Ï Türkmen-russiýa ykdysady maslahaty hyzmatdaşlygyň täze gözýetimlerini kesgitledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-russiýa ykdysady maslahaty hyzmatdaşlygyň täze gözýetimlerini kesgitledi

view-icon 662
Şu gün bu ýerde Russiýa Federasiýasynyň işewürliginiň sebit merkezleriniň birinde Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýsynyň Söwda-senagat edaralary tarapyndan guralan IV türkmen-russiýa ykdysady maslahaty öz işini dowam etdirdi.

Öň habar berlişi ýaly, Belgoroddaky duşuşyga gatnaşmak üçin Türkmenistanyň wekiliýeti iberildi, belli bir ugurly ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, ylym, bilim beriş edaralarynyň, şeýle hem biziň ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri onuň düzümine girdi. Russiýa tarapyndan maslahata Russiýa Federasiýasynyň döwlet düzümleriniň, şol sanda Belgorod oblastynyň, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda işleýän iri kärhanalaryň, kompaniýalaryň we firmalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň ikinji gününiň gün tertibine ylym, bilim beriş ulgamynda, saglygy goraýyş we derman senagaty, energetika, himiýa senagaty, ulag-aragatnaşyk ugurlary babatda türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Işewür ýagdaýda geçen mejlisiň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy we ileri tutulýan ugurlary hakynda gyzyklanylyp pikir alşyldy. Maslahata gatnaşyjylar köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändigini nygtap, dürli ugurlarda netijeli gatnaşyklary giňeltmek barada pikiri aýtdylar.

Türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň çykyşlarynda häzirki wagtda Türkmenistanda orta möhletli we uzakmöhletli geljek üçin niýetlenilen ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça toplumlaýyn milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bellenildi. Şunuň bilen bir hatarda, pudaklaýyn maksatnamalar durmuşa geçirilýär.

Durmuş-ykdysady ösüş babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda aýdyň we ylmy taýdan esaslandyrylan döwlet syýasatynyň ýöredilmegi diňe bir ösüşiň durnukly, oňyn depginini, maliýe hem-de durmuş durnuklylygyny, ykdysady bäsdeşligiň üýtgeşmelerine uýgunlaşmagy üpjün etmek bilen bir hatarda, türkmen döwletiniň ösüş we rowaçlyk ýoly bilen mundan beýläk-de gadam urmagy üçin has uly binýady hem döretdi.

Bank edaralary tarapyndan maliýeleşdirilýän we hususy kärhanalary ösdürmek hem-de telekeçileriň önümçilik işi, täze iş orunlaryny döretmek bilen baglanyşykly ykdysadyetiň hususy ulgamyny ösdürmek boýunça maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde oňyn netijeler gazanyldy.

Häzirki wagtda telekeçiligi üstünlikli ösdürmek üçin has göwnejaý şertler döredildi, milli kanunçylyk kämilleşdirilýär, maýa goýum işi höweslendirilýär. Elbetde, baý tebigy serişdeler, ýurdumyzyň amatly ýerleşişi munuň üçin örän giň mümkinçilikleri açýar. Döwletimiz berilýän salgyt, gümrük, wiza, ätiýaçlandyryş we beýleki ýeňillikler görnüşinde maýadarlara düýpli goldawy üpjün edýär. Şonuň netijesinde jemi milli önümi öndürmekde maýa goýumlarynyň paýy okgunly ösýär, maýa goýum taslamalarynyň we bilelikdäki kärhanalaryň sany artýar.

