyň bardygyny alamatlandyrýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şol gün öz kabulhanasynda Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Ahmet Dawutogluny kabul etdi. Duşuşygyň barşynda soňky ýyllarda emele gelen, ikitaraplaýyn görnüşde hem, köptaraplaýyn esasda hem, şol sanda iri halkara guramalarynyň we aýry-aýry sebit düzümleriniň çäklerinde hem üstünlikli ösdürilýän oňyn döwletara gatnaşyklarynyň ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Soňra Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Rouhanynyň adyndan belent mertebeli myhmanlaryň hormatyna “Hafeziýe” köşgünde resmi agşamlyk nahary berildi.
Şu gün goňşy ýurduň täze baştutanynyň öz wezipesine girişmegi mynasybetli guralan dabara tamamlanansoň, milli Liderimiz Tähranyň “Mehrabad” Halkara howa menziline geldi we Watanymyza ugrady.