Ï Türkmenistan bilen Russiýanyň ykdysady hyzmatdaşlygyna täze itergi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan bilen Russiýanyň ykdysady hyzmatdaşlygyna täze itergi

view-icon 554
Şu gün Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Söwda-senagat edaralarynyň guramagynda IV türkmen-russiýa ykdysady maslahaty öz işini tamamlady.

Bu maslahatyň çäklerinde şu gün geçirilen duşuşyklaryň barşynda Belgorod oblastynyň işewür toparlarynyň wekilleri Russiýa ýokary tehnologiýalar boýunça dünýäniň ykrar edilen öňdebaryjy ýurtlarynyň biri bolmak bilen, häzirki zaman Türkmenistanyň ösüşinde möhüm orun eýeleýän iň täze ylmy we önümçilik işläp taýýarlamalaryny hödürlemäge taýýardyr diýip bellediler. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategiki ugurlarynda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri içgin ara alnyp maslahatlaşyldy. Oba hojalygy, azyk we gaýtadan işleýän senagat, gurluşyk, ulag ulgamy, şeýle hem bilim, ylym we saglygy goraýyş hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde görkezildi. Bulara bolsa häzirki wagtda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän milli maksatnamalarda aýratyn ähmiýet berilýär.

Üç günläp dowam eden duşuşygyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, oňa gatnaşyjylar işewür hyzmatdaşlygyň özara kabul ederlikli nusgalaryny we netijeli ýollaryny gözlemek, goşuluşmak, hyzmatdaşlyk ugurlaryny giňeltmek, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň ykdysady hem-de intellektual mümkinçiliklerini has doly peýdalanmak maksady bilen guralan çäreleriň şu ugurlara gönükdirilendigini nygtadylar. Maslahata gatnaşyjylaryň biragyzdan belleýşleri ýaly, bu giň möçberli çäre işjeň häsiýete eýe bolup, döwletara gatnaşyklarynyň oňyn ösüşini nobatdaky gezek görkezdi. Bu duşuşyk gürrüňsiz suratda iki dostukly ýurduň we halklaryň mundan beýläk-de ähli ugurlar boýunça doly möçberli hyzmatdaşlygyny ösdürmäge kuwwatly itergi berer.

Şu günki maksatnamanyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary Belgorod oblastynyň hökümetiniň “Senagat zolaklaryny ösdürmek boýunça müdirliginiň” “Sewerniý” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň senagat parkyna baryp gördüler. Bu ýerde olar Belgorodyň telekeçileriniň önümçiligi guramak üçin döreden şertleri bilen tanyşdyryldy.

Güniň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary “Kursk tirsegi” ýadygärlik toplumyna baryp, 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda Kurskiniň eteginde wepat bolan gahryman türkmenistanlylaryň ýadygärligini hatyraladylar.