Tutuşlygyna alnanda, bularyň hemmesi abraýly halkara guramalary tarapyndan Türkmenistanyň maýa goýum ulgamyna, maýa goýum babatda özüne çekijiligine beren ýokary bahasy bilen şertlenendir. Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça maslahatynyň /UNCTAD/ “2012-nji ýylda dünýä maýa goýumlary hakyndaky çykyşda” getirilen maglumatlara laýyklykda, Türkmenistanyň göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek indeksinde ýurtlaryň birinji onlugyna düşendigi Türkmenistanyň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän, döwlet ulgamyny ösdürmek, netijeli telekeçilik hem-de häzirki zaman bazar düzümleri bilen ýokary netijeli ykdysadyýeti tapgyrma-tapgyr kemala getirmegi maksat edinýän syýasatyň üstünliklidiginiň tassyklanmasydyr. Mundan başga hem, 2012-nji ýylyň oktýabrynda Bütindünýä bankynyň topara bölmeginde Türkmenistana orta derejeden ýokary girdejili ýurduň derejesi berildi. Şeýle ähmiýetli çözgüdiň kabul edilmegi milli ykdysadyýetimiziň durnukly ýokary ösüşini tassyklaýan, on ýyllyk döwürden hem köp wagtlap üstünlikli saklanyp gelinýän statistiki maglumatlara esaslanandyr.

Çykyş edenler Türkmenistanyň energetika syýasaty barada söz açyp, giň möçberli energetika howpsuzlygyny üpjün etmek we türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň onuň möhüm düzüm bölegi bolup durýandygyny bellediler. Biziň ýurdumyz gyzyklanýan taraplaryň ählisi bilen hyzmatdaşlyk edip, dünýä energetika ulgamynda mynasyp orny eýeleýär. Türkmen energiýa serişdeleriniň eksportunyň köp görnüşli ugurlaryny kemala getirmek bir maksada, ýagny milli, sebitleýin we dünýä ösüşine ýardam etmäge, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy saklamaga gönükdirilendir.

Himiýa senagatyny ösdürmegiň strategiýasy ýurdumyzyň çig malyny doly derejede peýdalanmaga, milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynyň himiýa önümlerine bolan isleglerini kanagatlanldyrmaga, bu ulgamyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň serişdeler kuwwaty “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalary tarapyndan öndürilýän önümleriň sanawyny giňeltmäge, şol sanda içerki bazarlary doly üpjün edýän möçberlerde mineral dökünleriniň ähli görnüşlerini öndürmäge mümkinçilik berýär.

Elektrik energetikasy pudagy hem has geljegi uly pudakdyr. Türkmenistan baý energetika serişdelerine eýe bolmak bilen, bu ugurda hem dünýä ykdysady hojalygyna işjeň goşulýar. Pudagy kämilleşdirmek, onuň maddy – enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler netijesinde biziň ýurdumyzda gysga möhletlerde häzirki zaman gaz-turbina elektrik stansiýalarynyň birnäçesi, podstansiýalaryň toplumlary guruldy, elektrik geçiriji ulgamlaryň müňlerçe kilometriniň durky täzelendi, dünýäniň esasy önüm öndürijilerinden iň täze gurluşyk we beýleki ýörite tehnikanyň ýüzlerçe birlikleri satyn alyndy. “2010-2020-nji ýyllarda Türkmenistanyň elektrik energiýa pudagyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” kabul edilmegi hem bu ugurda möhüm çäre boldy. Bu ulgamda durmuşa geçirilýän uly özgertmeler häzirki wagtda Türkmenistana elektrik energiýasynyň ep-esli möçberlerini goňşy ýurtlara, hususan-da, Owganystana, Eýrana, Türkiýä eksport etmäge mümkinçilik berýär.

Demir ýol ulaglary ministrliginiň wekilleri özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmek barada delilleri getirip, Demirgazyk-Günorta, Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça ulag-aragatnaşyk düzümlerini ösdürmek babatda birnäçe uly möçberli taslamalaryň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň häzirki wagtda üstünlikli amala aşyrýandygyny bellediler.

