Aşgabat, 12-nji awgust (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda “Gazyp alýan pudaklar üçin maliýe hasabatlylygyň halkara standartlary (MHHS)” okuw maslahaty öz işine başlady. Ol “Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşyny we auditini özgertmegiň maksatnamasyny” amala aşyrmagyň çäklerinde geçirilýär. ABŞ-nyň Halkara hyzmatdaşylk boýunça agentliginiň (USAID) Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrilgi bilen bilelikde guran maslahatyna biziň ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň esasy hünärmenleri gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, degişli maksatnama laýyklykda, häzir ýurdumyzda 2014-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan milli buhgalterçilik hasaba alyş we audit ulgamyna doly geçmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Bu ulgam degişli ugurda hereket edýän halkara ülňülerine gabat gelýär. Hususan-da, ady agzalan resminamada göz öňünde tutulan esasy çäreleriň hatarynda MHHS-a yzygiderli girizilýän üýtgetmeleri we goşmaçalary nazara almak bilen, standartlary döwlet diline geçirmek bellenilýär.
Maliýe hasabatlylygynyň milli ulgamynda halkara standartlaryny peýdalanmak Türkmenistanyň dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulmak, daşary ýurtlar, daşary ýurt kompaniýlary we maýadarlary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça möhüm ugurlaryň biri bolup durýar.
Döwrüň talaplaryna gabat gelýän, täze oňaýly milli ykdysady nusgany döretmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan özgertmeleriniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň edara - kärhanalarynyň we guramalarynyň, şol sanda nebitgaz pudagynyň maliýe hasabatlylygy ulgamynyň kämilleşdirilmegi dünýäniň dürli döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak üçin möhüm utgaşdyryjy gural boup hyzmat eder, şeýle hem ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýalarynyň akymyny artdyrmaga ýardam eder.
Maslahatyň işiniň birinji gününiň barşynda bellenilişi ýaly, dünýäniň esasy maliýe düzümleri, öňden gelýän we ygtybarly hyzmatdaşlar, şol sanda USAID bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly halkara tejribesini giňden ornaşdyrmak ýurdumyzyň maliýe – ykdysady ulgamyny netijeli özgertmegiň, “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin milli maksatnamasyny” amala aşyrmagyň ýolunda möhüm ädim bolup durýar.
Häzir Türkmenistanda mäkäm maýa goýum kuwwatly netijeli ykdysady ulgamyň döredilendigini bellemek bilen, öňden gelýän hyzmatdaşlar bilen, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan bolan hyzmatdaşlar bilen netijeli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin has oňaýly şertleriň bardygyny aýdyp, abraýly guramanyň hünärmenleri Türkmenistan-USAID ugry boýunça netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmäge ymtylýandygyny bellediler.
Maslahat 12-nji sentýabra çenli dowam eder.