Ï Türkmenistan – Russiýa: işewür hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýolunda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan – Russiýa: işewür hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýolunda

view-icon 811
Şu gün Russiýa Federasiýasynyň bu sazlaşykly ösýän sebitiniň edara ediş merkezinde IV türkmen-russiýa ykdysady forumynyň resmi açylyş dabarasy boldy. Çäräni hökümet derejesinde gazanylan ylalaşyklara laýyklykda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Söwda-senagat edaralary guradylar. Şeýle hem bu gezekki duşuşygyň Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň 2013-nji ýylda GDA agza döwldetleriň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşine başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän çäreleriň biridigini bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kabul eden Kararyna laýyklykda, foruma gatnaşmak üçin ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň düzüm bölümleriniň ýolbaşçylaryndan hem-de wekillerinden düzülen topar Belgorod şäherine ugradyldy.

Russiýa tarapyndan bu çärä ugurdaş ministrilkleriň we pudaklaýyn edaralaryň, ylym-bilim edaralarynyň, şol sanda Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynyň, Belgorod oblastynyň edara ediş düzümleriniň, iri kärhanalaryň, kompaniýalaryň we ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda iş alyp barýan firmalaryň ýolbaşçylary hem-de öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşýarlar. Maslahata gatnaşýan kärhanalaryň hatarynda Moskwa, Belgorod, Çeboksary, Ýekaterinburg, Sankt-Peterburg, Ulýanowsk şäherleriniň we beýleki şäherleriň kärhanalary bar.

Çäräniň işewür maksatnamasynda umumy mejlisleri, “tegelek stollary”, ikitaraplaýyn duşuşyklary Belgorod oblastynyň kärhanalaryna baryp görmegi göz öňünde tutulýar. Oňa gatnaşyjylar obasenagat toplumyndaky, söwda, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk ulgamlaryndaky, jemagat hojalygy, energetika, saglygy goraýyş we derman senagaty, bilim, medeniýet ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerine üns bererler.

Duşuşygy açmak bilen, wekiliýetleriň ýolbaşçylary iki dostlukly ýurduň deňhukuklylyk we özara bähbitli esasynda ýola goýulýan türkmen-russiýa gatnaşyklaryny giňeltmäge bolan ikitaraplaýyn meýillerini beýan etdiler. Bellenilişi ýaly, bu çäräniň maksady Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakdan, täze bazar ugurlaryny özleşdirmekden, özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemekden, iki ýurduň telekeçiler düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin amatly şertleri döretmekden ybaratdyr. Gatnaşyklaryň ýokary görkezijilerini kanagatlanma bilen belläp, duşuşyga gatnaşyjylar onuň ägirt uly kuwwatyny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ähli şertleriň we mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklar ähli ugurlar boýunça ösdürilýär we strategik häsiýete eýedir. Ýokary derejede geçirilýän, şol sanda iri halkara ähmiýetli maslahatlaryň çäklerinde guralýan ikitaraplaýyn duşuşyklar we gepleşikler munuň aýdyň subutnamasydyr. Şunlukda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasynda bar bolan birek-birege düşünişmek we ynanyşmak gatnaşyklary, Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň ikitaraplaýyn möhüm ugurlara we häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän hem-de däp bolan döwletara gatnaşyklaryna hil taýdan täze mazmunyň berilmegine bolan taýýardygy möhüm ýagdaýdyr.

Russiýa Federasiýasynyň sebitleýin we iri senagat hem-de medeni merkezleri bilen özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmek türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň ähli toplumyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ugry boup durýar. Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň, Sankt-Peterburg, Astrahan şäherleriniň, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleriniň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyk munuň aýdyň subutnamasydyr. Şu jähetden Russiýanyň belli kompaniýalarynyň indi köp ýyllaryň dowamynda senagat, gurluşyk, ulag gatnawlary ýaly ykdysadyýetiň möhüm pudaklaryndaky bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandygyny we işewür gatnaşyklary has-da ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini bellemeli. Olaryň hatarynda “Wozroždenie”, “KAMAZ”, “Itera’, “Zarubežneft”, “Sibir” awiakompaniýasy ýaly belli düzümler bar. Häzirki döwürde biziň ýurdumyzda russiýa tarapyndan 190-dan gowarak kompaniýanyň gatnaşmagynda 240-dan gowrak maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilýär.

Türkmen-russiýa we Russiýa-türkmen işewürlik geňeşleriniň, şeýle hem bilelikdäki Hökümetara toparynyň işi netijeli gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýete eýe bolmagyna gönükdirilendir. Deňhukuklylyk we uzakmöhletleýinlik esasynda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklaryň berkidilmeginde olara möhüm orun degişlidir. Bu düzümleriň işi taraplaryň gazanan ylalaşyklarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine we hyzmatdaşlygyň köpugurly ösdürilmegi üçin täze netijeli usullaryň işlenip taýýarlanylmagyna ýardam berýär.

Yzygiderli geçirilýän ykdysady we pudaklaýyn maslahatlar, sergiler, dürli derejedäki wekiliýetleriň alyş-çalşygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köpugurly mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegini şertlendirýär. Indi birnäçe ýyl bäri Aşgabatda we Moskwada türkmen-russiýa we russiýa-türkmen söwda öýleri hereket edýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2012-nji ýylyň dekabrynda gol çeken Russiýa Federasiýasynda Türkmenistanyň Söwda wekilhanasyny açmak hakyndaky Kararynyň ähmiýetini bellemeli.

Häzirki döwürde biziň ýurdumyz dünýäniň 100-den gowrak döwleti bilen daşary söwda gatnaşyklaryny alypbarýar. Şunlukda, Russiýa biziň ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberleriniň yzigiderli artmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Russiýa Federasiýasynyň Söwda-senagat edarasynyň wise-prezidenti A.M.Rybakowyň çykyşynda belleýşi ýaly, Russiýa Federasiýasynyň sazlaşykly ösýän sebitleriniň birinde geçirilýän maslahat iki dostlukly ýurduň döwlet we işewür düzümleriniň wekilleriniň arasynda pikir alyşmak üçin oňyn meýdança bolmak bilen, ol sebitara gatnaşyklaryň ugrunyň giňeldilmegine we hiliniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

Öz gezeginde Belgorod obastynyň gubernatorynyň birinji orunbasary W.Sergaçýow dabara gatnaşyjylar bilen mähirli salamlaşyp, duşuşygyň türkmen kärdeşleri bilen alnyp barylýan gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem Belgorodyň Türkmenistanyň bazaryna girmäge hem-de işewür hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýän işewür toparlarynyň meýilleri netijeli gatnaşyklary ösdürmäge kuwwatly itergi berer.

Soňra maslahata gatnaşyjylara Belgorod oblastynyň durmuş-ykdysady ösüşi, senagat önümçiliginiň, oba hojalygynyň, gurluşygyň we söwdanyň giňeldilmegine hem-de döwrebaplaşdyrylmagyna, eksporty ugur edinýän hem-de importuň ornuny çalyşýan önümçiligiň ösdürilmegine gönükdirilen ugurlar barada gürrüň berýän wideofilm görkezildi.

Türkmen toparlarynyň wekilleriniň çykyşlarynda Türkmenistanyň sazlaşykly ösýän ykdysadyýeti we daşary ýurt maýadarlary üçin oňaýly şertleri bolan döwlete öwrülendigi bellenildi. Soňky ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa etmek, halkyň durmuş derejesini maksatnamalaýyn ýokarlandyrmak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçygynyda Türkmenistanyň dünýäniň ösen döwletlerine mahsus ýokary derejelere çykmagyny ugur edinýän oňyn özgertmeler durmuşa geçirilýär.

Bazar gatnaşyklaryny yzygiderli ornaşdyrmak arkaly biziň ýurdumyz döwlet kadalaşdyryş usullaryny ösdürýär. Munuň özi ilata has doly durmuş goldawynyň berilmegini şertlendirýär. Jemi içerki önümiň ýokary ösüş depginlerini saklamaga, senagat önümleriniň möçberlerini, daşary söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmaga, içerki bazarda harytlara we hyzmatlara bolan bahalaryň durnuklylygyny üpjün etmäge, durmuş ulgamyna gönükdirilýän maýa goýumlaryň mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berýän meýilnamalaşdyryş boýunça bitewi we çee ulgamyň döredilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistany hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhüm ugrudyr. Türkmen döwletiniň innowasion ýörelgelere hem-de usullara daýanýan ykdysady strategiýasy ýurduň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagy üçin möhüm şertleriň biri bolup durýar.

Makroykdysady görkezijiler, şeýle hem dünýäniň abraýly maliýe düzümleriniň, şol sanda Halkara walýuta gaznasynyň, Bütindünýä bankynyň we beýlekileriň bilermenleriniň türkmen ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de sazlaşykly ösjekdigi baradaky çaklamalary milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşinden habar berýär. Duşuşykda birnäçe anyk maglumatlar getirildi. Hususan-da, milli Liderimiziň oýlanyşykly maýa goýum syýasaty netijesinde ýurda daşary ýurt maýalarynyň çekilişi artdy. 2012-nji ýylyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgini 111,1 göterime barabar boldy. Ýokary ösüş depginleri şu ýyl hem saklanýar. Jemi içerki önümiň pudaklaýyn düzümi özgerýär. Şeýlelikde, bu babatda senagat we gurluşyk ulgamlarynyň paýy möçberi görnetin artdy.

Türkmenistanyň senagat ulgamy häzirki zaman senagat düzüminiň kemala gelmegini, iri gaýtadan işleýän önümçilik kuwwatlyklarynyň döredilmegini ugur edinýär. Şu maksat bilen täze kärhanalarynyň gurluşygyna we ozal hereket edýänleriň döwrebaplaşdyrylmagyna ägirt uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Häzirki döwürde durmuş-ykdysady ösüşiň esasy görkezijilerine laýyklykda, jemi bahasy ABŞ-nyň 41 milliard dollaryndan gowrak bolan desgalaryň 1800-siniň gurluşygy alnyp barylýar. Şunlukda, umumy maýa goýumyndan ABŞ-nyň 13 milliard dollary ýurdumyzyň gurluşyk kärhanalary tarapyndan özleşdirilýär.

Ýurdumyzda ulag pudagynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi Türkmenistanyň özüniň üstaşyr mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge bolan meýillerini alamatlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, iri halkara we milli ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ägirt uly maliýe serişdeleri bölünip berilýär. Şu ýylyň birinji ýarymynda yklymüsti “Demirgazyk-Günorta” demir ýolunyň ilkinji nobatdakysy ulanmaga berildi. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan ugry bouýnça polat ýolunyň türkmen böleginiň gurluşygyna badalga berildi. Mundan başga-da, birbada üç sany täze iri howa menzilleri gurulýar. Türkmenabat-Aşgabat-Türkmenbaşy ugry boýunça häzirki zaman ýokary tizlikli ulag ýolunyň gurluşygy meýilleşdirildi. Ýerli gurluşykçylaryň güýji bilen umumy uzynlygy 800 kilometre barabar bolan “Gündogar-Günbatar” içerki magistral gaz geçirijisini gurmak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar.

Obasenagat toplumynyň döwrebaplaşdyrylmayna aýratyn ähmiýet berilýär. Şunlukda, degişli önümçilik düzümi ösdürilýär, azyk bolçulygy döredilýär, sarp ediş bazarlary ýurdumyzda öndürilen dürli görnüşli we ýokary hilli azyk önümleri bilen doly üpjün edilýär. Ýer we suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyna, oba hojalyk pudagynyň sebitleýin esasda ýöriteleşdirilmegine, şeýle hem obada, şol sanda hususy ulgamyň mümkinçilikleriniň doly herekete girizilmeginiň hasabyna täze ykdysady gatnaşyklaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Täze taryhy eýýamda ykdysadyýetiň hususy ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Milli Liderimiziň hemaýat-goldaw bermegi netijesinde, kiçi we orta telekeçilik hil taýdan täze mazmuna eýe boldy. Häzirki döwürde Türkmenistanda ýurdumyzyň telekeçiligini höweslendirmek we ösdürmek üçin amatly şertler döredilýär. Karzlaşdyrmagyň möçberleri artdyryldy, kiçi we orta telekeçiligiň wekilleri üçin ýeňillikli karz ulgamlary açyldy. Bu ugurda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine we Türkmenistanyň dünýä ykdysady giňişligine goşulyşmagyna ýardam bermekden ybaratdyr.

Türkmenistanyň milli-döwlet strategiýasynyň ýene bir möhüm ugry sebitleri ösdürmekdir. Welaýatlary özgertmek boýunça giň möçberli maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde köpugurly usullar we täze türkmen obasynyň hem-de ösen obasenagat toplumlary bolan etraplaryň ösüşinde öz beýany tapýar. Milli we döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, şäherlerde we obalarda durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, häzirki zaman mekdepleriniň, sport toplumlarynyň, ýokary derejeli myhmanhanalaryň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar.

Milli ykdysadyetimiziň ähli ulgamlaryny öz içine alýan düýpli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi we onuň halkara bileleşigi tarapyndan ykrar edilmegi hem-de Türkmenistanyň 2013-2015-nji ýyllar üçin BMG-nyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz çykyşlarynda birnäçe gezek belleýşi ýaly, içerki durnuklylyk, syýasy ulgamyň berkligi, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna demokratik kadalaryň tapgyrlaýyn ornaşdyrylmagy bize halkara giňişliginde özümizi ynamly duýmaga, ähli döwletler bilen deňhukukly gatnaşyklary alyp barmaga, ýurdumyzyň milli bähbitlerini pugta goramaga mümkinçilik berýär.

Görkezilen wideofilmde Türkmenistanyň ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda ýeten derejesi beýan edildi we dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri bilen deňhukukly, netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikler görkezildi.

Soňra IV türkmen-russiýa ykdysady forumynyň maksatnamasyna laýyklykda, türkmen wekiliýetiniň agzalary IX Belgorod gurluşyk maslahatynyň we “Häzirki zaman şäheri. Gurluşyk senagaty. Energetika. Serişde tygşytlamak. Ekologiýa” ady bilen “Beleksposentr” sergi-maslahatlar toplumynda sebitara ýöriteleşdirilen serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Türkmenistanyň iri ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri özboluşly taslamalar, häzirki zaman tehnologiýalary, enjamlary we senagat, raýat, ýol hem-de ýaşaýyş jaý gurluşygy, ýol gurluşygy üçin niýetlenen serişdeler, göteriji tehnikalar, şeýle hem Russiýanyň iri kompaniýalarynyň görkezen önümleri bilen tanyşdylar. Mundan başga-da, sergi dürli gurluşyk guramalarynyň, banklaryň, ätiýaçlandyryş jemgyýetleriniň we gozgalmaýan emläk boýunça agentlikleriň hödürleýän dürli hyzmatlary baradaky maglumatlary almaga mümkinçilik döredi.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň we Russiýanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň, kärhnalarynyň we obasenagat toplumy boýunça guramalaryň, söwda-ykdysady pudagyň, ýol gurluşygyny we jemagat hojalygyny öz içine alýan gurluşyk pudagynyň wekilleriniň “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyklary boldy. Onuň barşynda türkmen wekiliýetiniň agzalary russiýaly kärdeşlerini häzirki döwürde Türkmenistanda durmuşa geçirilýän milli we pudaklaýyn ösüş maksatnamalarynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdylar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi hakynda bolan pikir alyşmalaryň barşynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan täze iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine Russiýa Federasiýasynyň kompaniýalarynyň gatnaşmak mümkinçiliklerini nazara almak bilen, doly möçberli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ertir maslahatöz işini dowam eder. Onuň gün tertibine Türkmenistanyň ugurdaş ministrilkleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň we guramalarynyň wekilleri bilen Russiýanyň kärhanalarynyň arasynda ulag, aragatnaşyk, bilim, saglygy goraýyş, energetika we himiýa senagaty ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleri giriziler.

Ertir, türkmen-russiýa IV ykdysady maslahaty öz işini dowam eder.