Täze taryhy eýýamda biziň ýurdumyzda döwrüň iň ýokary talaplaryna laýyklykda ylym we bilim ulgamlaryny kämilleşdirmäge, ylmy-barlag we okuw işlerini kompýuter hem-de maglumatlar tehnologiýalary bilen üpjün etmäge, daşary ýurtlaryň, şol sanda Russiýa Federasiýasynyň hem ylmy merkezleri we esasy ýokary okuw mekdepleri bilen gatnaşyklary giňeltmäge hem aýratyn ähmiýet berilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasy ilkinji nobatda bilim bermegiň hiline täze talaplary göz öňünde tutýar. Bu strategiki wezipeleri çözmäge ulgamlaýyn hem-de toplumlaýyn çemeleşilmegi netijesinde häzirki wagtda bilim ülňülerini we hünär taýýarlygynyň ülňülerini işläp taýýarlamak, okuw meýilnamalaryny hem-de bilimiň ähli basgançaklary üçin maksatnamalary kämilleşdirmek, okuw kitaplaryny we okuw gollanmalaryny neşir etmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar.

Okatmaga innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak ýurdumyzyň bilim ulgamyny özgertmegiň wajyp ugrudyr. Türkmenistanda 12 ýyllyk orta bilime geçmek hakyndaky maksatnamanyň tassyklanylmagy bu ulgamy döwrebaplaşdyrmak babatda möhüm çäre boldy. Tutuşlygyna alnanda, bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeler ähli düzüm birliklerini kämilleşdirmäge ýardam eder we ahyr netijede, halkara ülňülerine laýyklykda, bilimiň hilini üpjün eder.

Bu ýere ýygnananlar türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň we ylym-bilim ulgamynda tejribe alşyşmagyň netijeliligini nygtap, biziň ýurdumyzyň bu ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň baý tejribesini toplandygyny bellediler. Geçen döwürde ýaş türkmenistanlylaryň ýüzlerçesi Russiýa Federasiýasynyň esasy ýokary okuw mekdeplerinde bilim aldylar we hünär edindiler, häzirki wagtda olar ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda, jemgyýetçilik hem-de durmuş ulgamlarynda üstünlikli zähmet çekýärler. Maslahata gatnaşyjylar bilim we ylym babatda hyzmatdaşlyk etmegiň geljegii hakyndaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde, Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň, şol sanda Belgorod oblastynyň ylmy merkezleriniň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklary işjeň ýola goýmak baradaky pikiri aýtdylar.

Saglygy goraýyş we derman senagaty pudagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde agzaldy. Türkmenistanyň saglygy goraýşy “Saglyk” döwlet maksatnamasyna laýyklykda ösdürilýär, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol maksatnamanyň gözbaşynda durýar. Şu maksatnama keselleriň öňüni almakdan we sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakdan başlap, innowasion tehnologiýalary çekmegi hem-de giň halkara hyzmatdaşlygyny, milli saglygy goraýyş nusgasyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegi maksat edinýär. Ony durmuşa geçirmegiň çäklerinde, Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda täze häzirki zaman hassahanalary we ylmy-kliniki merkezleri gurulýar, lukmançylyk we sanatoriýa-şypahana ugrunyň öz üpjünçiligi we edilýän hyzmatlaryň görnüşleri boýunça dünýä derejesine laýyk gelýän dürli edaralarynyň durky täzelenýär.

Mundan başga hem, “Derman senagatyny ösdürmegiň 2011-2015-nji ýyllar döwri üçin döwlet maksatnamasyna” laýyklykda, soňky ýyllaryň dowamynda türkmen topragynda ösýän derman ösümliklerinden derman öndürmek boýunça kärhanalar açyldy, dünýäniň iri lukmangçylyk merkezleriniň we ylmy-barlag edaralarynyň birnäçesi bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Täze kanunlaryň, hususan-da, “Raýatlaryň saglygyny goramak hakyndaky”, “Azyk önümleriniň hili we howpsuzlygy hakyndaky”, “Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak hem-de wagyz etmek we çaga iýmiti önümlerine bildirilýän talaplar hakyndaky” kanunlaryň kabul edilmegi bu ulgamy üstünlikli ösdürmäge goşmaça itergi berdi.

Biziň ýurdumyzda adam ömrüniň ortaça dowamlylygyny artdyrmaga, näsaglamagyň derejesini azaltmaga, howply ýokanç keselleriniň öňüni almaga ýardam eden giň möçberli özgertmeleriň gyradeň amala aşyrylmagy netijesinde, Türkmenistan halkara derejesindäki güwänamalara mynasyp boldy.

Dokma senagaty ýaly milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly pudagy hem bilelikdäki tagallalary sarp etmegiň ugry bolup hyzmat edip biler.

Syýahatçylyk ugry Türkmensitanyň strategiki meýilnamalarynda aýratyn orny eýeleýär, ony ösdürmäge döwletimiz belli bir maksatly goldaw berýär. Hazaryň türkmen kenarynda döredilýän halkara derejesindäki dynç alyş zolagy-- “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy munuň subutnamasydyr. Döwletimiz berilýän salgyt, gümrük, wiza, ätiýaçlandyryş we beýleki ýeňillikler görnüşinde maýadarlara düýpli goldaw bermegi üpjün edýär. Şonuň netijesinde jemi mlilli önümi öndürmekde maýa goýumlarynyň paýy okgunly ýokarlanýar, maýa goýum taslamalarynyň we bilelikdäki kärhanalaryň sany artýar.

Belgorod oblastynyň wekilleriniň, ylmy-barlag merkezleriniň hem-de iri rus kompaniýalarynyň we kärhanalarynyň ýolbaşçylarynyň çykyşlarynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirilýändigi hem-de geljegi uly türkmen bazaryna özleriniň gatnaşmagyny giňeltmäge çalyşýandyklary beýan edildi.

Maslahatyň işiniň çäklerinde Türkmenistanyň döwlet düzümleriniň wekilleriniň we Belgorod oblastynyň, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleriniň kärhanalarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar boldy, şolaryň barşynda maýadarlar hyzmatdaşlyk boýunça öz tekliplerini hödürlediler.

Günüň ikinji ýarymynda türkmen wekiliýetiniň wekilleri “Şebekinskiý maşinostroitelnyý zawod” açyk paýdarlar jemgyýetine, “Belogorýe” ýapyk paýdarlar jemgyýetine, “Energomaş” ýapyk paýdarlar jemgyýetine, Borisowyň köpri metal gurnamalary zawodyna, “Holdingowaýa kompaniýa EnergomaşStroý” açyk paýdarlar jemgyýetine, “Belgorodstroýdetal” açyk paýdarlar jemgyýetine, “Izowol” ýapyk paýdarlar jemgyýetine, “Konditerskaýa fabrika Belogorýe” açyk paýdarlar jemgyýetine, “Konditerskaýa fabrika Slawýanka” açyk paýdarlar jemgyýetine baryp gördüler. Maslahata gatnaşyjylar W.G.Şuhow adyndaky Belgorod döwlet tehnologiki uniwersitetinde bolup, Russiýa Federasiýasynyň esasy ýokary okuw mekdepleriniň biriniň işi bilen tanyşdylar. Şu okuw mekdebinde Türkmenistandan hem talyplaryň okaýandygyny belläp geçmeli. Mundan başga-da, wekiliýetiň agzalary “Tehnopark. Wysokiýe tehnologii” halkara innowasion merkezine baryp gördüler. Bellenip geçilişi ýaly, biziň ýurdumyzda 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň binýadynda IT – seýilgähini açmagyň meýilleşdirilýändigini nazara alanyňda bu ýerde öwrenmäge zat köp.

Maslahata gatnaşyjylar şu günüň jemini jemläp, maslahatyň Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky däp bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de ösdürmek işine hyzmat etjekdigine, biziň ýurtlarymyzyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda täsirli çäre bolmak bilen, türkmen-rus gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler.